10:25 Süri dagady: Kim haýsy tarapda?.. | |
SÜRI DAGADY: KIM HAÝSY TARAPDA?
Teatr we kino sungaty
Dünýäde dowam edýän we dowam etmek üçin çytraşylýan uruşlaryñ ýeñijileri kim? Haýsam bolsa bir tarapa geçenlermi, ýa-da tarapsyzlygyñ namyssyzlygyndan ýaña göwresi bir myh mysaly ýere çüýlenip galanlarmy, ýa bolmasa çagalarmy? Ýeñen ýok gerek? Hiç haçanam ýeñen bolmandy, indem bolmaz. Ysrafylyñ surnaýy kisesinden çykjak güni tepbedi okaljak dünýäde biri-birimiz bilen bölüşip bilmän gyr-ýagy bolup ýören toprak böleklerine gabalgy ýerimizden, bary-ýogy öz göwrämize barabar tutýan bir gysym ýerden başga nämämiz bar? Hawa, hawa, adamyñ bu pany dünýäde bedeniniñ agramy ýaly toprak paýy bar, käbirlerine şolam nesip edenok... Käte üstümizi ummanyñ otlary örtýär, käwagt kül bolyp asmana sowrulýarys. Belkäm iñ gowusy, mähremimiziñ boýnunda bir gysym zülp bolup gezmekdir... 2013-nji ýylda eston we gürji kinomatografiýaçylarynyñ bilelikde döreden çeper filmi meni uruşyñ manysyzlygy hakynda mazaly oýlandyrdy. Şonuñ üçin bu barada menden başgalaryñam oýlanmagyny we şol çeper kinofilme tomaşa etmegini isledim. Sebäbi "Mandariinid/ Tangerines" kinofilmi ýekeje uruşjañly epizody bolmazdan uruşyñ näderejede bimany zatdygyny tomaşaçynyñ gözüne dürte-dürte görkezýär. Çeper kinofilmiñ gozgaýan meselesini, mazmunyny, onda bolup geçýän wakalary birin-birin gürrüñ bermegi däl-de, onuñ nämä yşarat edýändigini düşündiresim geldi. Emma režissýoryndan, ssenaristinden, aktýorlaryndan has owal tomaşaça ajaýyp epizodlar hödürlemek bilen birlikde kinofilmiñ hekaýasyny gürrüñ berýän Reýn Kotowy agzamak geçmek adalatsyzlyk bolardy. Men-ä onuñ diýseñ ajap iş edendigine ynanýaryn. Duýgyny dagy ussatlyk bilen berýär welin, käbir sahnalary gaýtalap-gaýtalap göresiñ gelýär. Hususanam mandarin bagyndaky epizodlar. Bu bir tarapdan tomaşaça pastoral täsir berýär. Adaty we az çykdajyly kinofilmem bolsa, meniñ pikirimçe filmiñ režissýory uruşjañly kinofilmleriñ kategoriýasynda naýbaşy kino eserini döredipdir. Biz bu adatylygy eýran kinofilmlerinde has köp görýäs, ol kinofilmler göräýmäge höwesjeñ derejede bolsa-da, janypkeşlik bilen düşürilen. Edil şol janypkeşlik munda-da bar, ýöne aktýorlarda höwesjeñlikden nam-nyşan ýok. Hususanam Iwonyñ obrazynda oýnaýan aktýor Lembit Ulfsak. Tomaşanyny kinofilmden daşlaşdyrman ony görýän sahnalaryna "dañyp" goýmakda Iwonyñ agramly roly bar. Kinofilmde ýekeje-de zenan obrazy ýok, kinonyñ hekaýaty diñe erkekleri öz täsirine alýan şekilde gürrüñ berilýär, meñ pikrimçe muña garşylyklaýyn deñeşdirme geçirmek isleýänler Aida Begiçiñ "Snižegine" tomaşa edip bilerler. Bosniýa urşunyñ aýallaryñ gözünden suratlandyrylyşy bu film üçin uly edebi üstünlikdir. Adam adamyñ hasratyna şärik bolup bilermi? Duşman näme üçin duşman? Köplenç ata-babalarymyzyñ duşmançylygy olaryñ nesillerini basmarlaýar, halklar we taryhlar şol wagta görä şekillenýär, soñam taryhyñ çañly sahypasyna gömlüp gidýär. Yzynda galanlar olaryñ miras goýan duşmançyluj deñzinde gulaçlap ýaşamaga çalyşýar... Kinofilmde Gruziýanyñ we Abhaziýanyñ arasynda bolup geçen uruşdan söz açylýar. Çeçen we gürji esgeriniñ iki duşmançylykly tarapda başlanan hekaýatynyñ soñunda olaryñ nähili ýakyn dosta öwrülişi diýseñ üns çekiji. Ýöne bir-birine duşman bu iki ýaş esgeri öýünde saklap, olaryñ ýaralaryny bejeren we öz aralaryna adalat duýgusyny döretmäge çalyşan Iwodyr Markusyñ obrazy hasam şowly çykypdyr. Olaryñ ikisiniñem maşgalasy uruş zerarly Estoniýa göçüpdir, bular bolsa yzynda galypdyr. Markus mandarin satyp pul toplansoñ Estoniýa göçmegiñ hyýalynda bolsa-da, film başlanandan gutarýança Iwo Estoniýa göçmegiñ pikirini edenok. Göýä onuñ yzynda gülle ýagyp duran urşuñ ortasynda galan ýerlerde taşlap gidip bilmeýän bir zatlary bar ýalydy, bu duýgynyñ hikmeti filmiñ ahyrlarynda aýdyñlaşýaram. Çeçen esgeri Ahmet we gürji Nikonyñ bar derdi watan ýaly bolup görünse-de, has añyrdan gaýdýar. Ahmet agras häsiýetli biri. Niko bolsa has mylakatly, meger bu onuñ uruş başlamanka teatr artisti bolmagyndan bolmaly. Iwo iki ýaraly esgere em edip ýörkä olaryñ endamyndaky ýaralaryndan ötri ruhy dünýälerini-de gowulaşdyrýar we olaryñ hemme zatdan öñ adamdygyny ýatladýar. Belli bir derejede olaryñ biri-birine bolan duşmançylykly pikirlerini aýyrmagyñ hötdesinden gelýär. Öýe duýdansyz dökülen çeçen esgerleriniñ sahnasy muña iñ gowy mysal bolsa gerek. Sebäbi gürji esgeri Niko olara çeçen diýip tanadylýar. Şol wagta çenli Nikonyñ garşysyna duşmançylykly göz bilen sereden Ahmet hem muña garşy çykyp durmaýar, gaýtam goldaýar. Şol ýerde dost-doganlygyñ ýañy başlan pursatynda Nikonyñ Ahmet üçin janyny orta goýmagy bilen epizodlar hasam ýerine oturýar. Eýsem olar ilkibaşda biri-birine duşman dälmidi näme? Diýmek duşmançylygyñ jebisleşip agyzlaryñ bir bolan ýerinde ýatdan çykýan eken. Araçy Iwo we onuñ kömekçisi Markus bu duşmançylygyñ ýok bolup gitmesi üçin elinden gelenini edýärler. Ýöne meñ pikrimçe kinofilmim iñ ýatda galyjy sahnasy Nikonyñ jaýlanyş pursatydyr. Goý, bu epizoda tomaşa edenler Iwonuñ näme sebäpli Estoniýa gitmän galandygyna intipis etsin. Şoñ üçin meñ özüm şol pursatlary ýazyp oturmaýyn. "Mandariinid/Tangerines" kinofilmi 2014-nji ýylda "OSKAR" baýragyny alman eliboş yzyna gaýtsa-da, tomaşaçylaryñ söýgüsine mynasyp boljak filmdir, onuñ gaty bir uzak dälligem belläp geçmeli bir aýratynlyk. Şol sanda bu kinofilm uruşjañly kinofilmlere täze bir edebi metod hödürleýär: haýsydyr bir hasratly wakany añlatmak üçin gandöküşikli, çaknyşykly, dygysyz biri-biriñi öldürip ýören epizodlary düşürmegiñ geregi ýok, çünki düşünmek üçin duýmagyñ özi ýeterlik. Süri daganda we ýeke galanyñyzda Markusyñ şahada aslyşyp galan mandarinleri ýaly özüñizi eýesiz duýduñyzmy! Eýesiz galan şol günümizde depämizden dyrnagymyza çenli kirläp-porsap gidendigimizi duýarys we edil şol wagtam haýsam bolsa bir tarapa geçmegi owarrama urasyñyz geler, eger Iwo ýaly ýere gül eken bolsañyz ýöne! Film: Mandariinid/ Tangerines. Režissýor: Zaza Uruşadze. Kompozitor: Niazi Diasamidze. Şekil režissýory: Reýn Kotow. Dowamlylygy: 87 minut. Gülnaz Eliaçık YILDIZ - 31.01.2019. ■ Gülnäz Eliaçyk Ýyldyz Ýaş ýazyjy Gülnäz Eliaçyk Ýyldyz 1987-nji ýylda doguldy. Onuñ çeper döredijilige bolan höwesi heniz liseýde okap ýören ýyllary ýüze çykdy. Orhan Weli Stambula diñ salmagyñ, Jahit Sytky otuz bäş ýaşyñ, Sait Faik güneş balyjagnyñ ölüminiñ derdine düşende, ol bularyñ ählisini birküç sany soraga jemlän edebiýat sapagynda ýazylan setirleriñ adamzat taryhyna nähili täsirini ýetirýändigini gördi we okamak arkaly ýaşaýşyñ, ýaşamak arkaly okamagyñ bir-birinden aýryp bolmaýan wagtlaryñ lezzetini şol ýyllarda duýup ýetişdi. Nazan Bekirogly, Isgender Pala ýaly ýaly tanymal ýazyjylar bilen şol ýyllar tanyşdy. Gülnäz Eliaçyk Bozok uniwersitetiniñ Tehniki ylymlar boýunça ýokary mekdebini 2008-nji ýylda tamamlady. Ol häzir ýörite bilim merkezinde işlese-de, günde-günaşa adamlar bilen, çagalar bilen, hususanam kagyz-galam bilen didarlaşyp, söhbetleşip durmagy gowy görýär. Onuñ "Bir" žurnalynda çap edilen "Zelalnama" ("Zelâlname") selýuloza ysyna garyşdyrylan ilkinji eseridi. Soñra "Mâi" we "Şehrengiz" žurnalynda eserleri yzygiderli çap edildi. "Mâi" žurnalynda häzirem çykyş etmegini dowam edýän Gülnaz Eliaçygyñ özboluşly galam ýörediş stili bilen fecirvakti.desenblog.com edebi-çeper saýtynda ýazgylaryny okyjylara hödürleýär. Terjime eden: Suraý ATAÝEWA. © www.kitapcy.ml | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |