23:22 Suw perisi | |
SUW PERISI
Goşgular
Köl boýunça, gür jeññelleñ içinde Terkidünýä keşiş ýaşaýar eken. Tañra tagat kylyp, günüñ gününde, Namaz okap, işläp ýadaýar eken. Indi göge berip takat-sabryny, Ölümin asmandan dileýän garry, Pilin alyp, öz-özüniñ gabryny Gazyp goýanmyşyn bireýýäm garry. Tomusuñ bir güni bosaga çykyp, Terkidünýäñ tañra çokunýan çagy, Elini, ýüzüni asmana tutup, Eden günälerne ökünýän çagy, Birdenkä-de tümlük jeññele inip, Köli goýry duman örtüp başlapdyr. Altyn Aý ýitende buluda girip, Keşiş köl suwuna nazar taşlapdyr. Bakýar gorkup erkin ýitiren garry, Düşünip bilenok öz-özüne ol... Birdenem tolkunlar asmana galdy, Soñ ýene dolandy kölüne olar. Birdenem... göýäki gijeki hyýal, Bedeni daglaryñ gary deý çuw-ak Ýüzüp suwdan çykan ýalañaç aýal Kölüñ kenarynda otyr lowurdap. Otyr ol keşişe golaýdan garap Hem öl bolan saçlaryny daraýar. Keşiş bolsa gorkusyndan galdyrap, Gözel gelne haýran galyp garaýar. Gyz ony çagyrýar golun bulýar-da Hem baş atyp, ümläp, oña ýüzlenýär. Soñam birden süýnýän ýyldyz bolýar-da, Ukuly tolkunlar içre gizlenýär. Oýa batyp uzyn gije ýatmady, Gündiz tañra tagat etmedi garry. Diñe düýş deý şol ahwaly ýatlady, Bolan işe akly ýetmedi garryñ, Ýene jeññel goýry tümi geýindi. Bulutlar içinde Aý çykdy seýle. Ýene şol gyz otyr suwuñ boýnunda, Çuw-ak hem ajaýyp, görk barmy beýle! Seredýär, baş atýar, zol posa oklap Hemem garra salýar azajyk aly. Oýnaýar ol tolkunlary gujaklap, Gülýär hem aglaýar çagajyk ýaly. Çagyrýar keşişi näzijek iñläp, ''Keşiş, keşiş, gel ýanyma, gel bäri!'' Soñam çümýär, gyzy tolkunlar gizläp, Ümsümlik gaplaýar çola kenary. Üçünji gün keşiş besläp yşkyny, Otyrdy kenarda kän umyt bile, Görmek üçin gözel gyzyñ keşbini, Ýöne ýene kölge düşdi jeññele... Dañ şapagy gijäñ tümün kowanda, Keşiş ýokmuş. Dünýä bolsa gözelmiş. Diñe çagajyklar kölüñ suwunda Şol keşişiñ çal sakgalyn görenmiş. • LILA DIÝEN GYZA Lila, Lila! Solup barýan, Günüm gaýgy-gamda geçýär. Usurgaýan, ölüp barýan, Kalbymdaky alaw öçýär. Söýgim seniñ parhyña däl, Gaýta üstümden gülýärsiñ. Gül, Lila, parhsyz gülseñem, Owadan bolup bilýärsiñ. • K.A.B. Gyssagara goşguda näme aýdyp biler men, Hakykat bar zatdan gymmatdyr maña. Pikirlenip ýetişmän, oña: ''Janym!'' diýer men, Pikirlenip, ýene-de şol sözi diýýän oña. • M-OWA ÝAZYLAN MADRIGAL Eý, siz, söýüşmedik juwan kişiler, Oña bakyp yşka sataşarsyñyz. Eý, siz, söýüp-söýüp sowan kişiler, Oña bakyp, ýene tutaşarsyñyz. • SOSNISKAÝANYÑ ALBOMYNA Sowuk ýüregiñ sowgun, jady gözleriñ howrun Goşup, siziñ işiñiz mydam bize bakmakdyr. Elbetde, sizi söýen örän akmakdyr, keýgim, Ýöne sizi söýmedik hasam beter akmakdyr. • GOŞGUÇYNYÑ TARYHY Endik eden gulaklary eşidýär oñ Sykylyk. Çyrmaşdyryp kagyz baryn, turuzýar ol Gykylyk. Soñra hemmä iş bolýar, ýaýradyp ol Myş-myşy. Ahyrynda çap etdirýär, bolup bir Şahyr kişi. • DORIDA Hoş ýakýar Doridanyñ maña altyn saçlary, Solgunrajyk ak ýüzi, mawy gözi, gaşlary. Agşam dostlañ meýlisin taşlap gaýdyp, ikiçäk, Lezzet içip gujakda ýatdym syna, ýaka çäk. Tiz höwesim ýene-de höwese çalyşýardy. Islegim öçüp, ýene ot alyp ýanyşýardy. Eräp gitdim men, ýöne şo gijäñ tümlüginde, Ýene bir mähriban keşp gözlerimiñ öñünde. Göwnümiziñ gizlin gamdan doludugyn añýardym, Pyşyrdap, ýat bir gyzyñ adyn gaýtalaýardym. Aleksandr PUŞKIN. Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Allaýar Çüri / Goşgular - 17.09.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Ýa, Rep, hemişe lutpuňy et rehiýema maňa... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Göwünlik / Goşgular - 12.08.2024 |
√ Saçly gyzlar / Goşgular - 31.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |