14:01 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Ah Astahowa | |
ŞYGRYÝET MELEKLERI / MAKALAJYKLAR TOPLUMY – AH ASTAHOWA
Şygryýet melekleri
“Ah Astahowa” tahallusy (psewdonim, edebi lakam) bilen çykyş edýän, Russiýa Federasiýasynyň ýaşaýjysy Irina Aleksandrowna Astahowa, 1987-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Moskwada dogulýar. Ol fortepiýano ugry boýunça sazçylyk mekdebini hem-de suratçylyk (žiwopis) ugry boýunça çeperçilik mekdebini tamamlapdyr. Ilkinji goşgusyny 9 ýaşynda ýazýar. 2007-nji ýylda “Umyt ýelkenleri” atly talyp bäsleşiginde “Awtorlyk okaýyş” ugry (nominasiýasy) boýunça diplomant bolýar. 2011-nji ýylda bolsa, Ah Astahowa “Youtube” internet platformasynda özüniň “Seni o taýda söýýälermi bir?” atly goşgusyny okaýan wideoroligi arkaly meşhurlyga eýe bolýar. Bu rolige 1 million gezek tomaşa edilýär. Gödeňsi terjimede, ine şol goşgy: Seni o taýda söýýälermi bir? aýt maňa, köseme. Seni o taýda söýýälermi bir? ýatda sakla, diňlesene – haýsam bolsa bir ýangynly, jygba-jyg ýagdaý üçin, soň kyn bolmaz ýaly... men öz janymy sogrup zyňdym. mundan buýana pikir etmezlik üçin hem-de ýatlamazlyk üçin, ýene-de howsala bilen seni ýaralamazlyk üçin. men öz janymy sogurdym, otaglaň tukatlygynda. - eý, Hudaý, ber maňa kütek hakyda! seni o taýda söýýälermi bir? ezizleýälermi? öpýälermi? seni gujaklaýalarmy? bagtlymy sen? şadyýanmy sen? ýok, ýok, hasrat çekemok. ýok, ýok, içim gysmaýar. men öz janymy sogurdym, kürsüleň tukatlygynda. saňa sowuk däl gerek? gussada dälsiň-ä? ezýet berilýän däldir-le? gyş diýýärler, zabun geljekmiş. haýsam bolsa bir ýangynly, jygba-jyg ýagdaý üçin, men öz janymy sogurdym, sözleň tukatlygynda. indi ejiz hem tukat görünmez ýaly. Ýöne, ýadyňda sakla: mähribanlaňňy taşlamaýarlar. Ýakmaýarlar. Ýeri, nämä dymýaň sen? Aýt maňa, köseme, Seni o taýda söýýälermi bir? Goşgyň originaly: Тебя хоть там любят? скажи мне не мучай. тебя хоть там любят? запомни, послушай — на всякий пожарный, на экстренный случай, чтоб не было трудно: я вытрясла душу. чтоб больше не думать и больше не помнить, чтоб снова тревогой тебя не изранить. я вытрясла душу в унынии комнат. — о, Господи, дай мне короткую память! тебя хоть там любят? лелеют? целуют? тебя обнимают? ты счастлив? ты весел? нет, нет, не печалюсь. нет, нет, не тоскую: я вытрясла душу в унынии кресел. не холодно хоть? не грустишь? не измучен? зима говорят, будет нынче суровой. на всякий пожарный, на экстренный случай — я вытрясла душу в унынии слова. чтоб больше не выглядеть слабой и скучной. но помни: родных не бросают. не губят. ну что же молчишь ты? скажи мне, не мучай. тебя хоть там любят? 2013-2014-nji ýyllarda Ah Astahowa 8 ýurduň 53 şäherinde jemi 120-den gowrak konsert beripdir. Şol konsertlere-de umumy 35 müňden köp adam gatnaşypdyr. Konsertleriň käbirinde Ah Astahowa birinji bölümde erkek kişiň eşiginde sahna çykyp, erkek kişiň adyndan goşgularyny okaýan bolsa, konsertiň ikinji bölüminde zenan keşbinde çykyş edipdir. 2013-nji ýylda Ah Astahowa “Altyn Gorgulýa” baýragyna “Ýylyň iň gowy art-taslamasy” diýen ugur boýunça mynasyp bolupdyr. Şonuň ýaly-da şol ýylda Ah Astahowanyň “Erkek lirikasy/Aýal lirikasy” ady bilen birinji goşgular ýygyndysy neşir edilipdir. Şol ýygynda şahyranyň aýalyň we erkegiň adyndan ýazylan goşgulary girizilipdir. 2014-nji ýylda Ah Astahowa Ýewropa döredijilik saparyny amala aşyryp, Parižde, Berlinde, Barselonada, Milanda, Pragada şygryýet konsertleri bilen çykyş edipdir. Elbetde, käbir edebiýat tankytçylary Ah Astahowanyň döredijiligi hakda ýazgaryjy belliklerini aýdýarlar. Mysal üçin Lew Oborin Ah Astahowanyň döredijiligini düýbünden çeperçilik gymmaty ýok diýip hasaplaýar. L.Oboriniň pikirine görä, A.Astahowanyň goşgulary: “arzanjak melodramatizmden doly hem-de stilistika hakda düýpgöter düşünjesi ýok, ikinj-ä däl, hatda üçünji derejedäki şygryýet” bolup durýar [1]. Beýleki bir tankytçy, Dmitriý Kuzminiň pikirine görä, Ah Astahowanyň döredijiligi: “köpçülik (mähelle, süri) medeniýetiniň özboluşly bir görnüşi” hökmünde ykrar edilmek bilen: “sosulgamlardaky glamurlaşan gyzlaň ýeňiljek özleşdirmegi üçin niýetlenen aňyýet we şekil stereotipleriniň dürüşdesi” bolup durýar [2]. Salgylanylan çeşmeler: 1. С литературной точки зрения стихи Ах Астаховой действительно представляют ценность? // TheQuestion.ru, 17.09.2015. 2. По аналогии со множеством современных поэтов, рассмотренных здесь: имеют ли стихи Ес Соя хоть какую-нибудь литературную ценность, или это лишь «проходняк»? // TheQuestion.ru, 18.09.2015. Makalaň alnan çeşmesi: https://ru.wikipedia.org›Астахова,Ах. 14.10.2021ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||