10:39 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Alýa Kudrýaşewa | |
ŞYGRYÝET MELEKLERI / MAKALAJYKLAR TOPLUMY – ALÝA KUDRÝAŞEWA
Şygryýet melekleri
Alina (Alýa) Kirillowna Haýtlina (2014-nji ýyla çenli Kudrýaşewa) 1987-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Leningradda (häzirki Sankt-Peterburg) doglan rus şahyrasy we nemes filology (A.Kudrýaşewa 2012-nji ýyldan bäri Germaniýanyň Mýunhen şäherinde işleýär we ýaşaýar). A.Kudrýaşewa 2000-nji ýyllaň ortalaryna öz goşgularyny, şol döwürde Russiýada meşhur bolan “Diri Kitapça” (Живой Журнал – ЖЖ) internet platformasynda goýmaga başlandan soňra adygyp ugraýar. 2007-nji ýylda ol özüniň “Ejem tomusky öýjagazda, açar stolda...” (Мама на даче ключ на столе…) atly goşgusyny internetde goýandan we özüniň ilkinji şygyrlar ýygyndysyny çykarandan soň, “Diri Kitapçaň” rus dilli böleginde iň bir okalýan awtora öwrülýär. Şol döwürler A.Kudrýaşewanyň ady bilen ýaşlaň arasynda şygryýete bolan gyzyklanmanyň gaýdyp gelmegini baglanyşdyrypdyrlar. Ýöne, özüniň döredijiliginiň meşhurlygyna garamazdan A.Kudrýaşewa edebiýat bilen hünärmen (professional) derejede meşgullanmakdan gaça durupdyr. Netijede ol, Sankt-Peterburgyň uniwersitetini tamamlandan soň özüniň esasy hünäri boýunça işlemäge gümra bolup, diňe kämahal öz goşgularyny okap, okyjylaryň öňünde çykyş edipdir. 2012-nji ýylyň noýabrynda bolsa Germaniýa göçüpdir. A.Kudrýaşewanyň kitaplary: 1. Açyk – 2007; 2. Üç, iki bir (Audiokitap) – 2010; 3. Käte gämiler – 2017; 4. Gorkunç däl pişikler – 2021. Alýa Kudrýaşewanyň internetde meşhurlyk gazanan goşgularynyň biriniň howul-hara terjimesi: Çydamak hem ölmän galmak, ýöne eýmenmän zulmatdan, Süýde garyp gurşun ýuwutmak, ýöne ögemän-gusman. Her kes isleýär, “men”-iň bada-bat “biz” bolmagyny, Eger-de tug gana boýalan bolsa, oň biziňki bolmagyny. Bihal galýaryn, oýlanamok hiç zat barada, Ýöne hiç kim hakda däl, ähli sypjyryklary dilimläp. Eger olaňky ak bolsa, biziňki hökman garadyr onda, Eger-de tug parlamasa, ol biziňki däldir onda. Indi näme diýersiň sen? Aýralygy dönderip bolmaz diýjekmi, Her bir çözgüdiňem bize gözýaş bolup dolanjagny. Penjiräni näçe ýuwsaň ýuw – barybir çetinde hapa, Eger-de tug hapalansa – ol biziňki däldir onda. Tekjelere ýerbe-ýer ýerle, hakykaty dogra, Onlarça waka oýlap tap, bize näme bolar, Näme has wajyp – dünýä üçin kalpmy? Ýa kalp üçin dünýä? Biziň tugumyzmy? Ýa-da belki biziňki däl baýdak?! Ýöne, islendik uruşda birje netije galýar, Mümkin däl, yzaly, doly aglanmadyk. Eger-de baýdak topragy duwlap, gämigi goran bolsa, Diýmek, onda, belki-de ol biziň tugumyzdyr... Goşgyň originaly: Выживать и выжить, но не убояться тьмы И глотать свинец с молоком, тошноты не зная. Каждый хочет, чтоб "я" - это сразу же было "мы", Чтобы если знамя в крови - это наше знамя. Остаюсь несведущ, думаю ни о чем, Но не ни о ком, все царапины разрезая. Если белый их, то наш - непременно черн, Если знамя не вьется, то это не наше знамя. Что ты скажешь теперь? Что разлуку не повернуть, Что любое решение выльется нам слезами. Как ни вымой окно - все равно в уголочке муть, Если знамя запачкано - это не наше знамя. Разложи по полочкам, факты перекроши, Сочини десятки историй, что будет с нами, Что важнее - душа для мира? Мир для души? Наше знамя? Или все же не наше знамя? Но в любой войне остается один итог, Невозможный, больной, невыплаканный слезами. Если знамя, землю укрыв, сберегло росток, То, наверное, это все-таки наше знамя. Edebiýat tankytçy Alekseý Salomatin, ýumşak henek bilen A.Kudrýaşewanyň döredijiligi hakda şeýle belläpdir: “Häzirkizaman rus dille şahyrlary diňe olaň kärdeşleri bilen hünärmen-filologlaň okaýan döwründe, ýaş awtorlar Wera Polozkowa bilen Alina Kudrýaşewany şahyrlaň “amerikan arzuwynyň” diri ýüze çykmasy diýip ykrar etmek bolar. Neşirýatlar bilen şertnamalar, yzygiderli döredijilik agşamlary hem-de gastrollar, öz eý görýän şahyralarynyň döredijiliginiň gözleginde diri kitapçalary zabt edip alaýjak bolýan muşdaklarynyň müňlerçelik mähellesi, “Olar biziň edebiýaty däl döwrümizde şygryýete gyzyklanmany gaýtaryp berdiler!” diýip gygyryşýan sesleriň hümeri.”[1]. Edebiýat tankytçysy Arkadiý Zastyres bolsa 2013-nji ýylda, A.Kudrýaşewanyň döredijiligi hakda, öz-özüňi ýaýmak, beýan etmek üçin internetiň uly mümkinçilikleri döredýändigine garamazdan, şahyrlaň örän seýreklerine, internete daýanyp A.Kudrýaşewa ýaly meşhurlyga eýe bolmak başartmandygyny belläp geçipdir. Tankytçynyň pikirine görä: “munuň üçin beýik masştabdaky zehin gerek”[2]. Salgylanylan çeşmeler: 1. Саломатин А. В. От кича к кэмпу: о стихах Веры Полозковой и Алины Кудряшевой // Вопросы литературы. — 2010. — № 5. — С. 97-111. 2. Яна Белоцерковская. В Сети каждый второй может быть «поэтом»: Культура: Облгазета. oblgazeta.ru (22 июля 2013). Makalaň alnan çeşmesi: https://ru.wikipedia.org›wiki/Хайтлина,_Алина_Кирилловна. 14.10.2021ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||