08:34 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Gözel Begim | |
ŞYGRYÝET MELEKLERI / MAKALAJYKLAR TOPLUMY – GÖZEL BEGIM
Şygryýet melekleri
$IMAGE1$ Gözel Begim, 1974-nji ýylda Özbegistanyň Horezm oblastynyň Guşgupyr raýonynda dogulýar. Özbegistanyň Ulugbeg adyndaky Milli uniwersitetiniň özbek filologiýasy fakultetini tamamlapdyr. 2001-2003-nji ýyllarda A.M.Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynyň ýanyndaky Ýokary edebiýat kurslarynda, Moskwada okaýar. Ol “Ümsümligiň zarňyldysy” («Сукунат жаранги» 1998), “Gaýýan ýapragyň kölegesi” («Учаётган япроқ сояси», 2002) atly ýygyndylaryň awtorydyr. Şonuň ýaly-da Gözel Begim hanymyň “Ýeljagazyň kenary” («Шабада қирғоғи») atly ýygyndysam neşire taýýar edilendir. Ondan başga-da Gözel Begim hanymyň şygyrlary “Özbek modern şygryýeti” atly köpçülikleýin ýygyndyda 2003-nji ýylda we “Ýaş şahyrlaryň we ýazyjylaryň kitaby” atly köpçülikleýin ýygyndyda 2008-nji ýylda Daşkentde, şeýle hem “Anar – Nar” atly ýygyndyda, 2008-nji ýylda Moskwada neşir edilendir. Gözel Begim hanymyň şygyrlary rus, iňlis, gazak dillerine terjime edilendir. Bu şahyra-hanym, 1999-njy ýylda Zaamin – ýaşlar döredijilik seminarynyň, 2008-nji ýylda Daşkentdäki VI açyk şygryýet festiwalyna, 2009-njy ýylda Ýerewanda geçirilen GDA we Baltika ýurtlarynyň terjimeçileriniň III forumyna işjeň gatnaşypdyr. Şonuň ýaly-da, Gözel hanym Özbegistan Respublikasynyň “Gunça” çagalar žurnalynyň edebiýat işgäri bolup durýar. Gözel Begim hanymyň bir goşgusynyň rus diline terjimesiniň terjimesi: (-: Tamdyrda ot ýakýar ejem men bolsa almaň gamgyn dem alýan ylgap bardym arygyna. Goşawujym dolduryp säher suwundan çapylan agajyň keşbin äkitdim öz düýşüme. Onsoň men ýöredim iň uzak gije gözlerim bilen diňşirgenip, diňläp ejemiň ellerin gujaklap. Ak Iddil gussaly şylpyldysy meň bagymdan parran geçdi penjiräme-de uruldy Hakguşyň sesi. Ejem howlukman, odun oklaýar men bolsa sorup reýhanyň ysyn tükeniksiz gijäni gopardym. Gözel Begimiň ýokardaky goşgusynyň rusça terjimesi: В тандыре огонь разводила мать а я подбежала к арыку где грустно вздохнула яблоня Набрав в ладони рассветной воды образ разрубленного дерева унесла я в свой сон И шла я в самую долгую ночь глазами вслушиваясь и внемля обхватив руки матери Белого Иддиля печальный всплеск пронесся по моему саду бился в окно голос птицы Хаккуш Мать не спеша подкладывала дрова я же вдохнув аромат райхона сорвала бесконечную ночь Özbek dilini suwara bilýänler üçin, Gözel Begim hanymyň bir goşgusynyň asyl nusgasy: ЭЙ СУЙДИРГУВЧИ Эй суйдиргувчи гул баргини юрагимдан олиб ўтган туйғуларимнинг биллур шаклини овоз хиёбонида эркалагувчи саксовул ифорида рақсга тушган сабо сандиғидан озод бўлганча қушлар қироатин кўкка йўллаган нигоҳ кенглигига йўл олган эй сўз тиз чўккан товушлар сенинг қаршингда ва юрак ҳақидаги эртаклар Эй суйдиргувчи кўзимнинг тим қора муҳаббатини шаффоф сукунатга чоғиштирган зот юрагимнинг ўнқир-чўнқирларида шафақ уммонини барпо этгувчи олис манзаралар ичидан олтин жимлик ила олиб ўтгувчи Эй суйдиргувчи тун ва тонгнинг оралиғига қаҳқаҳа ҳикматини илиб қўйгувчи туйғулар қаърига нодир буюмларни жамлаб қўйгувчим қўлларимни очиқ ҳолида само саройига йўллаётганда кўз ёш жавҳарини яратган эй зот табассум шивиридан ўсган сўзларни муҳаббат диёрига муҳрбанд этиб юрагимнинг мингта томони билан эй суйдиргувчи эй суйдиргувчи Makalaň alnan çeşmesi: https://www.ziyouz.uz/ru/guzel-begim. 16.10.2021ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||