17:08 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Leýli Salaýewa | |
ŞYGRYÝET MELEKLERI / MAKALAJYKLAR TOPLUMY - LEÝLI SALAÝEWA
Şygryýet melekleri
Leýli Salaýewa, 1985-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Bakuda doglan, azerbaýjan ýazyjysy, şahyrasy we perfomansçysydyr. Ol Azerbaýjanyň ýazyjylar birleşmesiniň we Beýik Britaniýanyň şahyrlar jemgyýetiniň agzasy. Öz eserlerini üç dilde ýazýar: iňlis, rus we azerbaýjan dillerinde. 2002-nji ýylda Bakudaky 189-njy mekdebi tamamlap, Azerbaýjanyň diller uniwersitetine Iňlis diliniň filology hünäri boýunça okuwa giripdir. 2008-nji ýylda, Azerbaýjanyň Döwlet Nebit Akademiýasy bilen hyzmatdaşlyk saklaýan, ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Atlanta şäherindäki Jorjiýa uniwersitetini, önümçiligi dolandyrmak we amallar ugry boýunça MBA derejesi bilen tamamlaýar. 2014-nji ýylda “Onki, onüç” atly, öz gyzyna bagyşlanan iňlis dilindäki goşgular ýygyndysyny çap etdirýär. Bu kitap Leýli hanymyň ilkinji kitabydyr. 2016-njy ýylda “Youtopia” atly goşgular ýygyndysyny neşir etdirýär. Bu kitabyň ýazylmagyna ýedi sany hatyn bilen söhbetdeşlik sebäp bolupdyr. Bu ýagdaý Nyzamy Genjewiň “Haft-Peýker” ýa-da “Ýedi gözel” atly goşgusyndan ylhamlanma bolup durýar. Bu ýygyndysynda şahyra-hanym, bar bolan aýry-aýry şahsyýetleriň özbaşdak portretlerini düzmegiň we daş-töwerekdäkileň şekillendirmesiniň esasynda zenan häsiýetiniň tebigatyny seljerýär. Kitap ýazmakdan başga-da Leýli Salaýewa nakgaşlar bilen bilelikde dürli taslamalary hem durmuşa geçirýär. Mysal üçin, onuň “Sound of a woman” (Zenanyň owazy) atly goşgusy, Şirwanşahlaň Köşgündäki Içeri Şäherde, “Syýahatçy Sindbad” rok-operasyndaky hüýr-periň ariýasynda sesli installýasiýanyň bir bölegi hökmünde ýerine ýetirilipdir. 2015-nji ýylda şahyra-hanym “Dilberiň we onuň jadyly çemçesiniň syýahaty” atly çagalar kitabyny neşir etdiripdir. Bu kitap “Kitap sungaty” atly GDA ýurtlarynyň arasyndaky XIII Halkara bäsleşikde 2-nji orna mynasyp bolupdyr. 2018-nji ýylda Leýli hanymyň “Anabioz” atly şygryýet kitaby rus dilinde neşir edilipdir. Bu kitabyň ady ýygyndynyň düzüm gurluşyndan gelip çykýar. Bu kitapda şygyrlaň atlary düýşleriň seljermesi bilen çalşylýar. Her bir düýş bir ýa-da birnäçe arasy üzülmeýän goşgulardan ybaratdyr. Kitapda düýşüň hem-de oýalygyň çägi köplenç bozulýar-da, beýni bulaşýar. Leýli Salaýewanyň “Youtopia” atly kitabyndan iňlis dilindäki goşgusynyň rus diline terjimesiniň sözme-söz terjimesi: Tagamyny biderek sarp etme, Men seň bakyşyňa bakýan, gyrpmaýan gözleň duzly derýalar akýar aşak gysylan dodaklaň çetjagazyn gyjyklamaga. Saçlaň gopjak bolýar kelläňden öz kökünden ýüz dönderip uçmak üçin bezzat şemala dönüp. Maýyl bolup gün şöhlelerne meň porruk, şepbeşik hamymdan syzýar. Serhoş bolup, ysyndan seň gerdenleň hem boýnuň. Men öz kellämdäki heňi çalyp bilmeýän. Men lezzet üçin tölemäge razy siz ony ajap mahabatlandyrdyňyz. Çüm meň beýnime pytrap maýda böleklere bileje galsak, täze keşpde. Men birçak sesim ýitirdim sen ýanymda dälkäň hemme zat ajapdy. Men oýlandym, tümlük meň aşygym, ýagty tarap bolsa salgymy aždaryň. Şady-horram guşlar duýdansyz gülki seň ýüregňe älemgoşar çaýylan Hem-de şu wagt meň barmaklammyň ala uçlary stolda galdyrýar yzlar. Mizemez Sedasyz Ýüzüňe garaýan men. Seresap bol, sen meň gözýaşlarmy içýärsiň jaýryk atan gök pyýaladan. Tagamyny biderek sarp etme... Leýli Salaýewanyň “Youtopia” atly kitabyndan iňlis dilindäki goşgusynyň asyl nusgasy: Savor, don’t waste I’m staring into your gaze unblinking eyes salty rivers stream down tickle corners of pursed lips. Hair try to detach from the head ready to abandon its roots and fly away with the naughty wind. Infatuated by sunny rays oozing through my spongy sticky skin. Intoxicated by the smell of your shoulders and back of the neck. I cannot play a tune in my head I’m ready to pay for the pleasure you advertised so well. Soak into my brain decompose into tiny parts and stick together in a new format. I lost my voice a long time ago before you were around before it was alright. I thought darkness was my lover and the bright side was a phantom of allosaurus. Cheering birds and spontaneous laughter your heart is painted in rainbow And now motley tips of my fingers leave marks on the table. Motionless Speechless I’m staring into your face. Gingerly you drink my tears from the cracked blue cup. Savor, don’t waste. Makalaň alnan çeşmesi: http://caprice-lifestyle.com/index.php/delice/leyli-salayeva. 18.10.2021ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 6 | ||||
| ||||