22:16 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy - Näzik Annatyýewa | |
ZENAN DUÝGULARYNYÑ ZEHINLI AÝDYMÇYSY
Şygryýet melekleri
Näzik Annatyýewa meşhur şahyrymyz Towşan Esenowadan soň edebiýatymyzda ymykly orun alan şahyrlarymyzyň biridir. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň başlarynda Gurbannazar Ezizow, Annaberdi Agabaýew, Halyl Kulyýew, Italmaz Nuryýew, Gowşut Şamyýew, Näzik Annatyýewa dagy, hersi özüniň çuňňur sowatlylygy, çeper beýan ediş usuly, pikirleriň goýazylygy, okyjyny oýlandyryş tärleri... bilen milli edebiýatymyza geldiler. Belli bir edebi akymlaryň edebiýata gelip, özlerinden öňkülere garanyňda şygryýete, kyssa täzeçillik getirýändigi dünýä halklarynyň milli edebiýatlarynyň tas hemmesinde häli-şindi bolup geçýän oňyn hadysadyr. Magtymguly atamyz bilen Mätäji aralygyndaky uly edebi şahsyýetlerimiziň bir asyryň dowamynda diýen ýaly ýaşap, döredip geçişi ýaly, bu edebi akym hem edebiýatymyzda öçmejek yz galdyrdy. Bu uly edebi akymyň oňyn täsiri täze Galkynyşlar zamanasynda uly joşgun bilen eser döredýän ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiliginde äşgär duýulýandyr. Näzigiň dury zehin bilen döreden goşgularyna inçe duýgular, zenan kalbynyň näzikligi, päk söýgi, ygrarlylyk, çagalaryna, boýdaşlaryna, umuman, adamlara bolan belent yhlas mahsusdy. Zenan kalbyna mahsus tebigylyk, pikirlerini şeýle erkin hem çeper beýan etmeklik onuň goşgularyny ýiti galamyň astyndan öz-özi çogup çykýan ýaly görkezse-de, (beýle belent dereje diňe çyn zehinlere mahsusdyr) Näzigiň her bir setire, beýde uly zähmet siňdirýänligi okyja belli bolar durardy. Näzik “Sümsüle”, “Ýadygär”, “Muhabbetli söhbetler”, “Güýz arzuwlary”, ”Mahmal bägüller”, ”Ömür kerweni”, “Täze dogan Aý” kitaplaryny okyjylara ebedilik ýadygärlik galdyrdy. Öz döwrüne, berkarar döwletine, bagtyýar halkyna egsimez guwanç, buýsanç Näzigiň Garaşsyzlyk, hormatly Prezidentimiziň Täze Galkynyşlar zamanasynda döreden ajaýyp goşgularynyň her bir setirinde, beýdinde äşgär görnüp durandyr. Näzik berkarar Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny alan günlerinde Soçide, deňiz ýakasynda dynç alyşda eken. Ol Garaşsyzlygymyza bagyşlap döreden ilkinji goşgusyny şol ýerden Aşgabada ýollapdyr. Onuň manyly ömrüniň tas 16 ýyldan gowragyny (N.Annatyýewa 2008-nji ýylyň awgust aýynda aradan çykdy) belent derejeli çeper goşgulary döretmeklige sarp edendigine 1992-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňjileriniň hatarynda 6 gezek baýraga hem altyn zynjyra mynasyp bolandygy-da, “Gaýrat” medaly bilen sylaglanandygy-da güwä geçýändir. Biz guýmagursak zehinli şahyrymyz Näzik Annatyýewany bu ýagşy günlerimizde ýagşylykda ýatlap, onuň uly joşgun bilen döreden goşgularynyň birnäçesini okyjylarymyza hödürlemegi makul bildik. Hudaýberdi DIWANGULYÝEW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. Çeşme: kitapcy.com • SÖÝGI BARADA IKI GOŞGY Zar-u - zelillikmikä Bu ýüregiň hasraty, Dag-u-daşlaň çekmejek Kalba gonan heseri. Çaýlaö şaglap inmesi, Gaý-tupanyň apaty, Ýa öňüňde kert gaýa Dursa mydam keserip?! Ýöne ýerden derýalar, Hanasyndan daşmaýar, Urmaz güwläp kenara Deňziň däli gomlary, Daglar birahatlansa Jülgeleri daşlaýar, Turmasa ýa harasat, Ýeller sökmez gollary. Syrmaz asman gylyjyn Çakyşmasa bulutlar, Gögem gümmürdemese, Sarsmaz belent binalar. Gurar göwnüň gözbaşy, Kök urmasa umytlar, Yşk derdi ursa başa, “Guşlar eňrär, gurt aglar”. Tekiz ýoly halamok, Taýýar bagty neýläýin?! Bu durmuşyň gazany Gaýnatsyn hem gowursyn. Goşgulamda wasp etjek Ýüregimiň söýlänin, Unamadyk şygrymdan Goý, ýüzüni öwürsin. Ýar gitse bagrym dagly, Gelse ganatym bolar. Uçsam gaýyp asmanda, Gonjak ýerim bilsem bor. Tämiz duýgulam bilen Söýgim zynatym bolar. Artykmaç zat nä derkar, Gerek paýym alsam bor. Çem gelen zadyň tagamy, Galmasa bor dahanda. Çem gelen bilen ýaşandan, Ýalňyzlyk ýagşy jahanda. Däli derýalar deý möwç alyp, dyňzap, Käte hanamdan daşyp, Söýüp gezeýin. Seni bar gözlerden, dillerden alyp, Ähli jebirlerňe dözüp gezeýin. Ýöne ýekeje haýyşym: Agyrmasyn maňa nebsiň. Buýsanç diýlen zat ýeke-täk, Sen ygrar-lebziňden dänenem bolsaň, Barybir, Men söýgimden elim üzüp bilmerin. Daglaň kemeri deý çolaşyp bilňe, Eşret görýän dilberiň Bagtynaä gözüm gidip, Kösenýänňi duýsaňam, Agyrmasyn maňa nebsiň. Gaçgynym ejizlik, Söýsem mert söýýän, Depelerde däl-de hyýalym dagda. Daglaňam depesi ala garlysyn, Dereleri aýylganç gaplaň, şirlisin Söýýän, goý, düýt-müýt etsinler meni, Şonda-da irginsiz söýerin seni, Boş hyýala çümüp, Öz-özüň aldap, Kösenip ýör diýip, Agyrmasyn maňa nebsiň. Seň ugruňda gara saçlam agarsyn, Oňa gynanmaryn, Gaýta möwç alyp, Deňziň gomlary deý göterlip ursam, Özümi boş kenara – “Kösenip ýör biçäre” Diýip agyyrmasyn nebsiň. Ýöne bir gün, Wagt gelip ruhdan Düşsem hemem sen ýok ýaly ýaşasam, Tanamasam gapdalyňdan geçemde, Ýa seretsem saňa Ýata suwdan sereden deý, Ana, şonda weli Agyrsyn nebsiň. Näzik ANNATYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |