08:26 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy - Parwin Etesami | |
PARWIN ETESAMI WE ONUÑ GYSGA ÖMRI
Şygryýet melekleri
Gysga wagtlyk ömründe şahyrlyk etmek üçin ujypsyz pursatynyñ bolandygyna garamazdan Parwin Etesami şygryýetde ýokary netijeleri gazanypdyr. Onuñ pars şygryýetinde ýeten derejesine ýetmek ne häzirki zaman pars edebiýatynda, ne klassyky döwürlerde Hoja Hapyzdan başga hiç bir şahyra miýesser etmändir. Eýranyñ iñ beýik zenan şahyrlaryndan bolan Parwin Etesami (Perwin-i Itisami) 1907-nji ýylda (hijri 1285) Töwrizde dünýä indi. Onuñ ejesi Ahter Mürze Abdylhüseýin hanyñ gyzydyr. "Itisâmu'l-mulk" lakamy bilen tanalýan Eýranyñ iñ meşhur ýazyjylarynyñ, terjimeçileriniñ, akyldarlarynyñ jemlenen toparyna gatnaşýan kakasy Mürze Ýusup han Etesami (1937-nji ýylda aradan çykýar) Eýranda çapdan çykan "Bahar" atly ilkinji edebi-çeper žurnalyñ redaktory bolmak bilen birlikde arap we fransuz dilinde ýazylan meşhur eserleri pars diline geçiripdir. Ol Eýranyñ žurnalistika we ylym-bilim dünýäsinde öndebaryjy adamlaryñ biri hökmünde edebi jemgyýetçilik tarapyndan giñden tanalypdyr. "Itisâmu'l-mulk" topary türki we arap dillerini suwara bilipdir. Maliýe işgäri bolan atasy Töwrize göçüp gelensoñ, Parwin Etesaminiñ kakasy şu ýerde dünýä inipdi. Parwin bäş ýaşyndaka (1911) maşgala Tährana göçýär. Ýusup Etesaminiñ öýi meşhur edebiýatçylaryñ we ýazyjy-şahyrlaryñ üýşýän mesgenine öwrülipdir. Şonuñ üçinem Parwine çagalygyndan şol döwrüñ Aly Ekberi Dihhuda, Meliküşşuara Bahar ýaly ussat ýazyjy-şahyrlary bilen tanyşmak mümkinçiligi döräpdir. Arapçany, parsçany, aýratynam bu iki diliñ grammatikasy bilen çeper edebiýatyñ esasy teoriýasyny kakasyndan öwrenmäge başlan Parwin alty ýaşyndan başlap eýýäm arasynda kakasynyñam bolan we Meliküşşuara Bahar ýaly tanymal şahsyýetleriñ jemlenen ylmy-edebi köpçülikden, ýörite tutulan mugallymlardan bilim alyp, özüni ussatlyga ýetiripdir. Çagalyk ýyllarynda boş wagtyny oýun oýnamakdan has köp okamak bilen ötüren Parwin on bir ýaşynda Abylkasym Ferdöwsi, Manuçehr Damgani, Nasyr Hysrow, Enweri, Nyzamy Genjewi, Jelaleddin Rumy ýaly pars dilinde ýazan şahyrlaryñ eserlerini okapdyr. Eýranyñ öz içine we daşary ýurtlara kakasy bilen bile syýahat eden, çagalygyndan şygryýete, çeper edebiýata içgin gyzyklanma bildiren, sekiz ýaşynda goşgy düzmäge başlan Parwin Etesaminiñ ilkinji goşgulary kakasynyñ redaktorlyk edýän "Bahar" žurnalynda çap edilýär. Birnäçe wagtdan soñ onuñ goşgularynyñ başga žurnallarda-da çap edilmegi bilen edebi gatlaklaryñ öwgüsine we gyzyklanmasyna mynasyp bolýar. Onuñ şygyra bolan gyzyklanmasynyñ we edebi ukyplarynyñ kämilleşmeginde möhüm rol oýnaýan faktorlaryñ biri-de, kakasynyñ gatnaşýan edebi toplanşyklaryna gatnaşmagydy. Şular ýaly toplanşyklaryñ birinde meşhur şahyr Muhammet Takyýi Bahar onuñ goşgularyndaky uçgunlary syzypdyr we ony bu hususda höweslendiripdir, birnäçe ýyl soñ (1935) onuñ "Diwanyna" sözbaşy ýazypdyr. Bu sözbaşy Parwiniñ diwanynyñ has soñra çap bolan ähli neşirlerine girizilipdir. Bütin bular bilen birlikde Mürze Ýusup han Etesami meşhur şahyrlaryñ dürli dillerde ýazylan eserlerini pars diline geçirende, gyzyna bulary goşgy şekiline saldyrypdyr. Bu bolsa öz gezeginde onuñ hasam kämilleşmegine getiripdir. Bütin bu täsirler Parwiniñ özüni çeper edebiýata bagyşlamagynda möhüm rol oýnapdyr, onuñ has soñky döwürlerde şygryýet dünýäsinde öñe saýlanmagyna itergi beripdir. Kakasy Parwini erkin, arzuwlaýan ugrunda oñat bilim almagy üçin öz islegi bilen amerikan kolležine berýär. Parwin kolleži tapawutlanan bahalar bilen tamamlaýar. Ony başgalardan tapawutlandyrýan ýene bir aýratynlyklaryñ birem, amerikan kolležinde okandygyna garamazdan hiç mahalam gündogar zenanyna mahsus özboluşlylygyny ýitirmän saklamagydyr. Parwin Etesaminiñ 1926-njy ýylda Ryza şa Pehlewiniñ köşgüne onuñ aýalyna we çagalaryna mugallymlyk etmek islenendigi, emma onuñ "Men köşgüñ gapysyndan hiç haçanam aýak sekmerin!" diýendigi aýdylýar. Eýranda şol döwür bolup geçýän aýal-gyz hereketleriniñ birine-de gatnaşmadyk Parwin bular ýaly hereketleriñ özi ýaly ylym-bilim we edebiýat bilen meşgullanýan sosial gatlaklardaky aýal-gyzlaryñ daşyndaky toparlar tarapyndan goldanmagynyñ tarapdary bolupdyr. Wagtynyñ agramly bölegini dürli ugurlardan okap, edebiýat boýunça ylmy barlaglary geçiren Parwin Etesami pars edebiýaty bilen birlikde iñlis dili we edebiýatyny-da düýpli özleşdiripdir, iñlis dilini suwara bilipdir. Okuwyny tamamlandan soñ mekdepde pars dili we edebiýaty, iñlis dili we edebiýaty sapaklaryndan okadan Parwin Etesami 1934-nji ýylda durmuşa çykyp, Kermanşaha gidýänçä, mugallymçylyk edýär. Durmuşy şowlamadyk Parwin birküç aýdan soñ adamsyndan aýrylyşmaga mejbur bolýar. Şeýle-de bolsa, çeper edebiýata we şygryýete bar ünsüni beren şahyr bütinleý täze we azat durmuşda ýaşamaga başlaýar. Bu bolup geçen wakalaryñ täsirini onuñ diñe bir goşgusyndan syzyp bolýar. Eý gül, sen gül bakjasynda ne gördüñ? Tikeniñ sütemi we ýamanlygyndan başga ne gördüñ? Eý köñül ýagtyldan ýakut, şu göze gelüwliligiñ bilen Bazarda adaty müşderiden başga ne gördüñ? Çemenlige gitdiñ, emma paýyña kapasa düşdi! Eý ýesir guş, kapasadan başga ne gördüñ? Çagalyk ýyllaryndan bäri adamlardan gaça durýan we ýekeligi gowy görýän Parwin köplenç az gürläpdir, köp oýlanypdyr. Belkäm şonuñ üçindir, ol aýal-gyzlara degişli sosial çärelere, azatlygy we adam hukuklaryny öñe sürýän çykyşlara gatnaşmandyr. Onuñ ýalñyzlykda geçen durmuş terzini goşgularynda görnetin synlamak mümkin. Emma şeýle-de bolsa, goşgulary bilen bular ýaly aktiwist hereketleri goldamakdan çetde durmandyr. Parwiniñ käbir goşgulary onuñ kakasynyñ eýelik edýän "Bahar" žurnalynda çap bolupdyr. Parwin Etesami 1941-nji ýylda (hijri 1320) ýylda otuz bäş ýaşynda aradan çykýar. Parwin Etesaminiñ aradan çykanynyñ birinji ýylynda ony ýatlamak üçin "Enjümen-i Danişweran" tarapyndan taýýarlanan gepleşikde okalan meşhur şahyrlaryñ goşgularynyñ arasynda Muhammet Hüseýin Şähriýaryñ Parwine bagyşlap ýazan goşgusy iñ ajaýyp goşgularyñ biridi: سپهر سخن راست پروين ستاره جهانی سوی اين ستاره نظاره بلند آسمانی است ديوان پروين بلند اخترانش برون از شماره دو صد رشته گوهر كه هر يك چو پروين به گوش سپهری سزد گوش واره به هر درد و داغی توان چاره جستن دريغا به داغ اجل نيست چاره بهل شهريار آتش شوق پروين كه اين جا دلی بايد از سنگ خاره Parwin - söz peleginiñ ýyldyzy, Dünýä syn eýleýär bu gözel gyzy. Belent göge ogşar onuñ diwany, Sansyzdyr oñ parlaýan ýyldyzlary. Iki ýüz jüp jowahyr, ylla Parwine meñzär, Pelegiñ gulagynda tylla şaý-sepe meñzär. Çäresi bar her derdiñ, her ýaranyñ, Haýp!.. hiç alajy ýok şum ajalyñ! Gel Şähriýar, Parwiniñ yşk dadyna Daşdan ýürek gerek onuñ oduna! Gysga wagtlyk ömründe şahyrlyk etmek üçin ujypsyz pursatynyñ bolandygyna garamazdan Parwin şygryýetde ýokary netijeleri gazanypdyr. Onuñ pars şygryýetinde ýeten derejesine ýetmek ne häzirki zaman pars edebiýatynda, ne klassyky döwürlerde Hoja Hapyzdan başga hiç bir şahyra miýesser etmändir. Parwiniñ Meşrutyýet (Täzeleniş) döwründen soñky döwürde pars şygryýetinde duýdansyz orta çykmagy möhüm we uly hadysa hasaplanýar. Şahyryñ çeper edebiýata we şygryýete eden täsirleri özi bilen deñ-duş şahyrlarda-da, özünden soñky ýaşuly nesliñ şahyrlarynda-da açyk duýulýar. Şol ýyllarda çap edilen şygyr mejmualarynda, edebi-çeper gazet-žurnallarda bu ýagdaýy duýmak kyn däl. Şeýle-de, Nima Ýuşiç ýaly häzirkizaman pars edebiýatynyñ saýlama wekili hasaplanýan ussat şahyr "Diwanyndaky" şygyrlarynyñ kämilligi bilen dillere dessan bolan "Efsanany" ýazanyna birnäçe ýyl geçensoñ, Parwiniñ stilinde goşgy ýazyp başlapdyr. Nima Ýuşiç “Horus-i Sade”, “Kerm-i Ebrîşem”, “Esb Dewanî”, “Horus-i Bukelemûn”, “Berende-ýi Münzewî”, “Dûd” ýaly goşgularyny Parwin Etesaminiñ goşgularyny nusgalyk alyp ýazypdyr. Nimet YYLDYRYM. Terjime eden: Has TÜRKMEN. • Parwin Etesaminiñ rus diline terjime edilen goşgusyndan / "Стихи о сиротской слезе": Что заходится от крику народ? То приветствует владыку народ. Что за камень там? - спросил сирота, Льет с короны блеск по лику, народ? Дорог камень, да не знаем, как звать, Все мы темный поелику народ. Только молвила старуха с горбом: Вор свою несет улику, народ! Он сиротскую сбирает слезу, Крови нашей землянику, народ. Это волк: или не видно клыков? Иль не слышно вою-рыку, народ? Нарицаете царем, но кого? Голяка и горемыку, народ: В нашем ходит, наше пьет, наше ест... Глух от собственного зыку народ. Людям правда неугодна, Парвин, На твою сердит музыку народ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |