17:45 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Sola Monowa | |
ŞYGRYÝET MELEKLERI / MAKALAJYKLAR TOPLUMY – SOLA MONOWA
Şygryýet melekleri
“Sola Monowa” tahallusy bilen çykyş edýän we şygyr ýazýan Ýuliýa Solomonowa, 1979-njy ýylyň 29-njy maýynda Wladiwostokda dogulýar. Sola Monowa 6 ýaşynda, heniz mekdebe-de gidip başlamanka goşgy düzüp ugraýar. Şygryýet bilen onuň ata-enesi gyzyklanansoňlar, gyzjagazam özbaşyna, ýöntemje sözleri kapyýalaşdyrmaga imrigýär. Kakasam gyzynyň bu pişesini goldaýar. Sola Monowa birnäçe ugurda özüni synap görýär. Menejerlik okuwyny okaýar, režissýorlyk hünärine, soňra aktrisalyga taýynlanýar. 1996-njy ýylda Wladiwostokdaky iňlis dili mekdebini tamamlap, ol Uzakgündogar döwlet sungat akademiýasyna okuwa girýär we ony 2003-nji ýylda gutarýar. Şonda Sola Monowa teatr režissýorynyň diplomyna eýe bolýar. 2004-nji ýylda bolsa, ol okap, menejeriň diplomyny edinýär. S.Monowa 27 ýaşynda Deňizýaka teleýaýlymyna, alypbaryjy bolup işe girýär. Soňra Ýuliýa Solomonowa Moskwa gidip, ol ýerde režissýor Sergeý Solowýewiň halypalyk etmeginde aktýorlyk hünärine özleşdirýär. 2011-nji ýylda ýene-de bir diplomly bolýar. Ýene-de bir ýyldan soň bolsa Ý.Solomonowa ABŞ-daky Golliwud kinomekdebini tamamlap, ýene-de bir diplom edinýär we şol ýerde özüniň “911” atly ilkinji çeper filmini düşürmäge-de ýetişýär. Sola Monowaň kitaplary: 1. “Tozgajygyň gany ak” – 2014; 2. “Çep kitap” – 2014; 3. “Sag kitap. Tor şygryýeti” – 2014; 4. “Erkekler hakda goşgular” – 2016; 5. “Zenan sebetjigi üçin goşgular” – 2018; 6. “Goşgular” – 2018; 7. “Şikaýat kitaby” – ?; 8. “Bägül kitap” – ?. Sola Monowaň ýörgünli goşgularynyň biriniň tagaşyksyz, erkin, kapyýasyz, bogun ölçegsiz, howlukmaç terjimesi: Kesekiň hatyny hemişe seňkiden gözel Kesekiň hatyny hemişe seňkiden gözel. Gözelligni bozmaýar iýmitem, Içişikdäki aýnada. Ony maýyl etmäge ymtylýaň, Söýmäge-de, bezemäge-de. Kesekiň hanymy – seňki däl, Diýmek – has ajap hem gowy. Seňki – düýbünden başgaça, Durmuşda-da, Torda-da. Sen oňa possun äberseň, Ol gelişmeýär düýbünden. Bolgusyz surata düşýä, aýdym Aýdýa ýakymsyz sesjagaz bilen. Ol seňki – ýöne saňa şap däl... Tüwejik däl-de, etjagaz. Kesekiňki! Ine nirde ajaplyk, Näzikligem, kamatam, Özüňkini, synanyp gör, sünnäle – Özüňki hijem bolup bilmez beýle. Dözeňok oň üçin indi, Ýüregiňem, eliňem, malyňam. Seňki ýaramaýar saňa... Ýöne özgelere ýaraýar. Goşgyň originaly: Чужая женщина всегда красивее твоей Чужая женщина всегда Красивее твоей. Её не портят ни еда, Ни зеркало в фойе. Её стремишься обаять, Любить и украшать. Чужая дама — не твоя, А значит — хороша. Твоя — совсем уже не то, И в жизни и в сети. Ты покупаешь ей пальто, Оно не так сидит. Нелепо сфоткалась, поёт Противным голоском. Она твоя — но не твоё… Не тёлка, а мяскО. Чужая! Вот где красота, И грация, и стать, Свою попробуй воспитай — Своей такой не стать. И жалко для нее теперь И сердца, и руки. Твоя не нравится тебе… Но нравится другим. Däp bolşy ýaly, Sola Monowaň döredijiligi babatda tankydy bellikleri aýdýanlaram bar. Olaryň käbirleriniň pikirine görä, Sola Monowaň şygyrlary diňe şahyraň öň öz başyndan geçiren duýgularynyň ýanjamasy (beýan etmesi, konstatasiýasy) bolup, hatynyň çusja setirleri köplenç grammatiki we orfografiki ýalňyşlyklardanam dolumyş. Ýöne, Sola Monowaň döredijiligini internetde sypdyrman yzarlaýan millionlarça okyjylar, sosial ulgamlarda onuň her bir täze goşgusyny şowhun bilen garşy alýarlar. Şahyra-hanymyň her bir täze eserine sabyrsyz garaşýarlar. Makalaň alnan çeşmesi: https://biographe.ru/znamenitosti/sola-monova. 14.10.2021ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 10 | ||||||||||
| ||||||||||