14:23 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy - Towşan Esenowa | |
TOWŞAN ESENOWA
Şygryýet melekleri
Türkmen sowet edebiýatynyñ ilkinji zenan wekilleriniñ biri, şahyr, dramaturg, terjimeçi, Türkmenistan SSR-niñ halk ýazyjysy Towşan Esenowa 1915-nji ýylyñ 23-nji noýabrynda ýurdumyzyñ häzirki Ahal welaýatynyñ Kaka etrabynyñ Ýüzbaşy obasynda (şol wagtky Zakaspi oblasty) dünýä inýär. Köp çagaly demirýolçy maşgalasynda ýetişen Towşan Esenowa Aşgabadyñ mekdep-internatynda, soñra pedagogik tehnikumynda okaýar. 1939-njy ýylda Aşgabadyñ pedagogik institutyny okap gutarýar. 20-nji ýyllaryñ ahyrynda heniz ýaşajyk gyzka halk teatrlarynda işleýär. 30-njy ýyllarda «Sowet Türkmenistany» gazetinde işleýär. 1931-nji ýylda 15 ýaşlyja Towşanjyk Işçi-proletar ýazyjylaryñ I sýezdine gatnaşýar. 1934-nji ýylda SSSR-iñ ýaş ýazyjylarynyñ Moskwadaky gysga kursuna okuwa gidýär. 1935-nji ýylda geçirilen respublikan atly ýörişe gatnaşýar. Towşan Esenowa - Türkmenistanyñ ilkinji zenan uçarmanydyr, ol 1936-njy ýylda uçar sürüjilerini taýýarlaýan aeroklubyny hem okap gutardy. 1950-nji ýylda «Sowet Türkmenistanynyñ aýallary» žurnalynyñ baş redaktory we «Sowet edebiýaty» žurnalynyñ dramaturgiýa bölüminiñ redaktory wezipelerinde işledi. 1964-1966-njy ýyllarda Türkmenistanyñ Ýazyjylar soýuzynyñ edebiýat boýunça konsultanty bolup işledi. 1928-nji ýylda ilkinji goşgusy çap bolan Towşan Esenowa 1936-njy ýyldan soñ çeper döredijilige ymykly baş goşýar. Şeýle-de ol, Türkmenistan SSR-niñ gimniniñ hem awtorydyr. Towşan Esenowanyñ eserleri öz wagtynda rus, özbek, gazak, gyrgyz, täjik, eston, kabardino-balkar, karel, mordowa, tatar... dillerine terjime edildi. Onuñ özi hem N.Nekrasow, Ý.Kupala, W.Maýakowskiý ýaly birnäçe belli ýazyjy-şahyrlaryñ eserlerini türkmen diline geçirdi.[1] Ýagşy gylykly, iliñ-günüñ aladasynda, hakykatyñ-gözelligiñ aýdymçysy bolup, manyly ömür süren adamlar halkyñ hakydasynda, galamdaşlarynyñ ýakymly ýatlamalarynda hemişelik ýaşaýar. Towşan Esenowa hem şeýle adamlaryñ biri, bu barada Türkmenistanyñ halk ýazyjysy Kaýum Tañrygulyýewiñ "Garagum" žurnalynyñ 2008-nji ýylda çykan 3-nji sanyndaky ýatlamasynda şeýle setirler bar: "Towşan Esenowa sowetler zamanynyñ türkmen zenanlarynyñ arasyndaky ilkinji şahyrdy hem ilkinji dramaturgdy. Ilki bilen, onum terjimehalyny gysgaça gürrüñ bereýin. Ol 1915-nji ýylda Kaka etrabynda dünýä inýär, başlangyç bilimi obalaryndaky mekdepde alýar. 1928-1932-nji ýyllarda Aşgabadyñ aýal-gyzlar pedtehnikumynda okaýar, şondan soñ respublikan gazet-žurnallarda, radioda, telewideniýede işleýär. Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyñ, soñ A.Gulmämmedow adyndaky ýaşlar teatrynyñ edebiýat bölüminiñ müdiri bolup işleýär. Ömrüniñ soñky ýyllarynda bolsa Ýazyjylar soýuzynda geñeşçi bolup işledi. 1938-nji ýylda onuñ "Polat gyzlara" atlt goşgular ýygyndysy çap edildi. "Uzaklara nazar" (1967 ý.) atly goşgular ýygyndysy, Garagum derýasynyñ gurluşygy hakda söhbet açýan "Keltebeden rowaýaty" (1961 ý.) atly poemasy T.Esenowa meşhurlyk getirdi, bu eserler soýuz respublikalaryñ, şeýle hem daşary ýurtlaryñ birnäçesinde terjime edildi. T.Esenowa türkmen teatrynyñ ösmegine önjeýli goşant goşdy. Onuñ kolhoz gurluşugy hakdaky "Şemşat" (1938 ý.), türkmen zenanlarynyñ bagty ugrundaky göreşi hakdaky "Seniñ yşgyñda" (1968 ý.), "Gelin gelýär" komediýalary türkmen tomaşaçylary tarapyndan gyzgyn garşylandy. Edebiýatda bitiren hyzmatlaryny göz öñünde tutup, T.Esenowa 1940-njy ýylda "Türkmenistanyñ at gazanan şahyry", 1974-nji ýylda "Türkmenistanyñ halk ýazyjysy" diýen hormatly at dakyldy. Men köp ýyllap Towşan Esenowa bilen duldegşir goñşy bolup ýaşadym. Köp gezek gürrüñdeş boldum, birnäçe gezek döwlet delegasiýalaryna goşulyp daşary ýurtlara bile gitdim. Ol sowatly, mylaýym häsiýetli zenandy, işeññirdi, jemgyýetçilik işlerine has köp gatnaşýardy. T.Esenowa türkmen zenanlarynyñ arasynda ilkinji şahyr bolansoñ, geçirilýän syýasy-jemgyýetçilik çäreleriniñ köpüsine çagyrylýardy. Ol özüniñ köp wagtynyñ ýygnaklarda geçýändiginden, döredijilik bilen meşgullanmaga wagtynyñ az bolýanlygyndan zeýrenýärdi. T.Esenowany azat türkmen zenanlarynyñ simwoly hökmünde öñe sürüpdiler. Şeýle bolansoñ, ol öz döwründe alpinistler toparyna goşulyp daglara çykypdy, uçardan paraşýutly böküpdi, suwda ýüzüpdi. Mahlasy, ony jemgyýetiñ ähli ugurlarynda ussat, başarjañ zenan hökmünde görkezýärdiler. Ol hakda köp ýazýardylar. Gazet-žurnallarda suraty çykýardy. Ýetmişinji ýyllarda T.Esenowanyñ "Ýigrenji galyñ" atly makalasy çap edilipdi we bu respublikamyzda gyzgyn ara alnyp maslahatlaşylypdy. "Ýygnaklarda meniñ makalamy goldap çykyş edýärdiler, ýöne özara söhbetdeşliklerde ýeke adam meniñ pikirimi goldamandy. Wah, galyña garşy göreş meniñ adyma duwlanyp edildi. Aslynda welin, men onuñ ýaly makala ýazjak zenan däl" diýip, Towşan daýzanyñ janykmasy ýatdan çykanok. T.Esenowa 30-80-nji ýyllaryñ aralygynda türkmen zenanynyñ göreldeli nusgasy bolup ýaşady. Ony daşary ýurtlardan gelýän myhmanlara görkezýärdiler. Daşary ýurtlular onuñ döredijiligi, ömri, öýi, maşgalasy bilen gyzyklanýardy. T.Esenowa Ýazyjylar soýuzynda işlän ýyllarynda maña şeýle gürrüñ berdi: "Men ömrümi iki bölege bölýärin: türkmen zenanlarynyñ simwoly bolup ýaşan ýyllarym we ondan soñky ömrüm. Maña, dogrusy, soñky ömrüm has lezzetli. Sebäbi men durmuşyñ lezzetini alyp, asuda, rahat ýaşaýaryn". Şahyra bu sözleri diýse-de diýipdi, ýöne ýaşlyk ýyllaryny küýseýändigi açyk duýulýardy. Onda şeýle bir berk ynam bardy: "Bir döwür geler, meniñ durmuş ýolum, döredijiligim düýpli öwreniler. Sebäbi men muña mynasyp işleri bitirdim". Men hem bu pikire ynanýaryn." http://kitapcy.ru/news/galamdaslarym_towsan_esenowa/2020-02-26-10625 • Towşan Esenowanyñ goşgularyndan: • ENE GUŞUÑ NALASY Balam, aý-gün geçdi, bermediñ gara, Gorkýan men, boldummy mañlaýygara? Nirelere gitdiñ, uçurym bolduñ, Eneñ gözlerinden ýitirim bolduñ. Ýoluñda bolmasyn howp ýa hatarlar, Senden uzak bolsun bela-beterler. Men nägünlik bilen ekledim seni, Ganatlarym gerip sakladym seni. Ýelden ýelpäp, günden gorap ulaltdym, Ýaman sözden, gözden gorap ulaltdym. Aşyp belent dagyñ kemerlerinden, Sowuk çeşmeleriñ çogýan ýerinden. Agzymda getirdim iñ süýji suwy, Gözlärdim, tapardym bugdaýdyr tüwi. Däne çöpläp getirerdim yrakdan, Bagry ezip, saýrardym men ýürekden. Men bilemok army, bilmen hormy siz, Saýrak guşlañ hatarynda barmy siz? Neçün höwürtgeden uçup gitdiñiz? Garran eneñizden gaçyp gitdiñiz? Nämüçin goýberdim, ägä bolmadym?! Garrap, ýalñyz galjagymy bilmedim. Gözüm görmez boldy, küteldi birden, Gurbatym kemeldi, huş gitdi serden. Sesleniñ, balalar, köşediñ meni, Şirin-şirin saýrap hoş ediñ meni. Ýokdur sizden şundan başga haýyşym, Eşidiñ meñ aglap aýdýan nalyşym. Dünýäde şer işler gaýrylmasyn hiç, Ene balasyndan aýrylmasyn hiç. • EJEM HAKYNDA SÖZ Şahyrlar wasp eden gözel däldiñ, Kirpigi ok, gaşy keman hem däldiñ. Süýji şirin ýazylan gazal däldiñ sen, Kän gowgalar gören daýhan aýaldyñ. Ne gamyş dek näzik barmagyñ bardy, Ne-de çomuç ýaly doly bilegiñ; Zähmetsöýer elleñ damar-damardy, Hiç hasyl bolmazdy seniñ dilegiñ. Agaç ýaly horduñ, solukdy ýüzüñ Emma sen sagatdyñ, sagdyn tut kimin. Işiñ görünmezdi, ýer tutman sözüñ ''Güzeran'' diýip, darasañda gurt kimin. Mähribanym ejem, bagyşla meni, Şu çeken suratym seniñ suratyñ. Agaç bolan bolsañ diýrdiler saña: ''Hiç iýmiş getirmez, çapyñda atyñ!'' Emma sen miweli, barly ''daragtdyñ'', Dört ogul, üç gyzyñ mährem enesi Çagalar sag bolsa, sen hoş bahtdyñ, Bizdik señ baýlygyñ, bagtyñ hemmesi. Çülpe çagalaryñ kökenek gerip, Garyp oraçañda uka batañda, Her birimiz hakda süýji düýş görüp, Sen bizi görjekdiñ eýwanly tamda. Eý mähriban, sada daýhan aýaly, Sen bizi görensiñ harman daşynda, Emma ýeten däldir seniñ hyýalyñ, Gören dälsiñ bizi döwlet başynda. Arzuw hyýalyñ hem ýetip bilmändir, Çagalaryñ ýeten belentligine. Bu gün seniñ ruhuñ täzelenýändir, Guwanyp perzentleñ kommunistligne. Kommunist ㅡ halklaryñ alnyna dogan Gündür, günden eziz ýene näme bar? Kommunist bar halky etdi bir dogan Hemme halklar kommuniste minnetdar. Bir gan, bir jan boluşy dek ene-gyz Men hem bir jan, bir ten partiýam bilen, Ejemjan, ol maña señ ýaly eziz, Men onuñ zürýady, men oña çlen. ____________________________________ [1] Şoña çenli maglumatlar wikipediýadan alyndy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |