21:04 Ejem hakda söz | |
EJEM HAKYNDA SÖZ
Goşgular
Şahyrlar wasp eden gözel däldiñ, Kirpigi ok, gaşy keman hem däldiñ. Süýji şirin ýazylan gazal däldiñ sen, Kän gowgalar gören daýhan aýaldyñ. Ne gamyş dek näzik barmagyñ bardy, Ne-de çomuç ýaly doly bilegiñ; Zähmetsöýer elleñ damar-damardy, Hiç hasyl bolmazdy seniñ dilegiñ. Agaç ýaly horduñ, solukdy ýüzüñ Emma sen sagatdyñ, sagdyn tut kimin. Işiñ görünmezdi, ýer tutman sözüñ ''Güzeran'' diýip, darasañda gurt kimin. Mähribanym ejem, bagyşla meni, Şu çeken suratym seniñ suratyñ. Agaç bolan bolsañ diýrdiler saña: ''Hiç iýmiş getirmez, çapyñda atyñ!'' Emma sen miweli, barly ''daragtdyñ'', Dört ogul, üç gyzyñ mährem enesi Çagalar sag bolsa, sen hoş bahtdyñ, Bizdik señ baýlygyñ, bagtyñ hemmesi. Çülpe çagalaryñ kökenek gerip, Garyp oraçañda uka batañda, Her birimiz hakda süýji düýş görüp, Sen bizi görjekdiñ eýwanly tamda. Eý mähriban, sada daýhan aýaly, Sen bizi görensiñ harman daşynda, Emma ýeten däldir seniñ hyýalyñ, Gören dälsiñ bizi döwlet başynda. Arzuw hyýalyñ hem ýetip bilmändir, Çagalaryñ ýeten belentligine. Bu gün seniñ ruhuñ täzelenýändir, Guwanyp perzentleñ kommunistligne. Kommunist ㅡ halklaryñ alnyna dogan Gündür, günden eziz ýene näme bar? Kommunist bar halky etdi bir dogan Hemme halklar kommuniste minnetdar. Bir gan, bir jan boluşy dek ene-gyz Men hem bir jan, bir ten partiýam bilen, Ejemjan, ol maña señ ýaly eziz, Men onuñ zürýady, men oña çlen. Towşan ESENOWA ''Gyzyl güller'' kitabyndan alyndy. Aşgabat - 1962 | |
|
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Men Gazadaky çaga / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Bolsa eder / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Tomusda gar küýsemen / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Agyrrak goşgy / Goşgular - 23.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |