20:07 Uzboýuñ uz boýunda | |
UZBOÝUÑ UZ BOÝUNDA
Goşgular
Uzboýuñ uz boýunda, Alañlaryñ oýunda, Bir topar alym bilen Duşuşdyk güýz aýynda. Bu ýerler çöl beýewan, Deñiz dej dury asman. Golaýda gurt uwlaýar, Biz otyrys gulak asman. Elektrik dwi£ok Işläp, öndürip dur tok. Çölde aýsyz gijeleñ. Gündizlikden parhy ýok. Ak çadyrda ýerleşip, Çaý içýärdik derleşip. Iki sany ýaş alym Gelip girdi tirkeşip Sergeý Leningraddan, Sülgün bolsa Murgapdan, Bular çöli suwarjak Suw getirip Lebapdan. Sergeý diýdi Sülgüne: ''Men örän şat bu güne. Häzir girdik ikimiz Gök deñiziñ düýbüne. Şu ýerler deñiz bolar, Tolkunlar şowhun salar, Parahodlar Moskwa Emgenmän dogry bakar. Kenarlarda şäherler. Toý lybasyn geýerler, Beýik halkyñ zorundan Indi güllär bu ýerler. Tutup kanal kartasyn, Yzlap kartañ ortasyn, Ýiti gözi Sergeýiñ Görýär çölüñ ertesin. Sazaklañ pürün darap, Depeden - depä darap, Daşarda bimaza ýel Gezýär peşmek togalap. Sülgün örän sypaýy, Süzüp içip gök çaýy, Diýdi: ''Sergeý, bir ýyl öñ, Daşdy bize bu taýy. Jana-jan Leningrad, Biz şonda tapdyk myrat Gözel şäher görkünden Ýadymda ýagty surat. Süýt kimin ak bir gije, Mylaýym päk bir gije, Puşkin gezen kenarda Gezýärkäm men bir gije. Newada suw towlandy, Tylla balyk köwlendi, Aý yşygna teññeler Ýaldyrap şöhlelendi. Balyjak dile geldi, Näzik ses çala geldi, Diýdi: Pýotr şu ýere Bir türkmen bile geldi. Kenarda aýlandylar, Gezip köp oýlandylar, ''Uzboý'', ''Uzboý'' sözleri Sözlerden saýlandylar. Olaryñ arzuwlary Döndermedi suwlary, Sergeý bilen sen barda. Söz gadymy syrlary ㅡ Diýdi balyk söz bilen Özüm gördüm göz bilen. Teññelerne bat berip Ýüzüp gitdi näz bilen'' Sülgün sözün soñlady. Sergeý ony diñledi. Oturanlar bu sözüñ Manysyny añlady. Uzboýuñ uz boýunda Guran derýañ oýunda Şu gürrüñiñ şaýady Boldum men güýz aýynda. Towşan ESENOWA ''GYZYL GÜLLER'' Türkmenistan Döwlet Neşirýaty Aşgabat-1962 | |
|
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Bilýäňmi, kim sen / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Mähir, meni terk etme sen! / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Okanyma öýkünme / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |