07:16 Ganga | |
GANGA
Goşgular
Hindistanda diriligiň diregi, Daşgyn derýaň ady saňa dakylan. Eneň, ataň arzuw umyt dilegi Bary saňa, Ganga, saňa dikilen. Seniň ejeň kakaň, ata-babalaň Gang derýaň suwundan ganmansoň olaň, Arzuw, armanlary Gang hakdady. Şol sebäpli saňa Ganga dakyldy. Sen aýalsyň, Ganga! Seni deňäp bor Daşgyn derýa bilen, ýagty gün bilen. Derýaňda, günüňde güýji sende bar. Derýaň derýalygy ýene seň bilen. Sen derýasyň, Ganga hasylyň ynsan. Öz göwsüňden, öz nesliňe süýt berýäň Jahana dirilik gözellik hem jan Berýäň sen olary dünýä getirýäň. Üç ýüz ýyl Ganga, Britanýaň şiri Şerbet süýdüň içip gurutdy diri. Ol ýyrtyjy çişip gitdi, gäberip Gangyň ogly gedaý gezdi el serip. Akýardy lummurdap Gangyň suwlary. Damja, damja altyn, zere öwrülip. Emma suwsuz gurap, halk halk arzuwlary, Gidýärdi saman dek ýele sowrulyp. Hindistan hem Gangyň birdir manysy Birdir Ganga biri jandyr biri ten. Joş eý, beýik ýurduň, beýik enesi Geldi ol şanly çag haklaşyk çagy. Parlap göge galdy göreş baýdagy Öz ýakan oduna gorsanan ýagy, Hindi topragyndan çekdi aýagy. Şahyrlaryň şahyrana watany, Tükendiği bolsun asyrlyk gussaň, Garaşsyzlyk ''ýasan'' ol beýik ussaň Durmuşy joş ursun, sag bolsun jany. Towşan ESENOWA ''GYZYL GÜLLER'' kitaby. Türkmenistan Döwlet Neşirýaty. Aşgabat -1962 | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |