10:58

Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Wera Pawlowa

Şygryýet melekleri
Категория: Şygryýet melekleri | Просмотров: 400 | Добавил: Bagabat | Теги: Wera Pawlowa | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Şygryýet melekleri bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 9
0
1 Bagabat  
43
Bäh!
"Berekella" diýäýmeli.
Biçak öndümli işleýän ekeni. 23 ýylda - 23 kitap.
Üstesine şo kitaplaryny neşir etmäge sponsoram tapýan bolsa. Ýa-da öz gazançlary gowudyr.
Göz degmesin!

0
2 Bagabat  
43
"Taýak gelýänçä ýumruk" diýilýär. Eserleriňi pdf görnüşde, gelşikli, eserleň mazmunyna laýyk dizaýnda resmileşdir-de, kitaphana.net, ylymly.com, şu kitapcy.com, kitap.tm ýaly saýtlarda goýsaň, populýarizasiýaň üçin peýdaly bolaýmasa.
Eger-de, kagyz görnüşde neşir etdirmek isleýän bolsaň, onda öz serişdäňe çykarmak aňsat bolar. Ýa-da maddy taýdan goldaw berjek biri tapylmasa.
Soňky birküç ýyl bäri çaphanalaň takyk nyrhyny bilemok. Ýöne, öň takmynan her biri 300 sahypalyk, gaty daşly 300 kitaplyk tiraž şertnama baglaşan çaphanaňa baglylykda 12-16 müň manada düşýärdi. Bölseň, her kitabyň gymmat bolanda 53,3 manat töwereginden düşýärdi.
"Awtor listi" diýen bir düşünje bar, "çap-neşir listi" diýenem beýleki düşünje. Awtor sahypasy - A4 formatdaky, adaty şriftde we interwalda ýazylan takmynan 22 sahypa töweregi bolýardymy nämemi. Kitabyň tiražynyň bahasyny hasaplanlarynda-da şondan ugur alynýar. Onsoň kitabyň içinde suratlaň bardygy-ýokdugy, olaň dürli reňkdedigi ýa-da däldigi (ak-gara reňk bolsa arzan bolýar), kitabyň sahabynyň (daşynyň) gatydygy ýa-da ýumşakdygy, kitabyň kagyzynyň, reňkiniň hili onuň bahasyna üzük-ýoluk täsir edýär.
Çykarmagyň tertibi, haýsy çaphana bilen şertnama baglaşyp bilseň, çaphana kitabyň elektron faýlyny berýäň, olar wýorstka edip, soň korrekturadan geçirip, kitabyň makedini taýýarlaýarlar we degişli edara kitaby neşir etmek üçin rugsat almaga ýollaýarlar. Mysal üçin: okuw kitaby bolsa Bilim ministrligi, ylmy kitap bolsa Ylymlar akademiýasy, çeper eser bolsa Neşirýat gullugyna. Çap etmäge ygtyýar alnandan soň, neşir edilýär, kitabyň tutuş tiražyny özüňe berýärler. Onsoň isle mugt paýlap bilýäň, isle "Türkmenkitap" jemgyýeti bilen şertnama baglaşyp, onuň dükanlarynyň üsti bilen satuwa çykaryp bilýäň.
Döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde kitabyň neşir edilse, hasam aňsat. Diňe kitabyňy Neşirýat gullugyna, ýüz tutmaň bilen bilelikde gowşurýaň. Eger-de şol wagt hereket edýän meýilnama laýyk gelse, kitabyň çap nobatyna goýulýar-da, nobatyna görä neşir edilýär. Kitabyň bellenen tertipde ýerlenýär. Awtoryna bellenen möçberde galamhaky tölenýär.

0
3 Bagabat  
43
Mysal üçin: şeýle elektron görnüşde "oformlýat" edilen kitaplardan, Hemra agaň (Hemra Hudaýgulyýewiň) kitaby serhetabat-döwletabat portalynda, Juma agaň (Juma Hudaýgulyýewiň), Hydyr we Ylýas Amangeldiýewleriň we beýlekileriň kitaplary birnäçe internet platformalarynda bar.
Kagyz kitap barada aýdylman galan ýene-de bir zat, kitabyň tiražy näçe köp bolsa, onuň bahasy arzanlaýar, ýagny her bir kitabyň özüne düşýän bahasy (sebestoimost) pese düşýär. Ýöne, bu ol kitaplary öz serişdäňe çykardaýan halatyňda-da, gaty bahym satylyp gutarjakdygyny aňlatmaýar.
Eger-de rus, iňlis dillerinde ýazýan bolsaň, onda şol dillerde tölegli kitap okatmak arkaly gazanç etmäge mümkinçilik berýän edebiýat saýtlary bar. Mysal üçin: rus dilinde litmir, librusek, awtortudeý we ş.m..
Ýene-de bir aýtmaly ýagdaý, Russiýada-da, Günbatar ýurtlarynda-da kagyz kitabyň möwriti geçdi diýen ýaly. Hemme ýer elektron kitaba ýatdy. Şoň üçin şol ýurtlaň ýazyjylarynyň aglaba köpüsi internet resurslaň üsti bilen "galamhaky" gazanmaň alajyny agtarýarlaram, tapýarlaram. Munuň üçinem, ýazýan zadyň ýörgünli bolmaly. Şol pille çeper eser bazarynda agalyk edýän konýunkturadan gowy başyň çykmaly. Onsoňam özüň zehinden başga-da, juda, juda, juda...zähmetsöýer bolmaly. Sebäbi şu wagt, Russiýaň elektron kitap bazarynda "ýokary netijeleri" görkezýän awtorlar, her aýda diýen ýaly takmynan 150-200 sahypalyk göwrümli romany ýazyp, redaktirläp tamamlamaga we ony degişli portalda goýmaga mejbur. Ýogsa, olar gaty bahym öz auditoriýasyny (ýa-da gödegräk görmeseňiz, "müşderisini" :-) diýseňizem bolar) ýitirýärler. Sebäbi bu bazardaky bäsdeşlik hakda diňe ruslaryň: "бешеная" diýen epitetini ulanmak jaý bolarmyka diýýän.
Umuman, şeýleräk.

1
4 Елена_Прекрасная  
462
Bäh бешеная конкуренция bar bolubam okar yaly kitabyñ bolmaýşyny diysene

0
5 Bagabat  
43
Bu kabul edişiňe, şahsy halap-halamazlygyňa bagly.
Onnoňam, ýene-de öz zähmetsöýerligiňe. Öwrenjek bolsaň, basa oturyp, özüňi mejbur edip okamaly bolýa. Dynç almak üçin, güýmenmek üçin-ä, kitap näçe diýseň bar. Günde onlarça kitap goýulýar, inete.
Döwürdeş rus awtorlarymyzdan Zahar Prilepinde, Pelewinde giden dünýä bar. Guzel Ýahinadan kän zat öwrenip bolýa...
Güýmenje üçin fantastika, detektiw, fentezi, mistika, başdan geçirme, taryhy başdan geçirme, boýewik, laýt-nowella, Boris Akuninmi, Marininamy, Kolyçewmi...gaty kän.
Ýöne elbetde, bulary okasyň gelmese, onda hakykatdanam: "okara zat ýok" bolýan bolaýmasa.

0
6 Bagabat  
43
ὅς βούλεται ὁδόν ζητεῖ ὅς ἀβούλεται αἰτῐ́ᾱν ζητεῖ
"Hos buuletaý hodon zdeetee, hos abuuletaý aýtiýan zdeetee".

Sokrat.

0
7 Mähriban  
607
***

Они влюблены и счастливы.
Он:
Когда тебя нет,
мне кажется —
ты просто вышла
в соседнюю комнату.
Она:
Когда ты выходишь
в соседнюю комнату,
мне кажется —
тебя больше нет.

***

Olar aşyk-magşuk hemem bagtyýar.
Ýigit:
Haçan sen ýok bolsaň,
ýöne goňşy otaga
çykansyň öýdýän.
Gyz:
Goňşy otaga çykaýsaňam
sen indi dünýede
ýokmukaň öýdýän.

0
8 mango  
651
Mähriban hanymyň terjimesinden soň menem joşansyrap öz wariantymy paýlaşasym geldi.

Olar bir-birine ýar hem bagtyýar.
Ýigit:
– Seni görmedik wagtym,
göwnüme, beýleki jaýa
geçensiň diýýän.
Gelin:
– Beýleki jaýa
geçeňde haçan,
dünýede seni
ýok ýaly duýýan.

Wera Pawlowa

0
9 mango  
651
utandyrdyňyz...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]