11:46 Şygyrýet we şahyr | |
ŞYGYRÝET WE ŞAHYR
Goşgular
![]() Söz ussady, şahyr Oguljemal Çaryýewa bagyşlanýar Barýansyň dykgatly düşüp yzyna, Kökene baglanan setir-sözleriň. Manynyň içinden many saýgaryp, Pikir çeşmesine dikýäň gözleriň. Esas edip ynsanýetiň ruhun, Birikdirýär şahyr zemin-asmany. Ýaşyl reňk bilen siňňin bezeýär Kalbyňda saralan bagy-bossany. Nurana säheriň çygly howasy Setirleriň arasyna ýaýrandyr. Bentlere daýanyp,ünse söýenip Okaýan mahalyň akyl haýrandyr. Her şygryň,setiriň many-maýasy Tebigi görnüşde siňýär kalbyňa. Mazmundan daşgary ähli zatlaryň Sudury görüner meňzäp salgyma. Durmuş hakykaty ylahylykdan Çeşme alyp,setir saýyn boý alýar. Şygyrlaň bezegi, gözzellik täji Nazaryňda reňk açyp,goýalýar. Pikirler ulgamy şygryň içinden Ötlem-ötlem geçip,aňda ýerleşýär. Tolgundyryp seni, heýjana salyp, Ruhyňa ruh bolup birleşýär. Şeýdip,alyp gidýär çuňluga sary, Şygyrýetiň jümmüşine,örküne. Şahyr çeper sözüň gudraty bilen Kement zyňýar ygtyýaru-erkiňe. Siňip onsaň poeziýaň süňňüne, Bendilikde galýaň haýran içinde. Garyp göwnüň duşýar ruhy baýlyga, Şygyrýet mülküne seýran içinde. Ynsan duýgysyna, islegne görä, Talantyna bagş eýleýip kemaly, Mukaddes şygyrýet-ene poeziýa Döredendir, belki, Oguljemaly. Salam bilen Şyhymyrat ABDYLLAÝEW. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |