09:34

Şygyryň üç düzgüni

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 334 | Добавил: mango | Теги: Ismail Uýarogly | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024
Kargär duşmaz hadaňy-tognaýy-duşman maňa... / Goşgular - 12.09.2024
Eý, aşyklar, aşyklar, bu gün biz, siz barsyňyz... / Goşgular - 11.08.2024
Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024
Garry söýgi — gamly söýgi / Goşgular - 27.08.2024
Diňleseň... / Goşgular - 03.06.2024
Din-u millet sorar iseň, aşyklara din ne hajat? / Goşgular - 05.11.2024
Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024

Teswirleriň ählisi: 2
1
1 Bagabat  
43
Sesli oýlanma hökmünde:

Şygyrda minimalizm: Pro et contra

Öz-özüme:

- Ilki bilen düşünjek bolaly:
Şygyr näme?
Impuls.

- Gepbaşy edinen minimalizmiňe eýerjek bolup, ölüp ýatman, sähelçe giňişleýinräk aýtsaňam, begenjimizden öler öýtme!

- Impuls-da. Şol sanda pikiriňem, duýgyňam impulsy. Edil tüm-garaňky tomus gijesinde, ümmülmez ýaz sährasynda, ýyldyzlary gyrpyldaşýan asman gümmeziniň astynda ýanyp duran alawdan syçran uçgun ýaly, bir “ýylp” etdi-de, okanyň (okaýanyň, okajagyň) göwnüni ýagtyldyp goýberdi. Bolany. Döreýşi bilen sönşüniň arasy göz açyp-ýumasy salym.

- Näme: “ýylpyldansoň yzsyz-tozsuz ýitip gidýä” diýjek bolýaňmy?

- Ýo, gepi çepbesine çöwürjek bolup dyzap ýatma. Düşünmeýän bolsaň özüňden gör. Şygryň ähli jadysam şol dem salymlyk ýylpyldysynda ahyry. Çary Ýegenmyrat neressäň aýdyşy ýaly: “hiç zat ýitmeýä, diýýä himiýa...”. Şygram, hakyky şygyr bolanda, hut şol sähel pursatlyk ýylpyldysy bilen göwünleri ýagtyldyp sönende, eýýäm ýagtyldan göwnünde öz nurjagazyny galdyrmaga ýetişýär.

- Düşnükli. Ýöne, bu aýdýanlaňda minimalizm kaýda?

- Temaň jylawyny özüň ýoldan ýaba sowduň-da, indem meni günäleýäňmi?! Gürrüňi öňki hanasyna dolasam, “impuls” diýmegiň özi özeninde, zanny-ýasawynda gysgalygy, sähel pursatlygy saklaýar. Şygram şoň ýaly. Ol dörän badyna minimalizmiň bagryndan önen perzendi. Kyssaň minimalizmi näçe gysby bolsa-da ony barybir şygyr bilen deňäp bilmersiň...

- Näme üçin? Ine, nebir-nebir tom-tomluk...

- Dur, dur. Näme diýjek bolýanyňa düşünýän. “Göterer ýaly däl, has dogrusy okap-okap-okap soňuna çykmaga sabryň ýetmejek “çoýun setirlerden” sepläp, küt-küt jiltlik poemalar ýazýanlaram ba” diýjek bolýaň. Bärde olaň gürrüňi däl. Poeziýasy, şygryň tebigatyna şap bolýan setirler barada kelamlaşylýa.

-Onnoň?

-Onnoňy şo. Hakyky şygyr, islese-islemese minimalizme eýerýär. Hemingueýiň alty sözlük hekaýajygyny ýa-da beýleki sanaýmaly sözlüje kindiwanja hekaýalary göz öňünde tutmaňda, şygyr iň gysgajyk kyssaň üç-dört sahypada beýan etjek duýgusyny, pikirini, ideýasyny, ynanjyny, hasratyny, şatlygyny, aşyklygyny-magşuklygyny, tragediýasynam, komediýasynam, aňry gitse üç-dört topbaga sygdyrmagyň hötdesinden gelmeli. Şeýlelikde, şygyr eýýäm minimal göwrümli (ýa-da möçberli) dünýä inmäge mejbur. Onsoň, dünýäde islendik närsede bolşy ýaly, şol bolşuna-da ony hasam minimallaşdyrmagyň oňyn taraplaram bar, amatsyz taraplaram.

Oňyn tarapy: Gysbylygy, ýaldur-ýuldur bezegsizligi, edil hamy sypyrylyp, trepanasiýa edilen kelleçanakda beýniň aksowult-gyzgylt halda ýalaňaçlanyp ýatyşy ýaly, minimalizm usulynda ýazylan şygram – öz mazmunyny, özenini, hiç hili artykmaç duýga, owadanja “jäjek” sözlere bukman açyp görkezýär.

Amatsyz tarapy: Şablondan çykýar. Bu bolsa endikli köpçülige ýaramaýar. Klassyky formalara eýik bolan köpçülik, şeýle şygry ýa düýbünden kabul etmeýär, ýa-da kynlyk bilen, müňlerçe näz-kereşme bilen kabul edýär. Düşünmek üçin okumyş okyjysynyň, has dogrusy estet okyjysynyň – şygryýeti güýmenje däl-de, hyjuw hökmünde kabul edýän okyjysynyň bolmagyny talap edýär. Oň ýaly okyjy bolsa, hany, nirede: “Me saňa, näçe gerek bolsa, göterip äkidip bileniň özüňki?” diýip, hiç kese gerekmez, isledigiňçe çaşyp ýatan ýeri barmy?

Galyberse-de, bu usulda ýazmak hem-ä aňsat, hemem kyn:

Aňsatlygy, kähalatda ýazýanyň özüne-de samyrdama ýaly bolup görünýär. Her bir kapyýany kebşirlejek bolup, kän kelle döwmek zerurlygy ýok. Kelläňe gelenini sähel taraşlap, eňteribermeli. Ne saňa bogun ölçegi badak atýar, ne-de setiriň içki ses, äheň ritmi.

Kynlygy, aňk etmek kyn, köpe düşnükli etmek kyn, şygryň klassyky formalaryndan tapawutlylykda kän oýlanylyp, ölçerilip-dökülip ýazylman, adatça, özüniň impuls zannyna laýyklykda, duýgy impulsy bilen ýazylýandygy sebäpli, setirler kagyza geçirilende özüňe jylaw salmak, zehiniňe badak salmak we şonuň netijesinde-de ýazýan zadyň däliň samyrdysyna däl-de, esere “meňzemegini” üpjün etmek kyn.

- Onna, nä, şygryň owalbaşda zanny minimalizmiň laýyna eýlenen bolsa, öňem gysby zadyň örüsini hasam daraltmak zerurmy?!

- Hökman gerek. Sebäbi, birinjiden-ä edebiýat näme bilen baý, gyzykly?

Köpdürlüligi bilen.

Ikinjidenem, eksperiment, gözleg ýok ýerinde kämilleşmek kaput.

Üçünjiden, her gülüň öz ysy bar.

Dördünjiden, minimalizme eýerilip ýazylýan şygyrlar şowly çykanda, olar ynsan paýhasynyň kwintessensiýasyna öwrülýär. Sadaçalasaň, nakyla, tymsala.

Wessalam, oýlanma tamam.

0
2 Bagabat  
43
"Şygyr gelejegi duýdurar"...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]