19:17 Syýagalam / hekaýa | |
SYÝAGALAM
Hekaýalar
Kişor şäher etegine gatnaýan otludan düşüp, beket jaýyndan geçensoň, demir ýol menziliniň ýanyndaky meýdança ýetdi. Emma o taýdan ýekeje-de taksi tapmady. Ýagyş eýýäm diňipdir, ýöne ýol entegem çalykmandy. Asmanyň ýüzi ýuwaş-ýuwaşdan açylyp başlapdy. Kişor sagadyna seretdi, görse, bäşe on minut galypdyr. Kişor tutuş Uttar Pradeşde ( Uttar Pradeş — Hindistanyň iň uly ştatlarynyň biri.) tanalýan, halkyň uly umyt bildirýän şahyrydy. Şu gün Kolaba mähellesindäki medeniýet öýünde onuň bilen duşuşyk geçirilýärdi. Ol bu dabaranyň sebäpkäri hökmünde, sagat bäşde şo ýerde bolmalydy. Beýemçiler duşuşyk barada gürleşenlerinde, menzile ulagam iberjekdiklerini aýdypdylar. Ýöne ol kiçigöwünlilik bilen bu teklipden ýüz dönderipdi. Ol menziliň meýdançasyna ýene-de bir nazar aýlady. Birdenkä Kişoryň taksi duralgasynda sozanguýruk bolup uzalyp gidýän nobata gözi düşdi. Onda, näme, o ýana özi pyýadalap gidibermeli bolar-da. Taksini ýolda-da tutup biler. Esasy zat — ýagyş ýaganok. Ol ötegçilerden barmaly ýeriniň salgysyny alansoň, keýpihonlyk bilen ýola düşdi. Kişor «Eros» kinoteatryna ýetip-ýetmänkä, yzyndan gygyrdylar: — Jenap, şeýle enaýyja zady görmek isläňzokmy? Şahyryň küýi-köçesi geçiriljek duşuşykdady. Ol ýöräp barşyna: — Ýok, sag boluň! Men howlugýan — diýdi. — Onsoňam maňa siziň enaýyja zatlaryňyz gerek däl! Minnetdar! Tä demir ýol menzilinden bäri biriniň yzyndan galman gelýänini aňansoň, Kişorda ol nätanşa müňkürlik döräpdi. Onuň üsti-başy garagäzdi. Söwdagäre däl-de, hakyky sergezdanlara meňzäp durdy. — Bagtyňyza, meň ugrumam şol tarapa, jenap — diýip, Kişor bilen deň ýörejek bolup, ol ahyry dil ýardy. — Ýüregedüşgünçligim üçin öňünden ötünç soraýan, ýöne siz kyn görmän, şunuň niräň belgisidigini aýdyp bilmersiňizmi? Kişor nätanşyň elinden kiçeňräk bir närsäni aldy. Ol şeýlebir owadan, açyk gyzyl reňkli, demir gapaklyja syýagalamdy. Böwründe «Parker 55, Angliýa» diýen ýazgy bardy. Kişor onuň eýlesine-beýlesine seredişdirip, sesini çykarman yzyna uzatdy. Galamyň eýesi uludan demini alyp, haýpygelijilik bilen: — Örän gowy syýagalam! — diýip, Kişory gapdallap gelýärdi. — Hawa, onsoň size näme gerek? — diýip, Kişor janyýangynly gürledi. — Hiç zat, jenap... Ýaňyja awtobusdan düşüp durşum. Görsem, oturgyçda syýagalam ýatyr. Awtobusdan böküp düşägede, duralgada duranlardan soraşdyrdym: «Kimiň zadyka bi?» diýip, ençeme gezek gygyrdymam. Ýöne hiç kimden ses-üýn çykmady. Eýesi edil ýere giren ýaly. Mumbaýyň ilaty halal halk: iliň zadyna hiç wagt göz dikmeýär. — Näme üçin ony ýolbelede bermediňiz? — Wah-eý, jan jenap, siz olara näbeletmi?! Ony öz jübülerine dykyp, üstesine, özüňe-de ogrulyk ýaparlar. Şahyr daş-töweregine garanjaklady. Ýekeje-de boş taksi ýokdy. Ol sesini çykarman ädimini gataltdy. O nätanyş bolsa, hamana diýersiň, Kişoryň iň ýegre dostlarynyň biri ýaly bolup, yzyndan galanokdy, eňegine jaň dakylan ýalydy: — Siz bir okumyş adam, jenap. Daşyňyzdan-a köp ýazýana-da meňzeş. Şu syýagalam hut, siziň nesibäňiz. «A» harpyndan şermende halyma, bu meň nämäme derkar? — Gerek däl-how! — Maşgalam, çülpe çagalam bar... Alaýyň-da, ökünmersiňiz, olara-da bir döwüm çörek bolardy. Nebsiňiz agyrsyn. Arzanjak bereýin... Kişor gaharly: — Näme, gulagyň kermi seň? — diýdi. — Men muny başyma ýapaýynmy! Eger günüme goýmasaň, walla, polisiýany çagyraryn! Nätanşyň muňa müň tüýünden birem gymyldamady. Kişoryň söbügini basyp gelşine, ýylgyryp şeýle diýdi: — Polisiýaň meň bilen näme işi bar! Jenaýat edemok, biriniň jübüsine giremok... Özüňiz pikirlenip görüň?! Bu, hakykatdanam, gaty gymmatja zat. Gaýry ýurduň önümi. Özüňizem bilýänsiňiz, bu döwürler daşary ýurtdan zat getirmegi gadagan etdiler. Gerek bolsa, alyň. Zadyňy hödürlemek jenaýatmydyr, eýse?! Kişor uzagrakdan bolsa-da, taksi ony halas eder diýen umydy bilen, göwnüne deglen çaga ýaly bolup, töweregine göz aýlady. Bu nätanyşdan arany açmak üçin haýdady, ýöne şonda-da ol goşulan at ýaly, äwmän gapdallap gelýärdi. Arasynda käte Kişora tarap öwrülip, şelaýyn ýylgyran bolup, şol bir sözüni gaýtalaýardy: — Alyň, ökünmersiňiz. Arzanjak... Birdenkä Kişoryň birki günlükde iň gowy görýän syýagalamlarynyň biri — hakyky «Şefersiniň» ogurlanandygy ýadyna düşdi. Ýogsa-da, näme üçin muny satyn almaly dälmişin? Özem arzanjak. Barybir, oňa täze syýagalam gerekdi. Ýiten «Şefersiň» deregine «Parker» alsa, kemje-kerdem bolmazdy. Oňa hödürleýärler, ol bolsa öz halalja puluna satyn alýar. Öňki eýesem şeýdip alandyr-da, ýöne elden däl-de, dükandan alan bolaýmasa... Ykmanda, näme diýseňem, «alyjysynyň» içine girip çykan ýalydy. Kişor dil ýarmady. Nätanyş onuň ýüzündäki üýtgeşmäni duýdy-da, gürlemän özüniň harydyny oňa uzatdy. Kişoram sesini çykarman gyzyl syýagalamy aldy-da, elini khaddardan ( Khaddar — elde dokalan gataňsy mata.) tikilen uzyn köýneginiň jübüsine sokdy. Edil şol wagtam, çatrygyň aňyrsyndan bir boş taksiniň ýetip gelýänini gördi. Onýança ykmanda şol ulagy saklady-da, hamana, Kişora ýardam edýänden bolup, ulagyň gapysyny açyp berdi. Ol ornaşykly oturansoň, tagaşyksyzlyk bilen elini jübüsine ýetirdi, on rupiýany çykaryp, ykmanda uzatdy. Ol çalaja baş atansoň, puly garbap aldy-da, gapyny ýapdy. Taksi ýerinden gozgandy. Kişor alan harydyny basymrak jübüsinden çykaryp, ony mazalyja synlamak isledi. Ýöne dek häzir amatly pursatmyka beri?! Sürüji onuň ykmanda on rupiýa berenini görüpdi ahyryn. Sürüji juda samsyk bolmasa, ýolagçynyň elinde gymmat bahaly syýagalamy görse, munuň oňa nädip düşenini derrew aňjakdy. Eger «Parkeriň» öňki eýesi ýitgisi barada polisiýa arza ýazan bolsa, ine, şonda nätmeli? Ýaradanyň özi gorawersin! Ýöne sürüji birden bu zatlara ýalňyş düşünip, gös-göni golaýdaky polisiýa edarasyna eltäýse... Üstesine-de, hälki ykmanda, aslynda, bu syýagalamy awtobusdan tapman, bir bendäni çürkän bolsa näme?! Soňuny göz öňüne getirmegem aňsat däl?!. Awtoulag öl köçeden birsydyrgyn tigirlenip barýardy. Kişor bolsa satyn alan harydyny jübüsinden çykarmaga het edip bilmän, böwri byjyklap durdy. Sagat alta bäş minut galanda, taksi Medeniýet öýüniň öňünde saklandy. Ähli myhmanlar üýşüp, uly höwes bilen Kişora garaşýardylar. Olar Kişory görüp, örän gadyrly garşyladylar. Kişoram olaň myhmansöýerligine salykatly jogap gaýtardy. Ýöne ol ünjülidi. Gymmat bahaly, bu şübheli zady arzan alany üçin ynsap yzasyny çekýärdi. Ol özüni örän pis iş eden hasaplaýardy... Dabarada yzly-yzlyna gutlag bilen çykyş edýärdiler. Kişor şol syýagalamy az salym-da bolsa, ýadyndan çykarmak isledi, ýöne gyzyl reňkli, demir gapyrjakly «Parker» teý, göz öňünden gidenokdy. Alypbaryjy Kişoryň akgöwünliligini, tutanýerliligini magtap arşa çykaryp başlady. Nobatdaky söz berlen hem gowy adam hökmünde tanalýan Kişory yzyny üzmän öwýärdi. Şol wagt Kişoryň ýüzi çym gyzyl boldy. Jübüsindäki gyzyl syýagalam, göýä, onuň bokurdagyna tegek bolup duran ýalydy. Bu ýeňiljek syýagalam onuň üçin agyr ýük ýaly bolup görünýärdi. Hatda onuň çykyşam garaşylan tamany ödemedi. Ol şeýlebir ýadawdy, ýürekgysgynçdan guraksy söz sözledi. Ahyry dabara soňlandy. Şol duşuşygy gurnaýjy toparyň agzalarynyň biri Kişory myhmanhana düşürmek üçin öz awtoulagyna çagyrdy. Ol awtoulagyň destine geçensoň, başardygyndan myhmanyň göwnüni açmak üçin jan etdi. Ýöne Kişoryň ähli oý-pikiri şol syýagalamdady. Ynsaby telek iş edendigini heçjikläp durdy. Onuň özem basymrak öz-özi bilen ikiçäk galyp, bolan wakany arkaýyn aňynda aýlamak isledi. Ýöne ony bir minutam ýeke goýanokdylar. Ol hatda alan harydyny ine-gana synlabam bilmändi. Ahyry ol ünsüni daş-töwerege jemläp, dymyp oturdy. Bu bolan wakany akyl eleginden geçirmek üçin dörän pursatdy. Ol nädip bu zeýilli ýalňyşlyk goýberip bildikä?! Ol — şahyr ahyryn?! Bu döredijilik guraly kimiňki?! Ol syýagalam barada näme bilýär?! Bu syýagalamda ýazylan eserden, heý, üýtgeşik zada garaşyp bolarmy?! Ol, hakykatdanam, ýitirilenmikä ýa-da bir aňkawrak kişiň jübüsinden çilindimikä? Ýogsa-da, onuň öňki eýesi kimkä — halal adammyka ýa-da bir deýýusmyka? Şu soraglar Kişoryň kellesinde at salýardy, ýöne hiç birine-de jogap tapyp bilenokdy... Ýok, ol hiç wagt munda zat ýazmaz. Ýöne ony näme etmeli bolar?! Hawa, belki-de, ony tanyşlarynyň ýa-da dostlarynyň biriniň doglan gününe sowgat eder? Emma şo pursat kalbynda gyjalat beriji ses ýaňlanan ýaly boldy: ol nädip kimdir birine bu syýagalamy sowgat bermek hakynda pikir edip bildi — özem doglan gününe? Nähili elhenç, nähili gelşiksiz!.. Onda ony zibile zyňaýmak galýar-da. Birdenkä biri göräýse, o barada näme pikir eder?! Elbetde, ilki bilen hemme kişide şübhe dörär. Eger olar gyzyklanyp başlaýsalar, onda iş ula gider. Ähli zada garaşybermeli! Ýöne näme diýseňem, ýekeje çykalga-ha bar, dogry, olam ygtybarly däl, belki-de, umydyň ýüzden bir göterimidir! Belki, Mumbaýdan yzyna, öýüne dolanmakçy bolanda myhmanhanada syýagalamy «unudaýsa-da» bolardy welin... Hawa, ýöne gynansak-da, myhmanhananyň işgärleriniň hemmesi ony tanaýar ahyryn. Galdyrylan syýagalamy, gürrüňsiz, yzyndan ugradarlar... Dogry, ol syýagalamy hyzmatkäre ýa-da gapytutara sowgadam berip bilerdi. Ýöne adamlarda hökman ol syýagalam babatda şübhe dörär: hiç kim bular ýaly gymmat bahaly zadyň sowgat berlendigine ynanmaz. Şeýlelikde, bu habar polisiýa ýeter. Onsoň sorag-idege başlanylar, olar bolsa, elbetde, Kişory görkezerler. Kişor näçe kelle döwse-de, bogan sübsesi bolmady. Indi bu içigargalmyşdan nädip dynyp bolarka? Şu syýagalamy ýer ýuwutsady, käşgä!.. Awtoulag myhmanhananyň işiginde saklandy. Kişor yzyndan ýagy gelýän ýaly, dälizden dazlap geçip, otagyna girdi. Haş-haş edip gapyny gulplady. Indi näme etmeli? Bu aladadan nädip dynsa borka? Halys bolan Kişor özüni kürsä goýberdi-de, jübüsinden şo gyzyl syýagalamy çykardy... Syýagalammy — syýagalam. Üýtgeşik zadam däl. Özem juda bir täze-de däl. Ünslüje synlanyndan soň, Kişor ony ýasan kärhanaň tagmasyndaky harplaryň ýalpyldaýandygyny gördi. Kişor üşerilip seretdi. Bu gezek ýazgyny has ünsli okady. Derrew iki sany ýalňyş tapdy: «Parker» sözüne derek «Paker», aşajygynda bolsa «Angliýada ýasalan» diýilmegiň ýerine — diňe «Angliýa» diýlipdir. Gerdeninden agyr ýük aýrylan ýaly, Kişor uludan demini aldy-da, onuň gapagyny açdy: bu köne, ýerli kärhanalaryň birinde ýasalan syýagalamdy. Onuň aňrybaş bahasy, bolubilse — on andy. Ýüzündäki hatyň bolsa, şu gün ýazylan bolmagam ähtimal... Kişoryň göwrümi giňäp gitdi. Ýok, hiç hili aýyby ýa-da — Beýik Biribaryň özi gorawersin! — jenaýata çekiler ýaly etmişi ýok ahyryn. Gaýtam tersine, on anlyk syýagalamy on rupiýa satyn alyp, özi kezzabyň pidasy boldy... Birnäçe gaýgy-aladaly sagatdan soň, ahyry Kişoryň ýüregi ynjaldy. Ol jaňyň düwmesini basdy. Bir minutdan hyzmatkärleriň biri gapynyň öňünde häzir boldy: — Çagyrdyňyzmy, jenap? — Al, şu syýagalamy — Kişor argyn gürledi. — Men muny saňa peşgeş berýän. Al, al... Gerek ýeri bolar. Saňa bolmasa, çagalaryňa... Çandragupta WIDÝALANKAR, hindi ýazyjysy. Hindi dilinden terjime eden Altyn TEJENOWA | |
|
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |