22:19 Talyplyga elten ýol | |
TALYPLYGA ELTEN ÝOL
Oýlanmalar
Kitaphana. Bu ýer meniň çagalykdan ikinji öýümdi. Institutymyzyň kitaphanasyna gatnamakdan ýaňa ol ýerdäki işgärler, esasanam, türkmen edebiýaty bölüminiň işgäri maňa talyby däl-de, gyzy ýaly öwrenişdi. Gündiz kitaphana baryp gyzykly kitaby saýlap getirersiňem welin, gije iller süýji ukuda ýatyrka, senem kitabyň gyzykly ýerine ýetersiň, onsoň bilesigelijiligiň ukyny ýeňäýse nätjek. Bu günem kitap dynýança uky ýok. Bu bagtyň ýakymyny men çagalykdan duýupdym ahyry. Kitaphana, elim kitaply ukusyz gijeler... Meni talyplyga getiren inçe ýoda hem kitaphana gaýdýan ýoldan gözbaş alýar, aslynda. Ilkibaşda, okuwlarymdan bäşlik alsam ejemiň begenişi, jigime aýdyp berýän ertekilerime monça bolup, daýzalarymyň ýanynda meni öwüşi ganat bolupdy gursagyma. Şeýde-şeýde çaga kalbymda kitaba söýgi oýandy. Ejem mekdepde okatmaly sagatlaryny dynýança mekdebimiziň kitaphanasynda garaşyp geçen sagatlarym sebäp boldy talyplyk bagtyna miýesser bolmagyma. Aslynda, talyplyk ähli ýoluň başlangyjy bolsa-da, uly durmuş basgançagyna ädilen ilkinji ädim hökmünde uly dereje meniň üçin. Hawa, otagymyň çyrasy açyk galandyr öýdüp gelende, ejemiň elim kitaply oýadygyma hem buýsanjy, hem ukusyz galjagyma gynanşyndan başlandy bu zatlaryň başlangyjy. Kakamyň bazara gidende 100 manada begene-begene getiren ujypsyzja sahypaly M.Gorkiniň ”Ene” romanyna geň galmakdan başlandy. Şol wagt şonça pulum bolsa gowja zatlar alardym diýip gynanypdym, dogrusy. Ýyllar geçip, kakamyň öýmüzdäki tekje-tekje kitaplaryny göremde, şol wagt gögele bolandygyma düşünýän. Eýýäm nusgasy ýiten kitaplaram käte kakamyň tekjelerinden çykyberýär. Men kakamyň tekjesine hem agamyň kompýuterine “hazynaly ada“ diýýän. Sebäbi, ikisindenem idän kitabyň hökman çykýar. Ýene şol günler gaýtalanýan ýaly. Kitaphanadan öýe daşalan kitaplar, gujagyň kitaply gijeler... Käte tutuş ömrüm şu tertipde geçäýse gerek diýip pikirlenýän. Nesip bolsa sag- aman ýokary okuw jaýyny tamamlap, ele aljak mugallymçylyk kärimde hem kitapsyz günüm geçmese gerek. Aslynda, men ýazgydymdan müňde bir razy. Kerim aganyň aýdyşy ýaly: “Bir stol, üç keçe, iki müň kitap, Başga zat gerek däl Şo goşuň besdir”. Annabeg AÝMAKOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |