16:36 "Tapmadym dananyñ gözläp guburyn..." | |
"TAPMADYM DANANYŇ GÖZLÄP GUBURYN...“
Goşgular
Andalyp, Magrupy, Şabende, Nepes, Şeýdaýy, Talyby, molla Kemine... Paýhas ummanynyň kethudalary, Diýip, oýlaýaryn ýene we ýene. Gylyjam gerekse gerekdir weli, Alymlary beýgeldýändir milletin. Magtymguly bilen dillidir türkmen, Ölçäp bolmaz hiç zat bilen gymmatyn. Ýöne weli bir sowalyň yzynda, Gözleginde uzak gije ýatmadym. Niredekän beýikleriň gubury? Ýollar aşyp, hiç bir ýerden tapmadym. Bigeleň bolupmy aslynda türkmen? Neçün onda gubury ýok danalaň! Günäkärin gözlemedim bu zadyň, Niçik ýaman gömülişi hanalaň?!. Türkmen her ýyl haja gidýän mysaly, Dagdan daga aşyp gidýär yraga. Köpetdagyň aňyrsynda zyýarat - Bile ýatyr Azady hem Pyragy. Hany Andalyp gubury? Magrupyň gubury kaýda? Şeýdaýy, Şabende ... hany? Heý, gözüň düşdümi Seýdä?.. Ýitip gitse ýerde ýatan atamyz, Taryhda bu biziň uly hatamyz... 17.05.2016. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |