00:56 Taryhdan parçalar: Geçmişe nazar | |
Taryhdan parçalar
Taryhy makalalar
GEÇMIŞE NAZAR Zakaspi harby bölüminiň naçalnigine Nurberdi hanyň Ahal-Tekäniň ýagdaýy hakdaky haty Hat 1876-njy ýylyň apreline çenli ýazylan bolmaly. Ahal tekeleri owal Hywa hanyna tabyndy we oňa gulluk edýärdiler. Häzir bu hanlyk beýik ak patyşa tarapyndan boýun egdirilenden soň, biz hem bu babatda hemme taraplaýyn tabyndyrys we oňa gulluk etjekdiris. Elbetde, biziň aramyzda hiç kime gulak asman ýören kelesaňlar bar, olar häzirem alamançylyklaryny taşlanoklar. Häzirki bu güne çenli olaryň bu işlerine bolanok diýýän ýok, garşylyk görmänsoňlaram olar öz işlerini amal edip ýörler, çünki olar çöl adamlary, wagşyýana, hiç hili tertip-düzgüni bilenoklar. Häzirki wagtda bize Hywa hanynyň adyndan Musa Mutaweli işan bilen Weýis Nyýaz ýüzbaşy geldi. Olar Gyzylarbat galasyndan tä Änewe çenli aralykda ýaşaýan ilatyň arçynlaryny ýygnap, özleriniň bu ýere näme maksat bilen gelendiklerini düşündirdiler. Arçynlaryň we kethudalaryň birtopary Mutaweliniň aýdan zatlary bilen ylalaşman, oňa boýun egmejekdiklerini aýdyp, maslahatdan çykyp gitdiler. Öz ilatlaryna wekilçilik edýän arçynlar Mutaweliniň aýdanlary bilen ylalaşandyklaryny, Mutaweliniň özlerinden hoşal boljakdygyny bildirdiler. Muny şol arçynlaryň özleri Size bu hakda ýazyp, habar berjekdirler. Men bolsa Keleş, Käriz, Perla, Akdepe galalarynda ýaşaýan ahal-ýusuplaryny, ýaby we demisen (rusça tekstde şeýle – A.Ç.) tirelerini ýygnamagy we olar tarapyndan talanan zatlary yzyna gaýtaryp berjekdiklerini öz üstüme alypdym. Bu tireler Mutawelini öz hanlary hökmünde ykrar etdiler, oňa özleriniň tabyndyklaryny bildirdiler. Bu hakda Mutaweliniň özüniň Size habar berjekdigine ynanýaryn. Siziň Garaja handan maňa iberen hatyňyz gelip gowuşdy. Meni han saýlanlarynda bolan wakalar dogrusynda Garaja hanyň Size aýdan zatlary dogrudyr. Bu şeýle boldy: geçen ýylyň tomsunda biziň Pir işanymyz halky ýygnap, “Men siziň patyşaňyz” diýip, “dört sany çopany” öz naýyby hökmünde belläpdir. Şondan soň ol halka zülüm edip başlapdyr. Onuň bu hereketleri asla şerigata gelmeýän zatlar. Netijede ondan halkyň nägiledigini aýdyp, olar menden özlerine han bolmagymy haýyş etdiler. Munuň üçin halk geňeşini geçirmek, şonda-da tekäniň hany edip meni saýlamak hakda maslahat edilmelidi. Edil şol wagtlaram bize garaşylmadyk ýagdaýda Mutaweli bilen ýüzbaşy geldi. Mutaweliniň gelmegi bilen arçynlaryň we kethudalaryň bir bölegi öz islegleri boýunça özlerine Mutawelini han saýladylar we ak patyşa we oňa wepaly gulluk etjekdiklerine söz berdiler. Şeýle hem olar talanan kerwenden alan zatlaryny yzyna gaýtaryp bermäge söz berdiler. Eýýäm käbir zatlary gaýtardylaram. Şol maslahata meniň özümem gatnaşdym. Alamançylaryň talan üç düýesini yzyna gaýtaryp alyp, ony Mutawelä gowşurdym. Hudaý kömek etse, talanan zatlaryň ählisiniň yzyna gaýtaryljakdygyna ynanýaryn. Men Öwezbaýy, Gurban Ilançyny (ýa Ýylançy, ýa Ýalançy bolmagy ahmal – A.Ç), Batyry we Sary batyry hem şu hat bilen iberip, Siziň jogabyňyza we olaryň hem yzyna çalt dolanjakdyklaryna umyt baglaýaryn. (ЦГИА Груз. ССР, ф. 545, л. 1251, лл. 108. лл). “TEKE OAZISINDE TÄSIRLI ADAMLARYŇ DÜZÜMI” WE OLARA GYSGAÇA häsiýetnama Dykma serdar örän akylly, özüne erk edip bilýän, uruş döwründe baş serdar (goşun başlygy), biziň bilen bolan söweşlerde uzak çarwa obalaryndaky maly köp, söweşe o diýen ukyby ýok çarwalary hem söweşmäge mejbur eden adam. Tutuş oazisiň ýagdaýyna bäş barmagy ýaly belet. Syýasatçy. Gözsüz batyr. Onuň edermenligi hakynda ilat arasynda rowaýat kän. Mysal üçin: birnäçe ýyl mundan öň ol 30 atly bolup, 2 aýyň dowamynda Maşada çenli barypdyr. Alamançylyk edipdir. Onuň ady adamlarda gorky döredipdir. Maşat bazarynda salgyt ýygnapdyr. Maşatda 20 günläp bolup, yzlaryna gaýdanlarynda gabalýar. Köp zatlaryny elden giderip, yzlaryna sag-aman gelýärler. Onuň şanyna aýdymlar aýdylýar. Ol öz mertligi we gaýduwsyzlygy, batyrlygy bilen özüne şöhrat gazanan. Il içinde abraýy gaty uly. Gökdepe söweşinde ýeňilmegine garamazdan, ol halkyň özüne bolan ynamyny ýitirmändir. Haçanda ol Mara gaçyp, yzyna gaýdyp gelensoňam ilat ony hormat bilen garşylady. Muny ilat bize kän bildirmejek bolsa-da, onuň hormat-sylagy egsilmeýär. Bu ýagdaý onuň geljekde-de öz täsirini ýitirmejekdigini aňladýar. Özleriniň şeýle agyr güne düşendikleri üçin Dykma serdary günäkärleýänler hem bar. Onuň yzyna dolananyna ynanman, ol gelensoňam özlerini alasarmyk duýdular. Dykma serdar amatly şertlerde biziň üçin örän peýdaly we wepaly adam bolar. Tersine, amatsyz ýagdaýlarda hem biziň üçin gaty zyýanly bolup biler. Ony beýik Russiýany görkezmegimiz örän peýdaly bolar diýip pikir edýärin. Özi Börmede ýaşaýar, arçyn. Gulbatyr serdar. Şeýle bir akylly adam däl. Batyr we gorkmazak alamançy hökmünde tanalýar. Alamançylyk edip köp mal-mülk ýygnapdyr. Öz öňki kärinden ýüz öwürmek onuň üçin aňsat däl. Hiç haçanam daýhançylyk eden adam däl. Ony Dykma serdaryň deňinde goýmaga synanyşyk edýän tarapdarlary köp. Muny olar onuň mal-mülküniň Dykma serdaryňkydanam agdyklyk edýänligi bilen düşündirýärler. Uruş döwründe Dykma serdaryň kömekçisi boldy. Ýöne şert dörese, öňküsi ýaly alamançy bolmaga meýli uly. Oňa-da Russiýany görkezmegiň peýdasynyň uly boljakdygyny pikir edýärin. Ýaşaýan ýeri Kelejar obasy. Öwezguly serdar. Aldawçy, üýtgemegi hiç zatça bilenok. Hiç haçan we hiç zady ynanmak bolmaýar. Dykma serdaryň hemşerisi, olar ölemen alamançy. Köplenç Hywa taraplarda alamançylyk eden, uruş döwründe gowy tarapdan özüni görkezipdir. Hüjümlerde tapawutlanypdyr. Hojagala zabt edilende tapawutlanýar. Ýöne aýratyn bir hormaty ýok, garşydaşlary köp. Büzmeýinde ýaşaýar, arçyn. Sopy han. Akylly, ynam eder ýaly däl. Ilat arasynda hiç hili hormat-sylagy, täsiri ýok. Hatda öz obasynda arçynlyga hem saýlanyp bilmändir. Tersine, adamlar şunuň ýaly adam saýlanmasa gowy diýipdirler. Çünki ol garyp-pukaralaryň arkasyny çalan adam däl. Dykma serdar bilen dil tapyşýar. Uruş döwründe onuň ýanyndaky adam. Söweşde hemmeleriň eline ýarag almagyny mejbur edipdir. Pyýada leşgerde söweşipdir. Ol Gyzylarbatda ýaşaýar. Paşa serdar. Örän akylly. Ýagdaýa çalt düşünýär. Onuň wepalylygyna ynanmak bolar, hyzmaty uly, Merwe gaçyp gidenlerde bize bolan ynamy döretmekde köp işler etdi. Öňki döwürde pars obalaryna alamançylyk edip, serdar adyny has-da berkidipdir. Birnäçe ýyl mundan öň deregezli ilat onuň öz üstlerine çozup, talaňçylyk etmezi ýaly oňa mülk bölüp bermäge-de kaýyl bolupdyrlar. Ol şol ýerden mülk edinip, alamançylygyny goýupdyr. Uruşdan soň ol ýene Ahala gelip, öňki ýaşan ýeri Asgabada göçüp gelipdir. Eýran we ondan uzakdaky ýollara belet. Öz akylly-başly gürrüňleri bilen adamlaryň arasynda abraýy uly. Ony özümize golaý ýerde saklamaly. Hudaýberdi han. Jenjel-dawadan daş, halal, hakykatçyl, malam, düýesem kän, çarwalara gepi geçýär. Islendik wagt köp düýe gerek bolsa tapyp bilýär. Gyzylarbatda ýaşaýar. Arçyn. Şyhmyrat Magtymguly hana iň ýakyn adam. Örän akylly, baý. Tertip-düzgünli, özüni gowy görýär. Bize hemişe peýdaly, tabşyrygy ynanyp bolýar. Tabşyran işiňi öz wagtynda berjaý edýär. Yzgantda ýaşaýar. Myrat han. Ýalançy kezzap, aldawçy, söwda bilen meşgul, söwdasy Hywa we Eýran taraplarda. Gazanan baýlygy netijesinde tire hanam bolupdyr. Hiç haçan onuň bilen iş salyşmaly däl. Hiç hili iş tabşyrmak bolmaýar. Özge kişileri nähak günäkärlemäge ökde, hiç kime gepi geçmeýär, ondan nägile adamlar gaty köp, ynam etmek şübheli. Gypjakda ýaşaýar, arçyn. Aman Atala. (belki-de Atalyk –A.Ç.). Syçmaz tiresinden, ýuwaş, asuda adam, akylly, wepaly, tabyn bolmagyň ilkinji nusgasyny görkezdi. Tiresinde täsiri güýçli däl, sebäbi Dykma serdar hem şo tireden. Gökdepede ýaşaýar, arçyn. • HENIZ MERWDEN YZYNA DOLANYP GELMEDIKLER Magtymguly han. Örän baý ýer eýesi, halk tarapyndan örän hormatlanýan merhum Nurberdi hanyň ogly, şonuň üçinem Ahalda we Merwde halk içinde uly täsiri bar. Eşidişime görä, örän gowy ýaş ýigit. Eger-de yzyna dolanyp gelse, oňa hem Russiýany görkezmek hökman. Gurban iman (gürrüň Gurbanmyrat işan hakynda barýar – A.Ç.) Ruhany, şonuň bilen birlikde-de söweşjeň adam, öz başarnygy bilen tapawutlanýar. Onuň halkyň arasyndaky abraýy gaty uly. Ähli dini işler onuň gatnaşmagynda amal edilýär we şol bir halatda-da dünýewi işlere-de gatnaşýar. Eşidilişine görä, ol Merwden yzyna dolanjak dälmişin. Eger-de dolanaýsa, oňa hem hökman Russiýany görkezmeli. Ahal-Teke oazisiniň ilatynyň müdiri maýor Spolatbog. * * * Zakaspi harby bölüminiň naçalniginiň Kawkaz daglyk uprawleniýesiniň naçalnigine Ahalyň we beýleki türkmen raýonlarynyň ýagdaýy hakyndaky raporty 1876-njy ýylyň 5-nji apreli Tekäniň ýagdaýy hakyndaky soňky maglumatlaryň (7-nji martdaky 525-nji nomerli meniň raportym) 23-nji martda Siziň Alyheziretleriňiziň adyna hywaly Musa Mutaweliniň hem-de teke hanlarynyň we arçynlarynyň terjime edilen alty hatyny Siziň dykgatyňyza hödürleýärin. Musa Mutaweliniň we Nurberdi hanyň hatyndan görnüşi ýaly, tekeleriň bir bölegi Musa Mutawelini han saýlamaga göwünjeň bolsa, başga bir bölegi Nurberdi hany, üçünji topar bolsa hiç bir häkimlige boýun bolmaýar, şol zerarly hem teke oazisinde bulam-bujarlyk, bulaşyklyk artýar. Hywa bilen Krasnowodsk aralygyndaky kerwen ýoly kesildi, biziň ýomutlarymyz howsalaly ýagdaýy başdan geçirýärler. Çeleken adasynda, Bugdaýly kölünde, Şaýyrdyda, Sülmen guýusynyň töwereklerinde, Garabogazda şeýle düşnüksiz ýagdaýlar häli-şindi bolup geçýär. Çarwalar tekeleriň çapawulçylyk howpundan gorkularyna Etrekden demirgazykda ýerleşýän öz ýerlerine barmaga howatyr edýärler. General-maýor Lomakin. (ЦГИА Груз. ССР, ф. 545, д, 1251, л. 107. Голязманың асыл нусгасы). Çapa taýýarlan Allaýar ÇÜRIÝEW. Aşgabat şäheri, 08.08.2024 ý. | |
|