20:21 Taryhyñ iñ uly on bir syry | |
STOUNHENJDEN KLEOPATRANYÑ MAZARYNA:
Geň-taňsy wakalar
• TARYHYÑ IÑ ULY ON BIR SYRY Dünýä taryhy heniz syry çözülmedik, üsti açylmadyk geñ-tañsy wakalardan doly. Geçmişde şeýle bir syrly wakalar bolup geçipdir welin, bu wakalar boýunça häli-häzirlerem teoriýalar döredilýär. Troýa urşy hakyky bolan wakamy? Isa pygamberiñ mazaryna näme boldy? Orta asyrlarda köpçülikleýin bolup geçen isteriýa nobatlarynyñ sebäbi nämedi? Bu geñsi wakalar käte haýrana goýýar, käte tolgundyrýar, kämahalam has-da beter gyzyklandyrýar. Doly we dogry jogaplaryñ ýoklugy bolsa wakalaryñ gyzygyny hasam artdyrýar. 1. Stounhenji kim gurdy? Sanawymyza Stounhenj bilen başlaýarys. Wiltşir şäherindäki Stounhenj ýadygärligi Angliýanyñ iñ esasy medeni ýadygärlikleriniñ biri hasaplanýar. Arheologlar Stounhenjiñ b.e.öñki 3000-2000-nji ýyllar aralygynda gurlandygyna ynanýar. Desga her biri 4.1 metr belentlikde ortaça 25 tonna agyrlykdaky dik goýlan daş halkalaryndan ybarat. Stounhenjiñ kim tarapyndan we nämüçin gurlandygy häzirem nämälimligine galýar. Ýöne bu boýunça käbir çaklamalar bar. Stounhenj hakda her täze maglumat desganyñ taryhynynyñ syrlylygyny hasam artdyrýar. Dünýäniñ çar künjündäki taryhçylar ýadygärligiñ gresiýalylar, rimliler we daniýalylar tarapyndan gurlan bolmagynyñ mümkindigini öñe sürýär. Ýakyn ýyllarda Angliýada geçirilen DNK barlaglarynda Stounhenji guranlaryñ Kiçi Aziýadan gelendiklerini öñe sürüldi. Ýöne hiç bir ylmy barlag beýlekisine gabat gelmeýär. Bu uly ýadygärlik ýokary düzümli medeniýetiñ statusy we güýç simwolymymyka? Ýa bolmasa adamlaryñ söwda etmegi we sosiallaşmagy üçin gurlan binamyka? Stounhenj bilen baglanyşykly birgiden teoriýa orta atylanam bolsa, henizem kimiñ gurandygy we näme maksat bilen ulanylandygy hakda anyk maglumat ýok. 2. Kleopatranyñ mazary nerede? Owadanlygy, pähim-paýhasy we rimli general Mark Antoniý bilen bolan söýgi gatnaşyklary hemişelik ýatda galan Kleopatra taryhyñ iñ tanymal zenanlarynyñ biri. Antoniý bilen Kleopatranyñ söýgüsiniñ kyssasy biziñ günlerimizde-de bütin dünýäni jadylaýar. Betbagtlyk bilen gutaran bu kyssa Antoniý we Kleopatranyñ nikalaşmagy bilen başlanýar. Är-aýal bolandan soñ, rimli general gündogaryñ iñ uly sözi geçginli adamyna öwrülýär. Bu ýagdaý Rimi we Müsüri gapma-garşy ýagdaýa getirýär. Iki ýurduñ arasyndaky oñşuksyzlyk Aktium deñiz söweşine çenli baryp ýetýär. Söweş gutaranda Antoniý bilen Kleopatra gaçmaga mejbur bolýar. Şol wagtam Antonä Kleopatranyñ ölendigi habar berilýär. Söýgülisiniñ ölümine döz gelip bilmedik Antoniý özüni öz gylyjynyñ üstüne oklap ölenini gowy görýär. Kleopatra bolsa ýurdunyñ Rimiñ golastyna girmegini özüne namys bilýär. Rowaýata görä ol özüni zäherli ýylanyñ üstüne oklap, özüni ýylana çakdyryp ölýär. Ýöne taryhçylar Kleopatranyñ ýanynda göterýän zäheri içip ölendigini çaklaýar. Ýene bir rowaýata görä meýdi mumyýalanyp, söýgülisi Antoniniñ ýanynda jaýlanypdyr. Emma häzire çenli geçirilen arheologik barlaglar Kleopatranyñ mazaryna degişli hiç bir yzyñ üstünden barmady. Eger Kleopatranyñ mazary tapylsa, bu gymmatly açyş Tutanhamonyñ galyndylarynyñ meşhurlygyny tozanyna garjakdygy şübhesizdir. 3. Agata Kristi ýitirim bolşuny özi meýilleşdirdimi? Detektiw prozanyñ ussady Agata Kristi 1926-njy ýylda duýdansyz ýitirim boldy. Kristi edil ýazan romanlaryndaky syrly wakalar mysaly çözmesi çetin syra öwrülipdi. Ýazyjydan hiç hili habar-hatyr bolmady, yzyndanam onuñ awtoulagyny bir kölüñ boýunda agaçlara urlan halda tapdylar. Adamlar meşhur ýazyjynyñ köle gark bolup ölendigini çaklap ugradylar. On bir gije-gündiz geçenden soñ ýazyjy birdenkä orta çykdy. Adamlar gaýgy-ünjä batyp, oña näme bolandygyny bilmäge jan etselerem, Kristi kelam agyz dil ýarmady. Agata Kristi ýitirim bolmazynyñ öñinçäsi äriniñ özüne ikilik edýändigini bilen eken. Şonuñ üçinem ýazyjynyñ biografiýasyny ýazyjylar onuñ ärine jogap edip muny bilgeşleýin edendigini çaklaýarlar. Käbir adamlar Agatanyñ kitap tanyşdyrylyşyny gurnamak üçin bilgeşleýin ýitirim bolandygyny öñe sürýär. Beýleki bir tarapdan meşhur ýazyjynyñ lukmanlary şol wagtlar Kristiniñ kellesiniñ üýtgändigini aýdýar. Bu pikirleriñ haýsysynyñ dogrudygy belli däl, ýöne çekişmä sebäp bolan wakanyñ häli-häzirlerem gyzygy gaçanok. 4. Troýa urşy bolan wakamy ýa-da çeper fantaziýa? Antik dünýäniñ çözülmedik iñ uly syry megerem Troýa urşunyñ hakykatda bolup-bolmandygydyr. Troýa rowaýaty Gomeriñ "Iliada" poemasynda garşymyza çykýar. Geñ ýeri, Gomeriñ ýazanlary uzak wagtlap rowaýat hasaplanyp gelindi we üns berilmedi. Birdenem XIX asyrda ýewropalylar bu rowaýata arka durup, hakykatda bolan wakalara esaslanýandygyny öñe sürmäge başladylar. Troýada näme bolup geçipdi? Rowaýata görä troýaly Paris Spartanyñ hökümdary Menelaýyñ görmegeý aýaly Ýelenany (Елена Прекрасная) alyp gaçýar. Şoñ üçinem akalar Kiçi Aziýadaky Troýa şäheriniñ üstüne ýöriş edýär. Ýöne bu şäheri eýeläýmegem añsat iş däl. Belent diwarlary aşyp bilmejeklerini bilen akalar tagtadan uly at ýasap, esgerlerini şol atyñ içine ýerleşdirýärler. Şeýdibem "guş uçsa ganatyndan..." jyda düşürýän gala diwarlary sowgat diýip ugradylan tagta at arkaly aşylýar. Şol gije Troýanyñ hökümdary Priam we troýaly erkekleriñ barsy öldürilýär. Bu waka taryhyñ iñ meşhur harby pirimleriniñ biri hasaplanýar. Ýöne munuñ näçerägi dogruka? Taryhçy Gerodot Troýa urşunyñ b.e.öñki XIII asyrda bolup geçendigini ýazýar. Matematikaçy Erastofan bolsa b.e.öñki 1184-83-nji ýyllara yşarat edýär. Taryhy Troýa şäheriniñ bolandygy çaklanylýan ýer Türkiýäniñ häzirki Çanakkale bogazynyñ golaýyndaky Hisarlyk diýen ýerde ýerleşýär. XIX asyryñ ahyrlarynda Genrih Şliman tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde bu ýerde köp sanly areheologik tapyndylaryñ üstünden barylýar. Gomeriñ gürrüñ beren döwrüne degişli birnäçe peýkam okunyñ ujy we adam süñkleri tapylýar. Günbatarly taryhçylar bu wakanyñ hakykatdanam bolup geçendigini aýtsa, türk arheologlarydyr taryhçylary Troýadaky gazuw-agtaryş işleriniñ ylmylykdan uzakdygyny öñe sürýär. 5. Isa pygamberiñ mazaryna näme boldy? Belki-de, adamzat taryhynyñ iñ jedelli, taryhy taýdan iñ syrly wakasy Isa pygamberiñ (a.s) bedenine näme bolandygydyr. Iki müñ ýyl bäri jedeli gidýän bu hadysa häli-häzire çenli nämälimligine galýar. Häzir hristianlaryñ barsy Isa pygamberiñ (a.s) mazarynyñ Ierusalimdedigine ynanýar. Aýdyşlaryna görä Isa Mesih haça çüýlenenden soñ Mukaddes gabyr buthanasyndaky lahadyñ içine define edilýär. Emma 2016-njy ýylda lahat açylanda içinde adama degişli süñk bölekleri ýa-da haýsydyr bir zadyñ galyndysy tapylmady. Şonuñ üçinem Mukaddes gabyr buthanasyndaky lahadyñ Isa pygamberiñkidigi ýa-da däldigi belli däl. Hristianlygyñ başlangyjyndan bäri Isa Mesihiñ direliş hekaýaty bu diniñ iñ esasy taglymy boldy. Mesihiñ hakykatdanam direlendigine subutnama görkezmek isleýänler Pawlos ýaly şaýatlaryñ teswirlerine ýüzlenýär. A taryhçylar mundan näme çykarýar? Käbir taryhçylar Mesihiñ jesediniñ onuñ hawarileri tarapyndan mazaryndan ogurlanandygyny öñe sürýär. Başga bir tarapdan Isanyñ hiç mahalam haça çüýlenmändigini öñe sürýän teoriýa-da bar. Ýene bir teoriýa görä bu hekaýatyñ galýusinogenik kömelekleri iýenden soñ bolandygy çaklanýar. Hatda Isa Mesihiñ hiç mahalam ýaşap geçen adam bolmandygyny öñe sürýänlerem bar. 6. Woyniç golýazmasy näme gürrüñ berýär? Taryhyñ syrly wakalary sanawymyza Woýniç golýazmasy bilen dowam edeliñ. Ýel uniwersitwtiniñ goragy astynda saklanýan Woýniç golýazmasy heniz hiç kimsäniñ çözüp bilmedik kodly tekstinden ybarat. Barlagçylar golýazmanyñ mazmunyny okap bilmekden geçen, ony kimiñ ýazandygynam anyklap bilenoklar. Woýniç golýazmasy diýilýän permanent kagyzynyñ italýan Renessansy döwründe öndürilendigi çaklanylýar. 240 sahypadan ybarat eserde hat çepden saga ýazylan. Sahypalaryñ köpüsinde çyzgylar bar. Barlagçylar hata düşünip bilmänsoñlar, çyzgylara seredip, ýazgylarda näme ýazylandygyny anyklamaga synanyşýar. Woýniç golýazmasy dünýäniñ iñ güýçli kriptograflary tarapyndan öwrenilse-de, bu kitapda näme ýazylandygyny anyklap bilen ýok. Ýagdaý şeýle bolansoñ, syrly golýazma hakda birgiden romanlar ýazyldy, kinofilmler surata düşürildi. • 7. Fiji perisi nämedi? 1840-njy ýyllaryñ başynda Nýu-Ýorkyñ baý kolleksiýany özünde saklaýan muzeýinde täsin waka bolup geçdi. Adamlar jemlenip Fiji suw perisini (Фиджийская морская дева) görmek üçin jan çekýärdiler. Suw perisi legendasy asyrlar boýy adamlary jadylap gelipdi. Täze dünýäni açmak üçin ýola çykan Hristofor Kolumb dagy hem Hispaniolanyñ golaýynda suw perilerini görendigini aýdypdy. Suw perisi rowaýaty XIX asyryñ başlarynda ýapon deñizçileri tarapyndan ele geçirilendigi aýdylýan ýarym adam-ýarym balyk üç metr uzynlykdaky mumyýalanan jandaryñ orta çykmagy bilen gaýtadan uly gyzyklanma döretdi. Bu täsin jandar gollandiýaly söwdagärlee tarapyndan şobada Ýewropa äkidildi. 1822-nji ýylda amerikan deñizçisi Samuel Edes tarapyndan 6.000 dollara satyn alyndy we 1842-nji ýylda P.T.Barnum satyn alýança elden-ele geçdi ýördi. XIX asyrda Günorta Ýuwaş okeanyñ balykçylary ýurtlaryna syýahata gelen deñizçileri añk etmek üçin balygyñ guýruklaryny we maýmynyñ göwrelerini birikdirip goýgardylar. Bilesigeliji ýewropaly kolleksionerler bolsa bular ýaly jandarlaryñ hakykydygyna ynanaslary gelýärdi. Global açyşlar döwründe her günde diýen ýaly balygyñ täze görnüşiniñ üstünden barylýardy. Ýewropalylar deñizde üstünden barylan geñsi jandarlar çyn bolsa, suw perileriniñem bardygy çyn bolmaly diýip pikir edýärdiler. XIX asyrda Ýewropanyñ we ABŞ-nyñ halky Çarlz Darwiniñ ewolýusion teoriýasy bilen gyzyklanýardy. Jemgyýetçilik köp wagtdan bäri adam-haýwan tapawudy we adamzadyñ ewolýusiýasy ýaly gelip çykyş meselelerini öwrenmek bilen meşguldy. Mahlasy, şol wagtyñ şertleri ýarym balyk-ýarym adam hekaýatyna ynanmak üçin diýseñ amatlydy. Şol wagtam sakgally aýallardan eýmenç möjek adamlara çenli dürli "güýmenje" tärleriniñ bolan Barnum muzeýi diýseñ meşhurdy. Fiji suw periisini getirenlerinden soñ-a, muzeýiñ gelim-gidimi hasam artdy. Barnum muzeýi bildirişli listowkajyklary ýaýradyp, suw perisine bolan gyzyklanmany hasam artdyrýardy. Emma Barnum muzeýinde geçirilen bir sergiden soñ bu geñsi jandar duýdansyz ýitirim boldy. Häzir dünýäniñ iñ täsin kriptozoologik eseri öwrenilmegine garaşýar. Ýöne onuñ nirdedigini welin bilýän ýok... 8. Dokuzynjy legion nädip sumat boldy? Geñ-tañsy wakalar diýlende birinji ýada düşýänlerden biri-de, megerem, dokuzynjy legionyñ uçran wakasy bolsa gerek. "Sumat bolan legion" ýada "Hispana legiony" hem diýilýän dokuzynjy legion Rim imperiýasynyñ iñ güýçli goşun bölümleriniñ biridi. B.e.öñki 90-njy ýylda gurlan bu legion žermenlerden müsürlilere çenli dünýäniñ birnäçe ýerinde birnäçe leşgere garşy söweşipdi. Angliýany-da basyp Alan bu goşun bölümi b.e.öñki 180-nji ýylda duýdansyz ýitirim boldy. Dokuzunjy legiona degişli iñ soñky yz onuñ häzirki Şotlandiýanyñ çäklerinde bir ýere çozandygyny görkezýär. Şofsn soñ ne Rimiñ taryhynda, ne Angliýanyñ çeşmelerinde dokuzynjy legiondan kelam agyz dil ýarýan ýok. Iñ güýçli çaklama görä bu goşun bölümi Britaniýadaky warwar pikt taýpalaryna garşy Urbandale ýok edilipdir. Emma taryhçylaryñ elinde welin muny tassyklaýan ýeke subutnama ýok. Şonuñ üçinem aýdylýanlar gury çaklamadan añry geçip bilmeýär. 9. Orta asyrlarda Ýewropada ýaşan adamlar nämüçin ölýänçä tans etdiler? 1518-nji ýylda Strasburgda ýaşaýan Frau Troffea atly bir aýal öýünden çykyp, darajyk köçede ýöremäge başlady. Soñra ol saza däl-de, öz aýdýan gaharly aýdymyna ýanap tans etmäge başlady. Adamlar aýalyñ nägileligini eşdipdi. Çaltlyk bilen ýaýylan bu telbelik bütin obany gaplap aldy. Belli bir wagtdan soñ 400-e golaýa adam iýmän-içmän tans etmäge durdy. Taryhçylar bu wakany "tans eden çuma" diýip atlandyrdy. 1375-nji ýylda şuña meñzeş ýagdaý Ren sebitinde bolup geçdi. Şular ýaly waka Ýewropanyñ dürli ýerlerinde orta asyrlaryñ dürli wagtlarynda birnäçe gezek gaýtalandy. Täsin fenomeniñ sebäbi hiç wagtam düşündirilmedi. Orta asyrlarda ýaşan adamlaryñ bu wakalary şeýtanyñ işidir öýdýärdi. Biziñ döwrümiziñ taryhçylary we psihologlary tansly çuma wakalarynyñ köpçülikleýin psihogenetik keseliñ netijesidigini öñe sürýär. Hünärmenlere pikiriçe bular ýaly ynjalyksyzlyk duýgy we añ bilen baglanyşykly stresiñ agdyklyk edýän döwürlerinde orta çykýar. Orta asyrlar uruşlardan, keselçiliklerden, gytçylykdan we ölümlerden doludy. Psihologlar bu wakany trawmadan soñky stres bozuklygy (wakadan soñky newroz?) diýip düşündirýär. Tans edijiler özlerini şeýle bir isterik, şeýle bir gaharly alyp barypdyr welin, käbir şäherlerde bezemen geýnen baý adamlaryñ üstüne topulmaga başlapdyrlar. Hünärmenleriñ öñe sürşi ýaly çuma we umytsyzlyk hakykatdanam isterik tans epidemiýasyna iterdimikä? Ýa bolmasa jemgyýeti ýaralaýan başga bir waka bolup geçdimikä? Heniz anygyny bilýän ýok. 10. Szedunyñ oruntutary Lin Piao nämüçin Hytaýdan gaçdy? 1971-nji ýylyñ 19-njy sentýabrynda heläkçilige uçrap Gobi çölüne düşen bir uçarda Hytaýyñ Kommunistik partiýasynyñ başlygy Lin Piao bilen birlikde jemi dokuz adam öldi. Piaonyñ ölümi diñe Hytaýy däl, bütin dünýäni sarsgyna saldy. Lin Piao 1949-njy ýylyñ kommunistik rewolýusiýasyndan soñ Hytaýa ýolbaşçylyk edip gelýän Mao Szedunyñ ýerine taýýarlanýardy. Piao şol bir wagtyñ özünde Halk Azat-ediş goşunynyñ serkerdeligini edýän legendar generaldy. Ol 1946-49-njy ýyllarda graždanlyk urşunda gahrymançylyk görkezip ýaka tanadypdy. Hytaýdaky medeni rewolýusiýanyñ dowam edýän döwründe-de Piaonyñ at-owazasy diýseñ artýardy. Şular ýaly eý gören lider 1971-nji ýylyñ 13-nji sentýabrynda uçaryñ biline münüp, ýurtdan gaçdy. Uçar ilkibada asmana gowy galanam bolsa, kän wagt geçmänkä ýeterlik ýangyç guýulmandygy üçin ýere düşdi. Lin Piao Mao Szedunyñ iñ wepaly egindeşlerinden biridi. Şeýle bolýan bolsa, ol nämüçin gaçdyka? Hytaýyñ resmi beýannamasyna ynansañ-a, Piao Szeduny agdarmagy meýilleşdirýärmiş. Pirimi paş bolansoñam, tussag ediljegini bilip gaçmaga synanyşypdyr. Ol şol wagt Hytaýa duşman SSSR-e gitjek bolupdyr. Bu waka bilen baglanyşykly hytaý resmi maglumatlarynyñ barsy Szedunyñ ölüminden soñ ýok edildi. Şonuñ üçinem wakalaryñ nähili bolup geçendigini düşündirjek ýeke resmi maglumat ýok. Ýöne hernäme-de bolanda, Lin Piaonyñ döwlet agdarlyşygyny geçirjek bolmaga synanyşandygy diýseñ manysyz we ynandyryjylygy pes eşdilýär. Ýetmişinji ýyllaryñ başynda Szedunyñ özi ýarawsyzdy. Şoñ üçinem ol Szedunyñ ýerine geçmek üçin kän garaşyp durmaly däldi. Şol bir wagtyñ özünde uçaryñ heläkçilige uçran ýerinde geçirilen barlaglar munuñ terakt bolma ähtimallygynyñ bardygyny görkezýär. Waka hakda gürrüñ etmek, pikirlenmek we barlaglary geçirmek gadagan bolansoñ, Lin Piaonyñ Hytaýdan nämüçin gaçmaga synanyşandygy häzirem syrlylygyna galýar. 11. Ebu Bekir Keita we onuñ flotiliýasyna näme boldy? Taryhyñ geñ-tañsylyklary sanawymyzyñ ahyrynda bir hökümdaryñ we onuñ uly flotiliýasynyñ sumat bolma hekaýaty bar. Orta asyrlarda Mali Afrikanyñ iñ güýçli imperiýasyna öwrüldi. Mali beýleki Afrika ýurtlaryna garanda iññän baý ýurtdy. Imperiýa XIV asyrda güýjüniñ ýetjek derejesine ýetdi. Şol döwür tagta Ebu Bekir Keita çykdy. Imperiýanyñ çäkleri bir tarapda Sahara çölüne, beýleki tarapda Atlantik okeanyna ýanaşýardy. Armazak imperator ýurduny hasam giñeltmek üçin çölleri we okeanlary aşmagyñ gerekdigije düşünýärdi. Imperator Ebu Bekir ücin ýurduñ çäklerini giñeltmek meýli endige öwrülen pişedi. Ol ahyrsoñy Atlantik okeany aşmak üçin uly flotiliýa gurmaga başlady. 1312-nji ýylda müñlerçe gämiden ybarat uly flotiliýa bilen ýörişe çykdy. Emma bu syýahatdan soñ imperatory-da, onuñ gämilerini-de gören-eşiden bolmady. Jansu SAÇY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |