TATIUROWKA
“Bu waka, sadalygyň höküm sürýän döwürleri bolupdyr, ol döwürler durmuş ýowuz aladalary bilen adamlaryň sussuny basmaýan eken. Gaýgysyz-gamsyz eýýam...” Adamlar gözellik üçin, endamlaryny tatu suratlaryndan doldurmakdan hem gaýtmandyrlar. Bular ýaly bezegleriň muşdaklarynyň arasynda diňe bir ýükçiler, kartkeşler ýa-da ýangyn söndirijiler däl, eýsem şäheriň baýlary, hatda samuraýlar hem bar eken. Şol wagt tatu suratlaryny çekýän Seýkiti atly ýaş oglan ýaşapdyr. Haçan-da tatuirowkalaryň synlamalary geçirilende, onuň işleri adamlary elmydama haýran galdyrýan eken. Seýkiti hakyky hudožnikdi, bu onuň suratlarynyň nepisliginden, utgaşyklyk aýratynlygyndan duýulýardy. Ol tatu suratyny çekmäge hemmelere razyçylyk hem bermeýän eken, ýöne bu hormata eýe bolanlar oňa doly gol goýup, çekilmeli suraty ussanyň özüne saýlatmaly we bahasyny hem onuň özüne kesdirmeli eken. Soňra ol bir ýa-da iki aýlap, endamyna iňňe sokdurýan bagtygaranyň iňňildisinden we damar çekmelerinden lezzet alyp, yhlas bilen işleýärdi. Ol iň uly keýpi, iň agyryly proseduralardan alýardy—retuş etmeden we suraty himiki erginler bilen işlemeden. Agyra seslerini çykarman çydaýanlary ol halamaýardy, şonuň üçin olaryň mertligini syndyrmaga çalyşýardy.
Seýkiti köp ýyl bäri bir gözeliň endamynda tatu suratynyň ajaýyp nusgasyny döretmegiň, oňa ähli yhlasyny siňdirmegiň arzuwundady. Geliniň diňe bir owadan ýüzi, gelşikli syraty onuň üçin ýeterlik däldi—wajyby onuň häsiýetidi. Dört ýyl gözlegden soň, ol öz öýünden daşda bolmadyk Fukagawa restoranjygynyň işiginde duran kejebeden çala çykan gelin aýaklaryny gördi. Seýkitiniň ýiti nazarynyň ýalaňaç aýaklar hakda aýdyp biljek zady, owadan ýüzden az däldi. Ol nätanyş gyzyň ýüzüni görmek umydy bilen, kejebäň yzyna düşüp gitdi, emma bir salymdan ony gözden ýitirdi. Wakadan bir ýyl ötenden soň, tanyş geýşanyň tabşyrygy bilen onuň ýanyna bir nätanyş gyz geldi. Gyz geýşe bolmaga taýynlanýan eken we Seýikitiniň tanşynyň “ kiçi uýasy” bolmaly eken. On bäş—on alty ýaşynda bolsa-da, gyzyň ýüzi onuň ýetişen owadan uly gyza öwrülendigini aýdýardy. Onuň eýjejik aýajyklaryna seredip duruşyna, Seýikiti ondan, bir ýyl mundan öň Hiraseýdaki restoranyň agzyndan kejebä münip gidenini-gitmänini sorady. Gyz, kakasynyň ony köplenç Hiraseýe alyp gidýändigini, şonuň üçin şeýle bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy. Seýkiti gyzy öz ýanyna çagyryp, oňa iki sany surat görkezdi. Olaryň birisinde, köşk bagynda ölüm jezasyna taýynlyga seredip duran hytaý şazada gyzy şekillendirilipdir. Nätanyş gyz surata seredenine mähetdel, ýüzi şazada gyzyň ýüz keşbi bilen utgaşyp gitdi. Ol suratda özüniň içki dünýäsini tapan ýaly boldy. Ikinji surat “Pany” diýilip atlandyrylypdyr. Suratyň merkezinde şekillendirilen aýal, aýagynyň astynda ýaýrap ýatan erkek kişileriň jesetlerine gopbamlyk bilen seredýärdi. Surata seredip duran gyz, kalbyndaky pynhan duýgularynyň açylýanyny duýdy.
Nätanyş gyza birden gorky aralaşdy, ol Seýikita ony goýbermegini haýyş etdi, ýöne Seýikita gyzy hlorofol bilen çaşyryp, onuň endamyna surat çekmäge girişdi. “Ýaş suratçynyň ruhy, goýy reňklerde eräp, gyzyň näzik tenine siňýän ýalydy”. Ol her gezek iňňäni çümdürip çykaranda, çümdirimler öz ýüregini ýaralaýan ýaly, uludan demini alýardy. Seýikita gijesi bilen ýatman zähmet çekdi we azanda gyzyň arkasynda ägirt möý peýda boldy. Her gezek uludan içine çekende we demini goýberende, möýiň aýaklary edil diri ýaly gymyldaýardy. Möý gyzy gujagynda berk saklaýardy. Seýikiti gyza, bu surata özüniň bar zehinini siňdirendigini aýtdy. Indi Ýaponiýada onuň bilen deňleşip biljek gyz ýok. Ähli erkekler onuň aýagynyň astyndaky kire öwrülerler. Gyz özüniň owadan bolanyny eşidip örän begendi. Reňkleriň gowy açylmagy üçin, özüniň suwa girmelidigini eşidip, ol agyrylaryna döz gelip, sessiz-üýnsiz wanna girdi, çykandan soň ötýän agyrylaryna seretmän, kysmata kaýyl ýaly ýere süýndi. Ýöne bir salymdan özüne geldi, onuň gözleri durlanypdy. Seýikiti gyzda bolýan özgerişliklere seredip haýran bolýardy. Ol düýnki, gyzy gorkuzan suratlary oňa sowgat berdi. Gyz gorkularyndan saplanandygyny aýtdy we Seýkiti onuň aýagynyň astyndaky kiriň ilkinjisi boldy. Gyzyň gözleri edil ýiti päki ýaly ýalpyldap gitdi. Onuň gulaklaryna ýeňişiň şowhunly senesi eşidilýärdi. Seýikiti gyzdan, gitmäkä ýene bir gezek tatu suraty görkezmegini haýyş etdi. Gyz sesini çykarman egnindäki kimonosyny çykardy.
“Säherde dogan güniň şöhlesi tatu suratynyň üstüne gaçdy we gyzyň arkasynda hyjuw ody tutaşdy”.
Terjime eden Kakamyrat GELDIÝEW.
Hekaýalar