00:20 Täze öwrenip başlanlar üçin Owganystan sözlügi | |
TÄZE ÖWRENIP BAŞLANLAR ÜÇIN OWGANYSTAN SÖZLÜGI
Tradision urp-adatlaryñ düýşpisint añ bilen real añyñ arasyna belent diwarlary örmändigini bilýäris. Bir hadysda "Oraşan düýş wahyýnyñ kyrk altydan biridir" diýilýär. Şeýlelikde, ylahy alamatyñ düýş arkaly adamlara häzirem ýetirilip bilinjekdigine yşarat edilýär. Belki-de, Owganystan - dünýäde gurulmagy meýilleşdirilýän täze düzgün üçin bir oýundyr, belki-de türgenleşik meýdançasy... Bu ýurt kyrk ýyldan bäri bütin dünýäniñ dilinde we üns merkezinde. Emma nähili tanalýar, nähili düşünilýär, şo taýy belli däl. Bu harap bolan ýurdy we bitap adamlaryny tanamak üçin, belki-de, size käbir sözler açar bolup biler. • Göknar Göknar - haşhaş (Мак снотворный - Papaver somniferum) güllän wagty şeýle bir owadan bolýar welin, älem-jahan durşuna gülzarlyga bürenendir öýdersiñiz. Göknaryñ iñ köp ýetişdirilýän ýurdunda narkotiki serişdeleri ulanýanlaryñ nämüçin dünýäniñ iñ arzan we iñ zyýanly neşe serişdesi bolan "çers"-i ulanýandygyna hiç düşünip bilmedim. Demirgazyk Owganystanda göknar ýetişdirmek haram, Günorta Owganystanda bolsa "kapyrlar" şony alýandygy üçin ekseñ bolýar. Anadolynyñ käbir obalarynda haraba öwrülen öýler bar - üçegi çagşan, diwarlary som-saýak bolup duran. Žandarma işgärleriniñ geçiren operasiýalary arkaly şol haraba öýleriñ käbirinde kenep ýetişdirilýändigini bildik. Owganysanyñ haraba öwrülen şol ýykyk jaýlardan birjigem parhy ýok: žandarmalaryñ göknar ekip ýetişdirýän öýi. • Protez aýak Hassahanalaryñ öñünde ýa-da göçme palatalarda, ýa-da baraklarda, ýa-da biziñ öñki bäş ýyllyk başlangyç mekdeplerimiz ýaly kiçijik binalar bar. Ol okuw binasyna meñzeýän hütdüjekleriñ köpüsi protez merkezidir. Beýlekileri bolsa süpük tirýekileriñ aç goýlup, terbiýelenýän we bejerilýän ýerleridir. Germaniýa, Daniýa, Şweýsariýa ýaly ýurtlaryñ ösüş agentlikleri tarapyndan gurlup maliýeleşdirilen bu protez merkezleriniñ köpüsi 2015-nji ýylyñ ahyrynda ýapylmaga başlanypdyr. Minalaryñ üstünden basyp, aýagyndan jyda düşen adamlara bolmalysyndanam artyk protez aýak berlipdir, hatda protez aýak bazary hem bar. Ruslaryñ gömen minalarynyñ üstünden basyp ýüz müñlerçe adam aýaksyz galypdyr. Hatda eýranlylar bu barada ýörite kinofilm hem düşüripdir. Dünýäniñ protez aýaklarynyñ ýarysyna golaýy Owganystandadyr we ölüler protez aýagy bilen bile jaýlanmaýar. • Mojahetler Söweşdiler. Köpüsiniñ elinde amerikan ýaraglary, añlarynda bolsa ýurtlaryndan sowet basybalyjylaryny kowup çykarmak pikiri bardy. Ellerine berlen ýaraglaryñ öndürilýän ýurdunyñ beren kömeginiñ hökman bir garşylygynyñ boljagyny pikir etmedilermikä? Bilemok. Balhda we Şadiýanda weteran mojahetler bilen gürrüñdeş bolup gördüm. Ugrunda göreşen dawasyna wepaly adamlar. Olar maña weýran eden tanklarynyñ böleklerini görkezdiler. Kimsi golsuz, kimsi aýaksyz. Emma şeýle bir owadan gülýärdiler. Gülmek - munuñ öwezini ödän adamlara diýseñ gelişýärdi. • Demirgazyk ýaranlygy "Demirgazyk şemaly, demirgazygyñ patyşasy, demirgazyga ýolagçylyk, demirgazykdan gelenler..." Ajaýyp jümleler. Demirgazyk ýaranlygy - esasan täjiklerden, özbeklerden, hazareýlerden, türkmenlerden - esasan Günorta Türküstanda bileleşen ýaranlygynyñ adydyr. Ýaranlygyñ bar ýerinde hökman bölünşiklerem bolýar. Demirgazyk ýaranlygy häzire çenli dört gezek birleşdi, üç gezek bölündi. Iñ soñky gezek ABŞ-nyñ ýurtdan çykmagy we Talibanyñ ähli şäherleri ele geçirmegi bilen, ýaranlygyñ öñbaşçylary ýurdy taşlap gaçdylar. Olar Kabuly mojahetlerden alyp, Gulbeddin Hikmetýara berenlerinde, birem Talibanyñ 1996-2001-nji ýyllardaky agalygynda üstünlik gazanyp bildiler. Hindiguşdaky Salang geçelgesini bombaladylar, emma Talibanyñ demirgazyga süýşmeginiñ öñüni alyp bilmediler. Wagtlaýyn ýeñişden soñ dyr-pytrak boldular. Şah Ahmet Mesut fransuzlar bilen, Raşit Dostumam ruslar bilen Mazary-Eýran we Owganystan bilen flortlaşdylar. Demirgazygyñ başyna inen iñ erbet ýaramazlyk hem şu ýaranlygyñ arasynda ikiýana çekelenip durulmagydyr. • Uruş lordlary Fronta onbaşy bolup gidip, general çininde dolanyp gelenleriñ karýerasynda uruş lordy bolup ýaşamagam bar. Jorj Walker Buş prezidentlige saýlananda spikerleriñ biri ondan şeýle soranmyş: - Päkistanyñ prezidenti kim? Buş içýakgyç ýylgyryp: - General! - diýýär. Çünki ol Perwez Muşerrefiñ adynam bilenokdy. Hawa, amerikan prezidenti üçin bu ýerlerdäki ähli liderler "generaldyr". Kenan Ewrenem generaldy. Gündogarda generallar "alaýly" (саркастический - harby taýynlygy bolmazdan başly-barat ýetişen ofiser) we "mülkiýeli" (проприетарный - okuwyny okap gelen) diýen iki topara bölünýär. Mülkiýeliler özlerini bankirdir öýdenoklar, ummasyz uly talañçylyklary edýärler. Alaýlylar bolsa özlerini garakçy ýaly alyp barýarlar, bir urgyda hemme zady agdar-düñder edip taşlaýarlar we smokin geýýärler. Owganystanda, hem penjek-jalbarly hem kamflýažly gezýän uruş lordlary bar, häzirem şeýle. • Mango we käşir Gysgajyk arakesme berip, size dünýäniñ iñ arzan we iñ datly mango suwuny mürähet edeýin. Gynansak-da, ol köp sarp edilýän mangolar Päkistandan gelýär. Ýeke-täk bäsdeşi bolsa Owganystanyñ özünde ösüp ýetişýän ýerli goñrumtyl, pyrtykal, sary reñkli balhy käşirlerdir. Owganlarda bilguşakly we äýnekli adama az duşarsyñyz. Munuñ sebäbini käşir suwuna baglanyşdyrýanam bar. Käşirleri şeýle bir suwly welin, ony suw goşmazdan gysyp, şiresini içip oturmaly. Arzan we köp sarp edilýän gök önüm. • Zirbagi Şykgy palçykdan ýasalýan, keýigiñ hamy bilen gaplanan, deprege meñzeş kakylyp çalynýan saz guraly. Ähli aýdymlaryñ gapdalyna ýanap kakybermeli. Şonuñ üçin ol owganlaryñ özüne-de meñzemän duranok. Añsatjak kakaryn öýdýänsiñiz welin, emma köpi gören owgan ussadynyñ elinde onuñ misli adama meñzäp owaz edişini göreniñizde, zirbagini usullyk bilen hak eýesine bereniñizi gowy görersiñiz. Göýä keýik hamynyñ ýüzünde klawişeler bar ýaly, ussatlar ähli barmaklaryny ulanyp, ol klawişeleri saýradyp durandyr. • Möwlewi Mollalar ýaly okuwyny geçen, emma medresede okatmagyñ ýerine özüni okatmagy dowam eden, ylma özüni bagyşlan aryf. Möwlewileriñ aglabasy Jelaleddin Rumynyñ "Mesnewisinden" ýüzlerçe beýdi ýatdan bilýär. Möwlananyñ muşdagydyrlar. Emma olar zikiri sema däl-de, sesli-jehri görnüşinde edýärler. Owgan kadyrylary sesli zikir etmegi gowy görýär. Hafy-gizlin zikir edýän tarykat görmedim, gynansak-da. Gizlinine nädip duşaýyn? Mejlisleri edebe ýugrulan. Söz iñ ýaşuly adamyñ "Bişnew!" ("Diñle!") sözi bilen başlaýar. "Mesnewi" täzeden ýazylýan ýaly üns bilen şygyry diñlänlerinde suwuñ boýundaky ýeken gamyşlar ýaly süzülip oturýarlar. • Molla Her bir metr ýerine bir molla düşýän ýurtda mollalara kesgitleme berjek bolmam ýalñyş bolýar. Hem uruşlar, açlyk, garyplyk... Bir ýurdy yza - orta asyrlara dolap barýan şulardyr, mollalar däl. Mollalar dine orta asyrlara gaýdyp gelen halka diñe orta asyrlar ýewropasynda edilenleri edýär we dini gatlagy emele getirýär. Uruş lordlary, mollalar, ulamalar, syýasatçylar, monarhiýa, halk... Üns berseñiz - halk hemme ýerde ýekelik sanda, beýlekiler bolsa hökman täze atlar bilen ýatlanmak isleýär. Halk sypatsyzdyr. Açlykdan ýaña agzy añkap duran mollanyñ ýanyna baryp, nädip oña: "Eý, molla! Sypyr, üstüñe örtünen diniñi, hakyky keşbiñi görkez!" diýjek. • Aýal-gyzlaryñ hak-hukuklary BMG we ellinji ýyllara çenli ýurtlarynda aýal-gyzlary saýlawa gatnaşdyrmadyk ýurtlar diñe 2001-nji ýyldan soñ Owganystanda zenan jynsynyñ peýda bolandygyny, aýal-gyzlaryñ bardygyny, emma şonda-da olaryñ hiç hili hak-hukuklarynyñ ýokdugyny aýdýarlar. Bizem ynanaýdyk derrew şol "alymlara". Ýogsam bolmasa, Owganystan diýlen ýurt döräni bäri ol ýerde aýal-gyzlar bar, özem diñe aýal-gyzlar bar. Çünki erkekler ol ýerlerde ýaşamak ýa-da ölmek üçin däl-de, öldürilmek üçin dogulýarlar. Aýallar bolsa hasratly durmuşyny ýaşamagyna dowam ederler. Olaryñ öz hak-hukuklary barada pikirlenmäge mümkinçilikleri bolmasa näme... • Enjiýo Ösüş agentligi - raýat-jemgyýetçilik guramasy. Jemgyýetçilik ýa-da ýörite haýyr-sahawat guramasy. Missioner. Gülümsiräp seredýän kontrrazwedka. Baýlaryñ garyplara ulanmaýan odur-budurlaryny berip göwün awlaýan ýeri. NATO-nyñ we ABŞ-nyñ yzyna düşüp, ömürlik maýyp bolan bir ýarala medisina kömegini berýän çişik halas edijileriñ üýşen ýeri. Käbirleri Owganystana eden kömeginden has köp garamagynda işleýänlere köp hak töleýär. Käbirleri Owganystandan bikanun çykarýan narkotiki serişdesine berilýän hak üçin işleýär. Käbiri Badahşandaky almaz känlerini tapmak agyz suw guýularyny gazar we käbir owganlar üçin "enjio" mina eşegidir. Münübildigine münerler. Duşmanlar bir halky işýakmazlyga, ýaltalyga werziş etdirmegiñ iñ añsat ýoluny tapypdyr. Oturýañ, oýlanýañ, pikir edýäñ... dostlarymyza näme bolduka diýesiñ gelýär. Şaly ekýän ýurda iki ýyl yzly-yzyna tüwi kömegini berip, birdenem şol kömegi kesseñiz, şol ýurtda gytçylyk başlar. Owganystanda birnäçe "enjio" guýa suw daşaýanam bolsa, balyk tutmagy öwrenmändir. • Nan u nemek (duz-emek) Eger bir owgan siziñ bilen çöregini paýlaşyp iýen bolsa, onuñ bilen saçakdaş bolan bolsañyz, siziñ janyñyza onuñ öýünde howp abanmaz. Owganystan ýaly ýurtda iñ kyn zat jan howpsuzlygydyr we duz-emek bolşan adamyñ myhmanyny şirin janyny orta goýup goramagy başarýar. • Burka Aýal-gyzlaryñ näme geýýändigi bilen nähili gyzyklanýansyñyz, şeýle gerek? • Stinger ABŞ biziñ "jihat döwri" diýýän ýyllarymyzda mojahetlere 50 sany "Stinger" beripdir. Sowet wertolýotlary guş mysaly awlanypdyr. Ýadyma düşýär, 48-ni amerikanlar yzyna aldy, ikisi bolsa Owganystanyñ içinde ýitirim boldy. Megerem, ol iki "Stingeriñ" raketa atyjysy musulman bolup, halkyñ içine siñip gitdi. Edil ruslardan 147 sany esgeriñ ýurtlaryna dolanman Owganystanda galyşlary ýaly. "Stingerler" maña elmydama "Eldeki ata münen çalt düşer" aýtgysyny ýatladýar. • Taliban Bilýärin, bu söze berjek düşündirişime sabyrsyzlyk bilen garaşýansyñyz... Owganystana şolar ýaly derejede düşünesimiz gelýärmikä? Garaşyp göreliñ onda! • Loýi Jirga Uly gurultaý. Aksakallar. Etniki gurluşyñ geterogen-bulaşyk bolan ýurdunda birnäçe asyrlap bir ýerde ýaşaýan adamlaryny bir ýere jemleýän ant içme çäresi. Her etniki topardan gelen adamlaryñ bir ýere üýşüp, maslahat edişip dowam etdirýän agzybirligi modern dünýäniñ gözüne batypdyr. Belki-de, bir bitewi döwlet bolmagy bilgeşleýin gijikdirilen Owganystan geografiýasynda "Loýi Jirgani" jadyly ertekä öwürdiler. Edil möjek garranda ite masgara bolup, düýnki jüýjeleriñ saçy-sakgaly agaranlara "Hajy, sen bir agzyñy ýum! Biz Amerikanyñ, Fransiýanyñ ýetişdiren adamlary, uruş lordlary, syýasatçylary, ýaragly toparlary, soñy görünmeýän uruş üçin ýeterlik adamlarymyz bar" diýýän ýaly. • Owgany Dünýäniñ iñ gelşikli erkek eşigidir. Ykjam we rahat. Bahasy gymmady-da bar. Fabrikde öndürileni kän halanmaýar. Tikinçä gidip ölçegiñe görä eşik tikdirmek özüñize bolan ýakymly duýgyny oýarýar. Her bir owgan tikinçä baryp boýuny-syýyny ölçedende şeýle duýgyny başdan geçirýär. Ýörite günlerde we baýramlarda owgany sowgat edilýär. Bütin dünýäniñ baýlygyny getirip öñüñizde goýanlarynda-da, heniz reñkiniñ nähilidigini bilmeýän bir owgany eşigini sowgat berenlerinde başdan geçirýän begenç duýgusyna taý geljek duýgy ýokdur. Hem ahyrynda kepene meñzeş! • Ýetim Ilat sanyna garanda ýetimleriñ sany boýunça Braziliýa bilen bäsleşýär we bilşiñiz ýaly hossarsyz çagalar ýitirim bolýarlar. Ýa olar bir ýerlere gider ýa-da bir ýerlere äkiderler. Hemme çaga ulalýar. Emma ýetimler şeýle bir çalt ulalýar we gözýaşyny syljak bolanyñyzda olar siziñ saçyñyzdan ogşar, özleri siziñ biygtyýar gözleriñize dolan ýaşy sylarlar. Ýetimleriñ eýmendiriji we adamyñ burnunyñ içini syzladyp bilýän güýçleri bar. Şonuñ üçin owgan şäherinde ýa-da obasynda barýarkanyz, hergiz bir çaganyñ ýoluny kesäýmäñ, kimiñ ýetimdigini bilmersiñizem. • Mina Çopanlar dag eteklerinde dowarlaryny agaýana bakyp bilenoklar we aýagy gopan goýun elli dollara-da geçmeýär. • Litiý Ara daş bolany üçin ABŞ-nyñ gyzyklanmadyk magdany. Hytaýyñ açgöz magdan gazyjylary eýýämden muña dişlerini ýiteldip başladylar. • Medrese Elif, be, te, se, jihat! • Mekdep Däne-däne edip şygyr okaýan çagalaryñ ýokary okuw jaýlaryny okap gutaranda para-peşgeş berip işe girmek ýa-da daşary ýurtlaryñ birine okamaga gitmek üçin taýýarlyk görýän ýeri. Köpüsi-de çadyr. Gyşyna işlemeýän, howasy dikilen gününden bäri ýaramsyz mekan... • Beçebaz Googl-a girip gör we näkesleriñ suw ýalyja oglanjyklary tans oýnadyp şatlanyşlaryny göreniñde, aglamaga synanyş. • Şeker gamyşynyñ suwy Suw içilende syn edilip içilýär. Käte hasraty synlanmadyk Badahşan ýer goduklamalary ýaly şerbetler içilýär. Biz şerbeti syn edip içibereliñ "bal iýen baldan ýadar" diýlişi ýaly... Ol ýerlerde hasraty synlamaga suw ýok! • Zenanlar bazary we zenan işleri boýunça uprawleniýe Owganystan Yslam respublikasynyñ merdana aýal-gyzlarynyñ jemlenen ýeri. Has merdanalary bolsa öýlerinde goñras dag mysaly mañlaýyna ýazylanlary görmäge garaşýar. • Mazar Mazary-Şerif. • Leýlami Dünýä ülñüsindäki önümleriñ deger-degmez bahasyna satylýan ikinji derejeli bazary. Men şonda-da şu bazardan elinde 10 owganysy bolman, iki elini burnuna sokup boş gaýdýan nijeme adamlary gördüm. • Zinde bad! (Ýaşasyn) Owganystan! 26.10.2021 ý. Zeki BULDUK. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |