20:58 Täze ýyl gijesinde / hekaýa | |
TÄZE ÝYL GIJESINDE
Hekaýalar
Syrgyn gijesi bilen köşeşmän geçdi. Wsewolod Karpowiç oýanan mahaly içeri ýaňybir agaryp ugrapdy. Aşhanada eýýäm «hemişelik assistent — kömekçi» lakamyny alan keýwanysy Walentina Kuzminiçna, şonuň ýaly-da aýaly bilen deň-duşrak öý hyzmatkäri, maşgalanyň bir agzasyna öwrülip giden Odarka gydyrdanyp ýördi. Professor gyssanmaç geýinmäge durdy. Ony ertirlik nahary gyzyklandyranokdy, Wsewolod Karpowiçiň tagam iýilýän otaga höwes bilen hyýallanmagynyň başga sebäpleri bardy, onuň öz eden işini ýene bir ýola synlasy gelýärdi: otagyň ortarasynda misli, şaýly gelin mysaly, bezegi ýetirilen täze ýyl arçasy ýalpyldap durdy. Wsewolod Karpowiç ony yhlasdyr söýünç bilen bezäpdi. Çünki uzak demirgazykdan, hut Murmanskyň özünden agtyjagy Ksenýa — suratlary ähli otagda asylyp goýlan şol Ksenýa görme-görşe gelmelidi. Olaryň demir ýol ulagy agşamara ýetip gelmelidi. Arzyly, mähriban myhmanlar! Olar mundan ozalam telim sapar gelipdi, ýöne babasydyr mamasy özleriniň agtyjaklaryny, Ksenýa jany welin heniz görmändiler. Professor agtyjagynyň hatyrasyna-da jan edipdi: bazardan arçany saýlap-saýlap, bir eýlesine-bir beýlesine seredişdirip alypdy, iň saýlantgy oýunjaklary satyn alyp, üýtgeşikden-üýtgeşik sowgatlary taýýarlapdy. Ýakymly ysly arça şahajyklarynyň arasyndan Aýazbaba ýylgyryp durdy, ýanynda-da aýrylmaz hemrasy — Garpamyk bardy. — Seredip doýup bileňokmy? — diýip, Walentina Kuzminiçna onuň ýanyna geldi. — Biziň Ksenýa janymyz üçin arça bir görülmedik enaýylyk däl, ol Soçiden gelenok ahyry... Gije syrgynyň guduz açana dönen sesini eşitdiňmi? Sen Karpowiç, bu gün ýygnak beýleki geçirjek bolup azara galaýmagyn. Operasiýa edýän günüň däl, şonuň üçinem agşam sagat ýedide myhmanlarymyzy garşylaýmalydyrys. Ertirlikden soň professor özüniň hassahanasyna şaýyny tutup başlady. Onuň ýüregi şatlykdan ýaňa pürepürdi: ahyry agtyjagynyň ýüzüne gözi düşjek. Wsewolod Karpowiç özüniň «hemişelik assistentine» seredip ýylgyrdy: — Adam garransoň onuň çagalara bolan söýgüsi agtyklaryna geçýämiş diýýäler. Walýuşa, sen, heý, şeýle gürrüňi eşidipmidiň? Öýümizde iki hepdeläp Ksenýaň, janly Garpamygyň hojaýynçylyk etjegini hiç göz öňüne getirip bilemok... Bu gün ýygnak ýok, gysgajyk düşündiriş geçirerin, wessalam. Sen täze ýyl desserhanyny on adama niýetläp ýazaweri. — Sýowa jan, boýnuňa şarfyňy oraweri. Bu gün on bäş gradus aýaz. Wsewolod Karpowiç asawaçdan possunyny alyp ýetişmänkä gapynyň agzynda keltejik boýly Odarka peýda boldy. Öý eýesi onuň gözlerinden aladaňdandan biriniň yzyndan gelendigini aňşyrdy. Beýle ýagdaý ýygy-ýygydan gaýtalanyp duran zatdy: tutuş welaýata adybelli hirurgyň kömegine mätäç kişiler onuň huzuryna islendik wagt geliberýärdi. — Wsewolod Karpowiç, o taýda bir aýal maşgala ýarym ýaş ýagdaýda sandyrap dur. Dili baglanan ýaly, aýtjak sözüni aýdyp bilmese näme. Ýürek dermanyny içiräýmesek. Wsewolod Karpowiç özüne altmyş bäş ýaşly diýdirmän, ýeňil gopup, dälize tarap alňasady. Ýönekeý possunly, solgun ýüzli, halys tapdan gaçan zenan oturgyçdan dikeldi, öýe geleniň başyna nähilidir bir apatyň inenini onuň ýüzüne sereden badyňa aňmak mümkindi. Zenan aşaky dodagyny dişläp, aljyrap hem-de tolguna-tolguna gürlemäge durdy: — Professor, bar umydymyz diňe sizde... Uýamy halas ediň! Şu gije obamyzdan size üç sapar til kakyldy — megerem, obamyzyň adyny eşidenem dälsiňiz... Swiridowka diýilýä... Olga bir zad-a bolupdyr, içimiň agyrysy halys alyp barýa diýip nalaýa... Swiridowkamyzda bolsa diňe garryja orta bilimli feldşer lukman bar. Ol meň başaryp biljek işimden çökder diýýä. Uçar bilen Wsewolod Karpowiç gelse welin diýýä... Ýalbarýan — Olgamyzyň janyny gutaryň! Ol biziň iň oňat toparça ýolbaşçymyz... Şu gün adamym ikimiz eýýäm uçar gonalgasynda-da bolduk — uçarman ilki gitmekden boýun towlady: ähli ýer syrgyn diýdi. Ýöne biz ony yrdyk... Ýogsa Olgamyzyň işi gaýdar, janyndan jyda düşer... Wsewolod Karpowiç garaşylmadyk ahwalatlary indi görmeli däl. Ol özüniň «hemişelik assistentine» gözüniň gytagyny aýlady — Walentina Kuzminiçna düşünýän terzde baş atdy. — Ýagşy — diýip, professor gaşyny gerdi. Swiridowkaňyza çenli näçe kilometr ýol aşmaly? Zenanyň göz-görtele keýpi göterildi, aglamakdan ýaňa gyzaran gözlerinde umyt uçgunlary göründi. — Şa ýoly bilen togsan bäş kilometr bolýa, uçar bilen welin näçeräk wagtda ýetýänini bilmedim. Uçup göremok. Siz hiç bir weçden ikirjiňlenmäň, obamyzyň adamlary ýaman gowudyr. O taýda sizi garşy alarlar... Uýam Olgaňam eli giň... — Bärde eli giňlik nirä gelip ýör?! — diýip, professor ganyny gyzdyrdy. — Daşary nähili? Gar syraýamy? — Nähili aýtsamkam? — diýip, nätanyş aljyraňňylyga düşdi. — Adamym otly sürýä — häzir ýolda. ...Domma, tutuksy ýaş uçarman professora beýle bir ýarap barmady. Howanyň ýagdaýy barada beren sowalyna diňe hüňürdäp oňaýdy: «Bu wagt tomus däl, häzir herki zat bolup biler». Ahyry uçdular. Wsewolod Karpowiç uçarmanyň arka tarapynda otyrdy. Gyş säheri hiç bir ýaramazlyk gopjak alamatyny duýduranokdy. Daýhan kepbelerinden tüsse burugsaýardy, ýollardaky käbir ýerlerde batyp galan ýük ulaglary görünýärdi, gyraw bilen örtülen tokaý agaçlary çap-çaldy. Uçaryň motory birsydyrgyn işläp barýardy, güýçli sesden ýaňa ürken towşanlar jarlardan dazlap çykýardy hem-de tokaýa tarap dyr-pytrak bolup gaçyp gidýärdi. Professor şuny gowy bilýärdi: olar bir sagada ýeter-ýetmez uçmalydy, operasiýa üçinem iki sagat töweregi gider. Iň esasy myhmanlary garşy almaga ýetişmek üçin wagtynda öýe dolanmalydy. Megerem, Ksenýa eýýäm ukudan oýanandyr, indem ejesidir kakasyndan demir ýol ulagynyň özüni haçan babasydyr mamasynyň ýanyna eltjegini soraýandyr. Wsewolod Karpowiç baba diýen belet derejä ýetmek üçin uzak, gaty uzak garaşmaly bolupdy. Beýewbar gyzydyr giýewsi razylyk beren bolsalar — onda ol Ksenýany hemişelik ýanyna alardy. Suratyndan çen tutsaň, agtyjagy özüne meňzäp durdy, giýewsiniň kakasy uruşda wepat bolansoň, ol Ksenýa üçin hem ata, hem baba ornunady. Wsewolod Karpowiç uçarmanyň bada-bat görüp ýetişen zadyny birbada saýgaryp ýetişmedi: günbatar tarapdan haýallyk bilen topbak-topbak ak bulutlar süýşüp gelýärdi. Häzir olar hiç hili howp salanokdy, ýöne agşama çenli nähili boljagynyň welin bellisi ýokdy. Wsewolod Karpowiç agtyjagy baradaky arzuwlara berlen mahaly, uçar aşaklap ugrady. — Siz işiňize juda ezber ekeniňiz! — diýip, professor ýere düşüp barýarka, keýpihon halda degişdi. — Ýöne gözüňizden görüp durun — aýdylyşy ýaly, keýpiňiz edil bäş-ä däl. — Tupan golaýlap gelýä — diýip, uçarman göwünli-göwünsiz madyrdady. Şu aralykda uçara tarap adamlar ylgaşlap geldi. Şolaryň arasynda iň saýlanyp durany — gerdenlek, gyzyl ýüzli kişi oňa elini uzatdy hem-de özüniň daýhan birleşiginiň arçynydygyny aýtdy. Has ýaşragy — Olganyň adamsy ýaýdanybrak salamlaşdy. Çagalar bularyň daşyny gallap aldylar, olar uçary synlaýardylar, elleşdirýärdiler, sypalaşdyrýardylar. — Bu goç ýigitlerem uçary gorar — diýip, arçyn çynlakaý görnüşe geçdi. — Bize alňasamak gerek. Barjak ýerimiz daş däl. Professor, ýokarda üşemediňiz gerek? ...Operasiýany gös-göni duran ýerinde etmeli boldy; oba feldşerem professora assistentlik etdi. Olga operasiýany mertlerçe geçirdi. Megerem, «professor» diýlen jadylaýjy söz oňa güýçdür sabyr-takat, çydam berendir. Operasiýa mahaly arçyn, uçarman hem-de öý eýesi aşhanada otyrdylar. Uçarman zol-zol aşhanadaky ýeke-täk äpişgeden daşaryny synlap durşuna perişan halda başyny ýaýkaýardy: syrgyn gopýardy. — Ine-de, sag-aman geçdi — diýip, Wsewolod Karpowiç aşhananyň gapysyny açyp durşuna şähdaçyklyk bilen gürledi. Feldşer onuň eline ýyljak suw akytdy. Professor ýüzi çytylyp giden uçarmana tarap ýeke saparam gözüni aýlamady. Şu aralykda arçyn nirädir bir ýerik ýitirim boldy. Hirurgyň gurallaryny çemedanjygyna salyşdyryp, özüniň assistentine hem-de Olganyň adamsyna nämedir bir zatlary maslahat berişdirip duran mahaly-da, dalanda arçynyň aýaklarynyň tarpyldysy eşidildi. Ol desserhanyň üstüne iýer-içer ýaly zatlary goýuşdyrdy. — Daşaryň ýagdaýy nähili? — diýip, uçarman ör turup sorady. — Gar bary syraýa... Dekabryň ahyrynda dagy nämä garaşjak? Hany, Mikola, çörek, dürtgüç, okara getirişdir bakaly... Professora hödür-kerem etmeseň bolmaz-a... Bärde restoranlardaky ýaly kaşaňlyg-a ýokdur welin, bizi bagyşlarsyňyz-da. Obamyzda täzelikde çaýhana açyldy: biz medeniýet boýunça birinji orna çykdyk... Gadyrdan myhmanlar, hany oturyň! Goý, indi biziň toparça ýolbaşçymyz rahatja ýatsyn hem-de tizräk gutulyp, aýaga galsyn — howp-hatarlaň bary sowuldy. Hormatly professor, biz size hormat hatyny ibereris. — Siziň hormat hatyňyz, hana, köçede galgap ýör — diýip, uçarman penjirä tarap ümledi. Ýüregiýuka, sada arçyn uçarmana özüçe düşündi. — Hawa, muň ýaly ýagdaýda bokurdagy ölleseň kem däl. Hany, adamlar, duz dadalyň! Biz üçin şu gijäň nähili bolanyny siz göz öňüne-de getirip bilen dälsiňiz. Obada ýekeje adamam çirim etmedi... Barysynyň gaýgysy Olga boldy. — Görýän welin, hakyky harasat gopjaga oguşýa — diýip, uçarman penjireden gözüni aýyrman durşuna gürledi. — Bialaç bärde galmaly bor-ow. Wsewolod Karpowiç, hatda ýerinden dikelip gitdi, şonda-da uçarmanyň sözlerini çynlakaý kabul etmedi. — Gadyrdan, henek etmeseňizläň! Howa nähili bolanlygynda-da, biz agşamara öýde bolaýmaly... Bu gün agtyjagym gelýä ahyry, ony entek ýeke saparam görmesem näme. Men şu taýdan paýu-pyýada gitmäge-de taýyn! Az-owlak duz-tagam datdylar. Uçarman başyny sallap otyrdy, onuň ýüzi gamgyndy. Arçyn muňa gülüp goýberdi: — Özüň-ä bir gerçek, görmegeý ýigit, şu bolşuňa-da gam laýyna çöküp otyrsyň! Täze ýyly biziňkide garşylanyň bilen döw çalasy ýok... Medeniýet köşgünde hakyky baýramçylyk gurnarys. Gadyrdan, öýli-işiklidigiňem soramandyryn — syratly, aý parçasy ýaly gyzlammyz bardyr, asyl serden çykanyňyzy-da aňşyrman galaýarsyňyz. Wsewolod Karpowiç, siziňem içiňiz gysmaz. Biziň adamlammyz gowudyr, şahandazdyr. Sizi iň hormatly ýerde oturdarys. Hirurg uçarmana howsala, alada bilen äňedýärdi, olam penjirä tarap ýüzüni öwrüp otyrdy, daşarda bolsa syrgyn turýardy. Gündiz sagat üçdi, ýöne iňrik garalan ýalydy. Ýel turbalaryň içine girip, zaryn şuwlaýardy, öýüň gabadyndaky agaçlar iňleýärdi. Professor ýüreginiň howsalaly jigläp gidenini duýdy: «Be, indi uçup bilmezmikäk? — diýip, ol içini hümledýärdi. — Biziň awiasiýamyzyň almajak galasy ýokdur ahyry». — Siz nätseňiz-şeýdiň — diýip, uçarman ýerinden dikeldi. — Meň-ä şeýle howada uçmaga hakym ýok. Häzir betbagtçylygyň üstünden barmak itiň aňsady. Hirurgy lapykeçlik gaplap aldy. Ol Täze ýyly Ksenýasyz, myhmansyz garşylamagy ýadyna-oýuna düşürip bilmeýärdi. — Han ogul, siz nähili bolsa-da, gaýrat ediň... — O nämäň «nähili bolsadasy» — diýip, uçarman professoryň sözüni kesdi. — Muň ýaly howada uçmag-a beýlede dursun, hatda öýden çykar ýaly däl-ä. Çoçgara çolaşyp bildik. Şu ýerde-de arçyn ýagdaýdan diňe özüniň çykalga tapyp biljekdigine düşündi. Ýöne nähili çykalga tapmaly? — Näme diýseňizläň? Obamyzdan bäş kilometrlikde uly ýol geçýä, şo taýdan ýörite awtobuslaram gatnaýa. Ýöne, ynhalykga, şo taýyk nädip aşmaly? Ýoluň ugrunda iki sany çuň jar bar, şolaň üstüni gar basanyna birjigem şübhelenemok... Ýene bir sowal ýüze çykýa: muň ýaly howada awtobus beri gatnaýamyka... Gepiň külesi, hany, şu ýerde oturyň, men häzir... Arçyn çykyp gidenden soň, uçarman indi özüne basalyk bolup bilmän ýaryldy: — Maňa garaşyp durlar... Göwreli aýalymam howsala düşer. Garazhaý, biz çykgynsyz halda galdyk... Muňam edil täze ýylyň öňüsyrasy bolşuny diýsene! Birsellem barysy sessiz-üýnsüz otyrdy. Professor näsagyň otagyna göz aýlady. Gelin rahat ýatyrdy: entek narkozyň güýji gitmändi. Daşarda syrgyn guduz açana dönüpdi — syrgyn gar topbaklaryny demine dolap, äpişgeleri kakýardy, üçekdäki garlary syryp-süpürýärdi. Syrgyn her edip-hesip edip, şäherlileri demir ýoldan alysdaky obada saklamagyň kül-külüne düşen ýalydy. Ulag gatnaýan uly ýoluňam olara nepiniň degjeginiň-degmejeginiň ujy iki däldi: munuň ýaly howada awtobuslaryň gatnamajagy-da köre hasady. Birdenkä öýüň ýanynda nähilidir bir ulagyň dartgynly tarryldysy eşidildi, şo pursadam kepbä üsti gardan gömlen arçyn kürsäp girdi. Ol telpeginiň garyny kakyşdyryp, şeýle diýdi: — Traktor bilen esasy ýola aşarsyňyz... Grisko biziň iň gowy traktorçymyz. Professor, ýörüň, onuň ýanyna mündürip goýbereýin... Ýöne şü öňüňizden çykjak jarlar-a meni ynjalykdan gaçyrýa. Uzyn sözüň gysgasy, ýöräň! Ine-de, Wsewolod Karpowiç ömründe birinji gezek traktoryň üstünde, hüžžük saçly, göwnaçyk Griskonyň ýanynda otyr. Görnüşinden çak ursaň, mehanizator öňýeten birini däl-de, eýsem, tutuş welaýatda tanalýan professory mündürip barýanyna begenýän borly. — Ýigrimi minutdan barjak ýerimize ýeteris! — diýip, Grisko ynamly gürläp, professory arkaýyn etdi. — Traktorym edil arlap duran şir kimindir... Jarlaram — bolgusyz bir zat. Arçyn biderek ýere howsala düşýä. Mundan beterräk ýagdaýlara-da uçrap görüpdik!.. Diýmek, siz onda diňe adamlary kesip-tikmek bilen meşgullanýaňyz-da? — Hawa, şoň bilenem meşgullanýan... Grisko birinji, ikinji jardan çalasynlyk, başarjaňlyk bilen geçip gitdi. Aram-aram traktor gar syrgynlaryna çümüp, batyp galaýjaga meňzeýärdi. Professoryň keýpine şeýlebir sogan dograldy welin, traktorçynyň näme gürleýäni-de onuň gulagyna ilenokdy. Grisko, herhal, professoryň nämedir bir zada myrryhynyň atlanýanyna düşündi-de, sesini tapba kesdi. Ahyry esasy ýola-da ýetdiler. — Häzirlikçe traktoryň içinde oturyň, men köçä çykyp, awtobusy garawullaýyn — muň ýaly gijede olaň gatnamazlyga haky ýok! — diýip, traktorçy janykdy. Ol elleridir aýaklary üşäp ugran hirurgyň uludan bir dem alanyny eşitmän galdy. Grisko ýola çykyp, ulaglaryň gelmeli tarapyna dykgat bilen seredip durşuna sägindi. Ne yşyk görünýä, ne-de ses gelýä! Birdenem duşundan üsti nähilidir bir gutulardan dykylyp doldurylan ýük maşyny geçip gitdi. Muňa göhi gelen traktorçy telpegini çykaryp gygyrdy: — Ýol açyk! Ýol açyk! Misli gap-garaňky güýz gijesindäki ýaly, hol alysda möjegiňki deýin goşa göz-yşyjak çalaja saýgartdy. Griskonyň begenjinden ýaňa ýüregi gürsüldäp gitdi: awtobus! Bir dakyka, ýene şonça wagt geçdi, ine-de, halasgär awtobus göründi. Traktorçy telpegini çykaryp, ony aldygyna galgatmaga durdy. Awtobus tas deňleşiberende Grisko bar şaňňy sesi bilen haýkyrdy: — Dur! Sürüji ulagy saklap, gapyjygyny açdy. Grisko ýeliň badyny zordan böwsüp, awtobusyň ýanyna geldi: — Dost jan, gaýrat et-de, bir adamy mündüräý-dä. — Ýer ýok. Men ony depämde oturdyp bilmen-ä — diýip, sürüji janagyryly gürledi. — Adam bolaý-da! Çynym bilen ýalbarýan! Haçanam bolsa birwagt meňňem saňa nepim deger... Ýolagçylaňňy dykalaşdyraý. — Onsuzam hyryn-dykyn — diýip, sürüji arkan gaýyşdy. Grisko şonda-da professory awtobusa münmäge tekge bermek üçin traktora tarap ýüwürdi. Ulagyň içi, hakykatdanam, urlup dykylan ýaly bolansoň, Wsewolod Karpowiç belli bir wagtyň dowamynda dik durup däl-de, eýsem, adamlaryň eginlerine direnip, asylyp gitmeli boldy. Ýöne bu dagam wiýçjik. Professor atanlykda gujagynda içi ýumurtgaly ullakan sebedi saklap oturan al ýaňak dolmuş gelniň aýagyny basdy. — Eý, ata! Bolşuň nähili — düýe ýaly... Saňa ýer ýok diýlipdi ahyry... Wsewolod Karpowiç ondan ötünç sorady. Haýsydyr bir çukanak ýerde awtobus gaty-gaty silkindi, ana, şonda biziň ýolagçymyz, deňagramlylygyny saklap bilmän, sebediň üstüne agram berdi. Ýasy ýüzli gelin jynssyz sesi bilen wägirdi: — Bu garry göhert ähli ýumurtgamy mynjyratdy! Professor çalt-çalt gürläp, ýene-de ötünç sorady. Öňden sürüjiniň gaharly sesi geldi: — Ýol hakyny uzadyň. Men size diýýän, goja! Wsewolod Karpowiç jübülerini sermeleşdirdi — ýöne gara şaýam çykmady. — Gaýtalaýan: täze münen ýolagçy, puluňyzy uzadyň! Professor aljyrady: jübüsinde it uwlap durka, sürüjä näme jogap berip bilsin?! Sürüji ulagy saklady, radiatoryň daşyndan aýlanyp, adamlaryň arasyndan sümüldi. — Hany, şol garaşylmadyk ýolagçy nirede? A-how, ýaşuly, näme bukulyp dursuňyz? Bildirtmän mugtuna gitjek bolduňyzmy? Öz bolşuňyzdan özüňiz utanaňzokmy? Adamlaryň derdinden gysaja salnan Wsewolod Karpowiçiň diline badak atylana döndi. — Iň soňky sapar soraýan — ýol hakyňyzy töleýäňizmi? Ýogsa-da, sizi meýdanyň orruk ortarasynda düşürýän. — Ana, şonda hakyky Aýazbaba bor — diýip, gujagy sebetli dolmuş gelin awusyny pürküp galdy. Professor müýnli görnüşde gözlerini gyrpyldatdy. — Ynanaýyň... nädeýin, şeýle bolupdyr-da, öýden pul götermän çykypdyryn... Mertebämden ant içýän, şähere baramyzsoň bereýin. Hatda jerime tölemäge-de taýýar. Sürüjiniň gahardan ýaňa gözleri ýaldyrap gitdi: — Puluny berjekmiş... Ýaşuly, aýdýanyňyz näme?! Men şäher baryny söküp, yzyňyzdan kowalaýyn ýöreýinmi? Birden öňümizden barlagçy çyksa nädeýin? Muň geýen possuny dagam tüweleme... başyndaky telpegiň bahasam-a bäri-bärde däl... Görüň-ä, bu çemeçini? Ýa-ha ýol hakyňy töle, ýa-da düş! — Awtobusy saklamaň, ýogsa gijä galýas — diýip, gujagy düwünçeklerden doly sakgallak pyýada ýognas ses bilen gaharly gürledi. Birdenkä-de egni könelişen possunly bir adam oňa bir rubl uzatdy-da, şeýle diýdi: — Ýol hakyňyzy töläň-de... meň ýerime geçip oturaýyň. Awtobus ýerinden gozgandy. Gözleri bilen özüniň halasgärini tapan hirurg oňa minnetdarlyk bildirmek isledi. Ikisiniň nazary sataşdy. Nätanyş öňe omzady; birdenem onuň gözleri geň galmakdan ýaňa mölerip gitdi. — Hany, duruň-duruň... ýogsa-da, siz professor Poloz-a dälsiňiz-dä hernä? Adyňyzam ýadyma saljak bolup göreýin... adyňyz nämed-ä? Wsewolod... Wsewolod... Karpowiçmidi? — Hawa. Nätanyş kükregi bilen dem alyp gürledi. — Adamlar, eşidýäňizmi?! Siz tanaýaňyzmy beri... a-how, muň kimdigini bilýäňizmi? Ýüzüne seretdim-seretdim-de, ýalňyşandyryn öýtdüm... Bul-a biziň meşhur hirurgymyz — professor Poloz! Siz meni Wsewolod Karpowiç, on ýyl mundan ozal operasiýa edipdiňiz? Ýadyňyza düşýämi? Siz şonda maňa şeýle diýipdiňiz... «Gadyrdan, siziňki aňrybaş ingi... Bolsa-da, öte çydamly näsag ekeniňiz! Urşa gatnaşanyňyz görnüp dur!». Ýolagçylar göz-görtele aljyradylar, uýaldylar. Diňe etli-ganly gelin: «Bu ýaşuly ýolagçy kim bolanda-da maňa bütinleý parhy ýok» diýen terzde, biperwaýlyk bilen gaşlaryny çytyp, seňrigini ýygyrdy. Oleksa NOSENKO, ukrain ýazyjysy Rus dilinden terjime eden Çary GELDIMYRADOW. | |
|
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |