01:03 Teatr tankydy we durgunlylyk | |
TEATR TANKYDY WE DURGUNLYLYK
Teatr we kino sungaty
SSKP-niň XXVII gurultaýy teatr işgärleriniň öňünde ähli zady täzeçe gurmaklygyň giň ýoluny açdy. Gurultaýdan soň, teatr işgärleriniň uçreditel gurultaýy bolup, SSSR teatr işgärleriniň Soýuzy döredildi. Bu bolsa, biziň respublikamyzyň teatrlarynyň öňünde hem uly we jogapkärli wezipeleri goýdy. Öňde goýulan bu wezipelerden ugur alyp, Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatry P.Tagoryň “Gang gyzy” , A.Çihahdzäniň “Çynar manifesti”, D.Baýlyýewiň “Petigara” spektakyllaryny tomaşaça hödürledi. Şeýle hem B.Amanowyň “Mollanepes” spektakylynyň täzeçe dramaturgik çözgüdiniň üstünde işlenilip tomaşaça ýetirildi. A.Gulmämmedow adyndaky ýaş tomaşaçylar teatry Nobatguly Rejebowyň “Gedaý bagşy” , A.Wolodiniň “Suwulgan” spektakllary sahna çykardy. Şeýle-de bolsa, täzeden gurmak programmasynyň amala aşyrylýan döwri respublikamyzyň teatrlarynyň sahnalaryna çykarylan spektakllaryň hiç biriniňem aňrybaş derejä ýetip bilmändigini bellemeklik adalatlylyk bolsa gerek. Ine, şu ýerdenem "näme üçin?" diýen sorag gelip çykýar. Bu soraga her kim bir hili düşündiriş berýär. Biri ýagdaýy gowşak repertuaryň üstüne atýar. Beýlekisi bolsa, režisýordyr aktýorlaryň üstüne. Ýene biri bolsa, tomaşaçy taýýar däl diýip: - Spektakl örän inçe goýulan, filosofiki dünýewi pikir öwürmeler biçak çuňňur gizlenen, her sahnanyň, her görnüşiň ummasyz köp manysy bar. Wah, bu zatlara düşünseň seredip aglap oturmaly-la diýibem üstüni ýetirýär. Teatrlarymyzyň gowşak spektakllary sahna çykarmagynda günä köp zadyň üstüne atylsa-da, nämeüçindir şu gün teatr tankydynyň örän gowşakdygy barada gürrüň edilenok. Gürrüň ediläýse-de haýsydyr bir kiçijik çäginden çykman galýar. Soňky ýyllarda dünýä we sowet klassiki eserleri türkmen sahnasynda örän ujypsyzja orny tutýar. Mundan on- on bäş ýyl ozalky teatry dolduryp oturan tomaşaçyny özüne çeken türkmen klassiki sahna eserleri barada-ha gürrüň edip oturmalam däl. Şu zatlary pikir edip oturşyňa! “Eger on-on bäş ýyl ozal teatrlarymyz öz spektakllary bilen şöhrat gazanan bolsa, bu gün şol teatrlaryň işiginden tomaşaçyny ertmek nämeüçindir hillallakan?” –diýip, öz-özüňe sorag berýärsiň. Belki-de şol döwürde sahna ussatlaryna ýardam eden teatr tankydy bu gün öz ýörelgesini ýitirip ýörendir. “Sowetskaýa kultura” gazetiniň golaýdaky çykan sanlarynyň birinde sungaty öwrenşi ylymlarynyň doktory, professor Ý.Dmitrew, kübir respublikalarda sungat öwrenşi ylmynyň gowşakdygy, hat-da Azerbaýjan, Gazagystan, Moldawiýa, Gyrgyzystan ýaly respublikalarda, şeýle hem biziň respublikamyzda teatr bilen iş salyşýan ylymlaryň doktarynyň ýekejesiniňem ýokdugyny belledi. espublikamyzda sahna ussatlarymyza ýol salgy beräýjek ýekeje ylymlaryň doktorynyň ýoklugy gynançly zat. Gynansak nädeli?. Bu soraga respublikamyzyň degişli guramalary jogap beräýmese, başga jogap berjek tapylmasa gerek. Teatr babatda kesgitli bir zat aýdyp bilýän adamyň ýoklugyndan peýdalanýan käbirleri “degse bäş, degmese ýigrimi bäş” edip, her spektakla tomaşa edenden soň, şol spektakly gyzyla gaplaýmaly ýaly derejä ýetirip ýazýar. Sahna çykarylan spektakllaryň gowy ýerine gowy, kemter ýerine kemter diýilmänsoň spektakllaryň üstünde täzeden işlenilmän durgunlylyk häsiýetine eýe bolýar. Hat-da sahna çykarylandaky durkunam ýitirýär. Sebäbi, artykmaä öwgüler režisýorda-da, aktýorda-da spektaklyň dokuzy düzüw diýen ynamy döredýär. Eger-de, biz wagtynda teatr babatda öz dogry sözümizi aýtmagy başaran bolsak, respublikamyzda “Ministrlik dramasy” döremezdi. Şu ýerde Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň golaýda sahna çykaran “Çynar manifesti” spektakylyna tomaşa edenden soň, baha kesen adamlaryň ýazan käbir zatlaryna ýüzlenmekçi. Ejegyz Çaryýewa: -Pýesanyň baş gahrymany Badry Lomidzäniň obrazyny döretmegi režisýor ýaş artist Begmyrat Gylyjowa ynanypdyr. Ol, adamlardan öýke-kinesiz, päk ýürekli, özüne ynamly, batyrgaý, prinsipial kolhoz başlygynyň, şunuň bilen birlikde-de entek oglanjyk häsiýetlerinden saplanmadyk ýaş ýigidiň obrazyny döredipdir. Spektaklyň başynda ýaňy on sekiz ýaşyny dolduran Lomidzäniň “biziň kolhozymyzyň başlygyny işinden aýyrjakmyşyňyz ahyry, meni şoňa derek başlyk saýlaň” diýmegi raýkomyň sekretary üçinem, tomaşaçy üçinem geň görünýär... (Edebiýat we sungat, 1987-nji ýylyň 27-nji marty). Awtoryň şeýle sözler bilen başlanýan “Çynar manifesti” barasyndaky ýazgysy pýesanyň şu günüň wajyp meselelerini gozgaýanlygyndan söhbet açyp, eseriň mazmunyny we rollaryň oňat ýerine ýetirilişini gürrüň bermekden ybarat. Eýsem, teatryň baş režisýory Durdymämmet Oraýew tarpyndan sahna çykarylan bu spektakl ähli kemçiliklerden, bärden gaýtmalardan düýpgöter sapmykan? Ýok. Sap däl. Spektaklda kemçiliklerem, bärden gaýtmalaram bar. Iň bärkisi sahna bezegi bilen şol sahna bezeginiň astynda çözülýän mesele biri-birine çapraz gelýär. Bu göräýmäge ýönekeýje zat. Şol ýönekeýje zat bolsa-da spektakl üçin uly kemçilik. “Çynar manifestinde” hiç hili kemçiligi, bärden gaýtmalary görüp bilmedik, makalanyň awtory E.Çaryýewa şol teatryň režisýory A.Kömekow tarapyndan sahna çykarylan D.Baýlyýewiň “Petigarasynda” welin görüp bilipdir. -Awtor şu eseriň üstünde işlände tomaşaça näme bermegi maksat edindikä. Diňe tomaşaçyny güldürmegi maksat edindimikä? Eger şeýle bolsa, awtor maksadyna ýetipdir. Spektaklyň gidişinde tomaşaçylar uly şowhun bilen gülüşýärler. Ýöne, teatryň maksady tomaşaçylary güldürmek däl-de, adamy terbiýelemek bolup durýar. N.W.Gogolyň aýdyşy ýaly, teatr beýik mekdepdir, onuň wezipesi biçak uludyr. Ol birbada giden märekä janly sapak okalýan kafedradyr. Bu ýerde gözüňi deşip barýan yşk, göçgünli saz birleşip çykýan gülki hiç bir nogsanlyga gizlenmäge maý berenok. Bu ýerde tanyş, pynhan belent duýgy köpüň gatnaşmagy bilen ile äşgär edilýär. Teatr hiç bir jähetden bihuda wagt geçirilýän ýer däldir. Ol, adamzadyň kalbyna köp-köp ýagşy niýetler siňdirmäge uçursyz köp mümkinçilik berýän kafedradyr. N.W.Gogolyň pikirini özüne tutaryk eden awtor “Çynar manifestinde” birneme garan bolsa, şu teatr möwsüminde şowly çykan bu spektaklyň has-da taplanmagyna ýardam ederdi. Biz bu ýerde makalanyň awtorynyň üstüne “Çynar manifestindäki” kemçilikleri bellik edmänsiň diýip sürünemizok. Belki-de awtoryň spektakl barada öz tutýan pozisiýasy bardyr. Esasy bellemekçi bolýan zadymyz respublikamyzdaky teatr tankydynyň diňe öwgüli, mahabatly sözlerden, şol öwgüleriň, mahabatlaryň teatrymyzyň sahna ussatlaryny eýikdirmän, uzak wagtyň dowamynda durgynlylykdan çykarman gelýändiginden ybarat. “Sowet Türkmenistany” gazetiniň 22-nji martyndaky sanynda “Döredijilik gözleginiň ýolunda” atly makala peýda boldy. Makalanyň awtory sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Jumadurdy Saryýew. Awtor makalanyň başynda ýurdumyzda dowam edip gelen negatiw ýagdaýlar we şol negatiw ýagdaýlaryň teatrymyza ýetiren zyýany barada gürrüň gozgoýarda “Çynar manifestine” geçýär. ...Teatryň sahnasynda “Çynar manifesti” ýaly sahna medeniýetli ýokary spektaklyň peýda bolmagy bizi has-da begendirdi. “Çynar manifesti” diýen pýesanyň esasy gymmaty biziň jemgyýetimizde ýüze çykan näsazlyklaryň düýp sebäplerine onuň çuň aralaşanlygyndadyr, hakykata dogry garap, halk bilen aç-açan gürrüň edip, il-gün üçin peýdaly işiň bähbitlerini bar zatdan ýokary tutmak, ýaş kadrlara ynanmak ýaly ideýalaryň aýgytly öňe sürülýänligindendir... Şu sözlerden soň, makalada spektaklyň umumy mazmunyny gürrüň bermek, aktýorlaryň obraz döredişlerini, hudožnigiň, grimçiniň işlerinio şol bir öwrenişip giden öwgüli sözlerimiz bilen öwmeklik dowam etdirilýär. Dogrusy, spektaklyň örän köp tomaşaçynyň göwnünden turandygy hak. Şeýlede bolsa, ýokarda belläp geçişimiz ýaly spektaklyň gowy ýerine gowy, kemter ýerine kemter diýmegimiz gerek. Muny izden döwür talap edýär. Eger şeýle diýmegi başarmasak, onda J.Saryýewiň makalasynyň başynda belläp geçen negatiw ýagdaýlar baradaky aýdan zatlary dowam etmezmi? Eder. Sebäbi, bizi öň şeýle ýagdaýa salan şol gerekmejek öwgüler dälmi. J.Saryýewiň makalasyny okamaga başlan okyjy, has takygy “Çynar manifestiniň” režisýorydyr, obrazlary döreden aktýorlary alymdan diňe öwgüli sözlere däl-de, eýsem haýsydyr bir özleriniň işine ýardam beräýjek maslahatada garaşandyrlar. Şeýle maslahat makalada ýok. Türkmen telwideniýesiniň “Teatr teležurnalynyň” “Çynar manifesti” barada söhbet açýan sanynda çykyş etmek üçin filologiýa ylymlarynyň kandidaty Şamuhammet Halmuhammedowyň taýýarlan ýazgysyndan: -Adatça, men haýsydyr bir spektakl hakynda pikir ýöredenimde, oňa teatr sungatynyň spesialisti hökmünde çemeleşmeklige töwekgellik etmeýärin. Bu asla tötänden däl. Birinjiden-ä, men edebiýatçy, has takygy folklorçy. Şoňa görä-de, islendik spektaklyň edebi materialy, şol materialyň çeper beýany, onyň durmuşylygy, täzelikçi häsiýeti, meni gaty gyzyklandyrýar. Onuň sahna çykarylyşy, režussura sungatynyň ösen talantlaryna laýyl ýerine ýetirilişi şonda aktýorlar ansamblynyň ýerbe-ýerdigi hem sazlaşygy meselesinde bolsa, men özümi diňe adaty tomaşaçy hökmünde duýýaryn. Bu hem ikinji sebäp... Turuwbaşdan Ş.Halmuhammedowyň telewideniýe üçin taýýarlan ýazgysyndan köp zada garaşýarsyň. Emma bu ýerde-de spektaklyň mazmuny, eseriň şu günki tutýan orny, aktýorlaryň obrazlary döredişleri baradaky şol bir umumy öwgülerden başga zat ýok. Ýogsam, alymlar J.Sarýewem, Ş.Halmuhammedowam spektaklyň kämil ýeri bilen jüpüne düşmedik ýerleriniň araçägini açyp biljek. Zehinli režisýorumyz D.Oraýewiň “Çynar manifestini” obýekt edip almagymyzyň öz sebäbi bar. “Düýäniň ulusy taýak iýer”- diýenlerinden ugur aldyk. Golaýda, Merkezi telewideniýäniň teatrlar bilen iş salyşýan wekili Natalýa Aleksandrowna Felinskaýa bilen Beýik Oktýabr rewolýusiýasynyň 70 ýyllygyna bagyşlap, Merkezi telewideniýede görkezip bolaýjak üç sany öňden oýnalyp gelýän spektakla tomaşa edtdik. Şol spektakllaryň biri dramaturg Baýram Abdyllaýewiň “Başlyk” pýesasy esasynda goýulan spektakl. Temasy boýunça A.Çihandzäniň “Çynar manifesti” pýesasyna golaý B.Abdyllaýewiň Başlygynyň gyzykly ýagdaýdadygyna göz ýetirdik. Ilki sahna çykarylanda birneme öwgüsi ýetirilen “Başlyk” bu gün dürli hokgalaryň üsti bilen tomaşaçy ýygnamaga çalyşýar. Spektaklda General lakamy bilen hereket edýän artist Nurmyrat Annamyradow barmagyny çommaldandan-dan onuň bile ogurlyk edýän ülpetleriniň rollaryny ýerine ýetirýän Nurmuhammet Keşikow bilen Agamyrat Amanmyradow sandyraşyp, uly gykylyk turuzyşyp, wägirişip sahnada iki baka ylgaşýarlar. Ine, spektakly görmäge gelen 40-50 sany tomaşaçynyň gülmegine sebäp bolan zat. Bu ýerde tomaşaçyny spektakldaky komiki obrazlar güldürenok-da iki sany äpet pyýadanyň sahnanyň o çetinden bu çetine gowuşgynsyz hereket edip ylgamasy. Olaryň çenden aşa ýasama hereketleri tomaşaçyny gülmäge mejbur edýär. Has dogrusy, tomaşaçy şol artistleriň üstünden gülýär. Spektakla tomaşa edip oturşyma ýaş tomaşaçylar teatrynyň baş režisýory Kakajan Aşyrowyň: -Tomaşaçyny teatra kän çekip bildigiň öz talantyňy subut etdigiňdir öýdüp. spektakllarda her hili hokgalar çykaryp başlaýarys. Juda çökder usullaram ulanyberýäris. Spektakl ýasap bilseň görjek tapylýa-la diýişip alyslara göz diken bolup gürleýäris- diýip, täze teatr möwsümi başlaýan döwürlerindäki aýdan sözleri ýadyma düşdi. Režisýor K.Aşyrow mamla. Sebäbi, respublikamyzyň ähli teatrlarynda tomaşaçyny ýerlikli-ýerliksiz güldürip bilseler oňat spektakly sahna çykarandyrys öýüdýärler. Spektakl gutaran dessine öz spektaklyna tomaşa etmäge gelen dramaturg B.Abdyllaýew bilen duşuşdyk. B.Abdyllaýew öz “Başlygynyň” sahnadaky oýnalyşyndan närazydygyny aýtdy. Şondan soň, spektakly sahnada goýan režisýor K.Aşyrow bilen duşuşmaklyk miýesser etdi. K.Aşyrow: -Dogrusy, “Başlygyň” şu günki ýagdaýy meni gynandyrman duranok. “Başlygy” men sahnada goýdum. Soň spektaklyň üstünde işlemäge mümkinçilik bolmady. Meni başga teatra işe geçirdiler. Spektakly sahna çykaramda belli-belli aktýorlary göz öňünde tutupdym. Emma, häzir şol aktýorlaryň birnäçesi çalşyrylypdyr. Menden soň, üstünde işlenmedik spektakly tomaşaça hödürlemek nämä gerek boldukan? diýip, olam nägiledigini bildirdi. Ine, teatr tankydymyz gerek ýerinde dymýar, gerekmejek ýerinde bolsa, ýokary perdeden gopýan öwgüli sözleri gysganman ýagdyrýar. “Başlyk” spektakly mazmyn taýdan şu günüň talabyny ödeýän bolsa, özlerini teatryň janköýeri hasaplaýan teatr teatr tankytçylary nämeüçindir spektaklyň “gözgyny” ýagdaýy barada söhbet açanok. Eger-de, hoşniýetli teatr tankydy “Başlyk” we beýleki sahna çykarylan spektakllara eserdeňlik bilen garap sahna ussatlarymyza özleriniň ýardam beriji kömeklerini gysganmadyk bolsady, türkmen teatr tomaşaçysyna “gözgyny” haldaky şikesli spektakllar hödürlenmezdi. Merhum tankytçymyz Abdylla Myradowdan soň, teatr tankydymyz eýikmedi diýsek ýalňyşmasak gerek. Ýogsam, A.Myradowdan soň, teatr tankydymyzy dowam etdirip biläýjek adamlar ýogam däl. Begi Suhanow, Amangeldi Annaýew, Baýram Abdyllaýew, Hudaýberdi Bäşimow, Jumadurdy Saryýew, Çary Gullaýew dagy teatryň diline düşýän adamlar ahyryn. Bularyň ählisi-de, her bir sahna çykarylan spektakly çigit çigitlän ýaly edip biljek we teatr babatynda dürli meseleleri orta atmaga ukyply adamlar. Sözümiziň ahyrynda ýurdumyzda ähli zadyň täzeden gurulýan döwründe türkmen sahna ussatlaryna ýardam berjek teatr tankydymyzyň örboýuna galjakdygyna umyt baglaýarys. Annameret DURDYMÄMMEDOW, “Teatr” telewizion žurnalynyň redaktory. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |