08:48 Tolkunlar / hekaýa | |
TOLKUNLAR
Hekaýalar
Ol wagtlar men on-on iki ýaşlarymdadym. Kakam derýadaky ýol görkeziji ýüzgüçleri barlaýjy hem-de maýaklary ýakyjy bolup işleýärdi. Öýümizem derýadan uzakda däldi. Kakam garaňky gatlyşdygy derýadaky maýaklary ýakyp gaýdardy. Gijesi bilenem olara gözegçilik edip, daň atanda öçürip, öýe gelerdi. Kakamyň ýeke perzendi bolsam-da, ol meni läliksiretmeýärdi. Ol agras, dymma adamlaryň hilindendi. Hemişe içini hümleder ýörerdi. Ejem welin onuň bütinleýin tersinedi. Alçakdy. Men irden turan badyma goýun-guzularymyzy derýa bilen aralykdaky buýanlyga kowardym-da, ejemiň taýýarlap goýan süýdi bilen çöregini iýip, okuwa giderdim. Gün günortadan agandan soň mekdepden gaýdyp gelerdim. Kakam nahara gaýdanda, ýol ugruna mallary hem sürüp gaýdardy. Menem öýlän salkyn kitaplarymy ýanyma alyp, ýene-de mallary bakmaga giderdim. Şeýdip, şol biri-birine çalymdaş günler geçer durardy. Bir gün okuwdan gelip, çaý-nahar edindim-de, mallary derýanyň boýuna sürdüm. Şol gün derýanyň bolşy üýtgeşikdi. Tolkunlar çyrpynyp-çyrpynyp, kenara urulýardy. Kakamyň maýaklary ýakmak üçin gün ýaşmanka gidişidi. Ýel güýçlendigi saýy tolkunlaryň güwwüldisi artýardy. Bütin gije gulagym derýa tarapda boldy. Tolkunlar elhenç güwwüldäp, ýüregimi gobsundyrýardy. Maýaklar bolsa bir ýanyp, bir sönýärdi. Belki, kakam güýçli ýel zerarly, sönen maýaklary ýakyp ýetişýän däldir. Ýöne kakam gaty ýadadymy-nämemi, soňabaka maýaklaryň ýanmasy düýbünden kesildi. Derýadaky ýük çekýän gämiler uly howsala bilen zoguny çalşyp başladylar. Men ýeliň şuwwuldysyna, derýadaky tolkunlaryň güwwüldisine, gämileriň zoguna howsala bilen diň salyp ýatyşyma daňa golaý irkilipdirin. Turan badyma derýa tarap ylgadym. Agşamky bolup geçen zatlary görenimde, haýran galmakdan ýaňa içimi çekdim. Derýa daşyp, biziň öýümiziň gapdalyndaky gaçydan agaýyn-agaýyn diýip durdy. Kakamdan bolsa soňra derek bolmady. Onuň şol agşamky maýaklary ýakmaga gidişidi. Şondan bäri men her gün derýanyň kenaryna barýan-da, tolkunlary synlaýaryn. Ozallar tolkunlaryň güwwüldisini eşitsem, bar gaýgym zym-zyýat bolup, göwnüm göterilýärdi. Indi welin aýagyma degip gidýän tolkunjyklar inimi tikenekledip, ýüregime howsala salýardy. Göwnüme bolmasa, tolkunlar dil açyp, gepläberjek ýalydy. Dogrudanam bu dilsiz-agyzsyz tolkunlar maňa bir zat aýtmak isleýän ýalydylar... Ynha bu gün hem men şol endigime görä oguljygymy alyp, derýanyň kenaryna çykdym. Şol öňki ýerler. Ýöne derýa kenaryny oburyp, esli bäri süýşüpdir. Bir wagtlar nebit guýlup ýakylýan maýaklar hem indi awtomatlaşdyrylypdyr. Birdenem däli derýa güwläp, tolkunlar çyrpynyp ugrady. Bu meniňem kalbymda harasat döretdi. Men howsala bilen derýanyň girdabyna, ondanam aňryk, suw bilen, asmany birleşdirýän gözýetime howsala bilen nazarymy aýladym. Tolkunlaryň güwwüldisine diň salyp, böwrümi diňledim. Göwnüme bolmasa, derýanyň düýbünden kakamyň sesi gelýän ýaly bolup duýuldy. «Oglum, sen meni gözleýäňmi? Men bä-ärde-e!» Birdenem kakam tolkunlaryň üsti bilen ýöräp bärligine gelýän ýaly boldy. Birdenem bu zatlaryň bary gaýyp boldy-da, meni tükeniksiz gaýgy basdy. Gözümden ýaşymyň syrygýanyny duýmandyryn. Oglumyň gözlerini tegeläp, ýüzüme gorkuly seredip duranyny görüp özüme geldim. Men jübimden elýaglygymy çykardym-da, ýüzümi syldym. Oguljygymy buýraja saçlaryny oýnap durşuma aşyrym-aşyrym gelýän tolkunlara syn edip butnaman durdum. Atajan ORAZMYRADOW. | |
|
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |