22:27 Towukly palaw / gülküli hekaýa | |
TOWUKLY PALAW
Satiriki hekaýalar
Ýetimligiň dagyny çekip, şäheriň gündogar çetindäki köp gatly binalaryň ikinji gatyndaky atam-enemden galan iki otaglyja jaýymda güzeranymy dolandyryp ýören günlerimdi. «Oglum, biziňem agtyk söýesimiz gelýär» diýip, başymy sypalajak ata-ene hany?! Beýle ýagdaýda, elbetde, ýaşyň-a ýigrimi bäşden bir geçer, bardy-geldi, öýlenmegiň küýüne-de düşdüň diýeli, hany seni söýjek gyz? Üstesine, maňlaýyma möhürlenen ýygra häsiýetimem ýörän ýolumda büdredip dur-a meni. Günleriň birinde bile işleýän, ozal iýen naharymyz, içen suwumyz aýra gitmese-de, öýlenip, çaga-çugaly bolan, dostlarym Çarydyr Sähet meniňem daşyma geçdiler. Şunça jowransalaram, menden belli bir jogap alyp bilmänsoňlar, başga ýol tutdular, Çarynyň aýal doganyndan kömek soradylar. Özleri maslahat edip, illäp-günläp, meniňem aýagymy duşadylar. Ýekeligiň ysy çykyp giden otaglarym gelşigine geläýdi. Elinden dür dökülýän gelnimi bary-ýogy iki-üç gezek gürleşip görüp öýlenen bolsam-da, toýdan soňky iki aý birek-birege mährimiz artyp, söýgimiz güýjäberdi. Öňki köýneklerini tikdirýän müşderileri ony bu ýerdenem çalt tapyp aldylar. Hatda meniň goňşy-golamlarymam: «Mergen, şu töwerege egniňe geýen köýnegiňi şapyladaýyn bir tikinçi ýetmän durdy. Öňräk öýlenäýseň bolmaýarmy?» diýşen bolup, maňa deg- ýärdiler. Kämahal öz gelnejem ýaly bolup giden, elmydama ýetmezimi ýetirip, bitmezimi bitiregen, edil gapdal goňşym Ogulsenem gelnejemden başga aýal-gyz ugrundan aýak sekýän ýok ýöntemje öýümden bolsa, haçan görseň, birden- ikiden gelin-gyzlaryň girip-çykyp barşam adata aýlanaýdy. Elbetde, Ogulsenem gelnejemi köpräk azara goýýandyryn-da, öýlenenimemi ýa tikinçi gelin alanymamy, hemmeden hem ol köp begendi. Günleriň birinde agşamky nobatçylykdan çykyp, «gözlerini ýoluma çyrag eden» gözelimiň ýanyna çaltrak ýetäýsem diýip, şemala per bermän duran ýelginli göwnüme basalyk berip durkam, bir ýerden «meni bagtly eden» dostlarym peýda boldular. — O-ho-ow! Çary jan! Mergen-ä tüýs «mergene» öwrüläýipdir. Duzak gurup, aňsatjak tapyp beren awumyza nyşana- ny dogry urdy-da, gözümizden gaýyp bolaýdy-da. Dur, salamlaşaly diýmesek, indi bizi görenogam şul-a! – diýip, diliniň gijemesine bäs gelip bilmän duran Sähet meni görüp, aşygy alçy gopan ýaly boldy. «Jaý ýerinden urdummy?» diýen manyda Çara äňetdi. — Beýdip, sypyb-a bilmersiň bizden, dost jan! — diýip, Çarynyňam meni syp- dyrasy gelenok. Menem baş bermejekden. — Ozal öýlenmänkäňiz-ä meniň düşegimden turmany bileňzokdyňyz. Soň «saçly mollaňyz» dogaňyzy tapyp okadymy, nätdimi, size öwrenişen gulaklarymy gapynyň jygyldysyna zar etdiňiz. Öz-özüm bilen gepleşýän günlerime «jan ýalyjak» diwarlarym şaýat. Edeniňi görkezýän dünýädir bu, bilseňiz! Indi sizem meni günüme goýsaňyz, gowy bolardy. Öýüme howlugýan – diýen bolup, dostlarymyň özlerine per bermezligiň alajyny gözleýän. — Ýok, beýdip aňsatjak syparyn öýtme, Mergen han! — diýip, olar duran ýerinde geňeşiň donuny biçdiler. — Şu gün taýýarlygyň bilen bol, gowusy, dost jan! Gelniň elinden bugarypjyk duran towukly palaw iýesimiz gelýär. Äl-aýt, ýöne ýadyňda bolsun! Özüň öňkiň ýaly öz elleriň bilen bişirip- jik «tagamsyzja palawyňy» öňümizde goýaýmagyn. Biz şol «öňküjelerimiz» bolup bararys. Bilýäň-ä, seniň eliň tagamyny duýarys ýöne — diýip, olar bir görsem, çynyrgadýarlar. — Arkaýyn baryberiň. Iýjegiňiz palaw bolsun! — diýip, gaýşaran boldumam weli, şol mahal böwrüme galpyldy aralaşdy. Galpyldynyň sebäbi özüme aýan. Görmegeýje, hiç bir kemi ýok, ellerin- den nepis köýnekleri biçip-tikip çykarýan, dillerinden söz däl-de, nagt bal dökülýän gözelimiň bary-ýogy birje aýyby bar-da. Sallahlygyň derdini näçe wagt bäri gerdenimde göterip ýö- remsoň, nahar-şora ökdeläp gidipdim. Gelnimiň elinden süýji tagamlar iýjek kişi bolmamam başa barmady, toýdan bir hepde geçip-geçmän, onuň süýji nahar bişirişiniň ugrunyň ýokdugyny bildimem weli... Soňam köýnek tikip, başagaý bolup oturyşyna, haçan içim gorlup, öýe baranymda: «Ezizim, elim halys boşamady-da», «Men bişiren tagamymyň seniňkiden pesliginden utalýan»... Garaz, gara gözlerini balkyl- dadypjyk, ýüzüme bakyp, şeýle sözleri aýdýar weli, menem nädip aşhana tarap ýumluganymy bilmän galýan. Ýüzugruma bazara girip, gerekli zatlary alyşdyryp, öýe barýarkam, dostlarymyň ujuny çyna diräp, suňşuran sözleri birdenkä serime çabga kimin indi. «Gelnim bişirdi diýen bolup, özüňjik edäýmegin. Ýeriňden tursaň, bilibergin, egniňden basarys». Bütin endam-janymy elimdäki ýükdenmi, ýürekdäki howsaladanmy, şagga-şagga derledip, öýe aşanymda, gelnim eýýäm ýeňňe-baldyz ýaly jyny jyňkyryşyp ýetişen Ogulsenem gelnejemi ugratmak üçin içki işige ýeten eken. — Ýigide seret, ýigide — diýip, ullakan gözlerini güldüren Ogulsenem gelnejem meni şerebelije sözler bilen duzlady. — Iýjek çöregiňi getirmäge ýaltanýardyň-la, Mergen jan! Baý-baý, torbalyja köp gatnarsyň häli, Aşyr agaňa meňzäp. Şeýtgin, Bossan jan, boýunturuklama- saň, hezil berýän däldir bular. Menem içimdäki ala-zenzele pikirler- den saplanjak bolup, Ogulsenem gelnejeme degişdim: — Weý, weý, jan gelneje! Mundan öň-ä bizlikdiň weli... O tanapdan bu tanapa bökmegem Aşyr agamdan aňsatjak özleşdirip alypsyň öýdýän. Gahary geliberse, derrew «seniňki dogry» diýip oturyberýän ýanýoldaşynyň gylygyna belet goňşy gelnejem hezil edinip güldi: — Ömrümde geýmedik owadan biçüwli köýnekler öwretdi, Mergen jan, köýnekler. Onsoňam, han ogul, bu ýerde uzak ýaşajak bolsaň, özleşdiriljek zat köp bolar entejik — diýip, ol henizem gara der bolup, torbalary göterip durşuma dözmän: «Elindäkileri al!» diýen terzde gelnime yşarat etdi-de, gitmek bilen boldy. «Munça zat näme?» diýen garaýyşly soraglara bir demde bolan wakalary aýtmak bilen jogap berdim. Şadyýan nazarlaryna howsala aralaşan gelnim hemişeki bal gatylan sözlerini açyljak bägüle çalymdaş pökgüje dodaklarynyň aňyrsynda gizledi-de, zatlary ýerleşdirmek bilen boldy. Öý eşiklerine geçip, arkaýynlaşyp, ýaňy telewizoryň öňünde goşa ýassygy tirseklän wagtym, eli kepgirli gelnim gaşymda peýda boldy: — Şeýle şertim bar: sen menden hiç zat soramaýaň. Oňa derek men seniň dostlaryňy şeýle süýji tagamlar, towukly palaw bilen hezzetlärin weli, şol wagt gulagyny kesselerem duýmaz ýaly etjek bolaryn. Sen bolsaň, olaryň aýdyşy ýaly, ýeriňdenem turmagyn. Syrlyja balkyldaýan garamyk gözler «seni ýüňsakal etmerin» diýýäne çalymdaş, özümden biygtyýar başymy atdym. Gijesi bilen dikaýak üstünde ukusyz geçirilen iş günüm, soň bazar söwdasy, lütüm çykansoň, nädip uklap galanymam bilmändirin. Tursam, eýýäm Gün ýagşy aşaklapdyr. Ilki bilen burnuma süýji tagamlaryň ysy urdy. Beýleki otaga geçdim. Gözlerime ynanmadym. Horaşaja otagym şeýle bir bezelipdir, edil kürte atynan täze gelin ýaly. Giňden ýazylan desterhanyň üstündäki nazy-nygmatlaryň dostlarymyň gözlerini görenden ýiteltjegini edil şu mahal ýüregim bilen duýdum. Aşgazanyma ýol alan ysy yzarlap, aşhana ugranymam şoldy welin, ýene- de eli kepgirli gelnim işikde özüm bilen boýdaş boldy: — Men saňa näme diýdim, hojaýyn?! Sözsüz yzyma aýlandym. Ýuwnup-ardyndym-da, saçagyň başyna geçip, bir çäýnek ajyja gök çaýam öňüme alyp, dostlaryma garaşmaga başladym. «Öňküjeleriň» üstüne ýene bir esse «dostlar» goşulypdyr. Meni aljyratmagyň küýüne düşüpdirler. Düşbüje gelnimden aýlanaýyn, saçagy ulurakdan ýazaýyp- dyr, göýä ýigitleriň oýnuna belet ýaly. Aýyby ýok, göwrümi daram bolsa, göwni giň horaşaja külbäm olaryň baryny yssyja bagryna sygdyrdy. Dostlarymdyr gelnime beren sözümiň üstünde durmak üçin gara der bolup hyzmat edýän melegime ýüregim awasa-da, erkek kişisiräp, has dogrusy, gülkä galmajak bolup, ýerimden galmadym. Tikeniň üstünde oturan ýaly, öňümize geljek palawa garaşýan, sebäbi entek özümem aşhanamyň «täze hojaýynynyň» elinden palaw iýip görmändim ahyry. Beýlekileri-hä bilemok weli, meni «uzak garaşdyran» üsti towukly mejimelerdäki palawyň şeýle süýji bolýandygyny özümem şu gün duýaýdymmykam diýýän. Ýa söýýän ynsanyň elinden iýeniňe şeýle bolaýarmyka?! Beýnimde jogapsyz sorag alamatlaryny köpelden palawyň yzyndan bolsa, garny doýan serçäniň petekesine meňzäp duran börekler... Ýaşlygyndan şo-ol tikine berlip, nahar bişirmekden çetde galan gelnim şol süýji naharlary nädip bişirdi? Muny men ondan bütin ömrüme soramadym. Ýöne soň-soňlaram haýsydyr bir naharyň bişirilişini göwnüne makul bilmese, ses-üýnsüz goňşy öýe girip gidýänini görsemem, görmedikden bolýardym. Içimden weli: «Ogulsenem gelnejemiň jany sag bolsun!» diýen sözleri gaýtalaýardym. Gara gözlerini balkyldadyp, çaý-nahardan öň, bal gatylan sözlerini gysganmaýan gelnim ikimiz indi altmyşy erňekläberdik, gaýyn ata, gaýyn ene bolduk. Ýöne şindi-şindilerem öýümizde towukly palaw bişse, töweregini maýdajyk ýygyrtlar örten bolsa-da, gözelligini ýitirmedik, şol mähirli gara gözler maňa assyrynlyk bilen syrlyja seredip goýberýär. Ol garaýşa bolsa, hiç wagt soramadygam bolsam, menden başga düşünýän ýok. Bahar ANNAŞOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||