18:21 Tüpeň / hekaýa | |
TÜPEŇ
Hekaýalar
Woýsehiň kakalygy janyndan tamasyny üzüp barýardy. Iň bolmanda Zakalýankadakylaryň ählisi şeýle pikirdedi. Ol kiçeňräk külbede ojagyň ýanynda bir gapdalyndan beýleki gapdalyna agdarylyp, dymyp ýatyrdy. Onuň Ýuži hem Markus atly ýegenleri bolsa düýn obanyň aňyrsyndaky hojaýynyň tokaýynda gapanlaryna tokaý sakçysynyň ogullarynyň gulaklary kesilen, iki sany eldeki, ýaşajyk tilkisiniň düşendigi barada gürrüň edip otyrdylar. Ýuži bilen Markusyň ikisem bikanun aw edýärdi. Olar bir-de gülüşseler, bir-de gaharlanýardylar. Goja Mihalam possunyň üstünde oda seredip, sessiz-üýnsüz ýatyrdy. Markus Ýužiniň mis tokaly kemerinden çekip, ony daşaryk çykardy-da: — Ýuži, Mihal daýymyzyňam-a ömür saly dolup barýa — diýdi. Ýokarlygyna, tokaýlyk ýapgyt daga garap durşuna: — Hawa, dogrudanam onuň ömri paýawlap barýar — diýip, Ýuži jogap berdi. — Bilýäňmi näme, eger Mihal daýymyň tüpeňini nirede ýygşyranyny aýtsaň, men saňa öz ýapynjamy bereýin — diýip, Markus birhaýukdan dillendi. — Eger onuň tüpeňini nirede gizlänini aýtsaň, saňa iki ýapynja bereýin — diýip, Ýuži sugşurdy. Mihal daýynyň tüpeňi şu jelegaýlardaky bidin aw edýän awçylaryň ýetibilmeýän ýaragydy. Beýlekileriň ählisiniň tüpeňleri öň tarapyndan, Mihal daýyň tüpeňi bolsa yz tarapyndan oklanýardy. Onuň beýle tüpeňi nireden, nädip ele salandygy syrlylygyna galýardy. Ol bu tüpeňi, alty ýyl mundan ozal bir awçynyň elinden alanmyş diýip gürrüň edýärdiler. Käbir adamlar bolsa, ynanaýyň, Mihal daýy bu tüpeňi ýedi ýyl mundan ozal edinipdi diýýärdiler. Ýöne welin, hemmeler Mihal daýynyň bu tüpeňi biriniň elinden alandygy baradaky pikir bilen ylalaşýardylar. Markus içinden «Eýsem-de bolsa, ol ony nirede bukduka?» diýip, öz-özüne sorag berdi-de, soňra: — Biziň garry daýymyzyň peýmanasy dolup barýa, tüpeňem meniňki bolmaly, sebäbi men iň ulyňyz bolup otyryn-a — diýip, pikirini daşyna çykardy. — O nähili uly bolýamyşyň? — diýip, Ýuži garşy çykdy. — Sen menden kiçi ahyryn. — Ýeri, ýeri, ýigit — diýip, Markus duýduryjy terzde Ýužä ýüzlendi. Eger-de şol wagt duýdansyz ýerden Woýseh gelip ýetişmedik bolsa, paýyş sözler bilen onuň üstüni gömerdi. Woýseh Moleşkaly bir gyza öýlenip, onuňka göçüp barypdy. Olam öz kakalygy ýaly bikanun aw edýärdi. Woýseh doganoglanlarynyň ýanyna baryp: — Meň kakama nä döw çaldyka? — diýip sorady. — Ol demini sanap ýatyr diýýärler. — Şeýle ýaly öz-ä... — diýip, Ýuži seslendi. — Dilden-agyzdanam galdy — diýip, Markusam makullady. — Zadam iýenok — diýip, Ýuži üstüni ýetirdi. — Düýn daşa urup, şybygynam döwdi — diýip, Markus aýtdy. Woýseh sabyrsyzlyk bilen: — Niräm agyrýa diýýä? Nädip beýle hala düşdi? — diýip sorady. — Ynha, ol öňki agşam öýüne dolanyp geldi, hiç kime ýeke agyz sözem aýtman, pejiň ýanyndaky possunyň üstünde gyşardy, indem sessiz-üýnsüz şeýdip ýatyr-da. Sanaglysy dolup barýan bolaýmasa. — Wah, kakam biçäre — diýip, Woýseh dillendi. — Eý, oglanlar, sizden bir zat haýyş etmekçi. Kakamyň öz tüpeňini nirede gizländigini aýtsaňyz, size bir semiz goýun berjek. — Biz bilýäs — diýip, Ýuži dillendi. — Emma tüpeň biziňki ahyryn. Eýsem, sen näme üçin onuň aladasyny edýärsiň, Woýseh? Sen kakaňy ekläp-saklaňog-a? — Ynha, men welin, Mihal daýym iň soňky deminde-de ýyly ýerde bolsun diýip, ýap-ýaňyja odun getirip peje saldym, Woýseh — diýip, Markusam gürrüňe goşuldy. Şol wagtam birdenkä külbeden «Boldy! Boldy!» diýen gorkunç sesler eşidildi. — Eý, keramatly Merýem ene, onuň ömür tanapynyň kesileni eýýäm belli boldy — diýip, Markus eňräp ugrady. Ýöne birdenkä Ýužinem, Woýsehem, Markusam haýrana goýup, aldyrany bar ýaly, goja aýagaldygyna ylgap külbeden çykdy. Badyny ýazdyrman, olaryň duşundan geçip, külbäniň garşysyndaky salmadan bökdi-de, çaltlyk bilen ýokarlygyna — baglyga bürenip oturan kert ýapgyda çykyp başlady. Oglanlaryň üçüsiniňem ýüzi ak tam boldy. — Amanadyny tokaýda tabşyrasy gelýär öýdýän, ýörüň! — diýip, Woýseh köpmanyly gepledi. Şeýdip, olaryň üçüsem şobada gyrymsy agaçlary eýläk-beýläk serpişdirip, ýapgyt daga dyrmaşyp başladylar, ýöne ýoluň ýarysynam geçmänkäler, gözleri garry Mihala düşdi. Goja indi eňňitden aşaklygyna düşüp gelýärdi. Olaryň ýanyna gelibem, aty çykan ýaly begenip, şeýle diýdi: — Tüpeňimi nirede gizlänimi hakydama getirip bilmeýşimi diýsene! Şonuň üçin iki günläp kelle döwmeli boldum; ahyrsoňy birdenkä güpbe ýadyma düşdi duruberdi. Ýaroslaw GAŞEK, çeh ýazyjysy. Rus dilinden terjime eden Myrat GOŞLYÝEW. | |
|
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |