01:41 Türk kino sungatynyñ meşhur "jelepleri" | |
TÜRK KINO SUNGATYNYÑ MEŞHUR "JELEPLERI"
Teatr we kino sungaty
• "Ýiten gyzlar" kinofilminde Ahu Tugba "Ýiten gyzlar" (Kayıp Kızlar) kinofilminde Läle atly gyz (rolda Ahu Tugba) ýalañaç düşen suratlarynyñ maşgalasyna görkezilmeginden gorkup, jelepçilik etmäge mejbur bolýar. Läläniñ "bazary" hernäçe müşderisi köp bolsa-da, ol indi jelepçiligiñ batgasyna boýdan-başa çümen ýagdaýda we yza ýol ýok... • "Asiýe nähili halas bolmaly?" filminde Müžde Ar Türk kinomatografiýasynyñ iñ şowly "jelebi" Asiýäniñ roluny "Asiýe nähili halas bolmaly?" ("Asiye Nasıl Kurtulur?") kinofilminde aktrisa Müžde Ar janlandyrýar. Oña gül sowgat berilmeýär, onuñ bilen diñe "ýatylýar"... • "Oýnaş" kinofilminde Türkan Şoraý Kinorežissýor Orhan Elmasyñ düşüren "Oýnaş" ("Metres") kinofilminde Jan Gürzap bilen baş rollarda oýnan Türkan Şoraý jelephanadan aýrylan we tenini pula satyp ýören aýalyñ roluny janlandyrdy (1983). • "Günä depderi" kinofilminde Banu Alkan Osman Sedeniñ režissýorlyk eden "Günä depderi" ("Günah Defteri") kinofilminde Pynar atly jelebiñ rolunda oýnan Banu Alkanyñ Antakýadaky jelephana durmuşyndan söz açýan epizodlary şol döwürler gyzgyn seslenme döredipdi (1981). • "Uçurym" türk sutonýorlarynyñ we jelephanalaryñ durmuşyny paş edýän iñ gowy serial Öz ýurtlarynda iş bolmansoñ Türkiýä işläp pul gazanmaga gelen moldawiýaly iki dogan Ýewa bilen Felisiýanyñ adamkärçilikli taksist Adem bilen kesişen ykballary. Her kesiñ durmuşynyñ garañky köçeleri, gündelik durmuşyñ kölegesinde galan penjireleri bar. 24 bölümlik "Uçurym" teleserialy şol garañky "köçelere" çyra tutup teleýaýlyma goýberlen ilkinji türk serialydyr. Türkiýä iş diýip gidýän aýal-gyzlaryñ jelephana ýöredýänleriñ eline düşüp, niçiksi batgalyklara batyp galýandygyna göz ýetirmek üçin tomaşa etmäge mynasyp teleserial... Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |