19:12 Türkmen mifologiýasynda Möjek we Aý | |
TÜRKMEN MIFOLOGIÝASYNDA MÖJEK WE AÝ
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Aýyñ mukaddesligi baradaky düşünje simwoliki alamatlar we mifler arkaly şekillenýär. Dinleriñ taryhy boýunça ýörite hünärmen, meşhur rumyn alymy Mirça Eliade kyýamat, tupan, uruş sebäpli we mifologiýada adamlaryñ ýok bolýandygyny, ýöne bu heläkçilikden halas bolan Aý bilen baglanşykly mifiki Atadan ýa-da Aý jandaryndan täze halk emele gelýändigini aýdýar. Şol jandaram täze kowmuñ nesilbaşysy bolýar. Bu şeýle diýmekligi añladýar. Adamzadyñ döreýşi, ösüp-örñeýşi, yza tesişi we ýok boluşy Aýyñ dogup-dolup we ýaşyş stadiýalaryna meñzedilýär. Türkmenleriñ kollektiwleýin düşünjesinde şekillenen Aý haýwanlarynyñ biri-de Möjekdir (beýlekisi Öküz). Möjek mukaddes ylahy jandardyr. Göktürk(men)leriñ we türki kowumlaryñ has irki ata-babalaryndan hasap edilýän (ýagny, prototürkler) Wu-sunlaryñ möjekden emele gelme legendalarynda urkaçy möjek esasy rol oýnaýar. Bütinleý ýok edilen halk bu jandar arkaly täzeden dogulýar. Çingiz hanyñ añyrsy hasap edilýän Alan-Kowa bir gezek çadyrynda ýatyrka, Aý penjireden girip ony göwreli edýär we çykyp gidende-de möjegiñ sypatynda çykyp gidýär. Aýyñ bärde dölleýji aýratynlygy öñe çykarylýar. Türkmenistanyñ halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyñ "Gurt" goşgusy gadymy ata-babalarymyzyñ möjek bilen mifiki düşünjelerine düşünmekde iñ gowy goşgy bolsa gerek: Gurdum, Ata-baba hudaýysyň bu ýurduň! Sen gadymy hudaýysyň türkmeniň! Köwsarlap ugrasa gursakda derdim Gelýän mynajata ýanyňa seniň. Sen munda ýatyrsyň garyň ýassanyp, Ýassanyp ýatyrsyň elhenç azalyň. Ne üns berýäň gelýän-geçýän millete, He Hudaý deý salýarsyň sen nazaryň. Hamyň göýä hamy ýaly şagalyň, Men – hor, sen mendenem elli esse hor, Hudaýyň kapasda gören mahalyň, Aýt, Hudaýym, neneň çydam etse bor!? Eý, erksiz hudaýy erkana iliň, Seniň hudaýdygňam bilýän ýok hatda. Indi türkmenlermiz multfilm görýär, Towşanyň möjegi ýeňişi hakda. Gaýry illeň daşa çokunýan wagty, Oda, ýele, suwa çokunýan çagty, Eger sen hudaýy bolmadyk bolsaň, Galmazdy bi türkmenleriň deragty! Eger sen hudaýy bolmadyk bolsaň, Geçip ganly garpyşykly eýýamdan, Şindi türkmeniňki bolmazdy asla: Bu daglar, sähralar, ala meýdanlar, Seniň şekliň pasyrdapdy tugumda Hem mertligiň lasyrdapdy ruhumda. Külli duşman dumly-duşa bosupdy, Türkmen seniň bilen türkmen bolupdy. Eý, sen, Garagumuň erkin möjegi, Mert çyda, bu-da bir heňňamyň oýny, Indi türkmen gyryp tohum-tijiňi Garagumda diňe köpeldýär goýny!.. Zyndan ýatan jaýyň, bendelik paýyň, Men – hor, sen mendenem elli esse hor. Zyndandaka erkanalyk Hudaýyň, Aýdyň, ata-babam, Näme etse bor!? # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |