14:15 Türkmen taryhynyñ gurt-aždarha agyzly gylyjy | |
TÜRKMEN TARYHYNYÑ GURT-AŽDARHA AGYZLY GYLYJY
Taryhy makalalar
Türk taryhçysy Emel Esiniñ aýtmagyna görä, Mahmyt Kaşgarlynyñ "Goşa gylyç" adyny beren gylyjy "Aždarha agyzly gylyç" ýa-da "Goş(a) gylyçdyr". Türkmenler bu gylyju hut Orta Aziýada ulanypdyrlar. Olar bu gylyjyñ şeklini başga halklaryñ medeniýetinden almandyr. Tersine, bu gylyjyñ şekli türkmenlerden beýleki halklara geçipdir. Türkmen taryhynyñ irki döwürlerini yzarlanymyzda, bu gylyç şekliniñ hunlarda-da bardygyny görmek bolýar. Hunlaryñ we göktürk(men)leriñ "ANT IÇEN" gylyçlarynyñ ady-da "Goş(a) gylyçdyr". XV asyrda Osmanly türkmen admiraly Barbaros Haýretdin paşanyñ sanjagynda (söweşjeñ baýdagynda) hem gurt-aždarha motiwli gylyjyñ şekli bar. Sanjagyñ ýüzünde "Çintemani" diýip atlandyrylan motiw bar. Başga bir simwoliki nyşan Ýarymaýyñ içindäki üç nokat ikonografiýasydyr. Bu üç nokat göktürk(men)leriñ runik harplaryndan bolup, "ANT" manysyny berýär. "Eliñ" simwolikasy bolsa iñ arhaiki manyny berip, Hudaýyñ goraýjy ellerini añldaýar. Bu simwoliki nyşan dini düşünjeler we mifologiýalar özgerdigiçe Tanit zenan hudaýyñ eli, (H)umaý ene hudaýyñ eli, Hezreti Merýemiñ eli, Hezreti Patmanyñ eli hökmünde garşymyza çykýar. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |