12:39 Türkmen zenanynyñ taryhy täleýi -2 / dowamy | |
TÜRKMEN ZENANYNYÑ TARYHY TÄLEÝI
Edebi makalalar
(makalanyñ dowamy) Pygamberimiz Muhammet Resulylla Sallamahy-wesellemiñ başdaşy Hatyja hem ýanýoldaşynyñ din ýolundaky agyr güzaplaryny deñ çekişmeli bolupdyr. Muhammediñ özünden soñ ikinji bolup yslam dinine giren Hatyja oña öz pähim-paýhasy bilen, harç-harajady bilen, ylaýta-da zenanlyk ýüregi bilen hyzmat edipdir. Ol hakda şeýle mysala ýüzlenmek ýeterlikdir: "Hatyja öýlenenine esli ýyl bolandan soñ, Muhammet bir zat tapynan ýaly boldy, onuñ tutgaýly ýaly birden endamy sandyrap, ak esgä dönen ýüzünde burçak-burçak der peýda bolýardy. Ol şeýle halda özüne azar berilmezligini sorap, başyny büräp, esli wagt ýatardy. Şonda ol düýş görýärmidi, gulagyna ses eşidilýärmidi ýa-da gözüne her dürli zat görünýärmidi ~ belli däl. Ol hut şu pursat barada hiç zat aýtmazdy, şu barada sorag berip azara goýmqñ diýibem ol töweregindäkilere berk tabşyryk beripdi. Saglygynyñ ugry ýok diýip ynjalmaýan Hatyja, gaýgy-alada galyp, tebip ýa-da porhan çagyrmakçy bolýardy, emma Muhammet üzül-kesil garşy çykýardy..." Soñabaka pygamberiñ gözüne admasypat biri görnüp başlaýar. Ol Hyra dagynda tagat çekýärkä, "Oka" diýlen sözi açyk eşidýär, özem gaty gorkýar. Perişdemi, melgunmy, nämedir bir zat onuñ gözüne ýygy-ýygydan görnüp ugranda, Muhammet Hatyja aýtmaga mejbur bolýar. Şu ýerde-de Hatyjanyñ zenanlyk paýhasy üstün çykýar. Geliñ, birneme uzagragam bolsa şol epizody sitirläliñ: "Ol indi Muhammet bilen Hatyjanyñ ýatan jaýyna-da gelmäge başlady, ýöne köplenç Hatyja uklandan soñ gelerdi. Muhammet wehimli we umytly duýgylara galyp, ukudan oýanýardy-da, işigiñ agzynda peýda bolan adam şekiline garap doñup galýardy. Şekil dymyp dur. Muhammediñ ýüregi gürsüldäp, agzyndan çykaýjak bolýar, ak esgä dönen ýüzünde sowuk der damjalary bulduraşýar. Ýañky şekil gelşi ýaly, ümsümlik bilenem gaýyp bolýar-da gidýär, onuñ nähili zatdygyna akyl ýetirip hem bolanok. Bu bolýan zatlar hakynda Muhammet Hatyja gürrüñ berýärdi. Ynjalyksyzlanan Hatyja gije gelýän "myhman" bilen ýüzbe-ýüz bolup görmegi ýüregine düwdi. Eger ol gije geläýse, özüni oýarmagy Muhammede tabşyrdy. Parasatly Hatyjanyñ kellesine ajaýyp bir pikir geldi. Eger onuñ işi başa barsa, ol "syrly myhmanyñ" nähili zatdygyna, ylaýta-da özüni örän tolgundyrýan sowalyñ jogabyna ~ Muhammede näme bolýandygyna göz ýeturjekdi. Bu mertebesi belent aýal, musulmanlaryñ enesi (Kursiw biziñki -A.R.) diýlip doly esas bilen hormatlanýan Hatyja her näme-de bolsa, adatdan daşary duýgulara endigi bolan adam däldi, onuñ Muhammede ilki-ilkiler tutgaýy tutýan mahalynda ak ýürekden, sadalyk bilen tebiplere, porhanlara ýüz tutmagy maslahat berendigini unutmak bolmaz. Ine, onsoñ ertesi gije "syrly myhman" olaryñ ýatýan otagyna gelýär. Oña gözi düşen badyna Muhammet aýalyny oýarýar. - Ol geldi - diýip, Muhammet Hatyja işigi görkezdi. Garañkylykda her näç seretse-de, Hatyjanyñ gözüne zat görünmeýärdi, onuñ üçin-ä otagyñ içinde özi bilen Muhammetden başga hiç kim ýok. - Tur ýeriñden-de, meniñ çep gapdalyma geçip otur - diýip, Hatyja Muhammede ýüzlendi. Muhammet aýdylany berjaý etdi. - Ol barmy? Görýärmiñ? - diýip, Hatyja sorady. - Ol şu ýerde - diýip, Muhammet ýene işige tarap ümledi. - Onuñ ýaly bolsa, düşegiñ daşyndan aýlan-da, meniñ sag gapdalyma geçip otur - diýip, Hatyja haýyş etdi, soñundanam sorap gördi: - Indi nähili? Durmy? Muhammet bu gezegem onuñ durandygyny tassyklady. Hatyja bu sapar ony "Tur ýeriñden" diýip turuzdy-da, özüniñ iki dyzynyñ arasynda oturtdy. Ýöne mundanam peýda bolmady. Gözlerini giñden açyp tümlüge garap duran Muhammet işigiñ agzynda ümsüm durany aýyl-saýyl görüp durdy. Belki, ol perişdedir, belki, melgunyñ özi, ýöne kimem bolsa biri, ynha, dur-da. Şondan soñ Hatyja gözüni bir nokada dikip duran Muhammede duýdurman, usullyk bilen eşigini serpdi. - Sen ony görýärmiñ? -diýip, dördünji gezek sorady welin: - Ýok - diýip, Muhammet jogap berdi, sebäbi "syrly myhman" birden zym-zyýat bolaýdy. - Eý, bagty gelen daýym ogly! Sen dünýädäki iñ bagtly adam bolduñ, şatlanyber! - diýip pähimdar Hatyja gygyrdy. - Hudaýa şükür, ol iblis däl-de, perişde ekeni". Mälim bolşy ýaly, Muhammedem (570-632) Hatyja-da (555-619) taryhy şahslardyr. Şonuñ üçin Hatyjanyñ hereketlerinde hiç hili mifikilik ýok-da, pähim, paýhas bar. Şol sebäpli "Hatyjanyñ ýogalmagy onuñ başyna agyr külpet bolup indi ~ ýigrimi bäş ýyllap olar birek-birekden ajy söz eşitmändiler. Muhammet öz tutan ýoluna başbitin berlende, oña ilki goltgy beren Hatyjady. Pygamberligiñ Muhammediñ gursagyna Hudaý tarapyn guýlandygyna Hatyja ikirjiñlenmän ynanypdy, pygamberi ondan-oña kowup gün bermeýän halatlary, işler oñuna düşmän, şowsuzlyk yzyna şowsuzlyga uçralanda, Hatyja ony köşeşdiripdi, onuñ maksadynyñ hasyl boljakdygyna bil baglapdy. Kiçi göwünli bu zenanyñ bitiren hyzmaty, onuñ adamzadyñ taryhyna ýetiren täsiri ýer togalagynyñ kartasyny böleşmek ýaly bimany iş eden "beýik" hökümdarlaryñkydan köp bolmasa az däldir. Ýok ölen Hatyja däldi, Din Ähliniñ Enesi ölüpdi. Muhammet ymmaty häzire-bu güne çenli onuñ hatyrasyny tutýar". Biz Hatyjanyñ durmuş epizodlaryny, onuñ taryhy ykbalynda möhüm waka bolan Muhammet bilen ömür sürşüni ýönelige ýatlamadyk. Eger Hatyja Arap ýarym adasynda heniz biziñ eýýamymyzyñ VI-VII asyrlarynda özüniñ aýallyk mertebesini, pähim-paýhasyny saklap, soñky eýýamlaryñ zenanlary üçin nusgalyk roluny oýnan bolsa, edil şol zamanlarda Turan düzlüginde "boýy uzyn Burla hatyn" ~ Salyr Gazanyñ päk, gaýduwsyz türkmen maşgalasy wepadarlygyñ ajaýyp göreldesini görkezipdir. (dowamy bar)... Abat Sahatowna RYZAÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |