17:00 Türkmen zenanynyñ taryhy täleýi | |
TÜRKMEN ZENANYNYÑ TARYHY TÄLEÝI
Edebi makalalar
"Köklerini asyrlaryñ jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkynyñ taryhynda aýal-gyzlaryñ tutýan orny aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Türkmen halky öz aýal-gyzlaryna müñdebir guwanmaga haklydyr. Türkmen zenanlary diñe bir atalarynyñ ojagynyñ oduny söndürmän saklamagy başarman, olara wepaly ýanýoldaş, ene, uýa bolmak bilen çäklenmän, halkyñ başyna howp abanan halatynda erkekler bilen bir hatarda gahrymançylyk görkezipdirler. "Gorkut ata" eposymyzdaky Burla hatyny alyp görüñ. Ol ençeme oguz gyzlaryna baş bolup, batyrlarça söweşip, duşman hanlarynyñ birini öldürýär. Gökdepe galasyny goramakda türkmen aýal-gyzlarynyñ görkezen gahrymançylygyny söz bilen beýan edip bolarmy? Ine, şeýdip türkmen zenanlary özleriniñ gahrymançylygy, pähim-paýhasy, arassalygy, owadanlygy, näzikligi, mylaýymlygy bilen dünýäde tanalypdyr". Biz Saparmyrat Türkmenbaşynyñ aýal-gyzlaryñ taryhy täleýi baradaky ajaýyp pikirlerini ýönelige epigraf almadyk. Başyndan 6000 ýyllyk ýoly geçiren türkmen halkynyñ ykbalynda aýal iñ belent orun tutupdyr. Bu beýik wezipe häzirki bagtly, garaşsyz döwrümiziñ zenanlarynyñ hem paýyna düşýär. Olar ýöne bir durmuş bezegi, owadanlyk nusgasy, enelik mertebesi, maşgalalyk wepasy bilen däl-de, gerek halatynda daýanç, söýenç, goragçy hökmünde-de aýgytly rol oýnapdyrlar. Goja taryhda, örän ýowuz pursatlarda aýalyñ gaýraty, aýalyñ pähimi, aýalyñ wepasy barada köp mysallar, rowaýatlar döräpdir. Heniz Oguzhan zamanynda ýaş oglanlara dünýä inen mahalynda at goýulman, olar ýigit çykansoñ bir gahrymançylykly iş bitirip, atlaryna mynasyp bolanlaryndan soñ, at goýlar eken. Gyzlar hem ýigitleriñ öñünde şert goýup, olary akylda, pähimde, göreşde, mergenlikde synap, eger göwünleri ýetse, onsoñ durmuşa çykar ekenler. "MELIKEI-DANYŞMENT" ýa-da "MÜÑ SOWAL" ("HEZAR SOWAL") diýen kitapda şeýle rowaýat getirilýär: Gadym zamanlarda Rum welaýatynyñ patyşasynyñ ogly bolmandyr. Onuñ ýekeje gyz perzendi bar eken. Günlerde bir gün patyşanyn kazasy dolup, dünýäden ötýär. Däbe görä, onun yzyny çagasy alyp götermeli bolupdyr. Başga alaç bolmansoñ, halk biragzydan onuñ gyzyny tagta çykarýar. Şa gyzy örän akylly eken. Ol durmuşa çykmandyr. Özüne öýlenjek ýigidiñ öñünde müñ sowal goýar eken. Kim şolara doly jogap berse, şoña durmuşa çykjagyna jar çekdirýär. Sowallara jogap tapmadyk ýigitleri hem ölüme höküm edýär eken. Köp ýigitler bu synagda heläk bolýar. Ahyrda Turandan bir çopan ýigit bagtyny synamaga barýar. Melike şa oña sowal berip ugraýar. " - Nireden gelýäñ? - Häkden (toprakdan) gelýän. - Nirä barýañ? - Häge (topraga) barýan. - Duran ýeriñ nire? - Duran ýerim ~ gabrym. Men ölümimi boýun alyp, kepenimi goltugyma salyp gaýtdym. - Kuran näçe süredir? - Kuran 114 süredir..." Şeýdip, ýigit müñ sowala-da dogry jogap berýär. Gyz bu akylly ýigit bilen durmuş gurýar. Aslynda gadymy sowal-soraglaryñ, jogaplaryñ dini häsiýetde bolmagy ýöne ýerden däl. Allatagala "iki azyzyny" ~ Adam Atany, How enäni toprakdan ýasaýar ahyryn. Beýik Magtymgulynyñ: Toprak alnyp ýedi ýerden, Adam Safyulla boldy... Aslyñ owuç gumdur, adam... - diýşi ýaly, turanly ýigit hem, rumly gyz hem muña gowy düşünipdirler. Irki zamanlarda Rum häzirki Türkiýäni añladyp, Turan hem häzirki Türkmenistany añladýar. Emma biz bu zenan maşgalanyñ ýiti akyly üçin şu rowaýaty mysal aldyk. Žurnalist Gulmyrat Myradow "Zenan gaýraty" atly makalasynda täsin fakty mysal getirip, şeýle ýazýar: "Durmuşyñ şatysyna ýan bermän, pelegiñ gerdişinden basylman, kyn günde erkek adamyñ sowap barýan ruhuny ýyladýan närse aýal gaýratydyr. Zenany ejiz hasaplaýanlar bilen asla ylalaşasym gelmeýär. Aýallaryñ gün-güzeran aladasyny, gündelik hysyrdylary erkekler bilen deñ çekişýändigini ýatlasak, munuñ üstesine-de, olaryñ hut erkekler tarapyndan görýän görgüleriniñ-de az däldigini ýatlasak, biz islesek-islemesek zenan gaýratyny ykrar edäýmelidiris. Egniñizi üstaşyr yza garap, alyslarda galan taryha gaýybana ekskursiýa gurasañyz, zenan ejizligine däl-de, zenan gaýratyna has köp gözüñiz düşer. Gadym Rim imperatorlarynyñ biri Konrad III Günorta Germaniýanyñ Waýnsberg şäherini gabanda, gaty köp gyrgynçylyk bolupdyr. Indi-hä şular mugyra gelendir diýip pikir eden imperator galanyñ içindäkilere şeýle habar ýollapdyr: "Men siziñ aýallaryñyza hiç zat degjek däl. Goý, olar iñ gymmatly zatlaryndan göteribilenlerini alsynlar-da, galadan çykyp gidibersinler". Şeýdip, Konrad III gabawdaky galanyñ derwezeleriniñ öñüni boş goýupdyr. Birsalymdan soñ galadam çykyp başlan aýallaryñ arkasyndaky ýüki görende imperator haýran galmakdan ýaña doñup galypdyr. Galadan çykan aýallaryñ ählisi arkalaryna ýaraly bolan ärlerimi hopba edip alyp barýarmyş. Zenan gaýratyna haýran galan imperatora galadakylar bilen diñe parahatçylykly gepleşikler geçirmek arlaly ylalaşaýmakdan başga alaç galmandyr". Zenan gaýraty her halkda belli bir taryhy şertlerde ýüze çykyp biler. Ýene-de G.Myradowdan käbir setirleri alalyñ: "Her bir türkmen üçin mukaddeslige öwrülen Gökdepe galasynyñ taryhy ýazylanda-da, türkmen aýal-gyzlarynyñ gaýratyna aýratyn orun bermeli boljakdygyna şübhelenmeýäris. Gala urşunda erkekler bilen bir hatarda aýallar hem göni gelen ajaldan sähelçe-de gypynç etmän, duşman bilen darkaş gurupdyrlar". Taryhda türkmen aýallarynyñ edermenligi, wepalylygy hakda A.Wamberi şeýle ýazgy galdyrypdyr: "Türkmenleriñ arasynda wagtlaýyn bolanymda, meni hemme zatdan beter haýran galdyran zat olaryñ öz maşgalalaryny biçak söýýändikleri we eziz görýändikleri hem-de aýal maşgalalara uly hormat goýýandyklary boldy. Men ýene bir zada göz ýetirdim: aýal-gyzlar maşgala hukuklary barasynda erkek kişiler bilen diñe bir bütinleý deñlikden peýdalanmak bilen çäklenmän, hatda ýaşuly aýallar bütin tire-taýpa kethudalyk etmek mirasyny hem öz üstlerine alýarlar we urşujylar-da olaryñ sözüne tabyn bolup hereket edýärler". Aýal maşgala buýsançlylygyny, myhmansöýüjiligini, wepalylygyny her bir ýagdaýda saklapdyr. Ony köpsanly taryhy çeşmelere daýanyp, Mehmet Saraý şeýle häsiýetlendiripdir: "Galapyn, türkmenler özbaşdak, ak ýürek we myhmansöýüji. Türkmenleriñ arasynda bolupn olar bilen iş salşan syýahatçylar we missionerler türkmen halkynyñ gylyk-häsiýetiniñ örän oñatdygyny haýran galyp gürrüñ berýärler. Olaryñ türkmenleri eýranlylaryñ üsti bilen öwrenenleriniñ käbirleri "rehimsiz talañçylar" diýip häsiýetlendiripdirler. Ruslar bolsa olary "çöl garakçylary" diýip häsiýetlendiripdirler. Angliýa-Hindistan goşunynyñ generalynyñ ogly we iñ ukyply, bilim-paýhasly britan ofiserlerinden biri bolan kapitan Napier 1870-nji ýyllarda iñlis hökümetiniñ türkmen meseleleri boýunça resmi agenti bolup, türkmenler bilen ençeme gezek sataşýar. Ol türkmen meseleleri boýunça has obýektiw ww gyzykly maglumatlary berýär. Türkmenleriñ häsiýeti barada ol şeýle ýazýar: "Birinjiden, türkmenleriñ gylyk-häsiýetlerine nädogry baha berilýändigi maña aýan boldy". Türkmenleriñ myhmansöýüjiligi hakynda Frazer şeýle ýazýar: "Haçan-da bir nätanyş (eger ol tanalýan duşman bolmasa) obaçylyga girse, onuñ golaýyna baran ilkinji öýünden adamlar ylgaşyp çykýarlar-da, onuñ atynyñ başyny tutup, düşmegini we özlerine myhman bolmagyny haýyş edýärler. Hatda öýde ýeke aýal maşgaladan başga hiç kim bolmasa-da, ol aýal maşgala myhmana salam berer we geliñ-düşüñ diýip yşarat eder". Wamberi ýazýar: "Türkmenleriñ myhmansöýerligi, batyrlygy we ylaýta-da, olaryñ çensiz-çaksyz azatlyk söýüjiligi deñ derejede öwülmäge mynasypdyr". Konolliniñ ýazyşyna görä, hiç bir halkyñ içinde türkmenleriñki ýaly "dogma buýsanjyñ" berk ýeri ýokdur: "olar fransuzlaryñ rewolýusion "Azatlyk, deñlik" diýen şygaryny öz aralarynda berjaý edýärler". Şony Mehmet Saraý Güljemal hanyñ mysalynda subut edýär. Ol aýal erkinligi, özbaşdaklygy belent tutupdyr. Ruslaryñ tabynlygyna geçmek islemändir. "Ruslar Ahaly basyp alanlaryndan soñ Mary türkmenlerini öz gol astlaryna almak üçin gaty mekir tilsimler gurdular, haýbatlar atdylar. Ruslaryñ bu zor salmagy Alihanow-Awarskä üstünlik getirip bilmedi, ol Nurberdi hanyñ dul galan aýaly Güljemaly türkmenleriñ Russiýa raýat bolmakdan başga alajynyñ galmandygyna ynandyryp bilmedi". Şol awtor ýene şeýle ýazýar: "Türkmenler öz maşgalalaryny örän oñat görýärler. Aýallary oñat ekläp-saklaýarlar, olara hormat goýýarlar... Türkmen jemgyýetinde aýallar öz maşgalalarynyñ içinde örän täsirli bolýar we öz kowumlarynyñ umumy işlerinde edil erkek kişiler ýaly sözüni geçirip bilýär... Olar şeýle hem örän oñat urşujylar". Hakykatdanam, türkmen aýalynyñ batyrlygyny, mertligini N.I.Grodekow "Türkmenistandaky uruş. Skobelewiñ 1880-1881-nji ýyllardaky ýörişi. Sankt-Peterburg, 1883-1884, tom I" diýen işiniñ 77-79-njy sahypalarynda ýazýar. Taryhyñ galagoply döwrüni, ençeme ganly söweşleri başdan geçiren türkmen aýallary her hili synaglara tebigy halda taýýar bolupdyrlar. Ony Gökdepe söweşi has aýdyñ görkezýär. A.Gowşudowyñ "Perman" romang şol söweşe bagyşlanan ilkinji hem belli derejede kämil eserdir. Soñ-soñlar bu waka Çary Aşyrowyñ "Ata-babalarymyz" hekaýasynda we beýleki ýazyjylaryñ hekaýadyr romanlarynda hem öz şöhlelenmesini tapdy. Her niçik, "Perman" irki hem Gökdepe wakalaryna gatnaşan garrylaryñ A.Gowşudowa hakykata ýakyn derejede gürrüñ berendikleri üçin şu eserden obraz şekilinde bir mysal alalyñ. Romanyñ esasy gahrymanlarynyń biri Öwezmyrat batyr aýaly Mamagüliñ bitiren işlerini ýatlaýar: " - Aý, Mamagül, ine, sen bu dünýäñ işine seret ahyry. Sen bir düşün ahyry. Ýadyña düşýärmi,... biz nähili uruşýardyk. Siz aýallaram gol gowşuryp oturmazdyñyz. Ine, seniñ özüñ nähili jan edipdiñ. Kyn güne, agyr derde galyp, atylan oklary ýygnaýardyñ, hem bize ok ýetişdirýärdiñ. Birnäçäñiz bolsa suw gaýnadyp, galanyñ ýokarsyndan duşmanyñ üstüne gaýnag suw eñterýädiñiz. Daş diýmän, demir diýmän, tapan ýaraglarymyz bilen ýurdumyzy goramak üçin duşmana garşy çykýardyk"... "Oba aýallary dokma ýüwürtmekçi bolsalar-da, tara ýüwürtmekçi bolsalar-da, başga bir iş başlamakçy bolsalar-da, Mamagülsüz başlamazdylar". Bu ~ türkmen aýalynyñ irki taryhy ykbaly. Onda galatlyk ýok, ýasamalyk ýok. Şonuñ üçin türkmen zenany diýlende eýýäm uly halk durmuşy göz öñüñe gelýär. Mydama goñşy döwletleriñ üznüksiz harby syýasatlary netijesinde türkmenler arkaýyn ýaşap bilmändirler. Olar islese-islemeseler-de, harby çaknyşyklara taýýar bolmaly bolupdyrlar. Meselem, 1869-njy ýylda Garrygalanyñ üstüne duşman çozanda türkmenler şeýle bir gahar-gazaba münüpdirler weli "gözi bilen gören şaýatlaryñ ýazmaklaryna görä... aýallar duşmanyñ elinde diri galanlaryndan ölenlerini gowy görüldirler... duşman ellerine düşmejek bolup, ärlerinden özlerini öldürmeklerini haýyş edipdirler". Beýle gahrymançylygy taryh bilenok. Şonuñ üçin türkmen aýalynyñ ykbaly geçmişde agyr bolanam bolsa, ol buýsançdan, mertebelilikden mahrum bolmandyr. (dowamy bar)... Abat Sahatowna RYZAÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||