21:42 Türkmen zenanynyñ taryhy täleýi -3 / makalanyñ dowamy | |
TÜRKMEN ZENANYNYÑ TARYHY TÄLEÝI
Edebi makalalar
(makalanyñ dowamy) Belli bolşy ýaly "Gorkut ata" eposy iñ gadymy türkmen eposy bolup, ol Gorkut diýen taryhy şahs tarapyndan ýazylypdyr. Gorkut 295 ýaşap, IX asyrda dünýäden ötüpdir. Eger şeýle bolsa, özem 295 ýaşan bolsa, onda Gorkut Muhammet pygamber (s.a.w) heniz dirikä, VI asyrda doglan bolýar. Çak bilen pygamberimiz dünýäden ötende (632) Gorkut 31-32 ýaşlarynda bolupdyr diýip pikir öwürmek bolar. Eýsem, "Gorkut ata" eposynyñ gahrymanlary, şol sanda Burla hatynyñ, hem Hatyjanyñ döwürdeşi bolup bilmegi örän mümkindir. Çünki ýokarda görüp geçişimiz ýaly, Hatyja 619-njy ýylda 64 ýaşynda aradan çykypdyr. Ine, şu Burla hatyn Şükli melegiñ eline kyrk sany oguz gyzy bilen ýesir düşende uly namys synagyndan üstün çykýar. Bu mert aýalyñ göreldesini Saparmyrat Türkmenbaşy "Garaşsyzlyk we ýaşlar" diýen uly çykyşynda ýatlaýar. Ony şu babyñ epigrafy edip ýönelige almadyk. Häzir bolsa Burla hatynyñ şol synag epizodyny bolşy ýaly alalyñ: "Şol wagt Şükli melek daşyna nökerlerini ýygnap, iýip-içip, keýp edip otyrdy. Ol adamlaryna garap: - Begler, bilýärmisiñiz, Gazana nähili haýp etmek gerek? Boýy uzyn Burla hatyny getirip, oña şerap süzdürmek gerek! - diýdi. Burla hatyn bu habary eşidip, ýüregine ot düşdi. Ol kyrk gyzyñ arasyna baryp, şeýle nesihat etdi: - Gazanyñ hatyny haýsyñyz diýip, biriñizden ýapyşsalar, kyrkyñyz kyrk ýerden "men" diýip, jogap berersiñiz -diýdi. Şol wagt Şükli melekden adam gelip: - Gazan begiñ hatyny haýsyñyz? - diýip sorady. Kyrk ýerden "men" diýip owaz çykdy, haýsydyr tanap bilmediler. Olar şalaryna "Birine ýapyşsak, kyrk ýerden owaz çykar, biz tanap bilmedik" diýip habar berdiler. Şükli: - Gazanyñ ogly Orazy asyñ, etinden goparyp alyñ, gara gowurma bişirip, gyzlara eltip beriñ; kim iýse, ol däldir, haýsy iýmese, şol Gazanyñ aýalydyr, tutup getiriñ, şerap süzdüreliñ - diýip, buýruk berdi. Şundan soñ Burla hatyn oglunyñ ýakynyna gelip şeýle diýdi: Ogul, ogul, aý ogul! Bilermi sen, näler boldy? Gäwüriñ pälin duýdum, Altyn başly öýümiñ gabsasy, ogul, Gyza meñzär gyzymyñ, gelnimiñ çeçegi, ogul! Ogul, ogul, aý ogul! Dokuz aý dar garnymda göterdigim ogul, On aý diýende, dünýä getirdigim, ogul! Duşmanlar dil düwüşdiler ~ Gazan ogly Orazy tussagdan çykaryp, bogazyndan urgan bilen asyñ, etinden gyýyp, gowurma ediñ, oguz gyzlaryna beriñ. Her kim iýse, degmäñ; iýmese getiriñ, şol Gazanyñ aýalydyr, şerap süzdüreris! - diýdiler. Ogul, seniñ etiñden iýeýinmi ýa porsy duşmanyñ düşegine gireýinmi, atañ - Gazanyñ namysyny ýere çalaýynmy, näme edeýin, oglum? - diýdi". Ýöne Oraz hem mert ýigit, atasynyñ ogly. Ll mertligi saýlaýar. "Oraz aýdar: - Agzyñ gurysyn, ene, diliñ çüýrüsin, ene... Ene haky ~ Tañry haky bolmasaýdy, galkyban ýerimden turardym, ýakañ bilen bogazyñdan tutardym, gaba ökjäm astyna salardym, ak ýüzüñi gara ýere deperdim, agzyñ bilen burnuñdan gan şorladardym, jan süýjüligin sañ görkezerdim! Bu ne sözdür? Saklan, hatyn ene, meniñ üstüme gelme, meniñ üçin aglama. Goý, meni çeññele ursunlar, goý etimden çeksinler, gara gowurma etsinler, kyrk gyzyñ öñüne eltsinler. Olar bir iýse, sen iki iýgil. Seni duşmanlar bilmesinler, duýmasynlar. Duşmanyñ düşegine barmasyñ, olaryñ sagragyny (meý käse) süzmäsiñ. Atamyñ namysyny ýere çalman saklan! - diýdi". Netijede Gazan beg goşuny bilen gelip ýetişýär we bendileri halas edýär. Dünýä alymlary, şol sanda türkmen edebiýatçylary "Oguznama", "Gorkut ata" barada ýazan saldamly işlerinde Burla hatynyñ obrazyny wepalylygyñ simwoly hökmünde düşündirýärler. Türkmen aýalynyñ häsiýetiniñ gözbaşy ~ milli türkmen ruhy kökünden, milli-etniki ideallarymyzdan gelip çykýar. Ol çuñ halky häsiýetdir. Ony goşgy düzlüşindäki erkinlik hem, prozada sözleriñ tagaşyksyz, bir seredeñde gödekleç görnüşi hem tassyklaýar. Enäniñ sözi-de, mähri-de, süýdi-de dertlere derman. Enede tebigy gudrat bar. Ýene "Gorkut ata" eposyndan täsin bir mysal getirmekçi bolýarys. Ol gepe giden Derse hanyñ öz ogly Bugajy atyşyny, soñra bu ýaradan ony enesiniñ gutaryşyny görkezýär: "Derse hanyñ aýaly: "Oglanjygym ilki awy bilen geler" diýip, at, düýe, goýun öldürip, batyr oguz beglerini hezzetlemäge taýýarlandy. Ol tarsa ýerinden turup, kyrk sany inçe billi gyzy ýanyna alyp, Derse hanyñ öñünden çykdy. Gabagyny galdyrdy. Derse hanyñ ýüzüne bakdy, sagyna, soluna göz gezdirdi, söýgüli oglanjygyny görmedi. Gara bagry sersdi, ýüregi oýnady, gara gyýma gözlerine ýaş doldy. Ol Derse hana garap: Bäri gelgil, Başym bagty, Öýüm tagty, Han babamyñ giýewsi, Atam, enem berdigi, Göz açyban gördügim, Göwün berip söýdügim, Derse han! Galkynyban ýeriññde öri turduñ, Ýaly gara kazylyk atyñ bütin mündüñ, Göwsi gözel guba daga awa çykdyñ, Iki bardyñ, bir geler sen, ýawrym kany? Gara gerdunda boldugym ogul kany? Çyksyn. Meniñ göz gözüm, Derse han, ýaman segrär, Kesilsin oglan emen süýt damarym, ýaman syzlar, Sary ýylan sokmazdan, akja tenim galkyp çişer, Ýalñyzja ogul görünmez, bagrym ýanar. Gury-gury çaýlara suw saldym, Gara donly derwüşlere wezirler berdim. Aç görsem doýurdym, ýalañaç görsem, don etdim, Depe kibi et ýygdym, köl kibu gymyz sagdym, Dileg ile bir ogul ~ güýç ile boldum, Ýalñyz ogul habaryn, Derse han, diýgil maña, Garşy ýatan ala dagdan bir ogul uçurdyñsa diýgil maña, Gara donly, azgyn dinli gäwürlere bir ogul aldyrdyñsa diýgil maña, Han babamyñ gaşyna men baraýyn, Agyr hazyna, bol leşger alaýyn; Azgyn dinli gäwürlere men baraýyn; Ýaralanyp, kazylyk atymdan inmiýänçä(m), Ýeñim bilen alja ganym salmyýança(m), Gol, but bolup ýer üstüne düşmeýänçäm(m), Ýalñyz ogul ýollaryndan dönmenem, Ýalñyz ogul habaryn, Derse han, diýgil maña, Gara başym gurban bolsun, bu gün saña! - diýip zarynlap aglady" Entek bu pajygaly epizod tamamlananok. Ýöne şu ýerde Derse hanyñ aýalynyñ şeýle epiki stilde düzülen şygrynda VIII-XI asyrlardaky türkmen aýalyna mahsus bolan birnäçe durmuşy-etnografik, harby-psihologik, sosial-filosofik pursatlary belläliñ. ■ Birinjiden, är-aýalyñ arasyndaky konflikt ýeke ogul esasybda döräp, ol düýbünden barlyşyksyz häsiýetde däl-de, eýsem, ol enäniñ naturalistik obrazyny açyp görkezmäge hyzmat edýär. Çünki wakalaryñ añyrsynda ýasamalyk, ýazyjylyk fantaziýasyndan dörän zat ýok-da, natural, ýagny ilkidurmuş obşinasyndaky ýaly açyklyk, güberçeklik, fiziki taýdan görüp, duýup bilmeklik saklanýar. ■ Ikinjiden, ene ogluny ideg-sorag edýän pursatynda öz başdan geçiren zatlaryna-da, ýaşlykdan Derse hana berlişini-de, äri bilen garyndaş gatnaşyklarynyñ hem barlygyny (üns beriñ: "Han babamyñ giýewsi" diýen setir analiz edilende Derse hanyñ kakasy, ýagny şol bir wagtyñ özünde Derse hanyña aýalynyñ gaýyn atasy ~ şu aýalyñ ejesiniñ kakasy bolýar - A.R.) ýañzydýar. ■ Üçünjiden, Derse hanyñ awa gidende ogly bilen bile gidişi, emma ýeke gaýdyp gelşi görkezilýär. ■ Dördünjiden, türkmen durmuşyna mahsus yrymçyllyk, ýaman zada ýorgut etmek beýan edilýär. Aýalyñ "gözüm segrär", "süýt damarym syzlar", "bagrym ýanar", "tenim çişer" diýmesi şony añladýar. ■ Bäşinjiden, bu aýal däp-dessurlary gyşarnyksyz berjaý edýär: eli açyk, aşly-çörekli, myhmansöýer, sahy mally-garaly, gurply eken ("aç görsem doýurdym, ýalañaç görsem, don etdim", depe ýaly et ýygdym", "köl kibi gymyz sagdym"). ■ Altynjydan, bu ogul dilenip alnan ýeke ogul bolupdyr. ■ Ýedinjiden, bu aýal urşujy, gaýdywsyz. Ol "Han babasyndan", "Leşger alyp", "Ýaralanyp, gol, but bolup ýere" zyñylýança söweşmäge taýýar. "Derse hanyñ aýaly gaýtdy, yzyna döndi. Onuñ göwni ynjalman, kyrk sany gyzy ýanyna alyp, bedew ata atlanyp, ogluny idemäge çykdy. Gyşda-ýazda gary eremeýän daga çykdy, pesden beýige çapyp çykdy. Bir deräniñ içine garga-guzgunlar iner-çykar, gonar-galkar. Bedew aty debsäp, şol tarapa ýüwürdi. Hawa, hanym, oglan şol ýerde ýykylypdy, gargalar gan görüp, oglanyñ üstüne gonmak islediler. Oglan ýan gezligi bilen goranyp, gargalary gondurmady. Oglanyñ enesi oglunyñ ýanyna çapyp geldi, oglanjygy al gana bulaşyp ýatyr. Ol çygyryp, ogluna: Gara gyýma gözleriñ uky almyş, açgyl ahy! On ikije süññijigiñ özen almyş, gagşar ony! Tañry beren datly janyñ seýrandamyş indi ahy, Öz göwräñde janyñ barsa, ogul, ber habar maña, Gara başym gurban olsun, ogul, saña! Kazylyk dagy, akar seniñ suwlaryñ. Akar seniñ otlaryñ, Kazylyk dagy, Biter eken, bitmez olsun! Gaçar eken, gaçmaz olsun! Daşa dönsün! Näbileýin, ogul! Bu kazalar saña nireden geldi? Öz göwräñde janyñ barsa, ogul, habar maña! Gara başym gurban olsun, ogul, saña, Agyz-dilden bir kaç kelme, habar maña! - diýdi. Şeýle diýenden soñ, oglanyñ gulagyna bir ses eşidildi. Ol başyny galdyrdy, ýalpa gözüni açdy, enesiniñ ýüzüne bakdy: - Bäri gel, ak süýdüni emdiren, yzzatly enem, akara-da gargama, Kazylyk dagyñ günäsi ýokdur; otlara-da gargama, keýiklere-de gargama, arslana, gaplaña-da gargama - bularyñ günäsi ýokdur. Gargasañ, kakama garga, günä kakamdadyr - diýdi. Ýene oglan: - Ene, aglama, maña bu ýaradan ölme ýokdur, gorkma, boz atly Hyzyr meniñ ýanyma gelip, üç kere ýaramy sypady. "Bu ýaradan ölme ýokdur, dagyñ güli, eneñ süýdi saña melhemdir" diýdi. Şeýle diýenden soñ, kyrk sany gyz dag gülüni ýygmaga ýaýrady. Oglanyñ enesi göwsüni bir sykdy, süýt gelmedi; iki sykdy, süýt gelmedi; üçünji gezek zor bilen gysdy, göwsi gan öýdi, ol gan gatyşykly süýdi sagyp aldy. Dag güli bilen süýdi garyp, melhem edip, oglanyñ ýarasyny bagladylar". Enäniñ özüniñ kulta öwrülişi ýaly, onuñ süýdi-de, ýüregi-de, mähri-de, owadanlygy-da kultlaşandyr. Bu ýerde kanunalaýyklyk bozulanok. Çünki eneleriñ taryhdaky, durmuşdaky orunlarynyñ özi şoña ýol açýar. (dowamy bar)... Abat Sahatowna RYZAÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |