21:32 Türkmen zenanynyñ taryhy täleýi - 4 / makalanyñ dowamy | |
TÜRKMEN ZENANYNYÑ TARYHY TÄLEÝI
Edebi makalalar
Taryh näçe bize tarap süýşdügiçe aýal maşgalanyñ durmuşda ýerine ýetirýän işleri, borçlary şonça-da giñelipdir. Ol öý hojalykçy aýallygyndan döwlet ~ jemgyýet, uruş-dawalary çözüji, ylalaşdyryjy, sazanda, bagşy, şahyr we ş.m. derejelerde-de özüni tanadypdyr. Aýratynam türkmen zenanynyñ güni tä garaşsyzlygymyzy alýançak agyr boldy. Onuñ bir ujuny şu günler 50-55-60 we ondan añyrrak ýaşan garry aýallar, oral aýallar gowy bilýändirler. Indi XX asyryñ soñlanyp barýan mahalynda "Oktýabr rewolýusiýasyndan" öñ doglan (1917) aýaly häzir aýatda diri tapaýmak kyn. Ondan bärde 20-nji, 30-njy, 40-njy, 50-nji ýyllarda doglan, şu gün ýaşy birçene ýeren zenanlar "kollektiwizasiýanyñ", "industrilizasiýanyñ", Beýik Watançylyk urşunyñ, surnukdyryjy pagta meýdanlarynyñ şatysyny gerdenlerinde çekdiler. Ýogsam näme?! 1941-1945-nji ýyllaryñ Beýik Watançylyk urşy aýal üçin elhenç synag bolupdy. Iñ agyr zähmet, iñ agyr iş, iñ tükeniksiz gaýgy ärini, ogluny, doganyny ýa-da kakasyny frontda ýitiren türkmen aýalyna, türkmen gelnine, türkmen gyzyna düşüpdi ahyryn! Diñe özümize birneme ýakyn bolan (taryhy möhlet jähtden - A.R.) 1941-1945-nji ýyllarda türkmen aýalynyñ gören horluklary däl, ondan añyrda, baryp 30-njy ýyllarda zenan maşgala nähili garalandygy, eger ol sowatlylyga, demokratiýa tarap sähel oñaýly ädim ätse, nähili güne düşýändigi taryhdan mälimdir. Bu gaýratly maşgala 1924-nji ýylda öñki kompartiýanyñ agzalygyna giripdi. Şol sebäpli ony 1925-nji ýylyñ 6-njy aprelinde wagşylarça öldüripdirler. 34 gezek pyçaklanan Annajemalyñ yzynda 11 ýaşly gyzy Oguljemal, 8 ýaşly ogly Daýhan galypdy. Daýhan Akmämmedow öñki Sowet häkimiýeti ýyllarynda belli partiýa sowet işgäri boldy. Respublikan "Bilim" jemgyýetinde, "Türkmenistan" neşirýatynda işledi. Gökdepe raýkomynyñ aýallar bölüminin müdiri bolan bu täsin ykbally aýal hakda ilkinji bolup, uly rus ýazyjysy Nikolaý Tihonow (1896-1979) "Annajemalyñ ölümi" atly meşhur oçerkini ýazdy. Hakykatdanam Annajemal Hydyr gyzynyñ hyýanatçylykly öldürilen wagtlarynda - 1926-1930-nky ýyllarda N.Tihonow Türkmenistanyñ durmuşy bilen tanşyp, "Pöwrize polkownigi", "Ýorga" ýaly eserlerini ýazyp ýördi. Ol barada Berdi Kerbabaýew "Ömür boýy" diýen ýatlamasynda ýazýar. Şeýlelikde, Annajemalyñ ölümine ilki seslenme bolan şol oçerkden bir parçany bolşy ýaly sözme-söz terjimede getireliñ: "Jemal öýüne gaýdyp gelende, oña erkek dogany garaşyp durdy. Ol agras nazaryny ona dikip, şeýle diýdi: - Sen jynotdelden git, bolmasa sen biziñ bilen ýaşamarsyñ. Asla dogmadyk ýaly bolarsyñ. Besdir bu masgaraçylyk! ... Öýüñ işigi goparylgydy... Atlylar Annajemaly pyçaklap öldürdiler-de, zut gitdiler. Çagalar dañ atynça ejelerinim jesediniñ ýanynda ýatdylar. Irden hemme ýerden goñşular ýygnanyşdy, erkekler bolsa yz çalmaga gitdiler..." Bu waka taryhy kitaplarda telim gezek nygtaldy. Annajemal ak ýürekden demokratiýa, garaşsyzlyk ugrunda göreşýär, şoña ynanýar. Şol yny ugrunda hem gurban bolýar. Emma onuñ ýüreginden ynanyp, arzuw dddn garaşsyzlygy entek daşdady. Çünki Annajemalam, onuñ döwürdeşleri Ene Kulyýewa, Amandursun Çili gyzy-da, beýleki sada aýal-gyzlar hem Sowet häkimiýetiniñ, kommunistik partiýanyñ totalitar maksadyny bilenokdylar, ol döwürde bu "gyzyl sosializmiñ" asyl matlabyny hiç kimem bilmeýärdi. Oña entek möhlet örän uzakdy. 90-njy ýyllara çenli aralykda 30-njy ýyllaryñ nähak tutha-tutlugy, 40-njy ýyllaryñ Jahan urşy, 50-nji ýyllaryñ ýanamalary, 70-80-nji ýyllaryñ durgunlygy ýatyrdy. Garaz, ERKINLIK, BAGT, AÝALLAR AZATLYGY, GARAŞSYZLYK, DEMOKRATIÝA ýaly beýik sözler öz asyl, tebigy manysyna eýe bolýança, türkmen zenanlary gözi bagly guş ýaly stanok başynda-da, ekin meýdanlarynda-da, gazy-haşar işlerinde-de ýüreklerinde gowulygy besläp, sosializm üçin, kommunizm üçin jan aýaman işleýärdiler. Bular türkmen aýallarydy, ýöne ýetmiş ýylyñ - SSSR totalitar sistemasynda özleriniñ ZENANLYK BEÝIK ŞAHSYÝETINI duýmadylar. Olar gara güýjüñ görnüşi ýaly görülýärdi, emma gözellok çeşmesi, bagt, maşgala ojagynyñ söýesi hasaplanmaýardy. (dowamy bar)... Abat Sahatowna RYZAÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |