13:48 "Türkmensähra" goşgular siklinden | |
"TÜRKMENSÄHRA" SIKLINDEN
Goşgular
▶ Bilbiliñ huzurynda Eý Pyragy! Söz bagynyñ bilbili, Şägirdiñ bolmaga umyt bagladym. Ten beren topragñy eýledim togap, Ýeriñ görüp aýralyga agladym. Baş ujuñda togap etdim, oturdym, Bulut geldi, ýagyş ýagdy damjalap. Ak başyña ellerimi ýetirdim, Goşarymdan bir el tutdy penjeläp. Çekip gitdi giñişligine älemiñ, Sen sürüp barýarsyñ akyl gämisin. Baýdak edinipsiñ köñül köşgünde, Türkmeniñ ruhuny, aryn-namysyn. Bir mukam çaldylar, ajaýyp mukam, Gündogaryñ saýrak ajap bilbili, Beýle şirin mukam başga barmykan, Şerbetiñ şerbeti, ballaryñ baly. Nurustan ummanyn aldylar saýlap, Ýeliñ ýok ýerine baryp durdular. Çalaran başymy çaga dek sypap, Köñle päklik, dile zyban berdiler. Gaýdyp geldim şol oturan ýerime, Şägirdiñ bolmaga umyt bagladym. Sana duşanyma begendim, hemem Ýene aýra düşenime agladym. ▶ Ýadygärligiñ ýanynda Mundan müñ ýyl öñem Omar Haýýamdyñ, Mundan ýüz ýyl soñam Omar Haýýam sen. Alymlar Älemniñ parlak ýyldyzy Şahyrlykda el ýetmejek şaham sen. Gözýetimde gala ýaly gallap dur, Boýun deñläp Nyşapuryñ daglary, Halka bolup töweregñi aýlap dur Jennetiñ gülleri, erem baglary. Derwezäñde garawul bar, sany ýok, Rubagylañ ganat gerýär ýadymda, Munda meý, şerap ýok, munda üzüm ýok, Küýzäni-de goýmandyrlar ýanyñda. Sen içip ýatyrmyñ, içmän ýatyrmyñ Barçalar adyña hyrydar bolsa, Adam ogly üçin baky dünýäde "Şudur jennet, eger jennet bar bolsa". ▶ Haýýam Suhanwer sözüniñ gysgasy ýagşy, Ajaýyp zatlaryñ nusgasy ýagşy. Dört setirden bogup ylham çemenin Bilbiller içinde boldy ol bagşy. Göçübileniçe göçüp gitdi ol Içibileniçe içip gitdi ol. Adamzada ýagty dünýän gapysyn Açybileniçe açyp gitdi ol. ▶ Firdöwsi Sözden dür ýasady, dürden beýdini, Jan berdi, asyrdan tikip geýmini. Gündogardan getirdiler muzduny, Günbatardan äkitdiler meýdini. Turany, Eýrany wasp edip gitdi, Göreşli meýdany wasp edip gitdi. Bagda-bilbil, dagda Rüstem Zaldy ol Köşk gurdy, eýwany wasp edip gitdi. ▶ Attar Dünýäde görgüriñ gözüdi Attar, Ylhamyñ ýañlanan sözüdi Attar. Ol Symrugy peşgeş berdi äleme Aslynda Symrugyñ özüdi Attar. ▶ Hapyz Zenanlaryñ gaşyn görüp ozallar, Gadym ýaýy wasp edipdir ozanlar. Yspyhanda kepder kibi uçup ýör Temirleñi ýoldan sowan gazallar. ▶ Nyşapur gijesi Ýyldyzlary ýere düşüren gije, Aşygy-magşuga duşuran gije, Saña bir sözüm bar, aýdaýyn, diñle Köñlüm jahyllyga baş uran, gije. ~ Gijäniñ-gündiziñ parhy nämedir? Söýginiñ gymmaty, nyrhy nämedir? Eger pany dünýä dowamsyz bolsa, Onda şum pelegiñ çarhy nämede? ~ Söýgi bir höwesdir, nyrhy şondadyr, Dünýä aýlanyp dur, çarhy şondadyr, Bak, oýnaklap duran ala gözlere Gündiziñ-gijäniñ parhy şondadyr. ▶ Ylham Meni uzyn gije güýmedi ol ýar, Ýagşy-ýaman bir söz diýmedi ol ýar, Onuñ pynhan syryn duýdum welin men Meniñ pynhan syrym duýmady ol ýar. Diñläp-diñläp, diñläp dana sözleri, Bir agardy, bir gyzardy ýüzleri. Kän jan berjek ýaly mähirli bakdy Kän jan aljak ýaly ala gözleri. Kä jak-jaklap güldi, käte ýyglady, Daña golaý dar otaga sygmady. Aladañdan horazlaryñ sesine Ýaýyp ýatan gara zülpün ýygnady. Toty däl, bilbiller gözlener eken, Munda bilbil bolup sözlener eken. Çadyra bürenen gara zülpünde Dañdan tüm gijeler gizlener eken. El uzatdym, köñül berdim ol jana, Biz garypdan bolsun diýip nyşana. Ylhamdan ganatly perişdä meñzäp Gündogar dagyna boldy rowana. * * * Jülgede hiñlenýär durnagöz çeşme, Heñin diñlemäge düşüpdir bahar. Aşyk bir-birine ömürboý teşne, Magşugyna mydam intizar bakar. Agşamara ýat gözlerden ýadyrgap Aý bulutdan bakdy, o gyz çadyrdan. Ýeller ýeleýandan öwsüp giderler, Saçyn sypamaga ejap ederler Güller topugyndan togap ederler. Agşamara ýat gözlerden ýadyrgap Aý bulutdan bakdy, o gyz çadyrdan. Pelegiñ gerdişi düşen dek başa, Ne içeri girýär, ne çykýar daşa, Sabyrsyz garaşyp ýakyn syrdaşa Agşamara ýat gözlerden ýadyrgap Aý bulutdan bakdy, o gyz çadyrdan. Ak derek ak gyzyñ bilegi ýaly, Paşyrdady hoşluk dilegi ýaly, Geldi aşyk ýigit ogry mysaly, Agşamara ýat gözlerden ýadyrgap Aý buluda girdi, o gyz çadyra. Abdyreşit TAŞOW. # watan_98 | |
|
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Bolupdy döwür / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |