05:54 Üç million ýyl ýaşly lagnaty mawy almazyñ syry | |
ÜÇ MILLION ÝYL ÝAŞLY LAGNATY MAWY ALMAZYÑ SYRY
Geň-taňsy wakalar
Betbagtlyk getirýändigi bilen giñden tanalan mawy almazyñ 3 million ýyllyk taryhynyñ bardygy aýdylýar. Onuñ adyny bilmeýän ýok eken, hatda hemmämiziñ bilýän "Titanik" çeper kinofilminde-de mawy almazdan söz açylýar. Ýüzlerçe ýyllap elden-ele geçen bu almaz ahyrsoñy Osmanly soltany Abdylhamyt II-niñ eline düşýär. Betbagtlyk getirýändigi aýdylan bu almaz soltanyñ eline düşenine birküç ýyl geçenden, ol tagtdan inderilýär. Soltan Abdylhamydyñ agtygy Nadin soltan mawy almazyñ lagnaty syryny şeýle düşündiripdir: Bu mawy almazyñ hanedanymyza nädip düşendigini hiç kim bilenok. Iññän gymmayly we bahasyna ýetip bolmajak derejede täsin almazyñ ýene bir ady "Gara almaz". Dünýäde onuñ deñesine ýetip biljek zat ýok. Ony kimleriñ nähili ýagdaýda berýändigi ullakan syr, muña jogap berip biljek adam häzire çenli tapylmady. Ýeke bir zat mälim, olam - mawy almaz kimiñ eline düşse, oña betbagtlyk getirýändigi baradaky hakykat. Geñ galaýmaly, şeýledigine ynanasyñ gelmeýän bu täsin daş Soltan Abdylhamyda-da oñlulyk getirmändir. Özem bu lagnaty almaz "Titanik" gämisiniñem heläk bolmagyna sebäp hökmünde görkezilipdir. Köp adam gäminiñ gark bolmagyny bu gara almazyñ lagnatydy daşlygyna baglanyşdyrypdyr. Belki-de, oña Allanyñ ýazan takdyry şeýledir - almaz hiç kimiñ eline düşmeli däldir. Belkäm şonuñ üçin mawy almaz ummanyñ teýine ýok bolup gidendir?!.. Soltan Abdylhamydyñ uýasy Seniha soltan gajar melikeleri ýaly at münmegi gowy görüpdir, şeýle-de ol amanzonkaly zenanlar ýaly at üstünde dürli oýunlary görkezip bilipdir. Bir gezek ol säwlik bilen atdan ýykylýar. Şonda köşgüñ maşgala lukmany Besim Omar paşa gyssagly köşge çagyrylýar. Şol wagt Besim Omar paşa Nýu-Ýorkda medisina boýunça halkara konferensiýasyna gatnaşmak üçin ýola şaýlanyp duran eken. Melikäniñ atdan ýykylandygy baradaky habar gelip gowşanda, onuñ keýpine sogan dogralýar. Sebäbi az wagtdan Çerburga barýan Gündogar otlusyna münüp, ondan soñam Nýu-Ýorka barýan "Titanik" gämisine münmeli eken. Ol gämide özüne lýuks nomer aýyrdyp goýupdyr, üstesine çemodanlary-da eýýäm wagona ýüklenipdir. Bu syýahat Besim Omar paşanyñ näçe wagtdan bäri sabyrsyzlyk bilen garaşan syýahaty bolansoñ, ol gyssagly melikäniñ ýaralaryna däri-derman edýär, gerekli bejergini edip, soñky etmeli işleri-de kömekçilerine düşündirip, köşkden çalt çykýar. Paýtunyny haýdadyp gaýdanam bolsa, takdyr ony göýä otla münmekden saklaýan ýalydy. Otly menziline ýetmäge azajyk galanda, otly ýöräp başlaýar. Besim Omar indi gijä galypdy, ol barybir otla ýetişip bilmedi. Haçandan bäri arzuwyny edip ýören syýahaty birnäçe sekunt gijä galyp gelendigi üçin amala aşman, elinden uçup gidipdi. Ýöne geñ galmaly zat, onuñ çemodanlary-da özi bolmazdan ýola çykypdy... Çemodanlaryñ birinde Soltan Abdylhamydyñ bahasyz mawy almazy-da bar eken. Şol wagtlaram bu almazyñ lagnatydygy baradaky myş-myşlar agyzdan-agyza geçipdir. Soltan Abdylhamyt şonuñ üçin bu almazy başyndan sowup dynmak isläpdir. Mawy almaz hakynda gaty kän rowaýatlar, myş-myşlar ýaýrapdyr. Iñ täsin ýeri-de, ol kimiñ eline düşse, oña betbagtlyk getiripdir. Şonuñ üçin soltan bu ugursyz almazy özünden daşlaşdyrmak isläpdir. Besim Omar paşa syýahatynyñ amala aşman galanyna diýseñ jany ýanypdyr. Onuñ elinden negözel uly mümkinçilik sypyp gidipdi. Bu syýahat onuñ durmuşynyñ öwrülişik sepgidi bolmalydy. Çünki ol "Titanik" gämisiniñ ilkinji ýolagçysy bolmak bagtyna eýe bolmalydy. Bu her kese miýesser edýän bagtmy näme! Tä "Titanik" gämisiniñ heläkçilige uçrandygy baradaky habar Stambula gelip gowuşýança, onuñ öýkesi ýatyşmandyr. Habary eşidip haýrany hekgeren lukman galan ömrüne soltanyñ ýanyndan aýrylman, oña wepaly hyzmat edipdir. ■ Goşmaça maglumat üçin seret: http://www.kitapcy.ga/news/gowher_dasynyn_syry/2019-07-13-7587 # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||