10:30 Üç Osmanly ýazyjysy Nobel baýragyny alypdy... | |
ÜÇ OSMANLY ÝAZYJYSY NOBEL BAÝRAGYNY ALYPDY...
Edebiýaty öwreniş
Orhan Pamugyñ edebiýat boýunça Nobel baýragyny almasy gyzgyn seslenme döredipdi. Pamuk bu abraýly baýragy alan ilkinji türk ýazyjysy hökmünde birnäçe wagtlap gazet sahypalaryndan düşmedi. Emma meseläniñ taryh tarapynyñ hem bardygyny ýatdan çykarmaly däl. Hem Nobel baýragynyñ, hem-de Osmanlynyñ ýakyn taryhyna seredenimizde, haýran galdyryjy bir hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Eger Osmanly döwleti XIX asyrdaky ýaly dowam eden bolsa, onda bu gün türk dünýäsiniñ bir däl-de, dört ýazyjysynda Nobel baýragy bolardy... 2005-nji ýylyñ 12-nji dekabrynda "The Guardian" gazetinde "Deñiz" ("The Sea") atly romany bilen Nobel baýragyna mynasyp bolan iñlis ýazyjysy Jon Benwill bilen geçirilen söhbetdeşlik makalasy çap edilipdi. Benwill asly irland bolan iñlis ýazyjylarynyñ we sungat işgärleriniñ uzyn sanawyny berýär we iñlis edebiýatynyñ "iriş" (irland) şahasyna ünsi çekýär. Men şu ýerde nämäni pikir etdim diýseñizläñ?! "Eýse iñlisler tabynlygyndaky halklaryñ we dilleriñ iñlisçe beýan edilýän hekaýatlaryny-da "iñlis edebiýatynyñ çäginde wagyz edýän bolsa, biz näme üçin osmanlylar üçin şeýtmeli dälmişik?" diýip pikir etdim. Meselem "Bosniýa Osmanly edebiýaty". Näme üçin gürji, arap, grek, serb, hatda wenger osmanly edebiýaty bolmaly däl? Bular birnäçe asyrlap Osmanlynyñ medeniýetiniñ goýnunda ýaşadylar ahyryn. Eger ýagdaý şeýle bolsa, "Osmanly edebiýaty" diýen adalganyñ berýän manysy barada-da täzeden çekişme gurnalsa kem bolmaz. Osmanly edebiýaty diñe osmanly dilinde, ýagny, arap elipbiýli türkçe tekstlerden ybaratmy? Ýok! Meselem, garamanly türkmen dili näme? Gresiýa göçen garamanly türkmenleri grek elipbiýinde ýazýardylar ahwetin. Ýazuw arassa türkmen dilindedi, emma elipbiý grek elipbiýindedi. Görşüñiz ýaly, türki edebiýatyñ gurşawyny hasam giñelmegimiz gerek. Şeýle-de Şemseddin Samynyñ türk edebiýatynyñ ilkinji romany hasap edilýän “Taaşşuk-y Talat we Fitnat” romanyny, osmanly ermenisi Hosep Wartanyñ (Wartan Paşa) 1851-nji ýylda ermeni elipbiýinde, emma türkçe ýazan “Akabi hekaýasyny" hem öz edebiýatymyzyñ goruna goşmak gerek. Türki dilleriñ örüsi barha giñeýär, onuñ gurşawynda Osmanlynyñ çäkleri hem ümmülmez giñişligi öz içine alýar. Muña baglylykda osmanlylar baradaky düşünjämizem üýtgeýär. Elbetde, bu ýagdaýda Nobel baýragyna bolan pikirimizem üýtgetmek gerek. Osmanly döwletiniñ ahyrky ýyllarynda parça-parça edilip paýlanylandygyny bilýäris. Iñ soñky paýlaşma birinji jahan urşunda bolup geçdi we Balkanlardan Kawkaza, Adriatik deñziniñ kenarlaryndan Hind okeanyna çenli uzap gidýän äpet döwletiñ çäginde onlarça döwlet, onlarça halk emele geldi. Bu döwletler we halklar ähli nesillerini biziñki ýaly on ýylda "döredendiklerini" öñe sürseler-de, añyrsy osmanlylara baryp direýärdi we osmanlylardan alan täsirlerinden geçen asyryñ 80-nji ýyllaryna çenli saplanyp bilmeýişleri ýaly, bu baý we döredijilikli täsiriñ saýasynda birtopar üstünliklere ýetdiler. Iñ bärkisi meselem biziñ Ýaşar Kemalymyzyñ Inçe Mämmet (İnce Memed) ýaly obrazy diñe osmanly saýasynyñ bar ýerinde döräp bilerdi. Hernäçe inkär etmäge çalyşsagam, osmanlynyñ bize bolan täsiri ähli oñyn we oñaýsyz taraplary bilen hemişelik güýjüni ýitirmän geldi. Muny bilmek gerek. Bu nukdaýnazardan seredenimizde üç sany osmanly ýazyjysynyñ edebiýat dünýäsiniñ iñ uly baýragyna mynasyp bolandygyny görmek bolýar. Olar Iwo Andriç, Ýorgo Seferis we Elias Kanetti dagylardyr. ■ "Biziñ romançymyz": Iwo Andriç 1961-nji ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolan Iwo Andriçiñ osmanly eseri bolan bir köpriniñ dört asyra golaý başdan geçirmelerini gürrüñ berýän "Drina köprisi" ("Мост на Дрине" -t.b.) romanyndan köpler habarlydyr. Andriç 1892-nji ýylyñ 10-njy oktýabrynda Trawnikde dünýä indi. Trawnik Bosniýanyñ Osmanlyny ýatladýan iñ taryhy şäherleriniñ biridir. Oña "Wezirler şäheri" hem diýilýär, çünki köp sanly osmanly weziri şu şäherde kemala gelipdir. Basan her garyş ýeriñde osmanly burugsaýan bu şäherden bir serb ýazyjysy orta çykýar we Wişegrad şäherindäki köpri barada ýazyp Nobel baýragyny alýar. 1892-nji ýylda Bosniýa Awstriýanyñ golastynda bolsa-da, resmi taýdan Osmanly döwletine degişlidi. Osmanla bolan bu degişlilik on alty ýyl geçensoñ doly üzüldi we 1908-nji ýylda Bosniýa Awstriýa tarapyndan doly basylyp alyndy. Andriçiñ üns bermeli tarapy: bosniýaly gardaşlarymyz biraz duýguçylrak çemeleşip, ony özlerinden çetleşdirseler-de, aslynda ol "biziñ romançymyzdyr". Muny Sezaýy Karakoç 1964-nji ýylda "Büyük Doğu" žurnalyna ýazan "Romançymyz Iwo Andriç" makalasynda batnyklyja subut etmegi başarypdyr. Makalada şeýle diýilýär: "1961-nji ýylda Nobel edebiýat baýragy osmanly edebiýatyna, hatda osmanly romanyna berildi diýip hasaplap bolar. Çünki Nobel baýragyny alan Iwo Andriç ýugoslaw ýazyjysydyr, slawýan ýazyjysydyr, hatda ýewropaly ýazyjy sypatyny götermekden ötri OSMANLY ÝAZYJYSYDYR. Ol diñe romanlarynyñ personažlary, "wagty", "ýeri", sýužeti bilen däl-de, çöküp barýan dünýäni (Osmanly dünýäsini -M.A.) kem-kemden orta çykarmaga synanyşma niýeti we stili bilen her biri bir tarapa ýönelen birgiden adam mähelleleriniñ içinde imperiýanyñ aglaba bölegi bolan bir sebitiñ halkyna baha berme, orginal kadrlary şekillendirme hem-de mundan täze bir estetika döretme aýratynlygy bilenem Iwo Andriç hakyky osmanly ýazyjysydyr". (Seret: "Edebiýat ýazgylary II", "Diriliş" neşirýaty, 1986, sah.: 101. / “Edebiyat Yazıları II”, Diriliş Yayınları, 1986, s. 101.) Makalasyny Nejip Fazylyñ çykarýan žurnalynda çap etdiren Karakoç pikirini delillendirmegiñ hatyrasyna çekişmä sebäp boljak hasam başga pikirleri orta atýar we Andriçi osmanlylaryñ Gomeri, eserini-de biziñ "Iliadamyz" we "Odisseýimiz" diýip yglan edýär. Bu eser osmanly köp öwüşginliliginiñ we köptaraplylygynyñ içinden çykan "birlik aýdymyna" meñzeýär. Onsoñam Iwo Andriç iki tarapdan alanda hakyky osmanly ýazyjysydyr. Ol birinjiden-ä: heniz Osmanlynyñ gyzgynynyñ gitmedik döwründe we ýerinde dünýä inýär hem-de ol ýerde kemala gelýär. Ikinjidenem: ol döreden eserine ýaşyp barýan dünýäniñ iñ soñky şöhlelerini we nagmalaryny siñdiriipdir. Ýagny, ýazyjynyñ özi osmanly bolubam bilerdi, emma eseri başga heñden gopardy. Emma ol beýtmändir. Tankytlanyljak taraplarynyñ hem bardygyna garamazdan, ýazyjy hakyky osmanlydyr, ol osmanlynyñ baý we çuñ medeniýetini ussatlyk bilen beýan edip meşhurlyk gazandy. Özünden, geçmişinden, oña sögünmän, geçmişiñ ajysyna-da, süýjüsine-de göni garady, ondan "iýmitlendi", netijede mundan utuş gazananam ýene ýazyjynyñ özi boldy. ■ Nobeliñ izmirlisi: Ýorgo Seferis 1900-njy ýylyñ 13-nji martynda Izmir şäherinde rum maşgalasynda dünýä inen Ýorgo Seferisiñ çagalygy on dört ýaşyna çenli Izmirde geçdi. 1914-nji ýylda onuñ maşgalasy Afinä göçdi. Ýazyjy 1963-nji ýylda Nobel baýragyna mynasyp boldy we 1971-nji ýylda Afinyda aradan çykdy. Heniz Izmirde ýaşap ýörkä goşgy düzmäge başlady. Goşgularynda esasan watanyndan jyda düşürilmegiñ awusy, Ortaýer deñziniñ peýzažy, hususanam dogduk depesi bolan eziz Izmirine bolan ýiti küýseg bar. Izmirli ildeşi we günbatar şygryýetiniñ atasy Gomeriñ döredijiligi onda aýratyn uly yz galdyrdy. Beýik Gomeriñ eserleri onuñ ylham çeşmesi boldy. Şahyryñ Izmire dolanyp barasy gelýärdi. Emma 1922-nji ýylda Izmiriñ täzeden türkleriñ eline geçmegi onuñ umytlaryna sogan dogrady. Şahyr şondan özüni sürgüne sürlen we ýersiz-ýurtsyz galan ykmanda kimin duýdy. Seferis soñ Parižde hukuk bilimini alandygyna garamazdan diplomat bolmagy makul bildi. Angliýanyñ daşary işler ministrliginde işledi. Albaniýa, Günorta Afrika respublikasy, Müsür, Türkiýe (Ankara), Liwan, Siriýa ýaly ýurtlarda dürli wezipelerde zähmet çekdi. Hasam üns bermeli ýeri, 1959-nji ýylda Türkiýäniñ şol wagtky daşary işler ministri Fatin Rüştü Zorly bilen bile Garaşsyz Kipriñ ýoluny açan London ylalaşyk şertnamasynyñ awtorlaryndan biri boldy. Seferisiñ diplomatik missiýasyny ýerine ýetiren ýurtlaryna ser salanymyzda, onuñ Osmanlynyñ öñki höküm süren ýurtlaryndan daşlaşmandygyny görmek bolýar. Şahyr imperiýa darganda köklerinden gopup, çar tarapa pytran hasratly nesildendi. Mugtuna gelen bir belady onuñ başyndan inenler; emma käbirleriniñ pikir edişi ýaly diñe "diasporalaryñ" başyndan inen bela däldi. Seferisiñ dogduk şäherine dolanyp barmak umutlarynyñ gutaran 1924-nji ýylynda başga bir osmanly şahyry Mehmet Akif Ersoý ata watanyny taşlap, Osmanlynyñ öñki ýurdy bolan Müsüre gitmeli bolupdy... Imperiýanyñ ahyrky ýyllary we sürgünlik müñlerçe kemala gelen ruhlaryñ il-gününi taşlap, özlerine täze watan gözlän we gynansak-da ýaşamaga ýurt tapmadyk döwrüniñ iki gussaly nagmasy bolup ýañlanýar. ■ Nobele mynasyp bolan iñ soñky osmanly perzendi: Elias Kanetti Belki-de romanlaryny okansyñyzam. Emma Elias Kannetiniñ soñky "Nobelli osmanly" Elias Kanettiniñ osmanly raýatydygyny köpiñiz bilýänem dälsiñiz. Elias Kanetti 1905-nji ýylda Bolgariýanyñ Rusjuk şäherinde ispan ýewreýi (sefarad) maşgalasynda dünýä indi. Alty ýaşyndala maşgalasy Angliýanyñ Mançester şäherine göçdi. Mançesterde kakasy aradan çykansoñ, şahyryñ ejesi çagalaryny-da alyp Wena göçüp gidipdir. 1994-nji ýylda aradan çykan Janetti Nobel edebiýat baýragyny alan "iñ soñky osmanlydyr" (1981 ý). Janettiniñ ölüminden soñ neşir edilen ýatlamalary ("The Tongue Set Free" ady bilen 1999-njy ýylda çap edildi) osmanly durmuşyna güýçli yşyk tutýar. Ýazyjy onda "...Özümi hemişe Türkiýeden gelen ýaly duýdum. Hamala Rusjukdan gaýdansoñ ýaşamadyk, başymdan hiç zat geçmedik ýalydy..." diýip ýazypdyr. Janetti reñk şowakörlügini başdan geçirýän dünýämize Osmanly Rusjugynyñ reñbe-reñ atmosferasyny şekillendirip berýär: "Dunaý derýasynyñ boýundaky Rusjuk çaga üçin ajaýyp şäherdi we megerem Rusjugyñ Bolgariýadadygyny aýtsam, şol günleriñ suratyny nädogry çekdigim bolar (Üns beriñ: ýazyjynyñ dili şol wagtlar içerki işlerde özbaşdak bolsa-da, resmi taýdan Osmanly döwletine garaşly Bolgariýa knýazlygynda doglandygyny aýdasy gelenok. Ol bu ajaýyp köp öwüşginlilik diñe Osmanly ýaly köp milletlilige gujak açan dünýäde bolup bilerdi diýmäge çalyşýar. -M.A.) Bu ýerde aýry-aýry milletden bolan adamlar bilelikde ýaşardy. Ýedi-sekiz diliñ bir ýerde eşdilmedik ýeke ýerini tapyp bilmersiñiz. Esasanam sähralyklardan gelen bolgarlar bilen bile bir raýonda bile ýaşaýan köp sanly türkler bardy. Olaryñ ýanynda ispan ýewreýleriniñ oturýan raýony hem bardy. Rumlar, albanlar, ermeniler syganlar hem azlyk edenokdy. Dunaýyñ gaýra ýüzünden rumyniýalylar gelerdi. Süýt emdiren enemiñ rumyniýalydygy bolsa hiç haçan ýadymdan çykmaz. Birem onda-munda ýaşaýan az sanly ruslary-da görmek bolýardy". Günbatar kriteriýalaryna gabat gelýän ynanmasy kyn bu köp dürlilik, ynha, XX asyryñ ahyrlarynda şular ýaly ýylgyryp bakýardy we oña ýatdan çykmajak şeýle sözleri aýtdyrýardy: "Bu köpdürliligiñ peýzažyna hiç mahalam dogry manysynda düşünip bilmedim, ýöne onuñ täsirlerindenem hiç mahal çykyp bilmedim". Şeýlelikde, XX asyryñ iñ “kosmopolit” ýazyjylarynyñ biriniñ Osmanly Rusjugynyñ köp medeniýetli howasyndan nämeleri miras alandygyny görmek bolýar. Şol sanda üç Nobel baýrakly "ýazyjymyzyñ" Osmanlynyñ çöwre tarapyndan seredilende, olaryñ baýraga mynasyp bolmalarynda osmanly dünýäsiniñ akyl ýetirip bolmajak baýlygyna ömürlik bergidardyklaryny hem görmek mümkin. Ýene bir zat bar: Üç ýazyjy hem çagalyklarynda hakydalaryna siñen osmanlynyñ "adaja şemalyny" dünýä edebiýatyna öwüsdirip bilipdirler we özboluşlylyklaryny gaýdyp hiç haçan yza dolanyp gelmejek beýik dünýäniñ öñünde bergidardyklaryny buýsanç bilen ýazypdyrlar. 15.12.2006 ý. Mustapa ARMAGAN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |