18:13 Üçünji "dini lideriñ" yzyndan Eýran we sebit | |
ÜÇÜNJI "DINI LIDERIÑ" YZYNDAN EÝRAN we SEBIT
Publisistika
Hamaneý prezident wezipesine ýumşak geçişiñ bolýandygyny görkezesi gelýär Eýranda prezidentiñ saýlaw sandygy bilen üýtgemegi 1979-njy ýyldaky "rewolýusiýadan" bäri radikal hadysa bolmady, çünki ilki Homeýniniñ, soñ Ali Hamaneýiñ döwründe ähli döwlet edaralary "dini lideriñ" kontrollygy astyndady. Eýranyñ prezidenti dolandyryş organy bolan hökümetiñ başlygyndan başga hiç kim däl we ol saýlawy, ykdysady ugurlary, "Dini lider" çadyryny, "Weliýýi-Fakih" ideýasynyñ astynda reformistler bilen radikallaryñ arasyndaky göreşi alamatlandyrýar. Prezident Ibrahim Reisiniñ (we daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýanyñ, beýleki ýolbaşçylaryñ) ölüminiñ şu görnüşde öwrenilmegi gerek. Dini lider Hamaneýiñ "prezidentiñ wertolýotynyñ" heläkçiligine uçrandygy hakdaky habarlar ýaýramaga başlandan "ýurduñ dolandyryş apparatyna täsiri bolmaz" diýmek bilen, görkezmek isleýän zady-da şudy. Konstitusiýanyñ Goraýjylar Geñeşi (KGG) eýýäm prezidentiñ birinji orunbasary Muhammet Muhbiriñ emele gelen "boşlugy doldurmak" maksady bilen prezidentiñ ýerine geçjekdigini mälim etdi. Muhbir bilen Mejlisiniñ başlygyndan, Suduñ başlygyndan ybarat komissiýanyñ elli günüñ dowamynda ýurdy täze saýlawlara taýýarlajagy aýdyldy. Hökümet bolsa beren beýanatynda "Reisiniñ ýolyna dowam ediljegini" aýtdy. Bütin bularyñ barsy döwlet apparatynda ýumşak geçişiñ bardygyny görkezýär. Prezidentiñ, daşary işler ministriniñ, beýleki ýolbaşçylaryñ wertolýot heläkçiliginden ölmeginiñ yzyndan ýurt çuññur gynanç içinde we sebitde oña bildirilýän mesaña duýgudaşlyk bar. Saýlawlardan soñ bolşy ýaly reformaçylar bilen radikallaryñ arasynda garşylyklaýyn aýyplamalar howada gaýmalanok, seresapsyzlyklaryñ yzyndan edilişi ýaly çykyşlar edilenok, ykdysady, inflýasiýa we walýuta kursunyñ ýagdaýlaryny derñeýän ýok. Ýurt birleşen we egin-egne beren ýagdaýda hem-de geçiş döwrüniñ, yzyndan iki aýa ýeter-ýetmez wagtyñ içinde täze prezidentini saýlamagyñ ýolunda öñe barýar. Tährandan gelen habarlar-a şular ýaly. Şeýle-de bolsa, hakykatda işler olar ýalam imisala däle meñzeýär. Sowukganlylygyñ astynda küller we ylalaşyklaryñ astynda oýnalýan humarlar bar. Reisiniñ duýdansyz aradan çykmagy dini lider Hamaneýiñ oruntutarynyñ aýratynlyklaryny kesgitlemek we Eýranyñ kyrk bäş ýyl bäri iñ ýokary wezipeli orny bolan dini liderlik wezipesinde meselesiz geçiş müddetini taýýarlamak üçin taýýarlan meýilnamasyna uly zarba inderdi. Ibrahim Reisä dogrusyny aýtmaly bolsa, Hamaneýden soñky dini liderligi we "Weliýýi-Fakyh" wezipesini almagyna garaşylýan iñ esasy kandidat hasaplanýardy. Sekiz ýylyñ içinde Hamaneýiñ howandarlygynda duýdansyz ösüşi munuñ şeýledigine yşarat edýärdi. Reisi 2015-nji ýylda birdenkä dini edaralaryñ birine başlyk bellendi, yzyndanam Suduñ başlygy boldy. Prezidentlige kandidaturasyny goýdy. Birinhi saýlawda 2017-nji ýylds Hasan Ruhaniden ýeñildi, emma tizara garşydaşlary öñünden aýrylyp, 2021-nji ýylda prezident kürsüsine geçmeginiñ şertleri taýynlandy. Şeýlelik bilen 1981-nji ýylda prezident bolup, 1989-njy ýylda dini liderlige we "weliýýi-fakiflige" geçen Hamaneýiñ karýerasyny gaýtalamalydy. Konserwatiwler Ibrahim Reisini goldamaga meýillidi. Söwdagärler we ykdysadyýetiñ elitasy bolsa Hamaneýiñ ogluny goldamagyñ pikirindedi. Rewolýusion gwardiýa bolsa ikisini-de goldaýana meñzeýärdi. Reisini "dini lideriñ" oruntutary etme prosesiniñ soñky duralgasy bolan şu ýylyñ ýaz aýlarynda geçirilen segsen sekiz agzaly Hünärmenler Mejlisiniñ saýlawlarydy. Eýranda syýasatyñ esasy ugruna gözegçilik etmek, uruş, ýaraşyk, umumy mobilizasiýa boýunça kararlary kabul etmek jogapkärçiligi boýnuna ýüklenen we Ýaragly Güýçleriñ serkerdebaşysy bolan Rewolýusiýanyñ Dini liderini saýlama işi şu mejlise degişli edilen. Her sekiz ýylda geçirilýän mejlis saýlawlary möhüm zat, ýöne şu ýylky saýlawlar has möhümdi. Çünki öñümizdäki sekiz ýylyñ dowamynda uly ähtimallyk bilen segsen bäş ýaşly Hamaneýiñ oruntutaryny bellemeli. KGG Hamaneýiñ islegi boýunça Hasan Ruhaninjñ kandidaturasyny kabul etmän, Hünärmenler Mejlisiniñ saýlawlaryndan çetleşdirdi. Mundan öñem geçen gezekki prezident saýlawlarynda onuñ kandidaturasy kabul edilmändi. Reisiniñ bäsdeşleriniñ öñüni baglamak ädimleriniñ çäginde Hünärmenler Mejlisiniñ saýlawlaeynda Ruhaniniñ kandidatlyk bukjasyna Haşimi Rafsanjaniniñ, Ali Rarijaniniñ, rewolýusiýanyñ öñbaşçysy we "dini lideri" Homeýniniñ agtygy Hasan Homeýniniñ bukjalaryna urulyşy ýaly "gyrmyzy" möhür uruldy. Şeýlelik bilen Hamaneýiñ oruntutary üçin bäsdeşlik "syýasy ogul" Reisi" bilen "kanuny ogul" Müjtebanyñ arasynda galmaly boldy. Dini lideriñ oglunyñ ýaryşyñ daşyndadygy barada birnäçe gezek aýdandygy dogry, emma 2022-nji ýylyñ awgustynda "aýatolla" çininiñ berilmegi ony ýaryş meýdanyna saldy ýa-da dini lider bolmagyñ arzuwyny etmegine getirdi. Konserwatiwler simwollary bolan Ibrahim Reisini goldamagyñ meýlinde bolsa, söwdagärler we ykdysadyýetiñ elitasy "bitarap" din adamy Hamaneýiñ ogluny goldamagyñ pikirindediler. Ýurduñ alternatiwalaryny we daşary syýasat boýunça ugurlary kesgitlemekde iñ sözi geçginli hem-de harby şahalary bolan Rewolýusion Gwardiýanyñ harbylary bolsa ikisini-de goldaýana meñzeýärdi. Şeýlelik bilen hamana "parolyñ" ahyrky eýesiniñ özüdigini aýdýardy. Rewolýusion gwardiýa içerki syýasata göni goşulyp bilmeýärdi. hemmeler onuñ razylygyny alasy gelýär. Sebäbi Gwardiýa Eýranda we sebitde Eýranyñ täsiri astyndaky ýurtlarda "döwletiñ içindäki döwletdir". Reisiniñ ýoklugy içerki we sebitleýin hadysalaryñ akymyna täsir eden hadysadyr. Prezidentiñ aradan çykan aýgytlaýjy pursaty diñe eýran rewolýusiýasynyñ ömründäki üçünji lideriñ kim boljakdygy baradaky bukjany öz içine alanok. Prezidentiñ wertolýoty şol bir wagtyñ özünde Eýrany-da ýakyndan gyzyklandyrýan sebitleýin şemallaryñ we açyk bukjalaryñ arasynda bolup geçen apy-tupanlaryñ arasynda awariýa düşdi. Bu bukjalar - Gaza uruşy, Liwanda Ysraýyl bilen "Hizbullahyñ" arasyndaly dartgynlylyk, Yrakda ABŞ-Eýran basdaşlygy, Gyzyldeñizdäki Husi hüjümleri, Siriýanyñ prezidenti Başar Asadyñ Tähranyñ agyr eýemçiliginden sypyp we özüni arap döwresine sokmagyñ alajyny gözlemegi, Eýranyñ we Ysraýylyñ "kölege uruşyndan" göni çaknyşyga geçmegi, ABŞ-Eýran ylalaşyklary we hüjümleridir. Reisiniñ ýoklugy içerki we sebitleýin hadysalaryñ akymyna täsir eden hadysadyr. Günbataryñ sanksiýalarynyñ uçma we gaý-tupanlara döz gelme ukybyny agsadan köne wertolýotyñ awariýa uçramagy netijesinde Eýranyñ prezidenti we Hamaneýiñ üçünji dini liderlige kandidaty bolan Reisi öldi. Üçünji dini lideriñ ýoklugynyñ Eýrana we sebite ýiti täsir etjekdigine hiç hili şek-şübhe ýok. Ibrahim HAMIDI, "Al Majalla" internet gazetiniñ baş redaktory. Sişenbe, 21.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |