16:24 Uly režissýor | |
HALYPA REŽISSÝOR
Teatr we kino sungaty
Türkmenistan SSR-niň sungatda at gazanan işgäri kinorežisýor Hangeldi Agahanow ýetmiş ýaşady. Sungatda at gazanan... Bu üç sözüň aňyrsynda gör näçe zähmet, zehin, ynjalyksyz geçirilen günlerdir ukusyz atyrylan daňlar ýatyr. Halkyň ýüzlerçe, müňlerçe ýyllaryň dowamynda sünnälän-syntgylan bize ýetiren sungatyna her taraplaýyn düşünmegiň, ondan lezzet almagyň özi-de bir sungat. Ýöne sungat ugrunda işläp, halypa bolmak, zehindir zähmetiňi siňdirip at gazanmak, ussat bolmak welin aýratyn uly iş. Hangeldi Agahanow, dogrusy, kino işgärleriniň aýdyşy ýaly, şeýle ussatlaryň biri. Özi-de, ýüzlerçe, müňlerçe ýyllaryň dowamynda sünneläp-syntgylap bize ýeten sungatyň däl-de, döränine bary-ýogy togsan ýyl geçen kino sungatynyň ussatlarynyň biri. Görnükli režisýorymyz Alty Garlyýewiň adyny göterýän “Türkmenfilm” kinostudiýasynyň 60 ýyllyk toýuny toýlaýan ýyly kinostudiýanyň gapysyndan ilkinji ätlänleriň biri Hangeldi Agahanowam 70 ýaşady. H.Agahanow 1934-nji ýylda kinostudiýanyň ýanynda açylan kinotehnikuma okuwa girýär. Bu okuw jaýynyň maksady kinostudiýa üçin milli kadrlary taýýarlamakdan ybaratdy. Ol, ussat režisýor Dawid Wladimirowiç Wolžinden tälim aldy. 30-njy ýyllaryň başynda “beýik lal” adyny alan kinofilmler dil açyp başlady. Ýöne, onuň bilen baglanyşykly kynçylyklaram ýüze çykdy. Haýsy-da bolsa, bir halkyň dilinde çykarylan çeper filmler başga bir halk üçin düşnüksizdi. Şol sebäplide, kän synaglardan, tejribelerden soň başga bir halka düşnükli bolar ýaly filmleri dublirlemek kararyna gelindi. Ýaş kinosungatyndaky bu täzeligi türkmen kinomatografiýaçylarynyň arasynda ilkinji bolup, Hangeldi Agahanow ornaşdyrdy. Ol, ilkinji gezek “Lenin Oktýabrda” atly me\hur ceper filmi tvrkmen diline gecirdi. Bu filmde ilkinji gezek Wladimir Ilýiç Lenin türkmen dilinde sözledi. Döredijilikli bu wezipä ýaş režisýor Hangeldi Agahanowam, Leniniň rolunda ilkinji bolup türkmen dilinde ses beren, häzirki SSSR-iň halk artisti Muhammet Çerkezowda abraý bilen hötde geldiler. “Lenin Oktýabrda” diýen taryhy-rewolýusion filmiň ýokary ussatlyk bilen ene dilimize geçirilmegi türkmen medeniýetiniň ösüşinde uly wakadyr. Lenin türkmençe gürleýär. Dogrudan-da, munuň özi medeni durmuşymyzyň üstünligidir. Ýene-de bir zady bellemeli. Bu filmi türkmen diline geçiren ýaş milli kadrymyz, režisýor Agahanow diýip, TSSR-iň halk ýazyjysy Aman Kekilowyň “Sowet Türkmenistany” gazetiniň 1933-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky sanynda ýazmasam ýokardaky aýdanlarymyza güwä geçýär. Otuzynjy ýyllaryň ahyrynda W.I.Leniniň iňňän ynandyryjylykly obrazy döredilen, sowet kinosungatynyň altyn fonduna giren kino eserleri “Lenin-1913-nji”, “Tüpeňli adam”, “Beýik daň sazy” atly çeper filmleri-de Hangeldi Agahanowyň režisýorlyk etmeginde türkmen diline geçirildi. Şu filmlere režisýorlyk edenden soňra Beýik Watançylyk urşy başlandy. Hangeldi agada meýletinleriň hatarynda eline ýarag almaly boldy. Uruşdan dolanyp geleninden soň H.Agahanow ýene-de filmleri türkmen diline geçirmek işi bilen meşgullandy. Soňra bolsa, hronikal-dokumental filmlere režisýorlyk edip başlady. Ol, Beýik Ýeňişe saldamly goşant goşan respublikamyzyň merdana adamlary, öňde baryjy hojalyklardyr, brigadalar, uruşdan soňky halk hojalygyny dikeltmekde tapawutlanýanlar barada täsirli filmleri döretdi. Sowt halklarynyň doganlyk-dostlugyny wasp etmeklige bagyşlanan “Uzakdaky gelinlik” atly sazly kinokomediýa kyrkynjy ýyllaryň ahyryndaky döredilen sowet kino eserleriniň iň şowlulylarynyň biri boldy. Kinofilmi döredijileriň bir toparynyň SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp bolan bu filminde Hangeldi Agahanow ikinji režisýor bolmak bilen, filmi goýujy režisýor Ýewgeniý Alekseýewiç Iwanow-Barkowa aktýorlary saýlap-seçip almakda, köpçülikleýin sahnalary gurnamakda-da, milli sahnalaryň has ynandyryjy bolup çykmagynda-da iňňän uly kömek etdi. Ol, “Çopan ogly”, “Maşgalanyň namysy”, “Aşyr aganyň hötjetligi” ýaly çeper filmlerde-de ikinji režisýor bolup, bu kinofilmleriňem ilhalar eser bolmagy ugrunda köp zehin siňdirdi. Çeper film taýýar eser bolup tomaşaça ýetýänçä köp çylşyrymly prosesi başdan geçirýär. Şol çylşyrymly ýoluň iň jogapkärli ýeri filmiň montažy režisýoryň paýyna düşýär. A.Galyýewiň “Aýgytly ädim” kinoepopeýasynyň şöhrady barada aýdyp oturmagyň geregide ýok. Ýurdumyzda, onlarça daşary ýurtlaryň kinoekranlarynda üstünlik bilen görkezilen bu filmiň montažçy režisýoryda Hangeldi Agahanow bolupdy. Görnükli režisýorumyz Alty Garlyýew bilen sowadylan çaýlar, ençeme döredijilkli çekeleşmeler, dynuwsyz agtaryşlar ýerine düşüp, şeýle ilhalar film döredi. Hangeldi Agahanow original çeper filmleri döretmekde türkmen kinomatografiýasynda öz poçerkini, öz ukybyny görkezen adam. H.Agahanowyň režisýor Pawel Syrow bile bilelikde döreden ilkinji çeper filmi bolan “Ilkinji ekzamen” filmi onuň ukybynyň üstüni açdy. Çeper filmi döretmekligiň iňňän çylşyrymly döredijilik işdigi barada biz ýokarda aýdyp geçdik. Emma, çagalaryň gatnaşygyndaky çagalara niýetlenen çeper filmleri döretmeklik adaty çeper filmleri döretmekden has-da çylşyrymly. Filmde çagalaryň obrazyny döretmeklik, şol obrazy ynandyryjy edip biläýjek çagany köp çagalaryň arasyndan saýlap almak, heniz kinosungatyndan bihabar bolan kiçijik artistlere olaryň öňünde duran aktýorçylyk wezipesini düşündirmeklik örän kyn mesele. Kino ugrundan ençeme çarşenbäni başyndan geçirip, özüne ynalynan işe bütin durky bilen ýapyşýan, millionlarça tomaşaçynyň öňündäki jogapkärçilige gowy düşünýän H.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky döredijilik topar bu kynçylyklara abraý bilen hötde geldi. Muňa 1959-njy ýylda Kiýew şäherinde geçirilen Bütinsoýuz kinofestiwalda “Ilkinji ekzameniň” çagalar üçin döredilen filmleriň arasynda iň gowularynyň biri hasaplanmagam şaýatlyk etdi. Filmde has dogrusy filmi döretmeklikde Hangeldi Agahanow aktýorlar ansamblyny döretmeklikde şowly ädim ätdi. Mekdep okuwçysy Orazyň roluny göwnejaý ýerine ýetiren Aşgabadyň 29-njy orta mekdebiniň şol wagtky okuwçysy Gurban Annagurbanow bolan bolsa, ýaş hudožnik Gulamowyň obrazyny, özi-de türkmen kinosynda ilkinji şeýle göwrümli obrazy ynandyryjylykly döreden häzirki SSSR-iň halk artisti Baba Annanowdy. Altmyşynjy ýyllaryň başlary türkmen kinomatografiýaçylary üçin irginsiz gözlegler hem açyşlar döwri boldy. Şeýle “açyşlaryň” biri-de H.Agahanowyň režisýor Wiktor Zalk bilen “Gündogara tarap on ädim” çeper filminde edildi. Ol ýaş aktýor Artyk Jallyýewiň kinosungatyna düýpli gelmegine ýol açdy. H.Agahanow kinosungatyna täze işe gelýän aktýorlar, ýaş spesialistler bilenem uly höwes bilen işleýär. Özüniň baý tejribesini, köp ýyllaryň dowamynda kinosungaty baradaky bilimini sahylyk bilen paýlaşýar. Hangeldi aga ýaş operator, soňra görnükli kinorežisýor bolup ýetişen TSSR-iň sungatda at gazanan işgäri Hojaguly Narlyýewiň operatorlyk etmeginde “Türkmenistan” atly dokumental telewizion filmi /režisýor L.Çerensow bilen bilelikde/, Türkmenistanda graždanlyk urşunyň wakalaryny şowly beýan edýän “Iň soňky ýol” atly gysga metražly çeper filmi surata düşürdi. “Horaz” kinokomediýasy tomaşaçylaryň gowy ýadyňda bolsa gerek. Onda esasan hem baş rol Myradyň, we inženeriň obrazyny döreden Leonid Peýtowyň, brigadiriň rolunda çykyş eden görnükli kinoaktrýorumyz Akmyrat Bäşimowyň işleri köpleriň göwnünden turdy. Hangeldi Agahanow 1966-njy ýyldan bäri ýene-de dublýaž işine baş goşdy. Ol, doganlyk halklaryň kinosungatynyň iň gowy eserleriniň türkmen tomaşaçysyna doly çeperçiliginde ýetirilmegine, şeýlelikde doganlyk halklaryň özara gatnaşyklarynyň barha giňelmegine saldamly goşant goşýar. Hangeldi aganyň öýüniň bir otagy çaklaňja kitaphanany ýadyňa salýar. Ondan kinosungatynyň taryhyna, edebi we ylmy eserleri tapmak bolýar. Şonuň üçinde Hangeldi aga ynalynan film isle “Mosfilm”, “Lenfilm” bolsun isle-de Pribaltika, Zakawkazýe, Orta Aziýa respublikalarynyň, beýleki doganlyk halklaryň kinostudiýalarynyňky, filmiň her bir uşak detalynyň änigine-şänigine çenli doly göz ýetirip sähelçe-de sowuk-salalyga, säwlige ýol goýmaýar. Şonuň ýaly hem filmleri Türkmen dilinde seslendirýän aktýorlardan şeýle takyklygy, ynalynan ýumuşa durkuň bilen berilmekligi talap edýär gazanýar. Filmiň terjimeçisinden, filmiň baş roluny seslendirýänden başlap, iň kiçijik epizodlarda, köpçülik sahnalarynda çykyş edýän artistlere çenli iňňän talapkär bolan Hangeldi aganyň döredijilik tagallasy bilen häzir iki ýüzden-de gowrak çeper film türkmen diline geçirildi. ... “Men Şapalow”, “Baýrak”, “Biruny”, “Rüstem hakynda rowaýat”, “Ýeňiş”, “Bagration”, “Marşal Jukow” ýaly sowet kinosungatynda yz galdyran kinofilmleri türkmen diline geçirmek bilen uly iş bitirdi. Hangeldi Agahanow filmleri dublirlemegiň uly syýasy hem medeni ähmiýeti barada, terjime işiniň döredijilik işiniň kämilligi, dilimiziň baýlaşmagy, umuman türkmen kinosungatynyň ösmegine ýardam etjek aktiw meseleler barada metbugatda döredijilik maslahatlarynda, tomaşaçylar bilen bolýan köp sanly duşuşyklarda yzygiderli çykyş edýär. Ol “Türkmenfilm” kinostudiýasynyň çeperçilik Sowetiniň agzasy, Türkmenistan SSR Döwlet kinosynyň kollegiýasynyň agzasy bolmak bilen bu gün türkmen kinosungatyna gelen ýaşlaryň ýakyn maslahatçysy, tejribeli halypasy. 1986 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |