22:14 Ümsümlikdäki galmagal | |
ÜMSÜMLIKDÄKI GALMAGAL
Goşgular
![]() Depesinden gyşa tarap inipdik, Dünýäme ümsümlik getiren güýzüň... Iki ýoluň çatrygyna giripdim, Howalar üýtgedip başlanda tüýsün. Serimde sagat deý işledi durdy, Lukmanyň pederim hakda aýdany. Sowuklar ekin däl, kalbymy urdy, (Barmy baglaň güýzden ýaza gaýdany!?.) ...Atam bolsa geljek ýylyň ekini hakda pikir edip mellegimizde, aýlanýardy, derde bermän erkini täze umytlary döredip bizde. Täze ýyldan başlap iki öküzi, Baga bakyp başlajagyn aýdýardy. Alys menzilleri nazarlan gözi, gynanjyma gynanç goşup gaýdýardy. Bilenokdy atam ýürek derdiniň Sanalgyja günlerini kertişin. Men bolsa şol wagtlar pynhan derdinip, Ugruna çykypdym sement, kerpijiň... Akmyrat JUMAÝEW. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |