07:52 Aýna / hekaýa | |
AÝNA
Hekaýalar
Del belgiden gelen jaňlara biparh bolsam-da, nämüçindir, bu gezekki jaňy galdyrmazlyga nähilidir bir güýç erkden daşary höküm etdi. Telefonyň ýaşyl düwmejigini basdym. – Alo! – Alo, salam! – Salam! – Aky senmiň? – Hawa… – Men Aýna, tanadyňmy! – Ki-im? – Aýna diýýän. Men A-a-ýna-a. – Haýsy Aýna? – Seniň tanaýan Aýnaňmykaň diýýän, men-ä. – Anyk aýtsana, kimligiňi, wagtym ýok, ýogsa… – Dogrudanam meni tanaňokmy? Beýle bolsa wagtyňy almaýyn. Ýadyňa düşsem, habarlaşaý, isleseň. Şu nomer meňkidir – diýip, jaň edeniň sesinde nägilelik duýuldy. Hakykatdan-da wagtymyň çäklidigine garamazdan, onuň bilen nämüçindir, düşnüksiz ýagdaýda hoşlaşasym gelmedi. – Sesiňiz-ä gaty tanyş, ýöne, çynymy aýdýan, kimligiňizi teý hakydama getirip bilemok. – Hakykatdanam?!. – Gara çynym, azajyk howlukmasaňyz-a, derrewjik tanarynam. – Siziň wagtyňyz ýok ahyryn… – … – Men özümi adresimi berip tanatsammykam, ýa bolmasa, ö-öňler Ruhyýet köşgündäki beren hatyňy ýatladyp tanatsammykam… – I:nim dyglap gitdi. Çekge damarlarym sarsyp, beýnim gyzyp başlady. Süňňüme ýaýrap başlan ysgynsyzlyk bilen seslendim: – A-ýna-a! – Ýadyňa düşäýdim öýdýän?! – Hawa. Ýöne, nädip… – Hakykatdanam tanadyň dälmi?! – Dogrudanam, bu sen bolsaň… Hawa, tanadym, tanadym. – Gördüňmi, seni özüm tapandyryn. – Elbetde, ýöne nädip… – diýenimden, ýüregimi ýerinden gozgaýan bir mahalky tanyş gülki telefonuň kinniwanja kolonkajygyndan çykyp, gulagymyň perdesinden süzülip geçdi-de, beýnimde ýaňlandy… * * * Uniwersitetiň bosagasyndan ätlänimize ýaňy iki aý bolup geçipdi. Men ders bäsleşigine ýazylyp, goşmaça okuwlara gatnaýardym. Islegiň boýunça saýlanan her bir ugra uniwersitet biparh däldir welin, döwlet ders bäsleşigine gatnaşýan talyplardan talap juda başgaçady. Ders bäsleşiginiň esasy orundakysy bol ýa-da ätiýaçdakysy bol, parhy ýok, hemme kim deň derejede sapak alýar. Bir günem umumy ýaşaýyş jaýynda bile ýaşaýan otagdaş kursdaşym Tirkiş ýarawsyzlyk tapynyp, baýramçylyk çäresine görülýän taýýarlykdan galmaly boldy. Men ýarawsyz dostuma gep getirmezlik üçin beýleki oglanlara goşulyp bir günlük oňa derek çärä gitdim. Ruhyýet köşküne bardyk. Taýýarlyk başlady. Men Tirkişiň durmaly ýerinde durup, buýruga garaşyp durdum. Duýduryş bolaryna mähetdel, sahna çykdyk. Gepiň küle ýeri, onça bir kelläňi bulaşdyryp durjak hereket ýok eken. Eli naýza boýy baýdakly oglanlaryň hatary sahnanyň iki tarapyndan çykyp, sahnada ýarym Aý şeklinde düzülmeli. Soňra saza görä baýdagyňy ýuwaşlyk bilen deňje galgatmaly. Hiç hili kynçylygy ýok eken. Sazyň ritminiň üýtgän wagty sahnada welaýatlaryň folklor toparlarynyň gyzlary peýda bolýar. Olaryň eşikleri dürli-dürli bolsa-da, saza görä edýän tanslary welin meňzeşdi. Hemmesi bir hörpden gopýar. Tirkişiň boýy uzynrak bolansoň, sahnanyň öňündäki hatarda durýan eken. Menem onuň ýerinde baýdagymy galgadyp, duw-ak lybasynyň ýeňleriniň etegi uzy-yn–uzy-yn seçekli zyba gyzlaryň tansyna göwnühoşlukdan ýaňa hoşgöýlük bilen tomaşa edip duryn. Edil iki-üç ädim gabat-garşymdaky akmeňiz bir gyz ganat kibi ýaýylan gollaryny kem-kem ýokary göterip, girdap ýaly towlanjyrap başlady. Şol towlanyp durşuna hem gabak astyndan ýylgyrjyrap bir nazar atdy welin, tas baýdak elimden gaçypdy. Gör, bu çäreleriň ýakymlyjadygyny! Onýança-da, çäre gurnaýjynyň azmly sesi köşgüň içindäki şowhunyň üstüne suw sepdi: «Stop! Stoop! Berekella, berekella, hereketleri şu terzde saklajak bolmaly. Ýöne sahna çykanda oglanlaryň hatarynda interwal saklanmady. Onsoňam, oglanlar, baýdagy galgadanyňyzda saza üns beriň, saza. Gyzlaryň tansynyň hereketi bilen sazlaşyk döremeli, sazlaşyk. Dawaý, siz çekiliň kulise, degişme sahnasyny görüp, soň ýene-de sizi çagyrjak. Şondan soň bu günki taýýarlygy jemläris». Her kim çykan ornuna çykyşy ýaly yza çekilip sahnany boşatdyk. Gyzan bazaryň mähellesi kimin süýşüp barýan köpçülikden gözlerim şol gyzy gözläp, güpürdekläp barşyma öňümdäki oglanlaryň köwüşleriniň ökjelerini basyşdyryp, kulise çykdym. Nobatyň tizräk özümize ýeterine garaşýan. Nobat ýetdi. Sahna çykdyk. «Gowy boldy» diýen bahany aldyk. O gyz bilen gözler arkaly sözleşibem ýetişdim. Ýolboýy ertirem çärä gelmegiň aladasyny edip barýan. Umumy ýaşaýyş jaýyna gelsem, Tirkiş ýylgyryp garşy aldy. – Sag bol, Aky, uly kömek etdiň, giden bolsam gaty kösenjek ekenim. Siz giden badyňyza doktor çagyrdylar, gelip ukol etdi welin, ýagdaýym gül ýaly häzir. – Sag bol hökman däl, dost, sen ýat, gowja gutul! O diýýäniň ukolyň güýjüdir. Ertirem saňa derek özüm giderin. Sen gowuja gutul! – Ýok-how, ertir özüm gidýän, sen arkaýyn alimpiýada taýýarlygyňa gidiber. Sag bol aladaňa! Bir adama üç gezek «Sen kör» diýseň gözüni barladarmyş diýleni boldy. «Sen heniz gutulaňok, gözleriň aýdyp dur, üzlükseň gaty kyn bolar» diýip, Tikişiň daşyna geçdim welin, ol hakykatdanam özüni hassa saýyp, ertirem deregine meni ugratmaga razy boldy. Begenjimi daşyma çykarman, işdämenlik bilen agşamlyk edindim. Gijäniň bir wagtyna çenli şirin arzuwlaryň ganatyna münüp, nätanyş gyza ýüregimi döküp hat ýazdym. Arasynda goşgujyk dagam goşan boldum. Soňra hatymy emaý bilen epleşdirip, ezilip syýasy bulaşaýmasyn diýen heder bilen eplengi hata uzagrak tutup atyr pürküp, ony ertirki çärä geýjek penjegimiň jübüsine saldym. Ertesi gün ders bäsleşigine taýýarlyk okuwymdan rugsat alyp, dostuma «kömege» gitdim ýene. Çäre başlandy. Öňki hereketler gaýatalanyp, öňki sazlar ýaňlanyp başlady. Oglanlaryň ýarymaý nyzamy düzülip baýdaklary galgap başlandan, welaýatlaryň folklor toparlarynyň tansçy gyzlary guw kibi galgaşyp sahnada peýda boldular. Ana, şol öňki ýerinde ýüregime zenzele salan nätanyş gyz hem otly garaýşy bilen salam ýollap, tansa başlady. Ol dyzynyň üstünde oturyp, gollaryny galgadyp, bary-ýogy dört sanyjak köz reňkli gül ýaprajyklaryny şemaldan ýaňa zordan saklaýan inçejik baldakly gülälek kibi towlanýardy. Tansynyň arasynda ýaz ýylgyrşy bilen bir gamza atdy welin, şobada gursagymda dörän tüweleý sähel salymda meni bu jelagaýdan göterip, adam garasy bolmadyk gül-pürçük sähralyga taşlap goýberdi. Bu ýerde men, soňam, mahal-mahal otly nazary bilen köýdürip duran şol tansçy gyzdan başga hiç kes ýok. Ol-a mahal-mahal seredýä. Men bolsa ondan ýekeje sekunt hem gözümi aýramok. Çemini tapyp, oňa ýazan hatymy bermegiň hyýalyna münen wagtym, diňe şol wagt çärededigim – adamlaryň arasyndadygym azda-kände ýadyma düşýär. Sazyň depgini peselen ýerde – tansçylar ör turup başlanda oglanlaryň nyzamy kulise çekilmelidi. Bu zatlar kelleden çykypdyr. Kimdir biriniň ajan gyýygyny döküp durmasy üzlem-saplam eşidilýär. O gyz tans edýän ýerinde bir zatlaryň yşaratyny edýär, menem ýylgyryp oňa baş atyp durun. Onýança, mikrofonda sesinde baryndan gygyryp häliden bäri kolonkany ýyrtjak bolýan guramaçynyň sözlerini saýgaryp başladym. «Çekil, çekil diýýän saňa, birinji baýdakly duran… aho-ow saňa diýýän. Eý-y aňkasy aşan, saňa diýýä-än, saňa-a. Dürtseňizläň şony biriň, ukladymy-ýa o?» Şu gepleriň özüme diýilýändigini kimdir biri gelip dürtende bildim. Saz kiparlapdyr, oglanlaryň nyzamy çekilipdir. Men bolsa tansçy gyzyň «gapdalyňdakylar gitdi» diýen yşaratyna näz-kereşmedir öýdüp doňup du:n. Ýüzüme ot basylan ýaly bolup sahnadan çykdym. Oglanlar ala-wagyrdy bolup gülüşdiler. Haçan-da, men sebäpli ýaňky zatlar täzeden gaýtalanmaly bolanda, olaryň gülküleri igenje öwrüldi. Çykan badymyza-da, gurnaýjy maňa mazalyja duýduryş berdi, özem duzlyja duýduryş. Utançdan ýaňa ýüzüm lowlap dur. Saz ýaňlandy, tanslar başlandy. Nätanyş gyz tans arasynda bu gezek ýylgyranokdy-da, hakyt gülýärdi, özem meň üstümden gülýärdi. Utanjym oňa öňkilerim ýaly buýsançly seretmäge ýol berenok. Barybir ýürege diýenini etdirmek utanja kyn boldy. Gyzlaryň dyza çöküp tans etmeli ýeri gelende ykjamlandym. Bu pursat tansyň gutarjak wagtynyň öňüsyrasy. Hatymy şu pursat bermesem, soň mümkinçilik ýok. Mähelle sahnanyň arka ýüzüne geçende, ýanyňdaky ýoldaşyňy ýitirmän saklap bilseň – uly iş bitirdigiň, häliki birini gözläp tapmak eken. Gursagymyň bir ýerlerinde «Bu gyzy iň soňky gezek görşüm bolaýmasyn» diýen sorag peýda bolansoň, baýdagy bir elimde sakladym-da, dessine ünji-heder, usullyk bilen eplengi hatymy jübimden çykardym. Ony başam barmagymyň aýasyna goýdum-da, gyza ümläp, süýem barmagym bilen pitikläp goýberdim. Begenjimden ýaňa tas uçupdym. Hat gös-göni gyzyň etegine baryp düşdi. Haty barmaklarynyň arasynda bukan gyz dessine ýerinden galdy. Çäre gutaryp, köşgüň dälizi bilen çykalga tarap barýarkam, şol gyza sataşyp, gapa barýançak gepleşmek miýesser etdi. Ady Aýna eken. Ol utanjyrap dursa-da, ýüregindäkini alçaklyk bilen aýdan soň, men hem birneme dogumlandym. – Okadym hatyňy. – Köneçil eken diýme ýene. Seni ýitirmezlik üçin ýazdym. – Ýitirmezlik üçin? – Ine şu ýerde duşuşmadyk bolsak, näm bolardy, tanyşmankam ýitirerdim seni. Şo howatyr bilenem hat ýazdym. Ätiýaç diýibem salgymy-da ýazdym. – Ätiýaç diýip? Şol ätiýajyň peýda berjegine ynandyňmy soň? – Ynanmasam-da, umyd-a etdim. – Goşgusy gowy eken, özüň ýazdyňmy? – Elbetde. Heý-de, sen ýaly peýkere goşgusyz hat ýazyp bolarmy!.. Gapa ýetenimizde, iň soňky haýyşymy – öýüniň telefon belgisini soranymda hem raýymy ýykmady… * * * Ol wagtlar el telefonlary indi-indi ýaýrap başlapdy. Şonuň üçin Aýna bilen gepleşmäge telegrafa gidýärdim. Telegrafyň ýollaryny torç edip ýören günlerimiň birinde bäş oglan bolup kireýine bir jaý aldyk. Meni begendiren birinji zat – şol jaýdaky telefondy. Elim boşadygy telefona ýapyşýan. Aýnanyň öýüniň telefon belgisine aýlaý-aýlaý, indi düşeniňde, trubkany ýa dogany alar, ýa ejesi. Garaz, mydama Aýnanyň özi telefony alyp duranokdy. Näme-de bolsa, Aýna bilen hepdede bir gezek gepleşmek nesip edýärdi. Aradan 4-5 aý geçip, Aşgabada gezmäge gelende ony iň soňky gezek görşüm boldy. Şondan soň ýene telefonda gepleşýärdik. Telefonda gepleşmäge hyýallanan badyma, ullakan bir gaýgy ýüregime labyr atýardy: Şu gün onuň bilen gepleşip bolarmy? Hakydamda möhürlenen belgä uly umyt bilen jaň edýän. Trupkada operator zenanyň näzik sesi ýaňlanýar: «Siziň aýlaýan ugruňyzda gürleşýän köp, garaşmagyňyzy ýa soňrak aýlamagyňyzy haýyş edýäris!». Uludan demiňi alarsyň. Operator bolsa ýaňky sözlerini rusça, soňam iňlisçe gaýtalap oturandyr. Iň bolmanda, ýigrim munduňy gidirip, şol belgä düşersiň, trubkany arzyly adamyň özi galdyrar. Begenersiň. Ýöne begenjiň uzaga çekmez. Gepleşigiň arasy kesilip, trubka guguldap durandyr. Arasy kesilmedik wagtlar bolsa, liniýada başga-başga adamlaryň sesleri eşidilip, päsgel berer durar. «Seni göresim geldi» diýseň, «gapdaldan» biri «Kimi?» diýip jogap gaýtarar. Kimdir biri gepleşýänine «Päsgel berme olara, telefonda söýüşýäler, diňle-de otur» diýer. Kimdir biri: «Ýürege-de düşdüňiz-aý ikiňiz, goýuňda indi!» diýip igener. Meniň gazabym tütäp, Aýna: «Soňrak jaň ederin» diýip, käte-käte olar bilen sögüşibem gidiberýärdim… Soň-soňlar-a Aýna hepdede bir jaň ederdim, wagt geçip aýda bir jaňlaşardym. Gyzyň telefon belgisine aýlan wagtym operatoryň «Siziň aýlaýan ugruňyzda… » diýen sesini eşidenden däliräne dönüp, şarkga turbkany goýup, işim bilen bolubererdim. Aýna ýurduň iň çetki etrabynyň goňşy döwlet bilen serhetdeş obasyndan bolansoň, onuň bilen telefonda gepleşmek şol wagtlar şu derejede kyndy. Söýgi diýeniňem ot kysmy bir zat borly: Oňa wagtly-wagtynda odun taşlap dursaň-a lowlar, taşlamasaňam, sönýän eken. Şeýdip, aýlar aýlanyp, ýyllar geçdi. Soň-soňlar aýda bir gepleşýän Aýnam bilen alty aýdan bir gepleşip, ol wagt hem nobatynda süýndi gitdi, süýndi gitdi… Şeýdip, bu gyz kem-kemden ýadymdan çykyşyp gitdi. * * * Ine, şu zatlary ýadyma aýlap doňup durşuma, Aýnanyň sesi özüme getirdi. – Alo! Alooo! Eşidýäňmi meni? – Alo, Aýna, eşidýän, eşidýän, pikire bataýypdyryn. – «Nirden çykdy bu?» diýipmi? – Ýok-how. Näme diýjegimem bilemok. – Ýagdaýlaryň gowumy özi? – Şükür, şükür, ýagşy! Özüň nähili, Aýna?! – Ýagşy men. Öýlendiňmi sen? – Ä? – Öýlendiňmi diýýän? – dessine gep oýnadyp ugradym – Ýeri, özüň hakda aýtsana, Aýna. Durmuşa çykdyňmy sen? – Ýo-ok. Sen öýlendiňmi? Näme diýjegimi bilmän, gepi başga ýana sowmaga çalyşdym – Beh, Aýna, nädip tapdyň meni? – Men öýlendiňmi diýip soradym? – Gulaklaryma ynanamok. Hakykatdan-da Aýna özüňmi? Aýtsana, nädip tapdyň meniň telefon belgimi? – Gazetde goşgularyňy okadym. Soňam makalaňy. Makalanyň aşagynda bolsa işleýän ýeriň salgysy bar. Ýeri, onsoň näme kynçylygy bar tapmagyň. Ady, familiýasy gabat gelýän başga biri bolaýmasyn diýibem idäp gördüm. Däl eken. Edil özüň ekeniň. – Tüweleme, Aýna, men gaty tolgunýan. – Gördüňmi, meniň özüm tapandyryn seni. – Gaýrat et, Aýnam, gyjalat berme, men, men-n… nädip düşündirjegimi-de bilemok. – Ýeri, bolýa, esasy zat biz tapyşdyk, şo bes. Sen bir zady aýt indi: – Sen öýlendiňmi? Meni der basyp başlady. – Aýna, seni näçe wagtlap gözlänimi bir bilýäňmi? Telefon belgiňem ýadymdan çykan soň gaty kyn boldy maňa. – Telefon belgi ýadyňda bolanda-da gepleşmek kyndy o wagtlar. Hat ýazaýmal-a öňküleriň ýaly. Hatyň gelýädi ahyr, gaty gitse bir hepdede. – Wah, men bara-a… – Soragyma jogap berjek däl-dä şeýdip, ä?! – Haýsy soragyňa? – Öýlendiňmi diýip sorapdym. Öýlendiňmi-ýa sen? – Dem ýetişmän ysgynsyzlyk bilen boýnumdan galstugymy aýyrdym. – Aýna, eşidýäňmi – diýenimden, gapydan müdirimiz girdi. Girşine-de: «Hasabatlary nätdiň, ýetişdiňmi?» – diýip, alkymyma dykylyp geldi. Wah, Aýnanyň düşbüligine döneýin. «Başlygyň igenýämi? Seni güýmäp gepe goýdum öýdýän? Soňrak jaňlaşarys, bomy, boşan wagtyň» diýip, Aýna öz ýykan çukuryndan özi çykardy duruberdi. Men onuň soňky sözlerine «Bolýa, Aýna, bolýa, soňrak jaň ederin» diýip telefony öçürdim. Müdir ýüzüme birgeňsi seredip durdy-da: «Ýagdaýlaryň ýagşymy özi? Näm boldy saňa, ýüzüň-gözüň ak-tam bolupdyr-a» diýip gara çyny bilen aladalandy. Hiç zat diýip bilmejegimi bilendird-ä, «Bolýa, ertir işläris, çaý zat içip dynjyňy al. Meseläň bolsa aýt» diýip, ýeke galdyryp çykyp gitdi. Hiç zat diýip bilmesem-de, Aýnanyň yzyny üzmän soraýan soragyndan häzirlikçe halas edendigi üçin müdire gaty minnetdar boldum. Müdiriň yzyndan seredip galşyma, on ýyllap ýoluma intizar gözlerini dikip garaşan Aýna indiki gezek jaňlaşanymyzda näme jogap berjegimi bilmän perişan halda ýere siňip barýardym. Iň bolmanda, hoşlaşyk hatyny ýazaýmaly ekenim… Akmyrat JUMAÝEW. | |
|
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |