11:19 Zenanlaryñ poeziýadaky keşbi | |
ZENANLARYŇ POEZIÝADAKY KEŞBI
Edebi tankyt
Şahyr Italmaz HUDAÝBERDIÝEWIŇ döredijiliginde zenan mertebesi Şahyr Italmaz Hudaýberdiýewiň döredijiligi bilen tanşanlaryň köpüsi Gurbannazar Ezizowyň: «Italmaz, tuduň awtory» diýen esaslandyrmasy bilen biygtyýar ylalaşýarlar. Bu barada şahyr Hudaýýar Deňliýew «Garagum» žurnalynda saldamly makala bilen çykyş edipdi. Hakykatdan-da, Italmaz Hudaýberdiýewiň kitaplaryny okap çyksaň, onda tut hakynda ýazylan goşgular, ýa bolmasa başga bir goşgularynyň meňzetmelerinde tutdan, tudanadan mysal getirilen ýerleri az däl. Tut barada hakykatdan-da, türkmen edebiýatynda Italmaz Hudaýberdiýewden köp ýazan şahyr ýok diýerli. Emma şahyryň döredijiligine içgin aralaşyberseň, onuň döredijiliginde ene mukaddesligi, zenan mertebesi tutuş döredijiliginiň umumy mazmuny kesgitleýändigini görmek bolar. Şahyryň ene hakda bolmadyk goşgularynyň hem hiç bolmasa bir ýerinde ene sözi jüpüne düşen ýerini tapyp, edil ene mähri ýaly ýüregiňi ýyladyp dur. Bu bolsa hakyky poeziýada ýüze çykýan halatdyr. Goşhaltaňa çörek salyp duz bilen, Uly ýola salyp, seredip galan, Ene seni mähri bilen ugradar: «Watan hyzmatyňa tamakin balam». Bu şahyryň «Watan» diýen goşgusyndan bir bent. Ol bu goşgusynda iki sany beýik mukaddesligi biri-biri bilen şeýlebir sazlaşdyrýar welin, bu sazlaşygyň ýörite edilmändigini, mukaddesliklere bolan beýik garaýşyň söýgüsinden gelip çykýandygyny goşgynyň jemlemesinde hem aýdyň görse bolýar: …Kim bagtly bolupdyr, Ýeriň üstünde, Mährem ene deýin Watandan dänip?! Şahyr «Tut» diýen goşgusynda obasynda ösüp oturan bir äpet tudy suratlandyryp başlaýar. Goşgynyň ady «Tut» bolsa-da, onuň ahyrynda tuduň üsti bilen başga bir ykballar açylýar: tut uzak-uzak ýyllaryň şaýady bolup ösüp otyr, ol halys gojalapdyr, gasyn-gasyn bolup gollaryň ýaýran ýerlerinde köwleriň sany artypdyr. Şahyr şol köwleriň birinde höwürtgeleýän guşlary görüp söýünýär we başga bir köwde köpelýän ýylanlary görüp, guş jüýjeleriniň ykbalyna gyradan seredip bagryny dilýär. Mährem ene deýin sypap başyny, Ýyllar ony getiripdir kemala. …Bi setirler bolsa goşgynyň birinji bendinde tuduň kemala gelşi suratlandyrylanda biygtyýarlyk bilen setirlere siňen ene mähridir. «Güýz oýlanmasy» goşgusynda birinji bent güýzüň göze görnüp duran alamaty bilen açylyp, soňy adam ykbalyna sapyp gidýär, şol ykdal hem sallançak, ene hüwdüsi, ene, çagasyny ýatyrýan aladaly gelniň durmuşyndan mysallar bilen açylýar: güýzüň gelmegi bilen guşlaryň köpüsi ýyly ýurtlara göçüp gitdi, olaryň şahandaz seslerini höwürtgelerinde galan per-ýelekler ýatladyp dur, bireýýämler dünýäsini täzeläp giden enäniň hüwdüsini gursagynda saklan şemal howluda duran sallançagy yralap goýberýär: Höwürtgede galan ýelekler saklar, Mundan göçüp giden guşlaryň sesin. Şemal sallançagy yralap gitdi, Saklap gursagynda enäň hüwdüsin. Şol enäniň ojagynda ornuny tutup oturan gelni bar, onuň hem syýa kibi zülpleriniň tarlaryna gyraw «düşüp» başlapdyr. Gelin sallançagyň başynda ogluny ýatyryp, zülplerini timarlap durşuna mahal-mahal ellerini, ýüzlerini synlaýar-da, öňler terlikden ýaňa dartylyp duran derisiniň reňkiniň soluşyp, oňa düşüp başlan gasynlary synlap, ýaşlygyny ýumşak gussa bilen ugradýar. Adam ykbalynyň üsti bilen güýz gussasy alaja kibi örülýär-de, ömür hakynda çuňňur pikirlere atarýar. Şahyryň «Çaga» diýen goşgusy ikije bentden ybarat bolsa-da, ol juda nepis: Gün ýaşdy, gije gyzgylt çybyklarda irkildi, ýyldyzlar petreşip öz ornuny tapdy. Sallançakdan çykýan jygyldy hüşgärligiň sakçysy ýaly bolup üznüksiz jygyldap dur. Çaga bolsa kä ýylgyryp, käte çytylyp, süýji ukuda meýmiräp ýatyr. Sallançagyň başynda çagasyny ýaňyja emdiren gelin irkilip ýatyr. Hawa ol ýatyr, onuň gözleri ýumulsa-da, mähri welin ýatanok. Bu kartinany şahyryň dilinde bir okap görüň: Ýatyr çaga, Ýylgyrýar, kä çytylýar. Belki, düýş görýändir gör, näme hakda?! Diňe enäň uklamadyk mähri deý, Bir damja süýt bulduraýar ýaňakda… Bu ýerde hiç hili şahyr fantaziýasy ýok. Her bir synlan pursadyňdan iliň görüp üns bermeýän zadyny görüp bilseň, duýup bilseň şol ýerde poeziýa başlanýar. Şahyr öz maşgalasynda gözi gilen görüp, kalby bilen synlan pursadyndan millilik derejesinde ykrar ediljek goşgyny döredýär. «Tuduň astynda» diýen goşguda şahyr türkmen tebigatynyň jokrama yssysyna hem söýgi bilen seredýär. Şol söýgi goşgynyň dowamynda zenanlara bolan tämiz garaýyş bilen utgaşyp, milliligiň ajaýyp simfoniýasyny döredýär. Gögüň göwsi, tutuş jadylaýjy heň, Arylar uçup ýör otlaň üstünde. Tylla Güneş dik depede — günortan, Bir zenan çaý içýär tuduň astynda. Göräýmäge bir zenanyň tuduň astynda çaý içip oturan pursadynda goşgy üçin göze iler ýaly zat ýok. Goşgynyň yzyny okap başlarsyň welin, bu pikiriň ýalňyşlyklaryň hataryna goşular duruberer. Käsesindäki çaýa bir tokda gant taşlap, şol çaýyň şiresinden lezzet alyp, türkmen ýaýlasyna şirin söýgi bilen sere- dip dynç alýan gelniň dünýägaraýşynyň özi ajaýyp goşgy. Şu goşguda ýaýla düşlän tomus, ekinzarlyk, atyzyň çetindäki tut adajy, onuň kölegesinde günortanlyk çaýyny içýän gelniň lybaslarynyň, barmagyndaky ýüzükleriň suratlandyrylyşy, hoştap ysy kükäp bugarjyrap duran ak käsedäki gök çaý millilige söýgi bolup teswirlenýär. Millilige bolan garaýyş şu pikirleriň, garaýşlaryň dowamy bolup, şahyryň «Gelin» goşgusynda-da öz beýanyny tapýar. Bu goşgynyň ikinji bendinde täze gelniň edasy, demlenen çaýyň melul ediji ysy utgaşyp, kalbyňda süýji duýgulary oýarýar. Täze mekan içre otursa-tursa, Dahanda hoş sözi mydama taýyn. Aýt, gelin, mähriň meňzeşmi seniň, Ýakymly ysyna demlenen çaýyň?! Goşgynyň çeperçiligi onda ulanylan gadymy we üýtgeşik sözlerde däl, ol üýtgeşik meňzetmelerde-de däl. Çeperçilik islendik bir zadyň ady agzalan ýerde dessine öz keşbi, ysy-tagamy bilen okyjynyň duýgy organlaryna ýetip başlamagynda. Italmaz Hudaýberdiýewiň zandynda türkmeniň urp-adatyna, gelin-gyzlarynyň edep-edasyna gar kibi söýgi, dag kibi buýsanç bar. Hut şonuň üçinem onuň islendik bir tema- da ýazan goşgusynyň maňzyna millilik ornaýar. Şahyryň beýik söz ussady, dana şahyrymyz Magtymgulynyň çet ülkelerden syýahatdan öýüne gelşine, obasyna gelen güni obadaşlarynyň garşylaýşyna bagyşlap ýazan «Magtymguly» atly goşgusyndaky şu bendiň özi hem sözümizi tassyklasa gerek: Şahyr önüp-ösüp kemala gelen, Gadym gapysynda bolanda peýda. Eli ýaňy bişen tamdyr çörekli, Eda bilen başyn egdi Zübeýda. «Ene hüwdüsi» goşgusy hüwdi hakyndamyka diýip okap başlaýaň welin, bu goşgy däl-de hüwdiniň özi eken. Ene entek gundagdaky gyzjagazyň edep-ekramly, edenli-edaly, wepa-ygrarly bolup ýetişmegi üçin gaýgyrýan aladalaryny hüwdüsi bilen çaganyň aňyna guýýar. Ynsan balasyna köp närse gan bilen geçýän bolsa, nusgalyk terbiýäniň köki çaganyň aňyna we kalbyna hüwdi bilen girýär. Enäniň gyzyna bagyşlan hüwdüsi, onda-da hut enäniň dilinde ýazylan hüwdi edebiýatymyzda barmak bükäýmeli şahyrlarda bar. Bigam çagalygyň ýaýlasynda ýaýnap ýörän garagolja oglanjyklaryň durmuşyn- da nämeler bolup geçmeýär. Şol döwürler ene-atasynyň gazabyndan, haýbatyndan elheder edýän oglanjyklar öz garagolluklaryny gizlemek üçin nijeme gezekler ýalan sözländirler. Bu — alyp ýatan uly bir günä ýa aýyp iş däl. Sebäbi çagalar oýna gyzyşyp ýörän wagtlary birdenkä özleriniň oňlanmajak işi edendigini bilýärler. Hut şonuň üçinem olar käte etmişini bukup ýalan sözleýärler. Ýaşy ulaldygyça bu hatajyklar çagalaryň öz garaýyşlarynda hem ýazga- rylyp başlaýar. Olar mahal-mahal üýşüşip, geçip giden şol döwürlerinde eden-etdik- lerini degişme-gülki bilen ýatlasalar, ýekelikde wagty welin köp zatlara ökünýärler. Ýaşy ulaldygyça talaby ulalyp başlan wyždan olaryň diňe bir häzirki ädimlerine jogapkärli däl, hatda geçen günlerini hem ýada salyp hasap sorap başlaýar. Ine, şeýle günlerde çaga wagtlaryň hossarlaryňy aldan bolsaň, wyždan ýüregiňe bitmejek tyg çekýär. Italmaz Hudaýberdiýewiň «Derman» diýen goşgusynyň liriki gahrymany hem çagalygynda eden bir hatasyny ýygy-ýygydan ýada salyp gyýylýar: bir gün oýna kowalaşyp ýörän oglanyň enesiniň ahwaly teňleşip, agtygyna pul berýär-de, ony dermanhana ugradýar. Enesiniň nähili derman içýändigine gözi öwrenişen og- lanjyk dermanhana gitmeýär-de, bir bölek ak kagyza bir çümmük uny dolap enesine getirip berýär. Ene «dermany» içýär we sagalýar. Sagalmagyna sebäp derman däl-de ynamdy. Bu waka ýyllar geçip ýigit çykan oglanjyga gyjalat berip başlaýar: …Haýsy perzent ömrün uklap geçirer, Ene saglygyna bolman garawul. Şindem ogryn-ogryn sançýar ýüregme Şonda enem üçin sowulmadyk pul. Gör, bigam çagalykda nijeme garagolluk edilendir. Olar wagty gelip unudyldy. Emma ene bilen baglanyşykly wakalar welin ýürekden çykanok. Şahyr durmuşyň bu hakykatyny goşga geçirmek bilen diňe bir uly ýaşlylary däl, eýsem, kiçi ýaşly çagalary-da hussarlary bilen bolýan gatnaşyklarda juda ünsli bolmaga çagyrýar. «Söýgi — ahlak taýdan abadançylyk, Söýgi bar, artyp dur adam ymmaty» — diýip söýgä düşündiriş berýän şahyr, ýaz gülşeni kibi ýürekli gyzlar bilen iş salyşanda juda serasaply bolmagy oglanlara mysallar arkaly ündeýär: Gyz gözünde baky galsaň söýgüden, Ýürek, bagryň gam-gussadyr, yzadyr. Şol gözlere sen zerarly ýaş gelse, Ýigit üçin jenaýatdyr, jezadyr. Ýyllar geçýär. Wagt köp zatlara öz täsirini ýetirýär. Gelin-gyzlaryň hatda milli geýimlerine-de özgeriş täsir etdi. Her bir ýeriň öz urp-adaty, edip-gylymy bolşy ýaly, esasanam, gelin-gyzlaryň, ene-mamalaryň geýimlerinde hem tapawut bar. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheri we onuň töweregindäki etraplarda gartaşan eneler ak leçegini başyna atyp, onuň üstünden ýaglyk daňynýarlar (Bu häzirki wagtda ýaşy ortaça ýetmişden geçen mamalarda bar diýmesek, indi-indiler känbir ulanylyp barlanok). Italmaz aganyň «Zergül mamam» diýen goşgusynda garrylaryň ýaglygynyň ujuna agtyklary üçin süýji, kemput daňyp goýmasy, baş agrysy üçin ulanjak däri-dermanjygyny daňyp goýmak edä- heti çeper beýan edilýär. Ady agzalan goşguda şahyr garry mamalarymyzyň şu edähetlerini nepislik bilen suratlandyryp, goşgynyň ahyryny-da inçe täsir bilen ýü- regiňi gyýyp jemleýär. Otyr mamam. Mise meňzeş ýüzünde Garry gyz gawunyň täsin keşdesi. Ýaglygnyň ujuna mäkem düwlüpdir, Agtygna niýetläp goýan kişdesi. Şer işden, töhmetden, gybatdan gorap, Eli — ganat, üstümize gerlipdir. Törümizde ýaýa meňzäp oturan Soň ýürekde galjak Ýadygärlikdir. Zandy ýumşak poeziýa ýugrulan şahyr Italmaz Hudaýberdiýewiň döredi- jiliginde ene hakynda ady agzalmadyk goşgulary kän. Dag çeşmejikleri birleşip-birleşip lummurdap duran bir tereň derýany emele getirýär. Derýalary derýa eden — onuň goşantlary. Italmaz aganyň zenan dünýäsi, ene mukaddesligi hakynda ýazan goşgulary birleşip bir temadan ullakan bir goşgular toplumyny däl-de, şahyryň bu mukaddeslige bolan bitewi ga- raýşyny kemala getirdi. Bu bitewi garaýyş şahyryň «Ene mähri» sonetler çemeninde öz beýanyny tapdy. Bu sonetler çemeni bir makalanyň çäginde däl-de, aýratyn söz açmaga mynasyp. Zenan ähline şeýle sylag-hormat, sarpa goýýan ynsana ykbal hem sadyk ýanýoldaş beripdir. Bu barada şahyryň özi hem «Ykbal» diýen goşgusynda hoşallyk bilen söz açýar: Emen ene süýdi kimin arassa, Ykbal maňa bagyşlapdyr birini. Ak ýüzüne meňzäp duran menzilim, Guşak bolup gujaklapdyr bilini. Maňa duşup ýalňyşmandyr aslynda, Üç ogul, üç gyzyň keşbi gözünde. Bady sowan sallançagyň ýollary, Çyzyla-çyzyla galdy ýüzünde. Kysmat bizi köp görmese toprakda, Bir ömür, bir söýgi almaly paýym. Sary meňzin gizläp, Ýalňyz ýaprakda Güýz jebir çekmäge mydama taýyn. Akmyrat JUMAÝEW, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy. | |
|
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |