23:08 "IMO"-dan çykan gyz / hekaýa | |
«IMO» –DAN ÇYKAN GYZ
Hekaýalar
Aşgabada gitmek üçin ýol petegini almaga wokzala bardym. Birnäçe gün öňünden petek satýan kassanyň nobaty ýetikdi. Nobatymy belledim-de, şol ýerdäki kümüş kysmy ýalpyldawuk, galbyr ýaly gözenek-gözenek sowujak demir oturgyçlarda oturmak üçin indi yzyma öwrülenimem şoldy welin, kassa tarap eda bilen ýöräp gelýän ýaşyl kowta köýnekli, ak alkymly gyzy görüp ýüregim ersip gitdi; tas, uly ile eşitdirip: «Eý, waý!» diýmegiň bär ýanynda galdym. Ol gyz ýüzüme çalarak seredip geçip, kassadan nobatyň soňuny sorap başlady. Onuň maňa salam bermän geçenini göwünli-göwünsizlik bilen esawansyzlyga ýordum… Bu hoşroýja gyz hem nobatyny belledi-de, gapdalymdaky oturgyçda oturyp, meniňki ýaly çepiksi bir oglanyň şapbadyndanam ulyrak el telefonuna güýmenip başlady; telefonuň ekeranynyň ýüzünde gamyş kibi barmaklary akwariumyň içindäki tylla balyklar ýaly eda bilen hereketlenýärdi. Ony synlap durşyma: «Hakykatdanam maňa üns berenokmy, ýa bilgenşleýin şeýdýärmikä?» diýip iňkise gitdim. Uzak pikir öwürmäge takatym ýetmän, ýarym sagat öň o bilen «IMOda» ýazyşanam bolsam, oňa: «Ýene bir gezek salam!» diýdim. Az salym ýüzüme sereden gyz habaryň özüne gatylandygynayň magadyna ýeten soň, üşünibräk durdy-da: «Men-ä indi eşidýän salamyňy» diýen terzde geň galyp: «Salam!» diýdi. Soňam, nobatyny bellän kassasy tarapa bir göz aýlap, ýene telefony bilen boluberdi. Halys içip byjyklap ugrady; oňa söz gatyp başlamagymyň orta gürpden urulmagy hem belki şu iç byjyklamadandyr. Terzimi sähelçejik üýtgedip ýüzlendim. − Näme-de bolsa, ýüregiňiz-ä giň eken?! − Siz, maňa gepleýäňizmi? − Elbetde size, bu hatardaky oturgyçlarda ikimizden başga adam ýog-a! − Men-n, düşünmedim? − Meni wagzalyň töwereginde görüp ýazyp başladyňyz gerek, «IMOda»? − Nä-äme, näme-e? − Rol oýnamaga halys ökde ekeniňiz-aý. Gülkimem tutjak bolar-eý. Bolýa, görmän ýazypmyşyňyz, ynanýan. − Siz, kimdir biri bilen çalyşýaňyzmyýa meni? − Siz hakykatdanam meni tanamadyňyzmy? − Ýo-ok! − Diýmek, suratymdaky bilen häzirki keşbimde parh bolmaly, şeýlemi? Eger şeýle bolsa, men, Umyt. − Nähili surat? Bagyşlarsyňyz, hiç ýadyma düşenok sizi nirde görenim. Siz haýsy Umyt, anygrak aýdyň? − «IMOdaky» Umyt; häzirem, ýanyňyzdaky. − «IMOdaky-y»? «IMOmda-a» Umyt diýip tanşym ýok. − «IMOda» ýazýan wagtyňyz başga adam, häzir bolsa dü-üýbünden başga adam ekeniňiz. Ýa, çyndanam men ýalňyşýarmykam? Ýok, ýok, men ýalňyşamok, belki men aldanýandyryn?! − Bilemok, näme-de bolsa, bir hili geň oglan ekeniňiz öz-ä. Gyzyň tasanjyrap başlanyny gördüm-de, hiç zat diýmän, onuň meň bilen ýazyşan hatlaryny görkezmek üçin «IMO» girip, profilindäki suratyny açyp, telefonymy eline berdim. Ol telefona seredip durşyna, kemsiz ütülip, boýalyp sünnälenen uzy-yn gaşlaryny çytdy. − Hih, meň suratym. Bu meniň suratym. Eý-waý, bu ýazyşylan zatlaram meň adymdan bolýada onda?! Indi düşündim, hawa, indi düşündim, siziň näme diýip duranyňyza. Näzijek barmaklary bilen telefonumy ynanmazçylyk we gahar bilen gysymlap «indi düşündim» diýip allaniçiksi hala düşen gyzy synlap, «menem indi düşündim» diýip, gyzyň depesine öýlänçi ýaly bolup gelenime ökünip ýüzüm gyzyp başlady: başga bir gyz onuň suratyny goýup, internetde men bilen ýazyşypdyr, mazalyja-da oýnapdyr. Häýt, şeýtan diýsänim. Öz suraty däldigini başda-başda ýazyşyp ugranymda-da birhili syzypdym; emma sadaja, owadanja sözleriniň meluly bolup, onuň suratdaky gyzdygyna ilki özümi zorlap ynandyrypdym, soňam, suratyny gaýta-gaýta açyp görüp, garamyk deý gözlerine, ak alkymyna, hatda sussypeslik keseliň bolsa şondan hem açaýjak owadanlygyna ýüregim bilen aşyk bolup, ýazyşyp duran gyzyň tüýs şol suratdaky gyzdan başga gyz bolmaga haky ýok diýip ýüregim bilen ynandym. Ynanypdym. Wah, şol wagtlar geňem gördüm-le, beýle owadan zatdan beýle owadan sözleriň çykyşyny. «Bu kimkä, kimkä bu binamys? Meniň suratymy goýup, adamlar bilen men bolup ýazyşyp ýörän samsyk kimkä bi?» Gyz gaharlanyp başlanda typypjyk ýüzüne dökülýän maňlaý saçlaryny külembike barmagy bilen tasanjyrap gulagynyň arkasyna geçrýär-de, bir telefondaky suratyna, birem maňa gezek-gezegine nazar atýar. Men «Bagyşlarsyňyz, menem hemme zada düşündim, ýuwaşrak bolaýyň, adamlar bize seredip ugradylar, häzir biletimizi alaly, çözüşeris onuň bilen» diýdim-de, elimi uzatdym. Töweregine çekinjeňlik bilen seredişdirip telefonymy uzadan gyzyň oturgyçdan eda bilen turşunyň özi bir gözellik! El torbasynyň inçejik owadanja kemerlik zynjyryny ýazdyryp kibtine asdy. Bilinden bir garyş çemesi geçip duran ýaşylja kowtasynyň eteklerini emaý bilen çekişdirip serenjam berdi. Kowtasynyň yzlaryny çalaja çekişdirýän wagty öňe omzap duran göwüsleri öňküsindenem gaba görnüp, ünsümi başga ýere sowmasam, ýüregimiň sarsmasyndan ýaňa şaňlap duran gulaklarym hemişelik gapyljak ýalydy… * * * Ýol petegini alyp wokzalyň daşyna çykyp barşymyza gyzyň: «Şo gyzyň nomerini beriň maňa, haýyş!» diýen sözlerine ähmiýet bermän, onuň tasanjyraýşyny, ädim urşuny göz astyndan synlaýardym: Owadandygyny! Hatda gaharlanan wagty hem Taňrynyň bikär wagty ýaradan nurly ýüzünde ýene bir owadanlyk Aý şapagy kimin nur saçýardy. Gepine jogap bermän ýöräp barşyma ony gaýta-gaýta boýdan-baş synlaýardym; ädimine gelşik berip barýan goýy ýaşyl reňkli, ýüzi mahmal pisint tüýjümek, inçe ökjesi galam boýy köwşi hiç bolmasa şäherde ýüzlerçe gyzda bardyram welin, ol bolsa eddil şu gyz üçin ýörite tikilen ýalydy; oňa biçak-biçak gelişýärdi. Onuň: «Bir zatlar diýiň-ä» diýen sesi, daň ukusy ýaly şirin duýgularym bilen mukamlar dünýäsinde gaýyp ýörşüme, gaýa urlan tolkun kibi ýokarlygyna towsup çykdy-da, aýagymdan tutup, şäheriň goh-galmagally köçesiniň tagaşyksyz ýanýodasyna güpledip taşlady. Arzuwymdaky gyzyň bir adimjik gapdalymdan ýöräp barýandygyna garamazdan, nämüçindir şol gyz bilen bagly oýu-hyýallarym bilen ýalňyz galasym geldi. Onuň ýol peteginiň edil meniň gapdalymdan düşendigini görüp, belki şoňa arkaýyn bolandyr, bilemok, juda arkaýynlyk we ynam bilen gepe başladym. – Şunça gepleşsegem adyňyzy soramandyryn, adyňyz näme? – Çynar. – Tüweleme, adyňyz bilen bile doglan ýaly. Näme diýseňiz-läň, Çynar, häzir men juda howlukmaç, nesip bolsa agşam poýzda arkaýyn gepleşeris bomy? – Poýyzda-a? Ýok, men o gyz bilen häzir bellisini ederin. Kim bilýä, ikiden birimiz gijä galyp görşüp bilmesek näm bolar, size meňzeş näçesini meň suratym bilen aldap ýörändir o?!. – Ýok, siz arkaýyn boluň, Çynar. O gyz meni keşp babatda aldasa-da häsiýeti barada aldap bilmez. Bir sebäbi bardyr, onuň asylly gyzdygyny welin ýüregim syzýar. Ýazan zatlaryny agşam poýzda okarys. Görersiňiz, o hili temada çem gelen adam bilen ýazyşyp bilmez o, gişlik düşündirerin. – Bolýa, eger görşüp bilmesek, şo gyza nädip aýtsaňyz şeýdip aýdyň; meň suratymy ýok etsin! – Bolýa, arkaýyn boluň. Siz maňa telefon nomeriňizi beriň, eger biz görüşip bilmesek, bu meseläni çözenimden soň jaň edip sizi arkaýyn ederin… Ýüregime: «Hakykatdanam indi Çynar bilen görşüp bilmesem näm bolarka?» diýen sorag ynjy bilen gondy-da, «IMO da » Çynaryň suratyny goýup meň bilen üç aý bäri ýazyşýan gyza – Ýyldyza söýgi hakda hiç zat diýmedigem bolsam, gep oýnadyp gördüm. – Çynar, gaharyňyz gelse-de, köşeşiň, siziň ýitirýän zadyňyz ýok; o gyz siz kibi owadan bolmagy arzuw edip niredendir bir ýerlerden telefonuna düşüp galan suratyňyzy goýupdyr… – Geçen… wiý, bagyşlarsyňyz, gepiňizem böldüm. – Zyýany ýok! – Geçen ýyl bir toýda şu wagtky eşiklerimi birinji gezek geýipdim. Onuň goýan suraty restoranda düşen suratlarymyň biri. Hudaý bilsin, oňa nadip düşüpdir. – Joraňyz barmy? – Hawa bar. – Boldy-da, onuňam jorasy bar, onuňam… Eger suratyňyzy bir joraňyza geçirip beren bolsaňyz, galanyny ýaýratmaga siziň zähmetiňiz gerek däl. – Hakyky. Ýöne bir zat barada başgaça düşnmäweriň! – Näme barada? – Mydama şu eşigini geýýän eken diýip düşünmäň ýene. Nähilidir bir hili gabat geläýdi şu wagt. – Eh-h, bu gyzlaryň pikir edýän zadyny-y! Ol häzir suratyndaky kowtasyndady. Men ha-ha-haýlap gülüp jogap berdim. – Goýsaňyzlaň, Çynar, ol-a geçen ýylky geýmiňiz eken, meniň şu jinsimi alanyma üç ýylam bolandyr – diýenimde gyzam gülüp goýberdi. Onuň ýüzüniň açylan pursadyndan dessine göwnüne tarap bir ädim ätmäge synanyşdym. – Neme-laý, ýaňy size diýjek bolan gepim çala galdy; nem-e-e, siz gaharlanmaň, siziň ýitirýän zadyňyz ýok. A men welin. – Hawa, siz näme? Näm boldy size? – Heý şu wagt pikir edip göreňizokmy, men o gyz bilen sizsiňiz öýdüp häli görüşmesem-de toý etmägeçe wadalaşypdyg-a. O gyz, ýok, siz, has takygy suratyňyz meniň ba-ar arzuwlarymy göge sowurdy. Gyzyň näme diýjek bolanyma düşünip, ýüzüni aşak salan pursadynda bu meseläni agşama goýmak üçin gepiň ugruny başga ýana sowdum. – Çynar, garşy bolmasaňyz geliň bile surata düşeliň?! – Näme-e! Ýog-eý, ozalam ana, suratym bilen nämedip ýörler. – Ana şoňa jogap bermek üçin suratyňyz, onda-da bile düşen suratymyz gerek. Kakras şol suratdaky eşikde özüňizem. Agşam bu eşikli gelmejegiňiz-ä indi magat bilýän – diýenimde, gyz ýylgyryp, surata düşmäge razylyk berdi… * * * Agşam otlyda gepleşip başlanymyzda meni «oýnan» gyz baradaky meselämiz göýäki hiç hili ähmiýetsiz bir zada döndi duruberdi. Çynar bilen içgin gepleşip ugrandan soň, onuň başynyň boşdugyny bildim. Söz aýtsam sözümi ýerde galdyrmajagyna dörän ynamym göwün guşumy ikirjeňlenme höwürtgesinde ürküzip, ony ynam dünýäsine bakan uçuryp goýberdi. Çynar: «Geliň, indi, kontagtyňyzdaky gyz bilen bellisini edeliň» diýdi. Men telefonumyň «Мобильные данные» funksiýasyny «işe saldym». Otly telefon aragatnaşygyň göze görünmeýän tolkunlarynyň dynywsyz bardy-geldisiniň içinden ýyldyz kibi süýnüp, rahatlygyň we ümsümligiň hemişelik ülkesine – ymgyr çöllüge çykmanka Çynaryň suratyny goýup meň ýazyşýan gyz Ýyldyz bilen durmuş kitabymyza ýazylyp barýan nowellany jemlemek üçin ahyrky epizodynyň abzasyna ätledim. – Agşamyňyz haýyr, Ýyldyz hanym! – Siziňem agşamyňyz haýyrly bolsun! – Sag boluň! Gowumy ýagdaýlaryňyz? – Gowy, Hudaýa şükür! Öz ýagdaýlaryňyz nähili? – Gowy bizem. Neme-laý, Ýyldyz… – Hawa-a… – Şu gezeg-ä kontagtyňyzdaky suratyňyzy synlaman, ony açyp görmän, siziň bilen ýazyşasym geldi; indi, keşbiňiz haçandyr bir wagt hemişelik ýanymda boljagyna-da ynanyp başladym. – Göwnüme bolmasa, siz şu gezek içki dünýäňizi üýtgeden ýaly? Ýyldyza ýazýan hatymyň hörpüni gönüledim. – Ýyldyz, siz «Nowellany gowy görýän» diýip kän gaýtalaýadyňyz. – Gaýtalamagyma sebäp bardy ahyry. – Elbetde. Diýjek bolýanym, nowella bir minudyň içinde-de döräp bilýän eken. – Asylam şeýlä-ä o. – Ýok, başga zat diýjek boldum: meselemki, ikimiz häzir ýazyşyp duran wagtymyz bir nowellanyň döremeginiň şaýady bolup bilerismi, edil ikimize dahyllylykda? – Siziň şu gün gep urşuňyzda bir nämälimligiň aljyraňňylygy bar: soraglaryňyzda aýdyňlyk ýok ýaly (ýa göwnümemi?). – Men smaýlikleriň gülüp duran stikerini ugratdym, o bolsa pikirlenip duran stiker ugratdy. Biziň onlarça sözlemler bilen suratlandyryp bilmejek ahwallarymyzy birje smaýligiň stikeri äwmezlik bilen düşündirip durdy. – Hawa, näme diýjek bolduňyz, nowella hakda söz açyp? – Ine, häzir men, sanlyja sekuntlardan size bir nowella döredip berýän. – diýenimde Ýyldyz ýene-de pikirlenip duran smaýlik ugraty. Men bolsa oňa jogap hökmünde Çynar bilen ýanaşyk düşen suratymyzy ugratdym. Ugradylan suratyň aşagynda suratyň görülendigine güwä geçip, gökje «bulkajyk» peýda boldy… Ol şondan soň hiç zat ýazmady we dessine «imo»-dan çykdy. Onýança otly-da allaowwaralardan ülpüldäpjik duran şäher etekdäki obalaryň çyralarynyň yşyklaryny yzylygyna zymdyryp barýan ýolunyň ujunda galdyryp, sazaklary gürelen çöllüginiň ümsümligini bozup barýardy. Telefonuň anteni birde çyksa birde ýitýärdi. Indi Ýyldyzyň «imo» giren girmänini diňe Baýramala ýetinçäk biljek gümanym ýokdy. Şondan soň her kim ýanymyza alan ojuk-bujugymyzy küpäniň çaý içmek üçin niýetlenen stollugynyň üstüne çykardyk-da, Çynar bilen hamana köne tanyşlar ýaly çaý içip başladyk. Ýanymyza düşen iki sany ýetginjek hödür-keremimizden diňe duz datmak bilen çäklendiler-de, ýerlerine geçip, telefonlarynyň gulaklyklaryny dakyşdyryp bar oý-u-küýlerini telefon oýnuna berip gidiberdiler. Küpäniň çyrasynyň gögümtik yşygynda ak meňzi öwşün atýan Çynaryň meniň sözlerimi gymyldaman diňläp durşy, şuglazar gözleriniň biçak rahatlygy gözelligiň nusgasy hökmünde ýasalyp, iň naýbaşy lybas geýdirilip eddil öňümde oturdylan manikene meňzeýärdi: onuň ýüzleri mesge ýaly durudy we gar ýaly ýagtydy. Hatda mahal-mahal ýylgyranda ýylpyldap görünýän adaty dişleri hem näzikdi: edil gabygy aýrylan süýtli mekgäniň dänejikleri ýaly tekizdi we öwüşgünlidi. Bu ýerde onuň birnäçe gözellik birlikleriniň birleşip kemala getiren bir bütewi gözelligini assyryn-assyryn synlamakdan başga lezzet meniň üçin ýokdy; sebäbi onuň bilen gepleşýän wagtymdaky lapykeçlik poeziýa döredip biljek ruhumy, proza üçin edip biljek aýgydymy içgysmalygyň garaňky harabasyna sürgün edýärdi. Ahyry onuň bilen wagt we giňişlik baradaky pikirler aňyrda dursyn, hatda häzirki döwrüň täzelikleri barada-da idili gep alyşyp bilmejegimi bilip, gündelik durmuşy bilen gyzyklanyp başladym. – Çynar, siz, näme iş bilen meşgullanýaňyz? – Magazinde oturýan. – Magazinde oturýaňyzmy ýa söwda edýäňizmi? – gyz şahandazlyk bilen güldi-de: – kaneçno söwda edýän – diýdi. Menem ýylgyrdym-da, ýene soraglarymy biri-birine sepläp ugradym. – Onsoň, ol magaziniňizde näme söwdadygynyň parhy ýok welin, my-yda-ama adam bolýamy? – Ýo-ok. – Arasynda boş wagtyňyzam bolýamy? – Kaneçno, klent ýok wagtlary bar. – Meselem, arasynda näçe wagt boş bolup bilýäňiz? – Soraglaryňyz nähil-ä, nämetjek o zatlary bilip? – Hiç zadam etjek däl, magazin durmuşyny-da biljek bolýan, içginräk. – Hmm. Aý-ý, ýarym sagat, ir bilen dagy bir sagadam adamsyz wagt bolýa. – Ana, şol boş wagtyňyzda nämedýäňiz? – Nämedeýin, oturýan. – Ýo-ok, ony diýjek bolamok. Bir zat bilen meşgullanýansyňyza? – «IMO» girýän, padrugalam bilen ýazyşýan. – Aý ol-a gyzlaň hemmesiniň etjek işi. Meselemki, gazet, žurnal zat okaýaňyzmy? – ol başyny çalaja ýaýkap, çep ernini ýaňagyna sähelçejik golaýladyp, diskiň çyzyk ýeri gelende «DWD»-iniň «çyrk» edip ses edişi ýaly: «Çyk» diýip jogap berdi. Aljak jogaplarymy öňünden syzsam-da, nämedir bir zadyň tamakinligi bilen ýene soraga başladym. – Onda-a-a kitaba-a tekiz okaňyzok? – Hykkymm. – Mekdepde okan zatlaryňyz ýadyňyzdadyra? Hiç bolmasa, Magtymguly, Seýdi, Zelili, Mollanepes…? – Aý-ý, nätdiňiz-ä-ä… – Bolýa, bu barada iň soňky soragym: hiç bolmasa, «Kowalady Arzygülem» ýadyňyza düşenokmy? – Ýog-eý, goýuň-eý, o soraglaryňyzy. Birhili ertekilerdäki ýaly adam ekeniňiz. – Hudaýa şükür, ertekiniň nämedigin-ä bilýän ekeniňiz. – Soňky sözümden göwnüme bolmasa gyz gaty görmeli ýalydy welin, ýöne ol hezil edip güldi. Öýündäki durmuşam dükandakydan üýtgeşik dädir-le diýip: «Ýadan bolsaňyz, dynç alaly, ýatjakmysyňyz?» diýip, gyzyksyz söhbetimizi jemlämäge hyýallandym. Ol heniz-heniz ýatmajagyny aýdyp, maňa sowal berip başlady we jogaplaryma käte hezil edip gülýärdi. Ümsümligiň ara düşmezligi, galyberse-de birek-biregiň göwni üçin edilen synanyşyklara sarp bolan bir-ýarym sagat çemesi wagt süýrene-süýrene geçdi. Ol meniň ýygy-ýygydan elimiň tersini agzyma tutup gapdala öwrülip pallaýşymy görüp, ýatmaga hyýallandy. Çynar ýatmak üçin mazalyja ornaşyp, gök gülli akja ýapynjasyny ýapynsa-da, ýene telefonuna güýmenip başlady. Men bolsa wagonuň aýnasyndan daşaryny synlap oturjak boldum welin, ikimiziňem ýerimiz wagonyň aşaky ýatalgasyndan bolansoň, gyzyň ýüzüne seredip oturan ýaly bolup, ony oňaýsyzlyga salyp, erkinligini çäklendiren ýaly boljakdy. Şonuň üçin ini bir ädimlik haly düşelen dälize çykyp, onuň ugrundaky oturgyçda oturyp, daşaryny synlap barýaryn: däliziň çyralary ýanyp dursa-da daşaryda Arşyň depesine çykyp nur saçýan çypar Aýyň ýagtysynda göýä orta boýly leýlisaç kibi sazaklar yzlygyna zymdyrylyp barýardy. Yzlygyna zymdyrylyp barýan sazaklaryň her birisi özlerine gönükdirilen nazarymy tutalga edinip, pikirdir-oýlarymy ýekän-ýekän tutup özleri bilen alyp galýardy we iki-üç sagat mundan öň yzda galan geçmişime tarap ugradýardy. Her stansiýada käbir ýolagçylaryny çalyşyp barýan otluny wagt we öwür hakdaky mysallaryň bir ülüşi hökmünde serimde aýlap, näçe owadanam bolsa hiç zat okamaýan adamyň dünýägaraýşyna düşünmek üçin aklym çatdygyndan aň ýetirjek bolýardym we özümiň şu wagt synag çatrygyna düşenime magat göz ýetirýärdim. Ýatlamalarymy özi bilen alyp galýan çöllükde duýgularym otly bilen diňe gelejege tarap müňzäp barýardy. Men ejesinden jyda düşen çaganyň ejesini küýseýän ýüreginiň düşündirip bolmaýan duýgulary ýaly duýgy bilen Ýyldyzy küýsäp başladym; käbir golunyň çaýyrlygyň içi bilen süýnüp, şol ýerde miwelän üzümiň hoşalaryna onça-munça sowugyň kär etmeýşi ýaly, Ýyldyzyň reallygyň aňry çetine çykan dünýäde reallygyň hiç hili zeper ýetirmedik romantik dünýäsini küýseýärdim. Bir sellem yzyma – wagonyň içine gaňrylyp, entegem telefona güýmenýän Çynara nebsiagyrjylyk bilen seredýärdim we özümi bu dünýä juda giç ýa-da aşa ir gelen orunsyz adam hasaplaýardym. Hemme zady reallykda görýän ösen jemgyýetiň özlerini romantik görkezjek bolýan realist adamlary ýaly, men bu edähetiň ters ýüzi – üstümden güldürmezlik üçin özümi realist görkezjek bolýan romantikdim. Baýramala ýetmäge howlugyp, telefonumyň sagadyna ýygy-ýygydan seredýärdim. Tizräk signalyň gowuja ýerine ýetsem, «IMO» girip Ýyldyzdan habar tutjakdym. Oňa ýetinçäm şu günden soň ýatlama öwrülip barýan pursatlary bir sellem hakydanda ýaňadandan janlandyryp başladym. * * * Biri-birimiziň kontagtymyzda kimiň nädip peýda bolany ýadyma düşenok welin, ýöne onuň bilen tanyşlygym kiçijik zatdan başlandy: käwgt «IMOda» lentama bir aforizm goýýan, ondaky tanyşlarymdan köpüsi teswir ýazýady. Şolaryň içinde Ýyldyz atly nätanyş gyzyň teswirleri welin ünsümi tutup galýardy; onuň teswirdäki köp jümleleriniň özi hem aforizmdi. Şeýlelikde lentanyň teswirinden çykyp çatyň sahypalarynda pikir alyşyklarymyz soňy bilen duýgylaryň şänigine maňyz boldy. Bir günem «IMOda» on ýedi sany agzadan ybarat bolan «Intellegent» toparymyzda Aralyň kysmaty başyna düşüp barýan gumanizmiň häzirki ýagdaýy we gelejegi hakynda jedeller gitdi. Bu jedelde öz pikirlerim bilen ýeke galanyma gynanyp, lentamda: «Gumanizm ýitse-de gumanistler düýbünden ýitip ýok bolmaz, şolaryň barlygy hem gumanizmiň dirilidir. Bu ugurda meniň ýüregim – «Dankonyň ýanyp duran ýüregi» – diýip, düşnüksiz ideýamy düşnüksizligi bilen ýazyp goýdum. Ana şonda Ýyldyz bu sözüme şeýle teswir ýazdy: «Danko garaňky tokaýlykdan ýaýlyp ýatan sähralyga çykyp ýykylan wagty, ýagyşyň lagyl-göwherinden bezenip ýyldyraýan otlaryň üstünde düşün soňam ýanyp duran merdana ýüregini bir serasaply adam nämedendir bir zatdan gorkup, ony aýagy bilen basyp öçüripdi… Öz ýüregiňiz we onuň öz nury gerek…». Teswiri okandan, bu gyz Maksim Gorkiýniň şu eserini juda ýakynda okandyr ýa bolmasa bu tapylgysyz ýazyjynyň dünýäsine içgin aralaşandyr diýen oýlar serimde köw-söw ýasady. Şonuň üçinem onuň bilen bu temadan söhbet açdym. – Bäh! – Näm boldy? – Maksim Gorkiý diňe meniň dostumdyr öýderdim. – «Dostuňyzy» sizçe tanaýanlar az däldir! Men onuň sözleriniň magadyna ýetmek üçin saman astyndan suw goýberip başladym. – Gorkiýniň bir hekaýasy bardy. Ol, güýz ýapraklary bilen jaýdan çykarylan hapany ädiginiň burny bilen köwleşdirip bir pytraň kitaby tapyp alýar-a?.. – Hä, hä, o hekaýanyň ady-da «Kitap». – Ady başga zat bolýamasa onuň?.. – Ýok, ýok, anyk bilýän, kitap şol, kitap. – Belki başga bir eserinde-de şeýdip kitap tapýandyr? – Türkmenistana gelimedik kitaplarynda bolsa bardyr, ýöne… – bu öwrümli sözlerine hezil edip güldim we haýran galdym. Öwünmäge ýakyn soňky sözleri üçin ýüregimden uçup barýan şübhe ýene öz ýerine gondy we meniň dilimi sorag üçin işledip başlady. – Hemme eserinem gowy görýän welin, «Ýaz melodiýasyny» has ýakymly duýgularyň ýylgyryşy bilen okaýan. – «Ýaz melodiýasynyň» manysyna düşünmedikler Maksim Gorkiýni maksatsyz, hyýalbent hasaplaýarlar, iň bärkisi, «Ýaz melodiýasynyň» dowamy bolan «Burewestnik hakynda aýdym» hekaýasy ýazyja «Burewestnik rewelýusiýa» lakamyny berse-de, ol hekaýa hälki bir janly kartina görnüşinde suratlandyrma diýip seredýärler… – Gorkiýniň ýoň bolan hekaýalary, olaryň döreýşi hakyndaky taryhy wakalar barada maglumat baryna eýe bolan gyzy başgaçarak synap görmekçi boldum. – «Ýaşaýyş özüniň awusy bilen Melgunyň hem ykjam ruhuny zäherläp, hatda Melguny hem ýoýýar». – Ha-ha-ha. Menem şony okanda hezil edip gülüpdim, aslynda ol kesgitleme üçin aglamaly welin… Gorkiýniň şol oçerkindäki şeýle jümleleri – meni özüne bendi eden. – «Ýürek gysma dünýäsi» oçerkimi? – Ýok how, ýaňky Melgun hakynda mysal getiren oçerkiňiz – «Ýaşaýşyň eýeleri». – Gorkiýniň suratlandyrmasyna haýran galýan: bir hekaýasynda şäheriň hapa-huta dökülýän ýeri barada şeýleräk surtlandyrma bardy: «Hemme zat döwük ýenjikdi we agşam güneşiniň şöhleleri, çaşan ýaşşikleriň hem-de boçkalaryň döwük ýenjiklerini gyzyl reňke boýap, olary gedaýçylygyň agyr we gazaply eli bilen weýran edilen haýsy-da bolsa bir uly organizmiň galyndylaryna meňzedýärdi». – Eý-ý-ý, bu gabat gelmeni diýsene! – Geň gerek. – Men o meňzetme barada aýdamok, başga bir geň ýagdaý boldy häzir. Aýtsam, ynanmarsyňyz-eý! – Näm boldy? – Hudaý bilen araňyz barmy? – Nä-äme-e? – Eger akla sygmajak şeýle mümkinçilige eýe bolsaňyz, Hudaýdan sorap görüň, ýaňy siz bilen ýazyşyp başlamankam Gorkiýniň şol «Gyzjagaz» diýen hekaýasynyň eddil şol ýerine gelip goýupdum, haýran galýan-e-e-ý-ý. – Nätdiňize? Onda elim degende Hudaýdan sorap görerin, ha-ha-ha. – Ha-ha-ha. Sorap göräýiň. Ýüregimi gelejegiň kysmaty bilen gyýýan şol hekaýany ýylda bir gezek okaýan. – Aglaba žurnalistleriň arasynda moda bolan bir ýerliksiz soragy bersemmikäm?! – Ýok, hökman däl. «Iň gowy gören eseriň haýsy?» diýjeksiňizdä? – Ha-ha-ha. Elbetde. – Men sarpalaýan ýazyjy ýa şahyrymyň eserlerini ýa goşgularyny deňeşdirmegi unamaýan. Iň gowusy geliň, eserleriň içinde biziňki ýalylaryň tanyşmagyna garaşyp tas bir asyry geçiren podtekstindäki hantama maksatlaryň goltugyna gop bereliň! – Meselem? – Meselem, Konowalow hakynda. – Çelkaşyň ogrulygyny hasaba almasaň, Konowalowyň ondan näme parhy bar? – Pahry: Konowalowda Maksim dostuňyzyň «Kesekiniň gapysyndasynyň» ýazylmagyna sebäp bolan hakyky başdan geçirmesi bar; ýaz ýaly ykbalynyň gyş günlerinden bir parça bar. – Konowalowy ykmanda Kapitolina kösenmänjik ýoldan çykardy ahyry; onuň şoňa-da erki ýeteno-ga! – Nädip ýetsin?! Şol al kakmyşyň zenan yzarlap tapmadyk bolsa, Konowalow nusgalyk şahsyýet bolubam ýetişerdi! – Maksim Gorkiýniň ony intelligentliň ýoluna salmagyna çut-çut galypdy. – Şol hekaýadaky adam ykballary gözgynydyr welin, ýöne meniň nazarym başga zatda eglendi. – Nämede? – Konowalowyň kalbynda. – Çagagöwünmi? – Ýok, Maksimiň aýdyşy ýaly aýtsak, gujur-gaýratda tapawutlanýa diýmeseň, Konowalow hem beýleki süpükler ýaly yzgytsyz süpük. Ýöne onuň Maksimi gününe goýman kitap okadyşy ýadyňyza düşýärmi? Görgüli sowatsyz bolansoň, Maksimiň kitap okaýşyna bendi bolup, ony daňa çenli ýatyrmazdy. Özi-de kitapdaky gahrymanlar bilen gaýybana dostlaşyp başlady. Görýäňizmi, Konowalowdaky özgerişi?! Umuman, diýjek bolýanym, süpük bedende tämiz kalp bar. – Beden süpük bolanok ahyry, Ýyldyz hanym! – Garaz, Konowalow – süpük. – Bäh, süpük benede tämiz kalp. Gowy meňzetme tapdyňyz ýöne. – Meňzetme dä-äl, bu duýguly adamyň göräýmeli zady! – Hakyky. Ol hapa kalply tämiz geýinüwli intelligentler bilen deňeşdirende, şol süpükligi we tämiz kalby bilen jemgyýete gerekdi. Sataşman geçen şeýtan Kapitolina. Maksimiň Konowalowa sowat öwretmegine-de azajyk galypdy. Şony öwredinçä bir şol şeýtan gelmedik bolsady-y. – Garaz, Maksim Gorkiýniň özi indi gaýtalanmajak şahsyýet. Bir zadyna üns berdiňizmi? Käte bir sözleminde bäş-alty ýerde «we» baglaýjyny ulanýa. Nämüçin, umumylykda alanyňda ýazuwdaky bu boluşy dilçiler ýiti tankyt astyna alyp, Maksim Gorkiýde welin dymýalar? – Sebäbi onuň sözlemlerinde her «we»-den «we»-e pikir we duýgy ösdürilýär; gitdigiçe owaz açylýa. – Dogry, ulanmagy başarsaň, Dostaýewiski, Turgenew, Gorkiý ýaly diliň kada-kanunlarynyň galyplarynyň üstünde ganat kakybermeli. – Men başga bir zada haýran galýan: Maksim Gorkiý Kazan uniwersitetine näçe synaşsa-da okuwa girip bilmeýär. A tersine, wagty gelip, onuň eserlerini öwrenip şol uniwersitetde onlap doktor nauklar professor bolupdyr. Hä, ýogsa-da, bir fakt aýdaýynmy? – Aýdyň! – Men Maksim Gorkiýniň Konowalow hekaýasynda aýdýan çörekçihanasyna baryp gördüm. – Nä-ätdiňizä-ä. – Hawa-a, häzir o taýlary Gorkiýniň suratlandyryşy ýaly däl, gaty tämiz. Girelgesinde Maksim Gorkiýniň haýsy wagtlarda şu ýerde işländigi ýazylgy dur. – Nä-ätdiňizä-ä! Geçen asyra düşen ýaly bolansyňyz, ä? – Dagy nä, hamana bir ýerlerden Maksim Gorkiý çykaýjak ýaly bolup dur. – E-ý-ý, siz gaty bagtly adam-eý onda. – Aý goýuňa, munuň bagta näme dahyly bar! Beýle bolsa men Gogolyň Germaniýada ýaşan jaýyna baryp, şo taýda bir sany goşgujygam ýazyp gaýtdym… «Baýramala ýetip gelýäs, Baýramala». Bu sesler – wagonyň darajyk dälizinde hatda uly adam hem içine arkaýyn ýerleşjek ýaýbaň sumkalaryny süýräp gelýän söwdagär daýzalaryň sesleridi. Olaryň yzgytsyz hasyrdysy Ýyldyz bilen baglanyşykly ýatlamalaryň tüweleýine düşüp, serhetsiz äleme göterilip barýan hakydamy tutaga-da, ony wagonuň aýnasyndan daşarynyň süýt reň ýagtylygyna nazaryny dikip gussa bilen aýna ýaplanan başyma getirip taşlady. Bu ýatlamalarym Ýyldyz bilen gündelik söhbetlerimiziň hamyrynyň ujundan petir. Aýňaldym. Dessine telefondan internetiň setini çatyp, «IMO» girdim. Seretsem, Ýyldyz profilinde häli ýekeje üptügini-de ýele uçurmadyk çopantelpek tozgasynyň üstüne gonjak bolup duran akja kebelegiň suratyny goýupdyr. Özi welin «IMOda» däl eken. Oňa diňe şu sözleri ýazyp «IMOdan» çykdym: «Bagyşlaň! Men siz bilen «IMOda» tanyşalym bäri «Profiliňizdäki surat öz suratyňyzmy?» diýip soramadym, bu barada sizem dil ýarmadyňyz. Şonuň üçin tanyşlygymyzyň alty aýlyk döwründe ýekeje gezek, ýöne, on gezege degýän ýalňyşymy mümkin bolsa, bagyşlaň!» * * * Çynar bilen agşam duşuşmagy wadalaşyp, ony taksi bilen ugratdym. Birdenem ýeli çykan pökgi ýaly myssardym: ýogsa-da, Çynar bilen duşuşmagym hökmanmy?! «Aşgabat» seýilgähiniň içi bilen barýarkam, mähnet glediçanyň düýbündäki skameýkalaryň birine özümi taşladym-da, skameýkanyň arkabererine arkamy diräp, ýokaryk seretdim; glediçanyň buýan pisint ýaprajykly telleri şuglaýy ýaşyl reňki bilen öwşün atyp, dup-dury Asmanyň mawy reňkine notadan-nota geçim kibi sazlaşyp saz ýaly tolkunýardy. Glediçanyň temen ýaly gödeňsi tikenleri şuglaýy ýaşyllygyň öwşünine ýumşan ýaly bolup, ol, gödeňsi bir jahylyň owadan gyza aşyk bolup, şunuň yşkynda gujurly göwresine gelişmeýän erksizlik bilen süýnüp sarkyşynyň obrazyny döredýärdi. Edeplije şemala edep bilen yraň atan ýaýbaň şahalar çirkeý ýalyjak güljagazlaryny eda bilen seçeleýärdi we olar pürkülen atyryň o-ownujak-ownujak damjajyklarynyň geýimlere siňişi ýaly seýilgähiň ýaz lybasyna gazonlaryň goýry ýaşyl bolup öwsýän bezeg çaýyrlyklaryna hoşnut ysy bilen siňip barýardy. «Ýaşaýyş özüniň awusy bilen Melgunyň hem ykjam ruhuny zäherläp, hatda Melguny hem ýoýýar». Ýaşaýyş meni hem ýoýýarmyka ýa ýonýarmyka? Hyýalymda keşbini çekip aşyk bolan gyzyma huşumda duşanym düýşüm ýaly. Onuň bilen duşuşmagyma ýene dokuz sagat bar. Dokuz sagatdan Ýyldyz bilen bolan we geljekde-de bolmagy elimde bolan şirin söhbetlerimi Çynaryň aýylganç owadanlygyna çalyşarynmy? Ýa, tersine, hoşroýlygy hoş söze?! Eh-h-h, kadasyzam bolsa ýaşaýyşyň elhençdigini! Haýsysyny saýlaňda-da erkinligiňe köp nokat boljak däl… «Pygamber sünnetin berjaý kylmazlyga-da» gaýratym, galyberse-de islegimem ýok. Şemal bir zada tolgundy-da, birneme alňasap ösdi; ýaýbaň glediçanyň şahalary tisgindi-de, çirkeý ýalyjak güllerini atyr ýaly pürküp, turşumtyk hoşnut ysyny seýilbaga ýaýradyp goýberdi… Akmyrat JUMAÝEW. | |
|
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||