10:52 Umyt – bu dem / hekaýa-esse | |
UMYT - BU DEM
Hekaýalar
“Düýn ýanyma üçünji öýdäki Ebru geldi, çaý bilen maslahat üçin. Men maslahat beremok, ýöne tejribäme daýanyp soraga jogap berip bilýän. Muny aýdanymda ol geň galdy. “O nähili beýle? Men maslahata garaşypdym-a. Sen hemişe şeýle parahat, sazlaşykly...” Meniň gülkim tutdy. Adamlaň diňe gabygyňy gören-ä göreni, gaýta sazlaşyklylyk – täze penjegi geýip gören dek, nähilem bolsa ur-tut emele geläýýän effektdir öýdýäler. Munuň öz üstüňde, öz-özüňe bolan gatnaşygyň, daş-töweregiňde bolup geçýän zatlaryň üstünde çekilýän kyn zähmetdigine düşünýänem az-az. Ondanam ujypsyzy bolsa – “öz üstüňde işlemek” diýilýän gündelik hysyrdyny boýun almak isleýän. Adamlar, bagtyň – pellehana däl-de ýoldugyna aň ýetirmän, çalt netijä garaşýarlar”. Gumral daýzam altmyş dört ýaşynda. Ýigrimi dört ýyl ozal ol ogly Dawut bilen Stambula göçüpdir. Dawut – aklyň öýjügi. ABŞ-nyň ilçihanasynda işleýär, şo birwagtda-da aýaly bilen bile Eýesiz haýwanlara hemaýat gaznasyny dolandyrýar. Gumral ony ýeke ulaltdy – äri, çagaň bir aýagynda barmaklarynyň ýokdugyny bilip, maşgalasyny taşlady. “Maňa maýyp ogul gerek däl”. “Ýigrenjimiň neneňsi güýçli bolandygyny göz öňüne-de getirip bilmersiň. Men iki ýyllap sebetçäm sirke çüýşeli gezdim – duşuşsak onuň eliniň barmaklaryna sepmekçidim. Emma ol Russiýa gaçdy. Meň maňlaýyma. Şu wagt düşünýän, meni Biribar gorady, ýogsa şo müddet men adalata ynançdan ýüz dönderip, bütin dünýäden kinelidim. Diňe häzir, otuz ýyldan soň aklym ýetdi, şo sapak aňrybaşy haýyr eken. Daýandym, oglum, maýybam bolsa durmuşda ornuny tapdy, men öz içimdäki iň ysgynsyz pyşyrda-da gulak gabartmagy, oňa eýermegi öwrendim. Biz takdyra ten bermegi ýeňliş diýip kabul edýäs, hakykatda bolsa diňe kaýyllykdan ýeňiş başlanýar”. Bir gezek, bäş ýyl mundan ozal, Gumral daýzam biziň ýazlag öýümizde myhmançylykdady. Ejem haýsam bolsa bir gürrüňiň arasynda dilinden sypdyrdy: “Sen şo wagt şeýle bagtsyzdyň...”. Ýadyma düşýär, daýzam ýerinden turdy-da, diýdi: “Sariýa, sen bilmeýän zadyň barada gürleýäň. Men bagtsyz däldim, betbagtdym. Bular düýbünden başga zatlar”. Biz Gumral daýzam bilen ýazlagçadaky şol agşamy ýatlaýarys welin, ol maňa hoz gatlamasyndan kesip berip durşuna gülýär. “Bilýäňmi, şonda näme üçin şeýle gaharlananymy? Ejeň sözleri göwnüme degmedi. Meni “bagtsyz” diýen kesgitleme ynjytdy – ol umytsyz, çykgynsyz. Betbagt halyma men dünýä bilen duşman bolmazlyk üçin, hemişe özümem aň ýetirmezden öz-özümde rahatlyk tapmak isleýärdim. Öz-özüm bilen asudalykda – dünýä bilenem asuda, düşünýäňmi? Hawa mähribanym, men hatda iň agyr döwürde-de bagtly bolmak isleýärdim. Hut şu küýsegem bizi batgalykdan dartýar, iň teýden galdyrýar. Her bir ynsanyň kalbynda ýaşaýan umyt. Umyt – edil dem mysaly. Ol barka, umydam bar”. Men Gumral daýzamdan arzuwlary hakda soraýan. “Sende olar galandyr-a?”. Daýzam uzak gülýär, soňam latynamerikan tanslaryny öwrenmek isleýändigini, doglan gününem Kubada belläsiniň gelýändigini boýun alýar. Ummanyň kenarynda. “Özem süýjülikde hökman birje şemjagaz bolmaly”. Biz eýwana çykýas, o taýda bedreden guýulýan dek guýýar, ötegçi zolakdaky poliseý sary ýagmyrlygyny gyssanmaç sokýar. “Men hiç zada garaşamok, mähribanym. Nämüçin? Garaşyp, çendenaşa köp wagtymy bihuda sarp etdim. Indi diňe synlaýan, kenarýakada gezmeleýän, çarlaklary köke bilen iýmleýän, birlerinden söýgi alyp, beýlekilere-de ony berýän. Goý, hemmelerde hemme zat deň-derman bolsun. Men şeýle kada ynanýan, ýogsa, biri nähilir bir gowy zady tapsa, beýlekiniň nirededir bir ýerde şol gowulygy ýitirýändigini aýdýarlar. Maňa akmajyk ýa optimist diý, emma “birinden beýlekä” diýilýän, diriligiň şeýle kemisli formulasy bilen ylalaşamok. Söýgi, bagt, duşuşyklar, şatlyklar biziň hemmämize-de ýeterlik. Senem, ýartyjyklar, ýalňyzlyk, ýitgilerdir älemi adalatsyzlyk hakdaky galp hakykatlar bilen kelläňi dykalamasaň-a oňat bolardy. Oň deregine özüňdäki argynlyk münderini arassala-da, o taýdan gözbaş, nur, özüňi bagyşlamagy tap. Bu pelsepeçil samyrdy däl, bu meniň tejribämden bilýän zadym. Görseň, men ömrümden doly razydyryn, ine eýýäm üçünji agtygymy ezizleýän, her ertirem çarlaklara iým seçýän... Nä, meniň bagtyma gözüň gidenokmy?” – gülýär Gumral daýzam. © Elçin Safarli. Bagtyň resepti. Gündogar aşpeziniň gündeligi (ýygyndy) Elçin Safarli, Gündogaryň meşhur ýazyjylarynyň biri. “Bosforyň süýji duzy”, “Dolanmasyz aňryk” ýaly romanlary 2008-nji ýylda iň köp okalan eserleriň sanawyna giren we E.Safarlini “ýaşlaryň Orhan Pamugy” diýip atlandyrmaga iteren kitaplardyr. E.Safarli 12.03.1984 ýylda Bakuda doglupdyr. Ol 12 ýaşyndan başlap dürli gazetlerde gysgajykdan täsirli hekaýalaryny edebi lakam bilen neşir etdirmäge başlapdyr. 16 ýaşyndan başlap Azerbaýjanyň dürli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde işläp ugrapdyr. Birnäçe edebiýat bäsleşikleriniň ýeňijisi. Orta mekdebi tamamlandan soň ol Azerbaýjanyň UNESCO-nyň ýanyndaky halkara uniwersitetiniň žurnalistika fakultetine okuwa giripdir. Ýokary bilim alandan soňra birnäçe ýyllap teležurnalistika bilen meşgullanyp, azerbaýjan hem türk teleýaýlymlary bilen hyzmatdaşlyk edipdir. Häzirki wagtda ol diňe ýazyjylyk bilen meşgullanýar. Onuň “Bosforyň süýji duzy” atly romany Orhan Pamugyň goldawyna mynasyp bolupdyr. O.Pamuk E.Safarli bilen Azerbaýjanyň Ýazyjylar birleşmesiniň XI gurultaýynda tanşandan soň onuň bu romany barada şeýle seslenme ýazypdyr: “Men bu zehinli ýigit bilen gürleşenimde, dünýä edebiýatynyň geljeginiň bardygyna göz ýetirýärin”. E.Safarli öz döredijiligi hakda şeýle belleýär: “...Çagalykdan töweregim sada adamlar bilen gurşalan. Hiç hili syýasatçy, artist, ýazyjy, alyp baryjy ýok. Ykballaryny adaty hasaplamak ýörgünli bolan ýönekeý ynsanlaň arasynda önüp-ösdüm. Hut şolaň ömrüniň kadalarynam hemişelik özleşdirdim. Iň gerekli düzgünler – pafossyz (belent howalasyz), agyz dolduryp gürlemesiz, ýaldyr-ýuldursyz. Täze kitaba başlan her gezegimde-de maksadym öňki – hut şeýle adamlar hakda gürrüň bermek. Köplenç edebiýatda olar edil salgym kölegeler ýaly, ikinji görnüşiň şekilleri. Şol sebäpdenem her kitabymyň wezipesi – olary keşpsiz mähelläň içinden çekip çykaryp, okyjyny sada ynsanlaň ykballary bilen tanyşdyrmak bolup durýar...”. | |
|
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |