UNAŞ
Gelniniň getirip öňünde goýan tabagyna, bugaryp duran, içinde iri-iri gyzyl burçlary görnüp duran unaşa nazary düşen Batyr aga pikire çümenini duýman galdy. Muňa Aýsadap eje başgaça düşündi.
— Kakasy, şu wagt etli-ýagly agyr bor. Ine, şuny içseň, bar emiň-ýomuň şol bor. «Der ýanynda dert galmaz» diýipdirler könelerimiz. Tüweleme, gelnem unaşy inçejik edip, gaty gowy kesýä. Menem içdim ýaňy. Agtyklaryňam dümew degjek bolýany bar. Barymyzam içdik.
Batyr aga bu wagt kempiriniň aýdanlary bilen däldi. Ol pikire çümüp oturyşyna ýaşlyk ýyllarynyň içine siňip barýardy...
...Ekin meýdanyndaky düşelgede, guşluk çaýyna çykan daýhanlar ikibir-üçbir, ondan-mundan gürrüň edip otyrdylar. Esasanam, bir gyrada, bagyň saýasynda oturan gyz-gelinleriň şadyýan sesleri töweregi ýaňlandyryp gidýärdi.
Şol wagtam aňyrdan gelen ýaş oglan bagyň düýbündäki goştorbalara seredip durşuna gyzlara gözüniň gytagyny aýlap goýberdi. Onuň gelmegi bilen gyz-gelinleriň şowhuny ýatdy. Gelen oglanam sesini çykarman bagyň düýbünde duran goştorbalaryň biriniň içini dörjeläp ugrady. Hiç kimden ses çykmansoň, gelinleriň dilewarragy oňa habar gatdy:
— Gy-yýw, Batyr, bi nä, gelip-gelmän, goýup gideniň bar ýaly, goştorbalaryň içini ala-dörjük etdiň-le?! Bir zat ýitirdiňmi ýa?
Batyr ol gelne jogap gaýtarjak bolup, ünsüni gözleýän zadyndan sowup ýetişmänkä, gelinleriň ýene biri ondan öňürtdi:
— A gyz, Suraý, senem aňyrsyny pikir etmän, gönüläp sorap goýberäýýäň. Gözleýän zadynyň nämedigini aýtjak bolsa, Batyr han häliden bäri bizi görmän durmy gyz? Bir pynhan zady idegläp ýören bolsa bildiňmi sen?
— Waý, syr bolup-bolman, goştorbaň içinde näme gizlesin gyz, ol?
— Waah, sada bolýaňyzda, joralar. Ullakan bir zat bolsa-ha, biziň ählijämizem göräýmeli ony. Diýmek, näme-de bolsa, kiçijek zat bolmaly. Kiçijek, bir bölejik zat bolsa-da...
Gürrüňi başlan Suraý gelin gözlerini tegeläp, geň galan boldy:
— Waýý, dogrudanam, hatmyka gyz?!
— Dagy näme bolsun, başga zat bolsa häliden sorarda, näme gözleýänini...
Şonsuzam çekine-çekine goştorbalaryň ýanyna gelen Batyryň, gelinleriň şelaýyn gürrüňlerinden soň, halys ysgyny gaçdy. Ol şol başagaýlygyna, gyzlara seredip, başardygyndan ýylgyran boldy.
— Ýoklaý... Hat nämişlesin-aý. Meniň-ä hat ýadyma düşenok.
Batyr gürlände sesiniň myňňyldap çykmagy ýagdaýy äşgär etdi. Şondan soň gelinleriň birbada hörpi üýtgedi.
— Wiý, Batyr jan, näme, sowuklap dagy etdiňmi?
Batyr ýenede aýtjak sözüni aýdybilmedi. Gelinleriň beýlekisi ýenede öňki hörpüni dowam etdirdi.
— Waah, bular sowuklaman kim sowukla
çykjak aladamyz ýok. Batyr jan bolsa işden baransoňam, sowugyň içinde ýap boýuna çykyp, yşk hakda aýdym aýtmaly.
Gelniň sözüne oturanlar gyzyl-gyran gülüşdiler. Bu gülkä diňe iki ýaş juwan goşulmady. Olaryň birihä halys dym-gyzyl bolan Batyrdy, beýlekisi bolsa gyzgelinleriň gürrüňini aňyrrakda diňläp duran, meýdan düşelgesiniň aşpezi Aýsadapdy.
Batyr ahyrsoňy torbalaryň içinden gözleýän zadyny tapdymy ýa-da gelinleriň henegine halys çydamadymy, bularyň arasyndan git mek bilen boldy.
Guşluk çaýyny içip bolansoňlar, hemmeler atyzlaryň içine tarap ýöneldiler. Ýöne Suraý gelin welin atyza girmäge howlukmady. Ol Aýsadabyň ýanyna bardy.
— Sadap jan, ýaňky gürrüňlere gülesiň gelmedi welin, janyňa ýakmady öýdýän.
Aýsadap Suraý gelnejäniň nämä kakdyrýanyna düşünse-de, aňmadyksyran boldy.
— O nämäň gürrüňi gyz, Suraý gelneje? Men-ä nahar bilen başagaý bolup...
Suraý Batyryň daşkyrak gelnejelerindendi. Şonuň üçinem ol Batyryň Aýsadapda göwnü niň bardygyndanam, ýöne entek oňa hiç zat aýtmandygyndanam habarlydy. Aýsadabyňam onda göwnüniň bardygyny ol osmakladyp, deňduşlaryndan sorap bilipdi. Şonuň üçinem soňky wagtlar ýüwürjisi bilen aşpez gyzyň arasyny sazlamagyň maýyny peýläp ýördi. Hemişe şadyýan gelin muny özüniň ýeňňe hökmünde borjy saýýardy. Ine, şu wagtam elden gidermesiz pursatyň gelendigini aňyp, ol Aýsadabyň ýanyna gelipdi.
— Sadap jan diýýän-ä, senden bir zatlar haýyş etmelä boljak.
Sadap onuň gülümjiräp durşundan bir zatlar aňyp, ýylgyrdy.
— Aýdaý, Suraý gelneje, elimizden gelse kyn görmeris.
— Neme, Sadap, gyzyl burçuňa bardyrla? Sadap onuň soragyna geň galdy.
— Gyzyl burç? Ony näme etjek?
— Iýjek.
Aýsadabyň gözleri tegelendi.
— Dogrudanam, iýer öýdýäňmi gyz şuny? A gyz, muny unaşa atyp içjek men. Sen unaş kesip bilýänsiňä? Aýsadap baş atdy.
— Bolupdyrda onda. Gaýrat et, ajyja unaş içmesek, bu dümew halys işletjek däl. Günorta naharynyň gapdaly bilen gaýrat edersiň-dä, Sadap jan...
Günorta naharyna çykan daýhanlar meý dan düşelgesine topar tutuşyp geldiler. Naharam çekildi. Aýsadap aýratyn bir tabak doly unaşy Suraý gelneje dagynyň ýanyna getirdi. Muňa garaşyp duran Suraý gelin, ol öz ýanlaryna ýetmänkä, öňünden çykdy. Ýanyna barybam, pyşyrdap gürledi.
— Sadap jan, sen şuny Batyr jana eltip bersene. Şo dümewläpdir-le gyz. «Bir käsejik gyzyl burçly unaş bolaýsa» diýdi.
Sadap aljyraňňylykda näme diýjegini bilmän:
— Wiý, muňa noýba atmandyryn-a — diýdi.
Dili şerebeli gelne-de geregi şol. Ýöne ol gyzy utandyrmazlyk üçin gülümjiräp:
— Meň üçin noýbasyzam bolýada, ýüwürjime bolanokmyşmy?! Şonsuzam içer, bar, eltip ber — diýdi.
Aýsadap çekine-çekine unaşy eltip, bir gyrada oturan Batyryň öňünde goýdy. Batyr tabakdaky unaşdanam yssy nazar bilen gyzy gurşap aldy. Ýöne gyz gabak galdyrmady.
— Burçy azrak bolsa, başga-da bardyr.
Batyr sesini çykarmady. Aýsadap gidensoň, ol töwerekdäki oglanlaryň teýeneli sözleriniň, degişmäniň astynda burçak-burçak derläp unaş içdi.
Suraý gelindir beýleki daýhanlaryň maslahaty bilen Aýsadap ertesi gün hemmeler üçinem unaş bişirdi. Sebäbi alabaharda dümew bolaýgyç. Unaş bolsa birküç gezek derläp içilensoň, dertden nam-nyşan goýmaýan milli tagam.
* * *
Batyr aga ýaşlyk ýaýlasynda galan bir pursaty ýatlap oturyşyna öňüne gelen unaşly tabagy nädip boşadanyny-da bilmän galdy.
Eziz GURBANÝAZOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Hekaýalar