00:24 Unutdym | |
UNUTDYM...
Goşgular
Men seni bireýýäm ýatdan çykardym. Ýatlap ýörmek peýdasyz-a söýmeseň. Unutdym, her säher suratyň ogşap, Her agşamam düýşe girýäň diýmeseň. Men seni bütinleý ýatdan çykardym, Söndi çep gursakda lowlan ataşam. Ýöne senden habar beräýjek ýaly, Her bir gabatlaşan, her bir sataşan. Seni mydamalyk ýatdan çykardym, Seni ýatlamagyň hajaty hem ýok. Ýöne, bilýärmiň sen, şo-ol otly gözleň Bu gyzlaryň birindenem tapamok. Seni hyýalymdan çykardym weli, Ynanaý, şeýle bir giňedi dünýäm. ... Dünýäm giňese-de giňändir welin, Men bir hakykata indi düşünýän. Seni hyýallamdan soguryp zyňyp, Ganaty gyrylan garlawaç kimin, Sensiz galanymda düşündim, dünýäm: ASYL ZYŇAN ZADYM ÖZÜM EKENIM. | |
|
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Yşkdan dawa kylan kişi... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |