16:09 Ussadyñ uly ýoly | |
USSADYÑ ULY ÝOLY
Teatr we kino sungaty
...Sungat üçin guýma gursak zehin bilen dünýä inen sungat ussady barada: - Mes toprakly Tejen ilinde aç-ýalaňaç bolup, batrakçylyk edip ýören çepiksizje, hortaň oglanjyk şu günki ýaly bolup gözümiň öňünde dur, ol wagtlar 20-nji ýyllardy. Onuň şyrçagy çykan talpegi bardy, ýyrtyk köýnek balagynyň üstüni örtýän sary gaçan çäkmeniniň bili duşak bilen pugta guşalgydy. Ol ... Altydy. Ol wagtlar onuň ady-sory bilinmeýärdi. Ol köp adamlaryň gözüne-de ilmeýärdi- diýip, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany, pespublikamyzyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýew “Garly Çakanyň ogly” atly powestinde SSSR-iň halk artisti Alty Garlyýewiň çagalyk ýyllaryny ýatlap ýazypdy. Türkmen sowet edebiýatynyň kerwenbaşysy Berdi Kerbabaýewiň ýazyşy ýaly, “bili duşak bilen pugta guşalgy çepiksizje” oglanjygyň çopançylyk başlanan uzak durmuş ýoly tutuşlygyna türkmen sowet sungatynyň döremegine, kämilleşmegine, ösmegine bagyşlanan bolsa, şol ýoluň saldamly bölegi türkmen kino sungatyna degişlidir. Alty Garlyýew ömrüniň kyrk ýylyny kinosungaty bilen baglanyşdyrdy. Ol, “Türkmenfilmde” döredilen çeper filmlerde ajaýyp obrazlaryň uly galareýasyny döretdi. Eýýäm, 1940-njy ýylda “Dursun” çeper filminde (režisýory E.A.Iwanow-Barkow) Nurynyň, 1948-nji ýylda bolsa “Uzakdaky gelinlik” sazly kinokomediýada Kerimiň obrazyny döredenligi üçin SSSR-iň döwlet baýraklaryna mynasyp boldy. Alty Garlyýew “Sowet Watançysynda” Kelhanyň, “Serhetçilerde” Žukanowyň, “Jigidiň oglynda” Gurbanyň, “Prokurorda” Çary Halanowyň, “Gyzyl hajyň adamlarynda” Jumanyň, “Aldar kösede” Aldar kösäniň obrazlaryny döretmek bilen ýaňy ýola düşüp ugran türkmen kino sungatynda önjeýli iş bitirdi. Onuň “Çopan ogly”, “Maşgalanyň halysy”, “Aýratyn tabşyryk”, “Aýna”, “Aýgytly ädim”, “Derýanyň aňyrsy serhet”, “Mukamyň syry” ýaly çeper filmlerdäki döreden obrazlaram il halar obrazlaryň hatarynda türkmen kino sungatynyň taryhynyň altyn sahypalaryna ebedilik girdi. Alty Garlyýew türkmen kino aktýorlarynyň doganlyk respublikalaryň kinostudiýalaryndaky döredijilik gatnaşygyna ilkinjileriň biri bolup ýol çeken adam. Ol, Gyrgyz kinomotagrafiýaçylarynyň “Soltanaý” atly çeper filminde baş gahryman Alynyň obrazyny ussatlarça döreden türkmen aktýory. Alty Garlyýew köp taraply sungat işgäri. Ýurdumyzyň iň kyn pursatlary başyndan geçirýän 1941-nji ýylyň güýzünde Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň açylmagy bilen A.Garlyýew teatryň ilkinji baş režisýory boldy. Ol bu teatrda “Bagtly ýaşlyk”, “Gül-Bilbil”, “Abadan”, “Leýli-Mejnun”, “Şasenem-Garyp”, “Trawiata” operalarynam goýdy. Bu zatlara garamazdan Alty Garlyýewiň saldamly işi kinosungaty bilen baglanyşykly. Türkmen kinosungatynyň uly dosty režisýor E.A.Iwanow-Barkow tarapyndan 1938-nji ýylda kinosungatyna bolan talantynyň üsti açylan Alty Garlyýew türkmen kinosungatynyň ösmegine uly goşant goşdy. Milli kadrlardan bolan kino işgärleriniň uly toparynyň ösüp ýetişmeginde-de uly rol oýnady. Ol, örän köp türkmen aktýorlarynyň kinosungatyna bolan ukyplarynyň üstüni açdy. Olaryň talantlarynyň toplanmagyna mümkinçilik döretdi. Türkmen halkynyň aýgytly ädimini açyp görkezýän “Aýgytly ädim” romany B.Kerbabaýewiň galamynyň astyndan çykandan soň türkmen sowet edebiýatynyň hakyky aýgytly ädimi bolup türkmen edebiýatynyň taryhyna giren bolsa, şol eser Alty Garlyýew tarapyndan ekranlaşdyrylandan soň, türkmen kinosungatynda uly öwrülişige ýol açdy. Ol, türkmen kinosungatynda uly göwrümli kino eserleriniň başlangyjy boldy. Dogrusyny aýtsak “Aýgytly ädim” kinoepopeýasynyň döredileninden bäri geçen ýigrimi ýylyň içinde heniz Alty Garlyýewiň ekranlaşdyran şol filminiň derejesine ýetip biljek ýekeje filmem ekrana çykarylanok. Muny aýtmak bilen türkmen kinomatografiýaçylary uly göwrümli kinoeserlerini döredenok diýmek bolmaz. Sakasyny Alty Garlyýewden alyp gaýydýan türkmen režisýorlary örän köp ilhalar filmleri surata düşürdiler. Şol filmler diňe bir soýuzymyzda däl, eýsem daşary ýurt ekranlarynda-da uly sylaglara mynasyp boldular. Şeýlede bolsa, uly ussadyň uly “Aýgytly ädimi” henize çenli şol belentliginde galýar. Bu bolsa, Alty Garlyýewiň talantynyň çäksizdigine ýene-de bir gezek güwä geçýär. “Mukamyň syry”... şan-şöhrady asyrlardan aşyp biziň günlerimize ýeten meşhur heleý bagşy barada döredilen çeper film uly režisýoryň iň soňky işi boldy. Ol, filmde ýaýbaňlanýan- wakalara, adam häsiýetlerine, ekranda janlanýan ýowsuz geçmişe esasan-da, Sarman ataly kadrlara tolgunman seredip bolmaýar. Umuman bu film hem Alty Garlyýewiň oýnan we režisýorlyk eden çeper filmleriniň hatarynda bolup, türkmen kinomatografiýasyna gelýän täze nesiller üçin nusga alarlyk kino eserleri bolup galýar. Ajaýyp režisýorumyz A.Garlyýew barada: - 1939-njy ýylda “Jigidiň ogly” çeper filme surata düşmäge çagyrdylar. Uzak wagt geçmänkä-de polkownik Çaryýewiň roluny ynandylar. Jigidiň oglunyň roluny bolsa, Alty Garlyýew oýnapdy. Şol wagtlar biziň ikimizem ýaşdyk. Şondan soň welin onuň bilen kän çorba sowatmaly bolduk. Ol, örän talapkär režosýordy. Şeýle hem türkmen halkynyň geçmişini oňat bilýärdi. Dogrusy, taryhy kinolara ýäzlenende onuň bilen işlemek juda kyndy. Şol bir wagtyň özünde hem aňsatdy. Işleşmegiň kynlygy onuň juda talapkärlidigi, aňsatlygy bolsa, seniň ukybyňy öňünden kesgitläp bilmegidi. Bu ýagdaýy men esasanam “Aýgytly ädimde” has-da oňat duýdum. Şol filmde maňa Eziz hanyň rolunda çykyş etmegi sorady. Menem şol rolda çykyş etmegi heniz doly boýun almasamda, Alty Garlyýewiň ýanyna saçy syrdyryp bardym. Ol, meniň kellämi şyr takyr edip baranymy gördü-de daşymdan aýlanyp gülüp başlady. Gülküsi dagy edil çaganyň gülküsi ýaly arassady. Birdenem gülküsini goýduda: - Muhammet maňa senden başga Eziz han gerek däl- diýdi. Şeýdibem, Eziz hanyň hem zalym, hem hilegär obrazyny döretmeli boldum- diýip, SSSR-iň halk artisti Muhammet Çerkezow ýatlaýar. SSSR-iň halk artisti Baba Annanow bolsa: - Türkmen kinorežisýorlarynyň ählisiniň halypasy Alty Garlyýewiň bir ägirt tarapy bardy. Ol, dürli howa şertlerinde surata düşürip bilýän režisýordy. Ol, biziň käbirlerimiz- ýaly tebigatyň berjek bize gerekli howasyna garaşyp ýörmezdi. Şol düşüren suratlaryny bolsa, ýerbe-ýer montaž etmäge diýseň ökdedi diýýär. Golaýda, TSSR-iň halk artisti Hojaguly Narlyýewiň döredijilik portretini taýýarlamaly bolduk. Şonda: - Dogrusy, bizi sylama, sylaglama kemini goýanoklar. Begenýänimizem çyn. Ýöne, halypamyz Alty Garlyýewiň döredijilik derejesiniň ýarysyna-da ýetip bilemizok. Sebäbi onuň tebigy talanty biziň bar güýjümizi toplap etjek bolýan zadymyzdan belentde durýar. Şonuň üçinem ussadyň uly ýoluny ýeterlik derejede öwrenmegimiz gerek- diýip, Alty Garlyýewiň ägirt režisýordugyny ýene-de bir gezek ýatlady. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |