22:08 Uýama | |
UÝAMA
Goşgular
Eý, arzyly jana-janym, Unudylan liram bile Isläpsiñ söhbet açmagym, Umytlardan ganat bekläp, Bu ýerden* ara açmagym. Giñ jahanyñ dar görünen, Bar zady bikär görünen, Gum-guklugyñ höküm süren Bu çolaja ülkäni meñ Taşlamagmy isleýäñ sen.** Newanyñ ýakasyn boýlap, Barýaryn men ok dek uçup; Ýaşlyk jorama golaýlap, Görüşýärin gujak açyp; Lýudmilany wasp eden dek, Arzuw içre urnup ýürek, Gapymyza el ýetirdim. Ýöne sowgadym däl tylla. (Bu ýerde günüm hyllalla) Bir küde şygyr getirdim. Elim galamly, hyýalda Ogrynça girsem içeri, Janym uýam, diýgin, ýeri, Görermikäm seni nä halda? Gün ýaşansoñ, agşam çaky Nämä çekýäñ sen ünsi? Okaýarmyñ ýa Jan-Jaky, Ele alýamyñ Janlisi? Pähimli Gamilton bilen Çyn ýürekden gülüşýämiñ? Ýa-da Greý, Tomson bilen Arzuw ýoluna düşýämiñ? Şemal bilen söhbet guran Buýra başly agaçlara bakan hyýal ýüwürýämidiñ? Dynman güwläp, dag-daşlara Bagryn oýkap, inýän suwa? Daşyn çolap ýa şal bilen, Garrap giden moskañy sen Oturdypjyk per ýassykda, Juda läliksiredýärmiñ? Pikir edip onuñ hakda. Şoña Morgeýi*** çagyryp, Ýoluna sen seredýärmiñ? Oýa çümen Swetlana Ýaly, rahat tapyp janyñ, Belkem, şowhunly Newanyñ Depesinden tüm meýdana Sessiz-üýnsüz ser salýansyñ? Çalyban fortepýano, Mosatyry sen direldýänsiñ? Piççinidir Ramoñ sazyn Çalýamyñ, halap owazyn? Huzuryña gelen wagtym, Begenjimden döndüm lala. Gülläp meñ göwün daragtym, Kalbym ýazy açdy läle. Aýraçylyk günler geçdi, Gaýgy-gussa umma göçdi, Ýetişdim men hoşwagt hala. Ah, ýöne bu ham-hyýal-la! Ýylpyldaýar öçügsi şem. Ýalñyz özüm ýüz hyýalda, Hat ýazýaryn uýam jana, Ýüregime edip melhem. Iç gysdyrgyç hüjräm meniñ Ümsümlige otyr çümüp. Gapysynda temme onuñ, Ses-seda ýok, bar zat dymyp, Dym-syrslyk höküm sürýär, Ýes-ýekelik azap berýär! Ulanylman, çalam-çaşy Çykan kürsi, krowat dur. Wasp etdigim galamgaşy Tüýdük bilen suwly gap dur. Açsam gözüm, oýanyban, Nazarym düşýär şulara. Ýekelikden çyn ýanyban, Baý men diñe arzuwlara. Jadyly Ippokrenadan Kemal tapan arzuw-hyýal Hütdük hüjrede bolsam-da, Göwün köşgüm besläp senden, Bagtly duýýan özüm bu hal. Sen bolmadyk bolsañ, onda, Eý, arzuwym, men neýlärdim? Aladalañ gujagynda Juwan janym aram isläp, Köñül guşum hem telwaslap, Alyslara göz aýlardym... Birden düşdüm men zyndana; Göýä taşlandym ummana; Erkim gitdi, boldum bendi; Bu ýer dym-dyrs gabra döndi. Jygyldap, seslenip zaryn, Jaý gapysy gapyldy-la!.. Tümlük gaplap dünýäñ baryn, Günüñ öñi ýapyldy-ka!.. Zyndandaky erksiz misli, Niçe gündür jebir çekýän. Ýagta zar men,çyn höwesli, Dañ şapagna gözüm dikýän. Uzatsa-da äpişgämden Günem tylla gulpaklaryn, Synyk göwnüm gaýgy-gamdan Saplanmaz, ol tutan orun. Bulut büräp gök asmany, Güne perde çeken ýaly. Agşam çagy birden düşýär ㅡ Gözden ýitip, güneş ýaşýar. Şonda gussa çeke-çeke, Her agşamy alýan garşy. Gün batanda azap berşi! Gözümden ýaş döke-döke, Samaýaryn tesbimi. Bakyp demir gözenekden, Dikýän uzaga küýümi. Gamly göwnüm, wagt geler, Açylar bu derwezeler. Hemmeleriñ hyrydary Görkana Petrograf sary Dagyñ dere-jülgesinden Ýüwrük atlar myçar gider. Ýollaryñ belent-pesinden, Ganat baglap, uçar gider. At salyp täze diýara, Terk eýlärin tüm hüjräni; Bu taýdan men açyp ara, Zyñyp sopbaç, werigany, Hadymlykdan bolup azat, Seniñ bilen görşerin şat. Terjime eden: Ýagmyr PIRGULYÝEW. _________________________ * Liseýden diýen manyda ** Şunuñ yzyndan birnäçe setir bolmaly, ýöne olar saklanmandyr. *** Morfeý ㅡ gadymy grek mifologiýasynda uky hudaýy. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Gyş rubagylary / Goşgular - 10.12.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Bagş etdim saňa / Goşgular - 12.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |