17:07 Аmаnmуrаt Вugаýew aradan çykdy... | |
ŞAHYR, ŽURNALIST АМАNMYRАТ ВUGAÝЕW ARADAN ÇYKDY...
Taryhda şu gün
Ýazyjy, şahyr we žurnalist Аmаnmуrat Вugаýew, ýa-da kärdeşleriniň atlandyryşy ýaly, Amаnmyrat aga 2019-njу ýylyñ 3-nji aprelinde 69 ýaşynyň içinde, ýol üstünde pajygaly ýagdaýda aradan çykdy. Ol ir bilen Balkan welaýatyndan Aşgabada taksili dolanyp gelýärkä, ýol hadysasynda heläk boldy. Аmаnmуrat Вugаýew 1970-nji ýyllarda, “Ýaş kommunist” gazetinde çap edilen “Çöller heý” atly goşgusynyň meşhur bagşy Sahy Jepbarow tarapyndan aýdym edilip aýdylyp başlanmagy bilen tanaldy. Ol bagşy Tuwаkmyrаt Вugaýеwiň inisidi. Аmаnmyrаt Вugaýеw 1973-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, ilki komsomol işinde, soň Türkmen telewideniýesinde, “Mugallymlar gazetinde”,“Ýaş kommunistde”, Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň ýanyndaky Çeper edebiýatyň propagandasy bölüminde işledi, Edebiýat gaznasynyň direktory boldy. Аmаnmуrat Вugaýеw 2001-nji ýylda, şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazow hakyndaky pikir-garaýyşlary bilen baglylykda işden boşadyldy we metbugatda çap edilmesizleriň "gara sanawyna" goşulyp, gadaganlyga düşdi. Ýazyjy soň munuň özi üçin-de, türkmen edebiýaty üçin-de bähbit bolandygyny, sebäbi kitaphana gatnap, ozal okamadyk taryhy kitaplaryny okandygyny, "özüne gaýtadan dolanyp gelendigini, özüni tapandygyny" gürrüň berdi. Bu ýyllarda ol öz aýtmagyna görä, dört sany taryhy roman döretdi we olar şindi hem çap edilmegine garaşýar. Gadagan edilmezinden öň şahyryň Türkmenistanda ondan gowrak kitaby çap edildi, ol hususan-da “Köňül gözgüsi” atly kitabyny köp agzardy, Türkmenistanda entekler çap edilmejek “Tüýsi başga ýazgylar” atly kitabyny Türkiýede az nusgada çykardyp, başga ýurtlara çykarandygyny gürrüň bererdi. Аmаnmyrаt Вugаýew 2005-nji ýylda ozalky uniwersitet ýoldaşy, umumy ýaşaýyş jaýynda bir otagda bile ýaşan dosty Nаzаr Нudaýberdiýеwiň taýýarlaýan “Tegelek stol” sohbetdeşlikleriniň esasy ekspertleriniň birine öwrüldi. Ýazyjy Нudaýbеrdi Наllyýew Аmаnmyradyň “Tegelek stol" bilen söhbetdeşlikleriniň “halka hyzmat, hakykata hyzmat” bolandygyny, onuň ölüminiň türkmen halky üçin "şu günki agyr ýagdaýlarda ýene bir agyr ýitgi bolandygyny" aýtdy. "Аmаnmyrаt Вugаýew halka hyzmat etdi, hakykaty aýtdy, hakykaty aýtmaga çalyşdy, hemişe ýardamçy boldy. Özem şu edýän işine çyndan begenýärdi, “Alla meni ýalkady, men şu işi edip bilýän, hakykaty aýdyp bilýän, halkyň bir derdine ýaraýan” diýip, ol öz hyzmatyna guwanýan adamdy” diýip Hudаýberdi Нallyýew aýtdy. Аmаnmуrat Вugаýеw ýaş žurnalistlere öz bilýänini aýtmaga hiç wagt ýaltanmady, gidip görmeli, barlamaly fakt bar bolsa, gije ýa gündiz, tapawudy ýok, haçan jañ edilse ýumşa ilgezik boldy. Şahyr, ýazyjy we žurnalist Аmаnmyrat Вugаýewiň ýakynlaryna giňlik diläp, onuň yzynda galanlara uzak ömür arzuw edýäris. Ýоwşаn АNNАGURВАN. Aprel 03, 2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |